14:50 Näme üçin "Hasgurt"? | |
NÄME ÜÇIN “HASGURT”?
Sözler
Bu dünýäniň dessury şeýle. Hemme zat atdan başlanýar. Ady ýoguň özem ýok. Türkmen dilinde “esger” diýen söz bar. Sözlükde bu söze şeýle düşündiriş berilýär: “1.Goşunyň kiçi harby gullukçysy; 2.Umuman, harby gullukçy [1, 354 s.]”. Emma, gadymy türkmen sözleriniň sözlüginde bu sözüň başgaça, has irki döwürlerde aýdylyşy hem bar: “asakyr [asa:kyrركاسع] esgerler, nökerler, goşun [2, 41 s.]”. Şonuň ýaly-da, internetde bu söz barada şeýle düşündiriş berilýär: “Asker (esker, esger) – türki dillerden terjime edilende “goşun” ýa-da “soldat (ýagny, urşujy)” diýmegi aňladýar. Mysal üçin, türkçe – asker, azerbaýjança – äsgär, tatarça – gaskär (goşun), gaskäri (harby adam) we ş.m.. Bu söz türki dillere arap diliniň “askar (عسكر) – goşun” diýen sözünden geçipdir [3]”. Ýöne, internetde bu sözüň gelip çykyşynyň (etimilogiýasynyň) arap sözköküniň bardygynyň ýazylandygyna garamazdan, şu ýerde bir çaklamany öňe sürmek mümkin. Meniň pikirimçe bu sözüň asyl sözköki gadymy türki sözleri bolmagy juda ähtimal. Sebäbi bu sözüň gurluşy, türki dilleriň sözleriniň gurluşyna mahsuslykda sözüň düzümindäki çekimlileriň sazlaşykly utgaşmagyna esaslanýar. Ýagny, “esger” diýlip, türkmen dilinde aýdylanda-da, ýazylanda-da, birinji we ikinji bogunlardaky çekimliler inçe çekimliler bolup durýar. Bu häsiýetli alamat bolsa, esasan türkmen diline başga dillerden geçmän, onuň özünde emele gelen sözleriň aglaba köpüsine mahsus bolup durýar. Mysal üçin, aga, ini, bugdaý, jigi, eje, kaka, toprak, asman, bedew, kepbe, öý, ylym, bilim, baba, ata ýaly sözler gadymy türkmen sözleri bolsa, kitap, diwan, mirap ýaly pars dilinden türkmen diline geçip, ornaşyp galan sözleriň aglaba köpüsiniň gurluşynda inçe we ýogyn çekimlileriň garyşyk sepleşip gelýändigini görmek bolýar. Elbetde, bu aýdylanlar, “esger” diýen sözüň asylky türkmen sözüdiginiň subutnamasy däldir. Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, bu aýdylýan pikir diňe çaklama (gipoteza) bolup durýar. Onuň şeýledigini ýa-da däldigini subut etmek ýa-da inkär etmek bolsa, esasan bu ugurdan ýeterlik bilim we hünär derejeleri bolan hünärmenler tarapyndan geçirilen lingwistika, semiotika, semantika we etimilogiýa barlaglarynyň ylmy taýdan doly esaslandyrylan netijesine daýanmalydyr. Ýöne, eger-de, “esger” sözüniň gadymy türkmen sözlügindäki aýdylyşyny seljerseň, ýene-de bir çaklama güberçekläp çykýar. “Asakyr” diýen söz, göräýmäge “esger” diýen sözüň gurluşyna we aýdylyşyna örän golaý ýaly bolup görünse-de, meniň pikirimçe bu düýbünden beýle däl. Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň esasy oňonlarynyň (ungan, ata-babalaryň penakär ruhy) biri gök böri (çal gurt) bolupdyr [4, 18 s.]. Esasan hem, gök böri (çal gurt) hanlaryň, begleriň, urşujylaryň, pälwanlaryň, alplaryň, batyrlaryň (bahadyrlaryň) penakäri diýlip ykrar edilipdir [5, 88 s.]. Alplar möjegiň adyny “böri” ýa-da “gurt” diýip tutman, ony agzanlarynda hormat bilen “çal dogan” ýa-da “boz dogan” diýip atlandyrypdyrlar [4, 18 s.]. Bumyn han döwründe emele gelen Göktürkmen kaganlygynda bolsa, döwletiň hakanynyň ýanyndaky saýlama urşujylaryň müňlügi (gwardiýa) – müňböri (müňgurt) diýlip atlandyrylypdyr [6, 50-51 s.]. Onsoňam şol döwürler goňşy halklara (tabgaçlara, kytaňlara, düýejilere, sogtlara, parslara, araplara, rumlulara) özlerini tanadanlarynda türkmenler özlerini “böri budun – möjek halky” diýip atlandyrypdyrlar. Milli ylmy çeşmelerde “Gurt ýüzi mübärek” diýen aýtgyny nakyl edinýän halkymyzyň gurda bolan garaýşy barada şeýle bellenýär: “Gurduň keşbi türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde ymykly orun alyp, ol henize – bu güne çenli ýaşap gelipdir. Ine, şonuň üçin il arasynda kimdir biriniň ogly bolsa: “oglumyz boldy” diýmegiň ýerine: “gurt tutduk” diýýärler. Edenli, başarnykly, batyr, ugurtapyjy adamlary: “gurt ýaly” diýip taryplaýarlar. Haýsydyr bir ýumşy bitirmäge bir ýere giden adam gaýdyp gelende, şol işiň ýerine ýetirilip-ýetirilmändigini biljek bolanlarynda: “Gurtmy, tilki?” diýip, ondan habar alýarlar. Eger-de iş biten bolsa, onda ol: “Gurt!” diýip jogap berýär. Gurt bilen baglanyşykly nakyllar, durnukly söz düzümleri we halk döredijiliginiň beýleki eserleri-de az däl [7, 32 s.]”. Mundan başga-da gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda uly adamlar birek-birek bilen hal-ahwal soraşanlarynda “Halyň niçik?” diýen sowala, özleriniň sag-aman gezip ýörendiklerini beýan etmek üçin “Gurgun!” ýagny “Möjek (“möjek ýaly” manysynda)” diýen jogaby beripdirler. Hatda, birek-biregiň hal-ýagdaýyny soramak hem “Gurgunçylykmy?”, “Guratmyň?”, “Sag-gurgunmyň?”, “Gurgunmyň?” diýen ýaly gurdy aňladýan görnüşlerde amala aşyrylypdyr. Şeýle hem, biziň ýurdumyzda onlarça ýer-ýurt atlary gönüden-göni möjek bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, irki döwürlerde Hazar deňziniň ady “Gürgen deňzi” ýagny “Gurt deňzi” diýlip tutulypdyr. Gürgen derýasy, Etrek-Gürgen ülkesi bolsa häzire çenli-de öz gadymy atlaryny göterip gelýärler. Galyberse-de halkymyzyň dürli tire-taýpalarynyň atlarynyň ol ýa-da beýleki bir görnüşde gurda ýanalyp dakylandygy barada meşhur alym Soltanşa Atanyýazow özüniň düýpli ylmy işinde şeýle belleýär: “Bersin we ýoluň (ýo:luň) uruglary bilen birlikde, börüler burkazlaryň üç uly bölüminiň birini düzýär. Buhara welaýatynyň Alat we Garaköl etraplarynda ýaşaýan çandyrlaryň düzüminde börübeg, saryk, salyr we şyh taýpalarynyň arasynda gurt, ärsarylaryň gultak urugynda gurtly, tekelerde gurtzäkir, onuň goňur we gökje uruglarynda bolsa möjek diýen tire atlaryna duş gelinýär. Ýomutlaryň düzümindäki gurçuk tiresiniň ady aslynda gurtjuk bolup, ol “gurt urugynyň kiçi bölegi” diýen manyny aňladýar. Bu etnonimleriň ählisi şol bir manyny bilrdirýän “böri, gurt, möjek” diýen manydaş (sinonim) sözlerden emele gelipdirler [8, 82 s.]”. Şonuň ýaly-da, alym S.Atanyýazow, möjek nyşanynyň (simwolynyň) türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny hem ähmiýeti barada ýene-de şeýle belleýär: “Möjegiň ähmiýeti, onuň durmuşdaky uly orny diňe gadymy türki atlaryň emele gelşinde (etnonimiýasynda) däl, eýsem, maddy we ruhy medeniýetiň köp babatlarynda äşgär ýüze çykýar. Meselem, haly, keçe nagyşlarynda, keşdelerde möjegiň simwolik şekilleri saklanyp galypdyr. “Türkmenistanyň gadymy we täze ýollary” diýen kitabynda, W.S.Zaletaýew türkmen gülýakalaryna salynýan nagyşlaryň arasyndan möjegiň birnäçe şekilini ýüze çykardy. Çagasy durmaýan aýallaryň täze bolan bäbegini möjegiň agzyndan geçirip (derisine dolap), oňa Böri, Gurt, Möjek ýaly atlary dakýanlygyny, göz degmezligi üçin çaga tumarlaryna möjegiň tüýüni ýa-da derisinden bir bölejik salmak däbini hem, ýokarda aýdylanlaryň üstüne goşsak, türkmen durmuşynda böriniň nyşanlaýyn şekiliniň (obrazynyň) häli-häzire çenli saklanyp galandygyna göz ýetirmek kyn däl [8, 84 s.]”. Görkezilenler bilen birlikde, gadymy türkmen ynançlarynyň we dünýägaraýşynyň sünnälenip kämilleşmegine hem-de taplanmagyna düýpli täsirini ýetiren Beýik Göktürkmen kaganlygyny döreden, iki sany uly türkmen taýpasy (aýmagy) – Bozgurt we Gutlug kowumlarynyň (hytaý transkripsiýasynda “Aşina we Aşida kowumlary”) naýbaşysy – Göktürkmen hakanlarynyň kowumy bolan Bozgurt taýpasy, gözel gyz keşbine girip, duşmanlar tarapyndan goly-aýagy kesilip, jebirli ölüme taşlanyp gidilen hun şazadasyny (teginini) halas edip, oňa hatyn bolan gök börüni (Bozgurdy) özleriniň neşilbaşy eneleri diýip ykrar edýärler [7, 35 s.]. Şeýlelikde, ömrüni öz ilini-ýurduny duşmandan garşy gorap, ýagy bilen söweşmäge bagyş eden gadymy türkmen batyrlarynyň gurda goýan sarpasyny göz öňünde tutmak bilen olaryň öz aralarynda, has ezber, has kuwwatly we edermen alplary, özleriniň penakar ruhy – gurda ýanap, “hasgurt”, ýagny “beýleki gurtlara (alplara) garanyňda has artykmaç gurt” diýen düşünjäni ulanan bolmaklarynyň ähtimaldygyny çaklamak bolar. Bu “hasgurt” diýen söz bolsa, uzagyndan diliň we aýdylyş äheňiniň üýtgemeginiň netijesinde ilk-ä “asakyr” soňam “esger” diýen söze öwrülip giden bolmagy ahmal. Elbetde, “asakyr” ýa-da “esger” diýen sözüň sözköki başgaça bolup, ol gadymy türkmen dilinde “arassa, ary, arslan, bürgüt” diýen birnäçe manylary aňladan “as” sözi bilen “är, er”, ýagny, “synagdan geçen, ýaşy ýeten, öýlenen erkek kişi” diýen sözleriň goşulmagyndan emele gelip, “as er (är)”, “has er (är)” diýen görnüşde “ýetişen erkek kişi”, “bürgüt är” diýen manylaram aňladan bolmagy ähtimal. Onsoňam, “has är” diýen adalga bilen gadymy türkmenler tarapyndan hemişelik gulluk edýän urşujynyň (söweşijiniň, esgeriň) aňladylandygy çeşmeleriň birinde bellenýär [9]. Ýöne, bu nukdaýnazara garanyňda, “hasgurt” diýen aňlatma hakyndaky pikiriň hakykata has ýakyndygyny, çaklamaga gadymy ata-babalarymyzyň gurda goýan sarpasy esas döredýär. Onsoňam, eger-de “esger” sözi türkmen diline arap dilinden geçenem bolsa, meniň pikirimçe, barybir “hasgurt” aňlatmasy, düşünjesi, şol gadymy döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň dünýägaraýşyna, özlerini alyp baryşlaryna, ýaşaýyşlaryna, uýan ynançlaryna we goldanan kadalarynadyr, däp-dessurlaryna has laýyk gelýär. Edebiýatlar: 1. Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. I tom. A-Ž. -A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.; 2. Gadymy türkmen sözlügi. –A: Ylym, 2007.; 3. https://ru.wikipedia.org/wiki/Аскер_(значения). 14.05.2020ý.; 4. А.Бисенбаев. Мифы древних тюрков. - Алматы, 2007.; 5. Файзрахманов Г.Л. Древние тюрки в Сибири и Центральной Азии. – Казань: Мастер Лайн, 2000.; 6. Худяков С.Ю. Золотая волчья голова на боевых знаменах: Оружие и войны древних тюрок в степях Евразии. – СПб.: Петербургское Востоковедение, 2007.; 7. K.Ataýew. Oguz dessanlary. Orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. –Aşgabat: TDNG, 2013.; 8. S.Atanyýazow. Şejere (Türkmeniň nesil daragty). -A.:“Turan-1”, 1994.; 9. Ö.Gündogdyýew. Oguz türkmenleriniň harby jemgyýeti // Esger gazeti, 20.11.1997ý. http://kitapcy.com/news/2020-05-26-11555. 27.05.2020ý. 10. Кызласов И.Л. Енисейская письменность Древнехакасского государства. Рассказы археолога. – Москва, Абакан: Хакасское книжное издательство, 2017.; 11. O.Ödäýew. Altynjan hatyn. Roman. Ikinji jilt. Aşgabat: TDNG, 2012. 12. Abylgazy Bahadur han. Şejaraýi-teräkime (Türkmenleriň nesil daragty). Aşgabat, 2015.; 13. Kitaby dädem Gorkut. Aşgabat: TMGI, 1999.; 14. Görogly. Aşgabat: Türkmenistan, 1980.; 15. Magtymguly. Aşgabat: Türkmendöwletneşir, 1959.; 16. Бернштам А. Социально-экономический строй Орхоно-Енисейских тюрок в VI-VIII веков. Москва: изд. Академии наук СССР, 1946.; 17. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. B.Baýmyradowyň redaktirlemeginde. – Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |