NAMYSJAÑ GARÇGAÝ
—Soňky döwürde elguş saklap, aw edýänler bar diýýärler. Şol çynmydyr? –diýip, men öň hem ençeme aw wakalaryny gürrüň beren Gara aga ýüzlendim.
—Çyn. Men hem elguş saklap görüpdim. Elguş namysjaň guş –diýip, Gara aga geçmişini ýatlady. —Elguşa haýwan diýjeksiň welin, onuň käbir boluşlary, hakyt, adamyňky ýaly.
Bir gezek menden öýkelän elguşumyň öýkesini ýazmak iş boldy: Ony towşana tarap gönükdirip, uçuryp goýberdim. Olam sähel salymda ony basdy. Ine, şonda haýal hereket etdimmi-nämemi, ol tutan towşanyny goýberdi-de, öýe tarap uçup ötägitdi.
Menem onuň yz ýany bilen atymy ýüzin salyp bardym. Görsem, öýüň öňündäki daragta gonup, tersine bakyp otyr. «Bä, munuň menden öýkeläni çyn eken-ow» diýdim.
Elguş öýkelände öýkesini nädip ýazmalydygyny kakam pahyr öwredipdi. Kakamyň öwredişi ýaly, atymy ýagşy ýuwup tämizledim. Özümem täzeje telpegimi, donumy, ädigimi geýdim. Onsoň, atyma atlanyp, onüň öňünden birki gezek ýüzin salyp, okkesdirme geçdim. Olam, gözüňe söweýin, hiç zat bolmadyk ýaly, geldi-de egnime gonaýdy. Şeýdip, men onuň öýkesini ýazdym. Şondan soň welin, onuň basan awuny tiz ýetişip, garbap aldym, olam öýkelemesini goýdy.
—Soňra şol elguşuňyza näme boldy? –diýip, men Gara agadan bilesigeliji-lik bilen soradym.
—Häý, şony soramasaň gowy bolardy –diýip, Gara aga gynançly keşbe girdi.
—O näme üçin?
—Şol elguşumdan jyda düşüşimi ýatlasym gelenok-da. Duýgur, gowy guşdy.
—Ol öldümi?
—Gürrüň berip dynaýmasam, siz indi meni goýmarsyňyz –diýip, Gara aga söhbede başlady.
—Ony ulaldanymda, tazy güjüjek bilen bile ulaldypdym. Biri-birine juda höwrügipdiler. Awa çykanymda, ikisi şeýle bir düşünişip hereket ederdiler welin, hiý sen goýaý.
Bir gezek awa barýarkak, obanyň itleri tazyny bijaý daladylar. Şol ýaralaryndan saplanyp bilmänem görgüli ýogaldy.
Tazynyň ýogalmagy elguşa juda agyr degdi. Başga taza hiç höwrükmedi. Gaýtyp, awa çykaryp, towşana diýip uçuryp goýberdigim, göni öýe gaýdyp, obanyň itleriniň garagyny akdyryp, tazynyň aryny alyp ugrady. Iki ýylyň içinde obamyza tas «itsiz oba» adyny aldyrypdy.
Kör it kime derkar? Her kim gözsüz galan itini ýok etmek bilen boldy.
Ilkibaşda, itleriň garagyny akdyrýan höwürtgesinden jüýjesini it alyp, öjügen ýabany bürgütdir ýa-da laçyndyr öýdüpdirler.
Emma bu ýowuz işi meniň elguşumyň edýändigini bilensoňlar, galmagallaşyp üstüme geldiler.
Elguş diýeniň, bolmasyz işi edende, «Indi beýtme!» diýip, käýäp düzedip bolýan çaga däl. Onuň öz düşünjesi bar.
Men iti ejir çekenlere elguşuň şeýtmek bilen bala guşlugyndan bile ulalyp, höwrügen tazysynyň aryny alýandygyny, itleriň tazyny dalap öldürendiklerini aýtdym. Olar jemlenişip obanyň kethudasy Eýeberen aganyňka gitdiler. Baryp arz etseler, her bir dawany änigine-şänigine mazaly ýetip çözmegi gowy görýän Eýeberen aga elguşuň itlerden näme üçin ar alýandygyny anyklap:
—Elguş tazyny ýarmaga gatnaşan itlere hüjüm edendir. Sebäbi pylany-pylanylaryň itlerine degmändir ahyryn. Indi täze it edinseňiz, ol azar bermez –diýipdir.
Şondan soň obadaşlarym köşeşip, täze it edinip ugradylar. Emma itlere bir jyny düşen elguş olary hem aýap goýmady.
Ol döwürde möjegem kändi. Itsiz bolsaň, agylyňa darap, gapyňdaky malyňy-da parçalaýmasy bardy.
Obamyzyň itsiz galmagy şu howpy has-da ýitileşdirip başlady. Käte obanyň ol başyndan, käte-de bu başyndan «Pylanynyň goýnuny, pylanynyň gölesini gije gelip, möjek parçalanmyşyn» gürüňi ýaýrap ugrady.
Bir gün obadaşlarym Eýeberen agany hem öňlerine salyp, ýene-de meniňkä: «Şu elguşuňy ýok et!» diýip töwella geldiler.
Menem nätjegimi bilmän, içimi hümledip kän gezdim. Ahyrsoňy, baharyň hoştap howaly bir güni, aw awlaýan ýaýlagymyza eltip: «Men senden juda yrza. Senem menden yrza bol» diýdim. Menden göwnüni ymykly bölmek üçin: «Bar, git!» diýip, arkasyna hem urup, uçuryp goýberdim. Şondan soň ol gaýdyp gelmedi.
—Ol bürgütmidi ýa-da laçyn?
—Elbetde, laçyn.
—Laçynyň haýsy görnüşidi?
—Garçgaý. Ony maňa, uruşda bile bolan bir başgyrt dostum sowgat edipdi.
—Siz şondan soň ol elguşuňyza näme bolandygy bilen gyzyklan-madyňyzmy? –diýip, men hekaýatyny paýawlan Gara agadan soradym.
—Elbetde, gyzyklandym… –diýip, ol gussaly dillendi. —Obadaşlarymyň töwellasyny alyp, ony uçuryp goýberemsoň, ol bir ýerden çykyp, özüniň sag-salamatdygyny bildiräýjek ýaly, garaşyp köp gezdim. Duşmazmykam diýip, bile aw alan ýerlerimize hem aýlandym.
Emma onuň gidişi-gidiş, gaýdyp görünmedi.
Ençeme wagt et rysgalymyzy äberen guşuň şindiki durmuşynyň nähilidigi, onuň nirededigi baradaky pikir hiç kellämden çykanokdy.
Bir guşçy tanşymdan:
—Sen meniň garçgaýymy görmediňmi? –diýip, sorasam, ol:
—Gördüm –diýdi.
—Nirede?
—Dag etegindäki gyrymsy tokaýlykda –diýip, salgyny berdi. —Asla–ha sen ony kowup nädogry edipsiň. Biraz wagt öýüňde ýüpe baglap saklan bolsaň, ýüregi düşüşip, itlere bolan gahary ýatyşsa-da ýatyşardy –diýdi.
Men ol guşça ozal geňeşmänime ökündim. Her nämede bolsa, garçgaýymyň diridigini eşidip begendim.
—Barsam, ol meni tanap gelermikä?
—Ýok, gelmez –diýip, guşçy bar umydymy puja çykardy. —Sen ony kowup goýberipsiň ahyryn. Ol indi seni bagyşlamasa gerek.
Men guşçynyň salgy beren ýerine gitdim. Gözläp, garçgaýy tapdym. Ol belent agajyň üstündäki gargalardan galan höwürtgede ýaşaýan ekeni.
Dag eteginde başga garçgaý ýokdugy üçin, beýleki laçyn guşlar bilenem höwrügip bilmänsoň, onuň ýekedigini görüp, ýüregim gyýyldy.
«Belki, geler» diýen umyt bilen, üstünde ençeme gezek naharlanan tanyş albaýyny bulaýlap, «Haýt! Haýt!» diýip gygyryp başladym.
Ol meni görüp, elbetde tanady. Depämden üç-dört gezek eýläk-beýläk okkessirme geçdi. Emma albaýy hernäçe bulaýlasam-da, gelip elime gonmady. Gaýtyp: «Ynha, seret, men sensizem günümi görýärin!» diýen ýaly, şol barmana çöplükden turup gaçan bir towşany basdy.
Edil şol wagtam laçynyň hereketine gyjynyp, ýokarda aýlanyp synlap ýören bir bürgüt şuwlap indi-de, onuň tutan awyny elinden aldy oturyberdi.
«Gün güýçliniňki» diýleni, göni garpyşsa, ejiz geljegine gözi ýetik laçyn awyny bürgüde goýup, ýokaryk göterildi.
Men bu ahwalata gynandym. «Maňa aw alşyny görkezmekçi boldy welin, o–da bürgüt zerarly şowsuz soňlandy» diýip, garçgaýyň indi näme edýändigine äňedip başladym.
Ol barha we barha ýokaryk galýardy «Maňa nähili belende göterilip bilýändigini görkezmekçi bolýar» diýip synlap durun.
Onýança, ýaňky bürgüt towşanyň gözlerini çokap, lak-luk atdy-da, läşini penjesine gysyp, tekepbirlik bilen göge galyp, höwürtgesi ýerleşýän belent gaýalara tarap ýöneldi.
Garçgaý bolsa henizem ýokaryk göterilýärdi. Ol, şeýdip, durna urýan belentligine galdy.
Birdenem aşaklygyna garşy daş gaçan ýaly düýrülip, şuwlap gaýtdy.
Men ol ýene-de aw görendir öýtdüm. Emma beýle däl ekeni.
Şol gelşine, aňsatjak alan awyna eselip barýan bürgüdi gahar-gazap bilen kakdy. Onuň badyna bürgüdem çalam-çaş boldy, özem. Ikisem öldi.
Ol jelegaý ozalynda şol bürgüdiň aw örüsi bolup, garçgaý oňa soň baryp ýerleşen bolmaly. Bürgüt ikisiniň arasynda şeýle aw dawalarynyň mundan öň hem köp bolan bolmagy mümkin.
Bürgüdiň güýjüne baýrynyp, öz tutan awyny meniň—öňki eýesiniň gözüniň alynda almagyna namys etmekdenmi ýa-da ozaldan hem onuň bilen bellisini edişmegi ýuregine düwüp ýörmi, garaz, ine, şeýdip, ol hut men görüp durkam özüni heläk etdi oturyberdi –diýip, Gara aga hekaýatyny soňlady.
—Juda namysjaň guş ekeni –diýip, men awçynyň gürrüň beren wakasynyň täsirinden çykyp bilmän dillendim.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar