20:08 Naýyñ owazy | |
Naýyñ owazy
Goşgular
Eşidýäñizmi siz owazyn naýyñ? Olam gussa çekýär adamlar deýin. Eýsem, näme hakda naýyñ owazy? Bu sowala jogap berýär oñ özi: "Menem aýra düşdüm öz gamyşymdan, Kän-kän muşakgatlar geçdi başymdan. Gussam gemre baglap ýatyr ýürekde, Meñ zaryn owazym - aýralyk hakda. Öz ilinden, öz kökünden aýrylan - Meñ biçäre bilen ykbaldaş kileñ. Bagtyýar, bagtdan jyda düşenler Diýýän sözlerine oñat düşüner. Bar bolsa her kimiñ kalbynda zary, Meñ owazym diñläp, artar azary. Her kimse özüne dertdeşi gözlär, Düşünmek ýeñil däl ýüregne özgäñ. Janyñ aýra bolşy ýaly jesetden, Arada gatlak bar içgin esetseñ. Ýogsa meniñ sesim şemal däl, ot däl, Şonda-da eşdeniñ kalbyny otlar. Dostuñyz alysda bolsa eger-de, Oñ ornuny tutup, ýararyn derde. Tañry hem siz arañyzda çapar men, Kalplary gozgasam, rahat tapar men. Ruhy ejizler meni çalanda, Dertleri dep bolman, galýarlar gamda. Kimse göwün beren bolsa çyn zada, Meñ owazym daýnç oña dünýäde. Ýürekleriñ ygtyýary mendedir, Hak aşyk Mejnunyñ zary mendedir. Özünde gam-gussa bar bolsa eger, Owazymy diñe şol ýürek duýar". Meniñem kalbymda bolmasa gamym, Söýüp diñlärmidim owazyn naýyñ? Ýowuz durmuş çekdirensoñ dert-elem, Ysnyşdym men naýyñ owazy bilen. Ýaşlyk döwrüm duwlandy çal dumana, Ony ýada salmak hoş ýakýar jana. Balyklañ iýmitin suwlar gizleýär, Ynsan öz rysgyny ýerden gözleýär. Durmuşda ederni bilmeýän kişi, Näçe urunsa-da, bol tapmaz aşy, kim halasa diñe iýip-içmegi, Ruhy göýdükdir, ondan gaçmaly. Añ-paýhasdan ykjam ýükün tutanlar, Çyn adamdyr, hiç bir ýerde utanmaz. Bendilik nyşany - golda zynjyryñ Altyndanam bolsa, owradyñ, gyryñ. Açgöz, senem haý diý haram nebsiñe, Derýalaryñ suwy sygmaz hiç huma. Hars urýan husydyñ gözleri - puldan, Maldan däl, ahyry dolarmyş gumdan. Diñe jinde geýen Hakyñ gullary, Başarar nebsine jylaw salmagy. Eý, Tañry bendesi, bir zady bil sen - Yşk heseri bolar kalbyña melhem. Ýara däl, ruhuñam bejerer hökman, Onça ýokdur hatda Eflatun, Lukman. Yşk heseri aram berip janyña, Göterer ruhuñy arşyñ ýanyna. Şol söýgüdir Musa güýç-kuwwat beren, Halky üçin beýik işe iteren. Ynsan üçin bagt ýyldyzy söýgüdir, Lallañ dili, körleñ gözi söýgüdir. Dosty bilen sesin goşan her adam, Halas bolar herki dertden-beladan. Dostuny ömürlik ýitiren kişi Şatlykdan yrakdyr, çeker teşwişi. Gursagy owazdan doly bilbilem Lala döner jyda düşse gül bilen. Eger gaýyp yşky goldaw bermese, Ömür sürmek başardaýmaz her kese. Şol bolmasa, galar ynsan görgüde, Meñzär ol ganaty gyrlan bürgüde. Töweregñi tümlük gaplasa, ýa-da Bilmeseñ gaçjagñy suwa ýa oda, hakykaty tapman, azaşyp ýörseñ, Kalbyñ aýnasyna seredip gör sen. Naýyñ owazyna gulak asyñ-da, Boşadyñ ruhy ten kapasyndan. | |
|
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |