13:26 Nazar Baga: Baga bagşy öýlendi | |
• Baga bagşy öýlendi
Aýdym-saz sungaty
Nazar bagşynyň şägirtliginiň üçünji ýylydy. Kakasy Morsy Alili oýdan Gubadaga göçüp geldi. Özi hem aşaky Baýyşly bagalaryň arasyna geldi. Bu oba bularyň göçüp gelenlerine begendiler. Täze göçüp gelen hojalyga gural ýa-da iş güýji gerek bolsa obalar gaýgyrmadylar. Şeýdip bulary özlerine öwrenişdirdiler. Soň Nazar hem halypasyndan sypynsa kakasynyň ýaşaýan obasyna geldi. Şol gidip, gelip ýörüşine Nazar bu oba bilen öwrenişdi. Deň-duşy köpeldi. Edil dogduk mekany ýaly öwrenişdi. Soňa baka Nazar obasyna gelse bir gyza gabat gelýär. Köpi gören Nazar içinden pikir öwürýär. Gyzy ahyry kimdir biri almaly bolýar. Plan gyzy plan almaly diýlen ýeri ýok. Şonuň üçin men eger oňaýyny tapsam şu gyz bilen gepleşip göreýin diýýär. Ertesi hälki göze ýakymly gyza duşýar. Nazar gyzdan siz şu obada ýaşaýarsyňyzmy? diýip soraýar. Gyz döwrüne görä: gysynyp geplemeýär. Bu gyz şu obada Gazak burun diýen baganyň gyzydy. Bular her sapar sataşanda azda-kände gepleşýärler. Bu gyz hem muňa öwrenişýär. Indi Nazar hem bu obada ýaşansoň oba ýigidi, oba gyzy boldular. Şeýle bolansoň biri-birine barha mähri artyp başlady. Ahyry söýgi başlandy. Şeýdip ýörkäler Nazaryň şägirtliginiň dördünji ýylydy. Nazaryň kakasy Morsy aradan çykdy. Soň birnäçe wagt geçdi. Nazar bolsa ýokarky Jemşit galaly bagalara göçdi. Aga inileri arasyna aldylar. Aga-inileri muňa ýerli-ýerden kömek edip başladylar. Säheljik toýlaryny-da ulaldardylar. Sebäbi Nazary aýtdyrmaga delil ederdiler. «Düýä haýt diýmek medet» diýilişi ýaly agaýyn dogan garyndaşlary il-gün bolup Nazary Gazak aganyň akylly, paýhasly, mähirli, salyhatly gyzy Soltanbibä öýerdiler. Ile toý berip halypasyny aýtdyrdylar. Nazar baganyň mähirden ýugrulan ejesi Gül ejäniň gül ýüzüne nur çaýyldy. Gelniniň iki bolanyna aýagy ýeňläp elini açyp eçildi. Begenjine Ak alma, gyzyl alma bişermiş, Iki ýagşy bir-birege duşarmyş. Eger iki ýagşy bir ýere düşse, Bu dünýäniň ötjegini bilermiş. Gül ejäniň nakyl edişi ýaly Nazar bilen Soltanbibi ikisi dillerdäki hak aşyklar ýalydy. Soltanbibi Gül ejäniň öýüne gelensoň gün-günden özgerdi. Durmuşy, hemişe eli meşikden çykan ýalydy. Içerisi, daşarysy ýerbe-ýer guralyp ugrady. Soltanbibi diýeniň hojalyk işine ukyply. Bişir-düşüre örän arassa eli süýjidi. Gül eje bu durmuş biziň maňlaýymyzda duraýsa ýagşy diýip begenerdi. Iller Soltanbibi ýaly gelni her bendesine miýesser etsin diýerdiler. Nazar baga öýlenip wagt geçensoň ýene halypasyna gitdi. Halypasy bilen birnäçe toý sowdylar. Soňra halypasy Nazara Nazarjan indi özbaşdak bagşyçylyk ediber kemiň ýok diýdi. Sebäbi sen hem öýli işikli bolduň diýdi. Men saňa patany soň bererin diýip alkyş baryny aýtdy. Halypasy Nazary öz bala-çagasy ýaly eý görerdi. Oňa Nazarjan men seni ýurt bagşylary bilen hem tanyşdyraýyn diýdi. Menden öň özüň hem köpüsini tanaýansyň diýdi. Ýöne hemmesini tanaýan dälsiň. Şoňa göräde öz ýurdumyzyň ussatlary bilen tanyşdyraýyn diýdi. Soňra Gubadagly gumly uşakda Garly bagşy, inisi Gylyçmät bagşy, Mätjan pyşşyk, Biçeme kör, Dopdar kör, Doňgoparan, Atabaý kel, Söýeg bagşy, Allanur, Saparbaý jommuk dagylar. Olardan şägirdine aýdym öwretmegi haýyş etdi. Soňra Nazar bagşy ýokarda agzalan ussat halypalar bilen aragatnaşyk saklady. Olardan köp zatlary öwrendi. Garly bagşydan «Gelemen», «Gyrat gel», «Şirin-şeker», «Saryk durna», «Hüwjan», «Durna». Bulary halypasyna eýermänkä-de bilýärdi. Ýöne indi has tekrarlamak üçindi. Gylyçmät bagşydan Görogly dessanynyň «Kyrk müňler», «Arap daňan», «Öwez getiren» şanalaryny öwrendi. Başga-da köp ýygyndy aýdymlary öwrendi. Biçeme körden «Ýar seni», «Meşrep», «Algaç» ýaly köp aýdymlary öwrendi. Nazar diýeniň dünýäde bar zat bolsa öwrenjek. Maňňytly meşhur Amet bagşynyň halypasy Atajan körden özbekleriň ««Nowaýy», «Şiraly», «Peşrew», «Alagaýyşly», «Işboý», «Agaçdandyr», «Netilär» ýaly köp aýdymlaryny öwrendi. Söýeg bagşydan: «Haýyt ýykan», «Bugdaýly», «Sonam geldimi», «Jelil» ýaly aýdymlary öwrendi. Nazar bagşy ýokarda görkezilen aýdymlary halypasyna eýermänkä käbirlerini eýerensoň hullasy öňden bilýärdi. Belkem kellesini tekrarlamalydy. Obasyndaky Öwezmät bagşydan: «Nejep oglan» dessanyny öwrendi. Jommukdan öwrenen çowdyrça aýdymlary gaty köp. Sebäbi olaryň ýörite özleri gelibem tekrarladyp giderdiler. Özleri: Tüweleme Baga biziň aýdymymyzy tekrarlaýar diýip guwanardylar. Bir gezek Söýeg bagşy ýaly ussat halypalar bir ýere jem bolanda: Nazaryň içinde aýdymlar Jeýhun bolup tolkun atýar. Şonda-da gözüniň ýeserini aşyryp aýdymdan asla doýanok diýip ýakalaryny tutup haýran galýardylar. Indi halypasynyň rugsat bermegi boýunça Nazar bagşy özbaşdak bagşyçylyk edip ýördi. Sebäbi onuň ygtyýaryny eline berip goýberipdi. Köp wagtlar geçensoň halypasy Nazary çagyrdyp aldyrdy. Bular Bedirkendiň aňyrsynda bir uly toýa gitdiler. Bu ýerlere Nazar ýetikdi. Baransoň bagşylary orta geçirdiler. Orta geçen dessine şägirt aýtsyn diýip ýerli-ýerden gygyryşdylar. Çekim namadan bäş-on sanysyny aýt diýdiler. Nazar bagşy birdenkä çykalga tutulanyny gowy görmedi. Ganary gelen çemesi «Garadäli», «Ýandym», «Teşnit», «Kelezaw», «Döwletýar kyrk». Düýdämiň üstünden ýoly gerekdir, Bizede bir bezäň...gerekdir. – diýip dagy gygyranda märeke tolgunyberdi. Muňa aýdylan alkyşyň tüwelemäniň sany bolmady. Soňra toý sowuldy, märeke dargady. Bagşylary myhman ýerine eltdiler. Agşam bolup ertesi gaýtdylar. Gaýdyşyn halypa başyny aşak salyp öňünden sürüp gürrüň berip gülüşdirip gelýärdi. Yzyndakylar hem aşak bakyşyp gürrüňi diňläp gelýärdiler. Nazar baga birden hopugyp: Halypa bu galalyk näme? diýdi. Halypa bagşy duýdansyz berilen soraga ukydan täze oýanan ýaly bolup hiç zat saýgarmady. Soňra aňyna geldi. Soň hä bu galalyk Bedirkendiň galasy, ýa-da Jüneýit hanyň galasy. Onda Baga bagşy Wah, halypa oňarmansyň. Halypa: – O näme üçin? Üçini gapana basaýmasak ýagşy» diýdi. «Halypa», «Näme günämiz barmyş? Nazar: Olarda günä gytmyşmy näme? Hemmäniň pikiri özüňdir öýdýärmiň. Ýene Nazar: Bizi ötürip yzymyzdan guwanyp galaslar-a ýok diýdi. Halypasy-da gepini soňlamandy. Derwezeden iki sany epeý ýigit çykyp, herisi bir aty idip atlary suwarmaga gaýtdylar. Ýaňkylar halypa bagşyny tanadylar. Soň essalawmaleýkim bagşy aga! Bagşy bularyň salamyny alyp soraşdy. Ýaňkylar bagşy aga bäri aýlanyň! diýdi. Bagşy: Taňry ýalkasyn diýip ötübermekçi boldy. Olar Hankakada häzir obada diýdiler. Indi alajyň barmy. Aýlanmaly boldy. Halypa içinden Han kakaňyz belada, merezde, barsa gelmezde bolsady diýdi. Daşyndan ol-a gowy eken diýdi. Şeýdibem ýaňkylara eýertleşip bardylar. Bularyň atyny tutup özlerini bir bezegli ak öýe eltdiler. Öňlerine çaý goýdular. Bular çaýyny soňlaberende şu öýe Jüneýit han hem geldi. Bular görüşdi. Han bularyň eline eliniň ujyragy bilen çalaja urdy. Soň her kim öz ýerinde oturdy. Ýanyndakylara bir zat aýdan bolup saglyk salamatlygy bilgeşleýin unutdy. Bulara geňirgän äňehde seretdi. Belkäm bu ýere her bir ötegçi gelýän däldir. Soňra Jüneýit bulara näme hyzmat bilen geldiňiz diýdi. Halypa bagşy: Ötegçidik. Bäri aýladylar diýdi. Han: Onda näme tamalaryny ödemän agzyňyza suw owurtlan ýaly bolup otyrsyňyz diýdi. Soň halypa bagşy şägirde ümledi. Şägirt dutary düzüp başlady. Şol wagt Jüneýit birine gabagyny galdyrdy. Ýaňky elini gursagyna goýup ters ýöräp çykyp gitdi. Soňra Nazar pesiräkden başlady. Jüneýit gabagyny galdyryp Şirwana git diýdi. Baga joşup ugrady. Han köwek görnüşde nätdim diýip töweregine garady. Soň märekelerde diýilýän tüweleme, berekella diýen sözlerden dil ýarýan ynsan ýokdy. Ýöne kelle yralap otyrlar. Soň birçene barandyrda Han boldy, diýen äheňde elini salgady. Nazar goýdy. Adamlar halypada aýdar diýen äheňde otyrdylar. Han gidiberiň diýip yşarat etdi. Adamlar turup gitdiler. Soňra Jüneýit han: halypadan bu kim diýip sorady. Halypa: Meniň şägirdim diýdi. Jüneýit han: Bagalardan bir bagşy oglan döränmiş şolmy diýdi. Nazar bolsa halypadan öňürti edil özi diýdi. Soňra han: Sen oglan Nazy reýsiňizi tanaýarmyň diýende-de beterem diýdi. Hanyň gahary geldi. Tanaýan bolsaň baryp aýt heleýleriniň guşagynda hiňňildik uçup bugaryp ýatmasyn. Tizden bärik gelip gitsin. Soňundan sen oglan nirede kim bilen gepleşýäniňi bileňokmy? gepleşýäniň deň-duşuňdyr öýdýärmiň. Nazar: men soraga jogap berdim diýdi. Eýle jogaby Lälezem öwülýäniň gonamçylygyna baranda beresiň diýip batly gygyrdy. Nazar bagşy ýene bir zat diýmekçidi. Han sem bol deýýus diýen wagty hany çagyrdylar. Eger han dowamly oturan bolsa howply bolara çemeli. Hanyň pikiriçe ony hormatlamalydy. Düzgün boýunça Nazar: Han kaka, han aga, Serdar aga diýmän hat-da it aga, işik aga-da diýjek gümany ýokdy. Ony han aňdy. Soň bagşylary öňki oturan öýüne eltdiler. Soň giçde bagşylary bir tämiz düşelen aýmança eltdiler. Muňa ýüze golaý adam üýşüpdir. Adamlaryň köpüsi ýaragly. Bagşylar göz astyndan bilniksiz töwerege äň edýärler. Gündogarda bir hopbuş sary pişge murt adam otyrdy. Gapdalyna biri gelip oturdy. Öňki hopbuş geleniň dolagyna gyzgyn çaý guýdy. Ýaňky adam untyrap pessaýdan aglamyşlap gygyrdy. Pişge murt barmagyny başga tarapa uzatdy. Ýaňky untyran başga ýere baryp oturdy. Ýerine biri gelip oturdy. Bu gelen şilliň uzyn burny bidöwletiň… ýalydy. Bagşylar gijäniň bir haýugyna çenli aýtdylar. Soň bagşylary ýene öňki ýerine eltdiler. Ýaňkylaryň arasynda garyn-gasar ýokdy. Olaryň hersi bir bozuk gyzykla çalym edýärdi. Mysaly: ganhora, dünewa, kişi hakyndan artmaýana, kişi maşgalasyna göz ildirýäne we ş. m çalymdaşdy. Bagşylar agşam ýatyp ertir ýola düşüp ugradylar. Galadan çykýançalar atlaryny saýhallap sürdüler. Soň ganymat gordylar. Soň ýene maýdalyna sürdüler. Köp ýere baransoň arkaýyn gürrüňe tutup barýardylar. Dünýäden habarsyzdylar. Halypa bagşy köpräk döwri gören adamdy. Onuň gürrüňiniň gülüşmesiniň tükenjek gümany ýokdy. Hemmesi gürrüňe gülüşmä gümra bolup sürüp gidip barýarlar. Dünýäden bihabar adamlaryň gapdalyndan duryň-aýt diýen ses çykdy. Bularyň özlerem atlaram ör-gökden geldi. Görseler häki iki pişge murt. Ýaňkylaryň ikisi birden üstiaşyr atdylar. Bagşylar ýene ör-gökden geldiler. Hany hemme zadyňyzy bäri oklaň diýip haýbatly gygyrdylar. Alajyň barmy jan diýeniň bir süýji zat. Ýerli-ýerden zyňyp başladylar. Boluň tiz boluň diýip wagyrdaşyp durlar. Şol wagt Nazar halypasyna ine «gapan» diýdi. Kellesini çaýkady. Olar öz galmagaly bilen hiç zat aňanoklar. Bularyň hemme zatlaryny atlaryny alyp bir köne ýap aralyga tokaýa siňip gitdiler. Bagşylar bir sagat ýolda durdylar. Tagta tarapa ulag bolmady. Soň pyýadalap üç gara görnüm ýörediler. Soň yzlaryndan bir hanhat, ýetip şonuň arabasyna mündiler. Netijede halypanyň obasyna bardylar. Töwerekleri gelip, bularyň eleşan ýagdaýyny görüp kömek berdiler. Ertesi Köpükliden gelip toýa alyp gitdiler. Bu ýerde halypa bagşynyň özüni aýtdyrdylar. Halypa örän labyzly, gaňnawly şirwan pedelerden aýtdy. «Toýa geldiňmi? «Ak eşekli», «Gaýyp sakar», «Yňdarma», «Balaň geldi», «Ýandym gyrk» ýaly köp şirwan perdeleri aýdyp: oturanlaryň gözünde ýaş tegeletdi. Sesi aýdyma bişen bagşydy. Nazar bolsa kemsim bardyr diýen ýerini tekrarlap otyrdy. Köp namalaryň sazyň kemisdir diýen ýerlerini gözden geçirdi. Soň «Ýedi Welide» bir toýa äkitdiler. Munda bagşylar orta çykandan Nazar aýtsyn diýip gygyryşdylar. Nazara halypasy: «Şu toýy özüň sow» diýip pyşyrdady. Göreniň Nazarda Muhannesden soň gidiberdi patanaklap her dürli aýdymlara tutup Muňa Sowur agaçdan dessan aýtdyrdylar. Şonda köp gülüşdirdi. Dessanda Goja Bagban Şaseneme iki dokuz çemen eltip berýär. Soň Şasenem hem oňa köp teňňe berýär. Teňňäni alyp öýüne gelýär. Kempirine daşdan gygyryp muny gör diýip gygyrýar. Munda bagşy gülüşmeli sözleri goşup gülüşdirýär. Soň Kempirine näme bişirýäň? diýýär. Kempiri: hemişeki gylly ýarmaňda näme bişireýin diýýär. Ine munda är-aýaly ýokalaşdyryp aýdýan sözleri güldirip içiňi gyrýar. Soňra bagşylar Burunjykda Oraz gereňiň toýunda aýdyp häki talanan zatlaryň öwezini doldular. Soň Nazar baganyňka geldiler. Bu ýedi-sekiz atlynyň gelenine Nazaryň özi-de aga-inileride gaty begendiler. Halypasynyň, myhmanlaryň hormatyna eçildi. Töweregi hem aga-inileri hem kömekleşip gaty abraýladylar. Soň bagşylary aýtdyrdylar. Halypa Nazara özüň aýdyber diýip ümledi. Şunda baga bagşy bolubilenini boldy. Bütin oturanlary aňk etdi. Adamlar alkyş aýtdy. Ertesi halypasyny birlaý serpaýlap «Gubübäge» barýança ugradyp yzyna dolandy. Halypasyny ugradyp şägirt öýünde boluberdi. Nazar märeke adamsydy. Töweregi ony ýekesiretmediler. Baga bolsa köpi görüp ýörensoň köp okan adam ýalydy. Örän gürrüňçi dilewardy. Ýanyna baranlara kä gürrüň käte aýdym aýdyp güýmeýärdi. Gülenleriň aýdym bilen aňyny alardy. Üçünji gün diýende dört gün öňünden Mehinliden toýa çakylykçy geldi. Nazar hem halypasynyňka bardy. Toý güni halypasy bilen geldi. Olary orta geçirdiler. Ilden öňürti halypasy şägirdi aýdym ýere geçirdi. Nazar halypasynyň orta geçirenine begendi. Muhanesden tiz çykyp Şirwana ýapyşdy. Gökleň Perdeleri yzarlap başlady. Esrän iner kim agzyny asmana tutup bir gygyrandyr. «Gyzyl injik», «Gyrat gel», «Ynandym», «Meýlis halan», «Gazak getiren», ýaly çekimli aýdymlara gygyranda halypasy arkasyna kakyp, alkyş baryny ýagdyryberdi. Iller hem alkyşlady. Soň halypa bagşyda orta geçip aýdyp başlady. Orta çekimden soň özüniň ile belli aýdymlaryny aýdyp, «Ogulmeňli», «Durna», «Gazak getiren», «Döwletýar kyrk» aýdymy gaýnawly, şirin, labyzly, mukamlar bilen ili haýran galdyrdy. Soň adamlar şunuň ýaly halypada ýetişen bagşy elbetde şeýle bolar diýdiler. Soň aýdyma düşünýän bir ýaşuly ikimiz öň şunuň ýaly halypa görsegem baga bolasymyz ýok. Ol zatlar ýüwrüklige baglydyr diýdi. Şu toýda halypa bagşy bilen biri pyşyrdaşyp gepleşdi. Biz sizi yzarlap öýüňize bardyk. Tapman şu toýa geldik. Biziň toýumyzy hem sowup beriň diýdi. Bagşylary şu ýerden Gölli ýomuda äkitdiler. Ýolda bir ýatyp ol toýa bardylar. Märeke diýeniň taýak atsaň ýere düşjek däldi. Bagşylaryň orta geçeni hem şoldy. Märeke seslenip başlady. Baga bagşy aýtsyn diýen ses örän köpeldi. Halypa bagşy gülüşdirmek üçin şägirdine degip başlady. Şägirdiň aga-inileri toý sowulýança şu ýere göçüp geläýipdir öýdýän diýdi. Hemmeler hezil edip gülüşdiler. Nazar ileriniň perdelerini eline dakyp ýüregine ýerleşdiren eken. Ýüwrük bedew kimin burny ýel alyp Nowaýy Şirwany perdeleriň aýdymyna gygyryp başlady. «Ýar seni», «Selbinýaz kyrk», «Abdylla şyh», «Heserli» ýaly aýdymlara gygyrdy. Adamlar tüweleme muňa bagşyçylyk ylahyndan berlen eken diýdiler. Nazar munça hoşamady eşidip barha joşdy. Soňra halypa aýdyma başlap, bäş perdeden aşaklap ugrady. «Haýyt ýykan», «Ýandym kyrk», «Garry Saltyk» ýaly aýdymlary şeýle bir ýakymly lezzeti bilen aýdýar ýüregiň lerzana gelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |