17:50 Nazar Baga: Baga bagşy ýesir düşdi | |
• Baga bagşy ýesir düşdi
Aýdym-saz sungaty
Jüneýit hanyň bu saparky aýylganç buýrugynyň öňünde Gubadaga hökümini ýöredip duranlar hem durmagy mümkin däldi. Şoňa görä-de Nazar baga gitmäge taýýarlandy. Başga hiç hili çykalga ýokdy. Zatlaryny jemläp ýola düşmeli boldy. Indi şu gün gitmelidi. Şonuň üçin bütin obasy ýygnandy. Bagşy bilen hoşlaşyp barysy gözýaş etdiler. Göýä bagşynyň meýdini ugradýan ýaly boldular. Bolmazça-da däldi. Sebäbi han ony bakylyk alyp gitjekdi ahyryn. Aga-ini, dost-ýar adamlardan hem dört-bäş adam Alilioýa baryp aňry ugraýança bile gitdiler. Alilioýda bir agşam boldular. Aga-ini, dost-ýarlary kömek etdiler. Azyk-suwluk ýüklär ýaly bir bir ýaş iner berdiler. Han adamsy meýdanda wagty Nazar: Menä mundan ýörmeli Ezraýyla barmaly Garşysynda durmaly Oňa jogap bermeli. Hüňkary hyzmat buýrar. Ezraýlysy penje urar. Her kim kysmatyny görer Mert bolgun baga ogly. Nazaryň ejesi Gül eje-de geplese sözüniň arasynda şahyrana sözler getirerdi. Şonuň üçin Nazar bagşy-da özüniň zehinliligi bilen derrew şygyr düzerdi. Ol edil sowatly şahyrlara çalymdaşdy. Onuň üçin oňa parasatly söz tapgyç diýerdiler. Göz ýetimi giň, ata-baba dili bilen aýdanda welidi. Eşitdigiňçe eşidesiň gelýän gürrüňleri bererdi. Ine şol akyl-parasatly adam ýesir düşüp gitdi. Nazar baga entek öýündekä Gyzyl gojuga tabşyrypdy. Hemişeki galtamançylyk hünäriňi ýolda ulanmazlygy sargapdy. Şoňa görä gyzyl gojukda dogry gelse-de bagşynyň ýüzüne garap ýyrşaraýýar. Nazar baga matamda galan obasyny taşlap ezraýyl penjesinde gidip barýar. Şol sürüp baryşlaryna garaňkyda Mädemine bardylar. Häki üçleriň galan öýüne bardylar. Barsalar häki üçler ýok. Han gyzyl bolsa bir zadyny aldyran ýaly boldy. Çaý nahardan soň sorady. Hany biziňkiler? Öý eýesi: olar köp garaşdylar. Biziň gyzyl han bir bela duşaýdymykan, ýa-da gapana düşäýdimikän diýip samyrdaşyp düýn öýlän gitdiler. Awa gidipdik diýip aýlanyp gelerler diýip garaşdyk, gelmediler. Han gyzyl bolsa çişip petige ýetip otyr. Sähel bolsa ýarylaýmagyda mümkindi. Şol wagt şol öýüň bir on-on bäş ýaşly oglany dep gezek aldy. Olar ýolda ýüz ugra bir çopan garybyň gelnini süýräpdir. Ýene bir guýunyň başynda biri ölüp hem ýatanmyş diýýärler. Oglan sözüni soňlan badyna Han gyzyl edil guduz ýarana döndi. Çöküne galyp gyzyp başlady. Sapançasyny eline aldy. Sňra sen agzynyň sarysy gitmedik welezzynna nirede gördüň diýip gygyryp başlady. Onsoň öýüň eýesi oglany kakmalan bolup meýdana çykardy. Gözüme görünme diýip gygyran boldy. Soň gyzyl gojuk hemme-de ahymyzy bar ýaly bolup oturdy. Öýüň içi dym-dyrslykdy. Eger şol wagt öýde bir şiňek uçaýsa ýürege düşjekdi. Köp dymyşma boldy. Soň ümsümligi Sapar beki bozdy. Ol oturanlardan Mäedemin gala daşmy diýip sorady. Dymyşyp demigip oturanlar ýerli-ýerden daş däl diýişdiler. Sonra mesewi gürrüň başlanyp ugrady. Gürrüňiň arasynda Sapar gyjakçy dutary usul bilen çalyp başlady. Kem-kemden şirwan perdeden «Aramjan», «Ýusup owgan», «Sarýa» yaly sazlary çalyp başlady. Barha şirin namlardan çalyp oturanlaryň kellesini ugruna goýman yralady. Soň Nazar baga bulara bir azyrak aýdym aýdyp bereli diýdi. Ýuwaş başlady. Soň gyzyşyp başlady. «Ogulmeňli», «Ýar onda galdy», «Nähaldadyr», «Garry saltyk» ýaly aýdymlardan aýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |