21:45 Nazar Baga: Ata jöññe | |
• Ata jöññe
Aýdym-saz sungaty
Ata sowet soýuzynyň Gahrymany Annagylyç Ataýewiň kakasy. Bu ýaşulam ýaňky toýuň hormatly myhmanydy. Özi hem dutar ýasaýan ussa bolmaly. Ol hem bagşylaryň ýanyna eltildi, bagşylaryň ýanyna barmanka Gylyçmät bagşy bilen toýuň bagşylary hakynda gürrüňdeşlik etdi. Ata jöňňe bu bagşylaryň bagşyçylygy nähili diýip sorady. Gylyçmät bagşy Nazara sen öňdentanaýaň ol ussadyndan on iki ýyl tälim aldy. Menden hem degdim-gaşdym üç ýyl gowurak tälim aldy. Ol halypasy bilen ileri ýurda gidip tälim alyp geldi. Bu ýerlerde Gökleň perdäni ondan öňe geçip bilýän ýok. Ol ileriniň perdesiniň barmaklaryna ötürip gelipdir. Nazar baga aýdym sazdan gabyny doduryp agzyny köjäň adam. Nazar halypasyndan gelende-de ussat çykypdy, şeýle-de bolsa agamyz Garlydan, menden öwrenmekden ýadamady. Söýeg bagşyda her taraplaýyn bagşydy. Nazar baga ol ussatdan özbekçe, garagalpakça az-kem gazakça aýdymlary öwrendi. Aşaky Aýböwürli Meret gökjäňkilerde Aýböwürli Jeke bagşy diýen gazak bardy. Şony bir aýlap saklap bir entek gazak aýdymlaryny öwrendi. Özbekleriň ussat bagşysy, meşhur Ämet bagşysynyň halypasy Atajan kör diýeninden köp özbek aýdymlaryny öwrendi. Hiç irinmedi. Ýene söýeg bagşydan, Saparbaý jommukdan çowdur aýdymlaryny öwrendi. Özi hem haýsy milletiň aýdymyny aýtsa edil özi bolup aýdardy. Nazaryň işi irginsiz aýdym öwrenmekdi. Ýene-de haýsy şahyryň aýdymyny diýseň edil özi düzen ýalydy. Magtymguly, Mollanepes, Mätäji, Kemine, Zelili, Şabende, Gaýyby haýsy biri bolsa edilläm özi düzüp kitap ýazan ýalydy. Tükeniksiz aýdardy. Biz hem ileriniň bagşylary bilen gatnaşardyk. Şolar hem şu ýurda gelende Nazar bagadan gürrüň gozgap haýran galardylar. Nazara bagşyçylyk Ylahydan berlipdir. Ol şahyrana, şorta sözli, öňden görüji, parasatly, söz tapgyç birhili alyma çalymdaş adam. Aýdym gabydy. Ony on günläp aýtdyrsaň hem aýdymy gutarjak gumany ýok. Seside örän güýçli. Nazar baganyň Hywa, Horezm oýunda sataşmadyk bagşy-sazandasy ýok. Iler ýurtda-da az-az bolsa gerek. Şonuň üçin ol aýdym aýdanda sesi on çagrymdanam hem geçýär. «Garry saltyk», «Gyzyl injik», «Saryk durna», «Gyýrat gel», «Gelemen», «Könegüzer», «Selbinýaz gynk», «Kelezaw», «Ýandym» dagyny aýdanda göýä gyrat köşkden zyňanda şol asmandan pel-pelläp gelip üstüňe düşäýjek ýaly bolup durýaň. Nazaryň halypasy şeýle diýdi üçinji mertebe ileri gidip Tejenden dogry oba gaýtdyk şonda bir guýyda bolan gijämiz Nazar düýş gördi. Düýşinde tegbiri şeýle bolmaly. Oňa şonça tälim beren ussat bagşylar bir ýere jemlenipdirler. Soň bir aty görkezip: Ine şu Göroglynyň gyr aty şuňa mün diýipdirler. Nazar münüpdir. Eline bir ullakan kümüş perdeli dutar hem beripdirler. Kellesine sur telpek geýdiripdirler. Biline gowy kemer (guşak) guşapdyrlar. Eline haşamly gamçy beripdirler. Soňra ine şu ilerligine gidýän ýol bilen gidiber diýip hemmesi alkyş aýdypdyrlar, haýyşymyz bar. Gitmänkäň bize bir aýdym aýdyp ber diýipdirler. Ol hem atyň üstünde şeýle bir bir aýdymlar aýdan heý goýaý. Aýdymyň soňundan şeýle bir sazlar çalan, şol sazynyň sesine özi oýanýar. Görse agşamky ýatan guýusynyň başynda daňdan wagty ýatan eken. Gylyçmät bagşy sözüni dowam edýär. Alili bagşy ileri adamy diýýär. Alili diýýän taýpanyň Çuwallar tiresinden bolmaly. Ol namadar bagşy. Ol on üç perdäni eline ötürip gelipdir. Ol märeke sesli bagşy. Ýöne onuň aýdymy görşüňiz ýaly ýygjamlap çyzga çyzyp aýdyşy gaty üýtgeşik. Owazy ýakymly, şirin labyzlylygy bilen özüne çekiji bir zat bar. Aliliniň labzyna düşünýän adam üçin, ýürek bagryňy sogurýar. Bu bagşylaryň bagşyçylygy gitdigiçe ökdeleşip barha rowaçlanar. Şeýdibem bularyň atlary özünden soňky döwrüň adamlarynyň hem dilinden düşmese gerek. Ýöne Nazar baganyň ýürek perdesi örän galyň ýasalan eken. Ony hemme bilýär. Sebäbi onuň duşan zatlaryna başga biri duşsa hökman ýüregi ýarylyp ölerdi. Mysal: Hanyň adyny eşiden adam öýünde sandyraýar. Nazar baga bolsa onuň ganly penjesinde telik gezek agyr harasatlar çekip köp görgi baryny gördi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |