15:24 Nazar Baga: Bagşy aždaryň agzynda | |
• Bagşy aždaryň agzynda
Aýdym-saz sungaty
Atabaýew diýen adam "Han bilen oýnuň deň gelmez. Iň gowusy hile tapjak bol. Janyňy alyp çykjak bolup çalyş" diýipdi. Batyr ölse batman etdir diýipdi. Umuman batyrlygy men inkär edemok. Batyrlyk meseläniň oňaý tarapydyr diýip Atabaýew aýdypdy. Onsoň hem tutuş iliň bilen gyrylanyňda olaryň niresi agyryp dur diýdi. Soňra Anna bala başlyklaýyn hanyň huzuryna ugradylar. Atlaryny sürüp barmaly ýerine bardylar. Atlaryny tutup özlerini bir ak öýe eltdiler. Bagşynyň hem geregi şu adamlaryň icidi. Bagşy hanyň käbir adamlarynyň ýagdaýyny gözünden aňypdy. Ylaýta-da gepleşip başlansoň, göwni bölekler, zor düşüp gaýdanlar. Soň hem yzyna gaýdyp bilmäni ýörenler bar eken. Bulardan maglumat aljakdy. Maý bolmady. Soň hanyň arzylary gitdi. Arzylary galdy. Bagşa oňaý boldy. Indi sadasyrap soraşyp başlady. Olar söze başladylar. Ýaňky çykyp gidenler ýaranjaňlar ekeni. Hanyň sag eli mendirin diýip ýörenler ekeni. Bize meňzeşlere günde günä ýagdyrýarlar. Soň meýdandakylaryň biri baryp ölümedikler meýdana çyksynlar diýdi. Içerdäkiler idegden öň çykyp gidipdirler. Soň şol öýe Jüneýit han geldi. Ýanynyň ýalawaçlary özi bilen dolaşyp geldiler. Bagşylar turup salam berdiler. Ýaranjaňlar eşitdirmedi. Hana görüşmek üçin el uzadylsa eliňe çalaja urýar. Han oturan soň oturdylar. Soraşmagyň deregine aňyrsy bilen hyň berdi. Bu hyňlary hanyň içine öň Nazar bagşy gowalç ýerini goýman gabapdy. Ýaňky hanyň hyňyndan soň hiç kimden seda çykmady. Bir haýukdan soň Jüneýit han başyny galdyrdy. Soň Nazara haýbat bilen hym gara ýüz sen hem dünýade barmydyň baran adamym oňarmandyrda orsuň eline düşüp bagtyň işläp adam ekeniň. Bu ýerlere haçan geldiň? Bagşy: şu gün. Myhman ýeriň nire? Bagşy: Annanyňky. Jüneýit: Annaň kim? Bagşy: Anna balany görkezdi. Jüneýit han her soragyna abaýly ses goşýar. Meniň saňa adam goýberenime bir aýa golaý boldy. Diňläp otyr. Sen bolsaň şu gün geldiň onsoň hem men biziň bilen ýörsüň diýip adam goýberdim. Şonda näme heleýiňi hile edip galdyň. Nazardan jogap bolmady. Seniň heleýiňden dogan ogul ors almaga ukyply bolup dogasy ýok ahyryn. Itler ysgamajak bir zatlar dogurar. Indi ilki soragyma jogap ber. Nazar: – Gyzyl hanyňyz barmanka maňa dört-bäş toý sowmagy buýurupdylar. Şol toýlary sowman gaýtsam olar meni näderdi. Han gyzdy. Sen näme maňa sorag berýäň? Bagşy dilemedi. Bagşy meni Daşhowuza çagyrdylar diýdi. Jüneýit has gyzdy. Sen gara ýüz batlanyp gelip orsa arka direýäňmi? Sen köpeý ogly diýip sesine güýçli bat berdi-de sapançasyna ýapyşdy. Baga bagşynyň göwni guýy gazanyň göwni ýalydy, Anna bala çydap bilmedi. Derrew ör turdy. Iki elini gursagyna goýdy-da hana: akyl käsäňizi gaýnatsaňyz çogar. Çogdyrsaňyz hem akyl paýhasynyz döküler diýdi. Çöküne galmaga golaýlaşan Jüneýit han sapançasyny ýerine salyp goýdy. Soňundan sen gara ýüz köpeýi myhman ýeriňe kim getirdi? Nazar baga: özümiz geldik diýdi. Jüneýit han: köpeý ogly sen ýeriňi bilip düşen ekeniň. Bagtyň işledi. Bolmaňda maslygyň gara läş bolup guýyň oýunda galardy. Meniň-ä gyzamygym galkmany duranokdy. Ýöne şol ilki ýurtdan gaýdanda käbir bozuklar bardy. Ine şolaryň gyzamygy galkmany içine düşjekler. Kellämizi aýlapdyr. Bagşy içýakgyç sözledi. Şolar üçin hem geldik diýdi. Jüneýit han ýene sesine bat berdi. Ilaha gelmeseň lälezem öwülýäniň gonamçylygyna barsaň boljak ekeni. Biz hem dynç bolardyk. Ýöne yrsarap ugrapdy. Gapydan biri gelip: han kak Şagadamdan, Etrekden, Jebelden, Baleýşenden hemme geljekler geldiler diýdi. Han Nazara ýene güýçli hüjüm edip başlady. Ýaňkynyň getiren habary boýunça derrew aýryşyna galyp ýumlugaýdy. Eger-de şol adam gelip äkitmedik bolsa Baga bagşynyň başynda kim bilsin näme oýunlar turardy. Jüneýdiň aýdyşy ýaly baga bagşy bagtly eken. Bir bada beladan dyndy. Sonar bagşyny aýdym ýerine eltdiler. Märekäniň bir çetinden bardylar. Käbir adamlar bagşylary görenden boýur-boýur ýaş döküp aglamaga başladylar. Bagylar bilen görüşmäge hüwe boldular. Hanyň adamlary bulary görüp olarda gan algysy bar ýaly bolup urup başladylar. Olar näme ýekejäňiz ýogaldymy? Nämä zar-zar aglaýaňyz diýdi. Nazar bagany görüp aglaýanlar ýurtdan zora düşüp gaýdanlar, soň hem yzyna gaýdyp bilmäni ýörenler. Aglamaklarynyň sebäbi bagşyny görenden öňki oba toýlary onda bagşynyň aýdym aýdyşy, özleriniň gezen ýerleri ýatlaryna düşüpdi. Bu garyp bendeler bu ýere gelip görenleri görgi sütem boldy. Ýaňky çine ýag ýygnan ýalawaç ýuwhalar bu bendeleriň çem gelen ýerlerine, hat-da ýüzlerine hem aýaman urýardylar. Bilgeländen batly gygyryp, çekişdirip geýimlerini ýyrtýardylar. Käbirleri gaýtargy berse bularyň iýmegi taýakdy. Tolgunýan märekäniň içi bilen bagşylary ahyrky barmaly ýerine eltdiler. Bagşylar orta baran wagtynda bir ýaşuly adam dilli tüýdük çalyp oturdy. Onuň çat maňlaýynda gapdaly mauzerli ýany tüpeňli uzyn sakgally daýaw adam iki elini ýere diräp bolubilenini bolup aýdym aýdýardy. Derýanyň arkasy ýaldyr, ýalandyr, Üstümize gurlan çarky pelekdir Enesi hüýdir gyzy melekdir Pöwrize bir bölek Sona geldimi? – diýip paýyrdyny berip oturdy. Bagşy entek şony goýdyrmaň diýen yşarat etdi. Aýdymçy aýdymyny soňlady. Sonar Nazar bagany boşlatdylar. Bagşy başlandan aglaýanlar ýene köpeldi. Bagşy dagyň öň ýanyna çenäp aýtdy. Soň bagşy adamlara: gündiz aýdansoň nähili bolar diýdi. Hemmeler makullady. Ertesi bagşyny uly guşlukdan orta çykardylar. Aýdym gutaransoň bagşylary bir öýe eltdiler. Bagşylara garyp pukalar hyzmat edýärdi. Bagşynyň hem gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Bagşy bu ýerdäki köp zatlary bildi. Öň çalarak tanaýan bir adamy bilen mesaýy gürrüňe başladylar. Ýaňky adam şeýle diýdi: Anna balanyň töwereginde sataşmagy maslahat berdi. Soň sataşdylar. Bagşy bu ýeriň ýagdaýyny sorady. Töweregi hana ynamdar adamlar garawullaýarlar. Ýarag bar. Sebäbi söwdagärler getirýärler. Ötegçi söwdagärleri talaýarlar, köp ýaragy talaňçylykdan düşürýärler. Ötüp barýany, ötegçi kerweni tutuşlygyna bäri aýlaýarlar. Eger garşylyk görkezse kiminde näçe, mata, altyn, kümüş, her dürli, her bahaly zatlar bar. Bagşy hanyň nähili pikirdedigini sorady. Han oňaryp bilse Bolşewigi gelen ýurduna kowjak. Ýok etmekçi. Onsoň türkmen, özbek, galpak milletlerini özi soramakçy, oňarmasa eýrana gaçmakçy. Bagşy hanyň oňşygyny sorady. Sähet diýen adam: ýaňky aýdyşym ýaly hanyňkylar talaňçylyk beýlendä diýdi. Özüňizem geleniňiz bäri gördüňiz. Horlamak, zorlamak, öldürmek, bu ýerde ýalançy bezzatlar köp, olar her zatdan gaýdanoklar. Din wekilleri bolsa ýokary gatlaga ýaranmak üçin ylmy şolaryň peýdasyna ýöredýärler. Garamaýagy it ýaly horlaýarlar, bolugsyz bahana araýarlar; seniň göwniň bölek, senden bol çepegiň ysy gelýär, seniň gul gatyşygyň bar, ogurluk ýöňkemek, gelip gyza güman sürtmek, habar gatypsyň, çagama çagan degipdir, salamsyz geçdiň, biziň gybatymyzy edipsiň, mollamyza dil degiripsiňine şonuň ýaly garamatlar sürtüp aşaky gatlagy ezýärler. Iki gatlagyň arasynda sähel melal bolsa edil gan aljak ýaly horlaýarlar. Geýim ýyrtmak, göz çykaryp, diş döwmek agyr zatlary ýöňkäp emlägini girewine almak wagt geçiribem horlaman garamaýagyň zenanyna öýlenmek kä halatlarda erkek göbeklisini ýoklap bütin maşgala eýe bolmak bir pukaranyň görmegeý maşgalasy ber bolsa görnetin äsgermän şonuň bilen gezýärler. Käbir bozuk baý gyzlary ýokarky gatlaga ymsynyp ärini öldürýärler. Soň bolsa şonuň pylança aýalynyň üstüne dakylýarlar. Ýogsam ärden aýrylmagy han rugsat etmeýär. Onsoň delil tapyp ýaňky ýaly bihaýaçylyga baş goşýarlar. Onsoňam palçy, münejim saklan bolup, siziň ýaly gelip gideni: içaly diýip, yzyndan adam iberip taladýarlar. Garşylyk görkezmekci bolsa öldürýärler. Eneňe han el gatsa Arzy haly kim diňlär. Nazar baga oňaý tapsa şular ýaly maglumatlar toplaýardy. Ony aýalyna gürrüň bermek üçin oba gelip bilipdir. Oňa Atabaýew gelensoň öýkäňe ýer tapman ýörme diýipdi. Şeýdibem ýedi günlik aýdyma goşmaça maglumat toplapdy. Iň soňky ýedinji gündi. Ýöne agyr gündi. Märekede biri bagşy sesiň ýetenok diýdi. Bagşy hoş batly aýdýar. Şonda-da şol adam yrsara ýana çalym edýärdi we ýene gaýtalady. Bagşy aýtmasyny goýdy. Meiniň sesim Hywa Horeziminde nirede aýtsam şol oba ýetýärdi. Häzir arany ölçe diýdi. Ikimiziň aramyz ýigrimi ädim ýok. Indi meniň sesim şu aralyga ýetmese meni ýere sepmäge tohum üçin getirdiňmi? Ýaňky adam çöküne galyp tüpeňine ýapyşdy. Derrew Anna bala birine ümledi. Ümlän adamsy çalaja elini galdyrdy, welin ýaňky adam temmegine ýüň dykylan ýaly boldy. Wagty bolansoň aýdymy goýdylar. Bagşy ilki göreninden soň ýedi günläp Jüneýit hany görmedi. Bagşy ýedi günlik aýdymyň netijesinde zorugyp (inginli) boldy. Bagşa bütinleý rugsat berdiler. Bagşynyň bu derdi täzeligine örän azaply çydamsyzdy. Şonuň üçin atyň boýnuny gujaklap zordan Anna balanyňka baryp ýetdi. Netijede üç günläp galmazdan düşekde ýatan üçünji güni biri ýigrimi dört sany maýdaja zat getirip berdi. Şuny iýseň eliňden çekilene dönersiň diýdi. Her günde ýedi-sekiz sanysyny iýdi. Üçünji gün diýlende göwnümemi ýa-da hakykymy bagşy, bir howa azardan dyndy. Aýak üstüne galdy. Soň şol dermanyň ýylanyň gözi diýdiler. Indi ýedinji gün diýlende bagşy dagy Anna balanyň bir laý serpaýlady. Bagşa bir gidiji ýorga alaşa-da berdi. Bagşy alaşany almady. Obada bolsa alardym. Men muny alyp ugrasam hanyň kylar; bagşy Anna balanyň alaşasyny alyp barýan eken diýip bizi heläklärler diýdi. Adamlar: Älhepus seniň öňdengörüjiligiňi, biž-ä oýlajak hem däldik diýip gülişdiler. Anna bala myhmanlaryny gara görnüm ýere ugradyp hoşlaşdy. Myhmanlar öý eýesine minnetdarlyk bildirip ýoluny dowam etdirdiler. Bular bilen iki sany Balkanly ýolagçy hem gelýärdi. Öýlän ugran adamlar agşam ýolda ýatyp ertir bir salkyn ýörediler. Indi bir çaý içerlik hem boldy diýip günortan çaýyna oturdylar. Sonar dem-dynçlaryny alyp mesewi gürrüňe tutup galawutsyz gidip barýardylar. Birdenem gapdallaryndan üç sany tüýsi bozuk atly çykyp durun-aýt diýdi. Oslagsyz çykan bus oz ýolagçylary öz-gökden getirdi. Derrew atdan düşüňde zatlaryňyzy bäri oklaň, tiz boluň diýip üstrasyz iki gezek ok atdylar. Ýaraga ylaç barmy, bar zatlaryny zyňyp başladylar. Sonar talaňçylar ýolagçylaryň täze geýimlerine çenli çykaryp aldylar. Iň soňunda telpeklerini hem aldylar. geýimleriniň içlegini çöwürip pul gözlediler. Zat tapmansoň alty-ýedi ädim beýlä goýup nyşana alyp atyp geýimleri eleme-deşik etdiler. Soňundan sazlaryny alyp, urup döwmekçi boldular. Bagşy dagy: dat özümizi atyň diýip gygyryşdylar. Atanda ýurt gapyşýamy diýip göniläp gulagyny gyrdyryp goýberdi welin, jan derleri gelip duw ak boldylar. Muňa ýaňky nejisler hokurdaşyp gülişdiler. Şeýdip bagşy dagyň sazlaryny daşa urup döwdüler. Şeýdibem bularyň bar zatlaryny oljalap, günbatara tarap gitdiler. Bagşy dagy gulamanyň gula düzünde hiç zatsyz galyberdiler. Hany indi bulara azyksyz. Bagşy: bu gije bu ýerde bolsak gören görgimizden daşary, ýurtyjylaram bizi aýap goýasy ýok diýdi. Görenimiz görgi boldy; Galtamanlar dogry geldi Zatlarymyz talap aldy Neneň geçen bu gijämiz Ganhorlar gabat geldi Başymyza gowga saldy Günbatara güm-zym boldy Dat günimize bu gijämiz Bagşy: Adamlar men muny dilime geldi aýdaýdym onuň üçin wehimlenip oturmaý, mert boluň nakyl edişlerine görä adamyň başy daşdanda gatydyr. Köp görgileri geçiren başymyz muny-da geçirer. Bilip goýuň. Ýadyňyzda saklaň. Ata-babanyň «Azana musallat» diýen sözi bardyr. Bular ozala azyp asgynlan ahyry. Musallat mergisini berip netijede ýurdy taşlap dünýäden armanly gidip barýarlar. Her haçan Balkanlaryň aýdýany dogry gelýär. Orada güýç gaty köpmüş. Ýene ýatda saklaň bularyň ýerlerdäki dikmelerine çenli soňuna sogan ekilýär. Bu sözlere ýanymdakylaryň ýürekleri ýerine gelen ýaly boldy. Sonar bialaç mesawy gürrüňe tutdylar. Birdenkä Sapar gyjakçy barmak çommaltdy. Soň garaşalar gündogardan bir gara peýda boldy. Nämälim gora bulary ýene oýlandyrdy. Soň sine seretseler bir düýeli göründi kem-kemden ýakynlaşyp ahyry geldi. Görseler bir Bugraçy münen epeý ýigit on bäş ädim ýerden salamlaşdy. Ýaňky ýigit gepleşip bularyň ýagdaýyna ýetik boldy we bulara rehimi geldi hem – de göwünlik berdi. Soňra bulara siz gorkmaň zatlaryňyz tapylar. Bu meýdanda siziň hossaryňyz bolmaly diýdi. Onda bagşy dagy: biziň bu ýerde Hudaýdan başga hossarymyz ýok diýdi. Onda ýaňky ýigit gülüp onda sizi horlan öz hossaryňyz ekendä diýdi. Ýaňky ýigit: şu töweklerde Bolşewikleriň esger diýen zady bolmaly. Men olara duşsam habar bereýin olar ýanyňyza gelerler. Bagşy ýigitden adyň näme diýip soradylar. Meniň adym Hudaýberdi direg diýdi. Bu içi-daşy aglap duran adamlar örän begençli gülişdiler. Bar gowga ýatlaryndan çykdy. Hakykatdan hem seni bize Hudaý direg edip beren eken diýdiler. Soňra ýaňky ýigit men siz bilen şakyrdaşyp durşuma öz işimi tasdan unudan ekenim. Heý-de şu töwereklerden üç sany köşekli iki sanyda ýoz düýe geçmedimi? Bagşy dagy: Biziň talanşymyz sen gelmeziň öňrägidi halysdan düýeleriň görmedik. Şeýle diýensoňlar ýaňky ýigit hoşlaşyp ýaňy ugrapdy ýene bir zat hakydamdan çykyp barýan ekeni. Günbatarda on çagrymda kyrk elli gez çuňlukda tokay bolmaly. Ine şonuň icinde Üleşik hana diýen ýer bar. Jüneýdiň kileriň bişip oturan hasyly, döwülip duran harmany ýok, olar dine talaňçylyk biln gün görýärler. Talançylykdan tapan zatlaryny şol ýerde paýlaşýarlar. Egerde şol ýere duýdansyz adam baraýsa hökman ýokdur, ýitirim edýärler. Paýlaşykda saňa kän ýetdi maňa az ýetdiniň üstünde bir-birinihem käte öldürýärdiler. Ýigit ugranda bagşy oňa: düýäňe yz galsam boljak ekeni diýdi. Direg bolsa gitdi. Soň bular wah ýaňkynyň yzyndan näme galdyk diýip ökündiler. Sebäbi ýaňky ýigit niräde bolsa adam, azyk, suw bar ýerine barardy diýip ökündiler. Şeýdibem tukat ýagdaýda galdylar. Aradan iki sagat geçipdi. Birdenem alty sany atly esger geldi. Bularyň iki sanysynyň omurdynda üstüne ak hat ýazylan elwan mata bilen daňylgy, galan dördüsinde ýokdy. Bular bagşylara on ädim ýerden ýeriňizden turup eliňizi göteriň diýdi. Soň ýanyna gelip üstlerini barlap, bulary gepletdiler. Soň häki galtamanlaryň sagysyny aldylar. Soň siz gaýgy etmäň biz siziň zatlaryňyzy taparys. Öň ökünen adamlar bulara ýalbardylar. Özüňiz nirä gitseňiz bizi hem äkidiň. Biz gulamanyň gula düzünde galmaly diýip ýalbardylar. Esgerler ýok siz oturyberiň biz ol galtamanlaryň, alamançylaryň mesgenini indi bildik. Indi hemme zadyňyzy eliňizde hasaplaýyň diýip özleri gitdiler. Ýene bular tukat ýagdaýda galdylar. Iki sagat gowrak wagt geçdi. Bir haýukdan soň esgerler geldiler. Bäş sany galtamany diri tutup ýesir edip gitdiler. Bagşy dagynyň dine inerden başga zatlaryny getirdiler. Ineriň deregine dört ýaşar bir sany howutly maýa düýe getirdiler. Soň bagşy dagy: Hudaýberdi direge tüýs Hydyr eken diýdiler. Şeýdibem talanan olja tapyldy. Ýaňky esgerler gaýry dilde gepleşdiler. Soň esgerleriň dördüsi häki ýeserleri alyp nirädir gitdiler. Ikisi bolsa bagşylary Akdepä eltip Bolşewiklere tabşyrmaly boldy. Şeýdibem iki esger ilen bagşy dagylar ýola düşdiler. Ýolda bir çopanyňka bardylar. Ol ýerde özlerine telpek tikindiler. Ýene Akdepä garap sürdiler. Ýatmaly ýerde ýatyp, sürmeli ýerde şürüp ahyrda Akdepä bardylar. Öz ýurdynyň çägine aralaşdylar. Bularyň ýoly çogun baýyňkylaryň üstünden düşdi. Ýüzugra bir toýa dogry geldiler. Hany indi bulara dutar, gyjak? Nazar bagşy Ilmyrat ýegenleriň dutar, gyjak ýasanyny, ony bejerenini telim gezek görüpdi. Häki ýaglykdaky saz döwüklerini çykardy. Soň ýelim tapdyrdy. Dutar, gyjagy jaýly-jaýyna goýdy. Şeýdibem ýelimläp bitinledi. Sepleşen ýerlerini daş süýkäp bir meňzeşiräk etdi. Soň bagşyny orta getirdiler. Märeke «gözüň aýdyny» ýagdyrdylar. Bagşy dagylar öňküsi däl. Hunbadan horlandylar. Adamlaryň haýpy gelip hat-da hamsyganlarda boldy. Baga Muhannesden soň göýä meni goýber diýen bedewe döndi. Märekäniň köpüsi köp manyly gözýaş etdiler «Meýlis halan», «Hajy golak», «Gazak topan», «Köne tam», «Gaýyp Sakar», «Ynandym» ýaly yňdarym aýdymlar aýdyp ili haýran galdyrdylar. Märekäniň dargasy gelenok. Toý gutardy. Ertesi bagşy dagylar Akdepä Bolşewikleriň huzuryna bardylar. Bolşewikler gürrüň geçirdi. Soň şol güni Aliloýa geldiler. Bagalaryň obasy ýene bagşy dagylaryň öňünden bozlaşyp çykdylar. Soň diňişip yzy bilenem gülüşip goýun soýdylar. Gubadaga söýüjä buşlukçy gitdi. Ertesi bagşylary şol ýerden Daşhowuza çagyrdylar. Bagşynyň hossarlary elenip Jüneýi han çakylygyň başyny iýsin. Şol deýýusa süýkäp näderkäler diýip orlaşdylar. Emma bagşylary ýarym sagatdan soň öýlerine goýberdiler. Häki bagşy dagy gidende öýünde galdyran matamy ýom-ýok boldy. Sapar gyjakçynyňkyda şeýledi. Soňra Magtymguly bagşy bilen birigip Sapar gyjakçy ikisi bir goş boldylar. Nazar baga bolsa Baýram gyjakçyny Araz bagşydan diläp aldy. Indi Nazar bilen Baýram bir goş boldy. Nazar baga parasatly halypasy tabşyrypdy. Döwürdeş bagşylaryň bilen aragatnaşyk saklagyn diýip. Olardan obadaş daýylaryndan Öwezmät, Daşlardan Ilbagşy, Araz bagşy, Weli kelden Burunbaý bagşy, Aksalakdan Otuz bagşy, Jüneýitden Atjan bagşy, Köneürgençli Mämetanna bagşy, Çiştelpek bagşy, Özbekden Amet bagşy, Bekjan bala bagşy, Habyz bagşy, Hudaýbergen bagşy, Lenin raýonyndan Nazar kesel, Gurban serge, Ýylanlydan Sopy çiltip, Magtumguly bagşy dagylary, Tagtadan Öre şyh, Çowdyrlardan Jumamyrat bagşy, Haýyt oglan bagşy, Saryja-aýdyjy Gurban bagşy, Ýaşyrak Esen bagşy, Palta bagşy, kürt bagşy dagylar. Ine şu ýokarda agzalan bagşylaryň köpleri Nazar bagşydan tälim aldylar. Hersi näçe aýdymlar öwrendiler. Mysal üçin Magtymguly bagşy: «Git Saryn eglenme munda», «Daglara», «Ýar gideýin jaýlara», «Mukamlar başy», «Akmaýa gerek» ýene şunuň ýaly ençe aýdymlary öwrendi. Beýleki bagşylar hem hersi öz ýagdaýlaryna garaşyk aýdymlary öwrendiler. Ýöne hersi başardyk talanty boýunça özi ugurlaryna bezeg berip şirin aýdym ýörgünli etdiler. Nazar bagadan köpleriň tälim almagynyň sebäbi ol köptaraplaýyn bagşydy. Durmuşda her bir bagşynyň bagşyçylygyna öz ýaşaýan ýurdy ökde diýip baha berýär. Bagşylaryň öz aralarynda eýle diýip, bir-birine pisindi oturmaýar. Biri birini hemişe kemsidip gürrüň edýär. Nazar bagany bolsa ähli türkmen halky gowy, ökde diýerdiler. Ylaýta-da döwürdeş ussat bagşylary Nazar halypa bagşylaryň ylahyndan berilen diýip baran ýerinde gürlärdiler. Alili bagşynyň soňrakky döwürleridi. Telman raýon posýolygynda Alili bagşyly bit toý boldy, bagşyny Agahan Berdimedow myhman aldy. Şonda Magtymguly aga Nazar baga barada söhbet açyp gürledi. Indi Nazar halypa ýaly bagşyny ene dogurmaýar. Men oňa oglan bagşy döwründen ýetik. Ol ilerik köp bardy. Hakyt är düşmeziň ýadyna är salar boldy diýende oturanlar gülişdiler. Meniň bu ýurt ýadymda ýokdy. Ileri baranda sen hem biziň ýurda göçüp bar diýip ymsykdyrdy. Onuň ilkiden yhlasy, zehini, kärinden irmezekligi, sansyz köp ussatdan tälim alanlarygy, adamçylygy, öňden görüjiligi, ýer ýüzünde ylym bolsa barsyny ýuwdan ýalylygy, tükeneksiz aýdymy, haýsy bir tarapyny aýtsaň tükener ýaly däl. Onsoňam oňa özüne mynasyp aýal duşupdyr. Biz onuň öýüne köp barardyk. Şonda aýalynyň bişiren palowydyr, dograma ýa beýleki zatlary şeýle tagamly bişirerdi heý goýaý. Alla baga bagşa hemmetaraplaýyn beren eken. Şonuň ýaly hem Baýar bagşy, Gazak gyjakçy, Palta bagşy, kürt bagşy dagylar hem baganyň mertebesini tükeniksiz gürüň bererdiler. Olaryň köpüsi Nazar baganyňka köp barardylar. Ondan aýdymsyz saz öwrenip tälim alardylar. Öwrenselerde her molla bilenini okar diýişi ýaly her kim alan paýyny öz boluşly ugruna äkiderdi. Häzir arkanyň ýomutdyr beýleki başylarynyň aglabasy Nazaryň aýdymyny aýdýarlar. Ýöne hiç haýsy meňzemeýär. Wagtynda Nazara şägirt boljak bagşy köpdi. Oňarman hersi özi ugry gitdiler. Ýa-da köpüsi bir ugra gitdiler. Nazar baga näçe şägirtler çykarmakçydy. Ilde-de oňa şägirt boljaklar köpdi, ýöne oňarmadylar. Nazaryň özü-de il hem her haçan Nazaryň ugryny Baýramjygyň ogly Baýar bagşy oňarar diýýärdiler. Diňe şol aýdylany boldy. Baga bagşynyň yzyny Baýar bagşy ýöretdi. Ol hem tas segsen göterimini ýerine ýetirýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |