23:45 Nazar Baga: Han gyzyl | |
• Han gyzyl
Aýdym-saz sungaty
Jüneýit han Nazar bagşa gelen bir aýrylmaz emgek bolup döredi. Sary çyrmaşyk ýaly oralaşyp aýrylmady. Hanyň adamlarynyň içinde Hangojuk diýen bir serkerdesi bardy. Bu gojuklaryň gyzyl diýen maýda tiresindedi. Şoňa görä muňa Hangyzyl hem diýerdiler. Ine şol gyzylyny han ýanyna çagyrdy. Hoşamadyny ýetirip, guw ýagyny çaldy. Süýt kölüne batyryp aldy. Gelensoň näme atlar, näme serpaýlar etjegini aýtdy. Soňundan inim sen ertir ýurda gitmeli. Ýanyňa aşaklydan üç adam almaly. Birisi ýol serdar bolar. Şundan gidip Mädemin gala diýen ýere barmaly. Ýanyndakylary Iljan baýyňkyda galdyrmaly. Ýalňyz özüň Gubadaga barmaly. Şol ýerde Nazar baga diýen bagşy bolmaly. Şony getirmeli. Eger bir ýere barsaň ýa-da gaýtsaň ýüzüňi garaňka tutmaly. Eger-de bagşy gaýtmak islemese, onda öňürti ýürek awaryny güjük gyran ýaly gyrmaly. Soňundan adam eýmendirýän haýbatly gözüni açyp armanly gider ýaly özüni atmaly. Handan buýruk alan adamlar agşam ýol-şaýyny tutdular. Ertesi hanyň huzuryna bardylar. Jüneýit han bulara işana pata berdirdi. Işan-ämin. Ylaha aldyrmagaýsyňyz, algaýsyňyz. Sag-aman gelgeýseňiz. Serdaryň gadryny bilgeýsiňiz. Öldürseňiz kazy, ölseňiz şehit bolgaýsyňyz. Soň dodagyny kän gybyrdadyp töweregine-de ämin diýen yşarady etdi. Hemmeler beter bir iş bitiren ýaly bolup elini ýüzüne saldylar. Şeýdip Jüneýit han bulary ugradyp ýerinden butnaman seredip galdy. Gyzyl han dagylar hem Jüneýdiň hoşamaýyna işanyň patasyna oljasy oňana döndiler. Ýurtda Bolşewikler hem gün-günden köpelip maýsalap ösüp ýetişip gelýär. Gyzyl gojuk dagylara unaşyň çeti görkezilensoň şoňa agyz suwardyp barýardylar. Ýurtda özleriniň gurup giden gapanlaryna özleriniň basaýmagynyň ähtimaldygy bularyň o dünýä, bu dünýä ýatlaryna düşenok. Şeýdip aýaklary ýeňlän ýaly bolup ýola düşdüler. Ýolda ýoluksa talaňçylyk, ýolukmasa aw atan bolup gidip otyrlar. Niredesiň Mädemin galasy diýip sürüp barýarlar. Ahyry hem Mädemin gala ýetdiler. Şol Iljan baýyňka bardylar. Baran ýeri ilki gorkup soňra gowy garşy aldylar. Myhmanlaryň hormatyna goýun öldürdiler. Agşam ýatyp ertir turdylar. Şol güni hiç kime görünmän dynç aldylar. Ertesi Jüneýdiň gyzyl hany daňyň garaňkysynda ýola düşüp ugrady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |