19:59 Nazar Baga: Niredesiň han Seňňer | |
• Niredesiň han Seňňer
Aýdym-saz sungaty
Ertirki çaýda-da han gyzylyň hoşy bolmady. Nazar baganyň hem hoşy gowy däldi. Sebäbi obadaka ýakyn arada Jüneýit Eýrana ötjekmiş diýilýän sözler eşidilýärdi. Aýny şoňa dogry getirip adam goýberäýşi howplydy. Han gyzylyň-a mazasyna suw goşan şol üçlerdi. Tirýegini tükeden neşekeşe meňzeýärdi. Ýanyndakylar onuň bolşuna öwrenişipdi. Çaý-nahardan soň niredesiň Han seňňer diýip ýola düşdiler. Han gyzyl dogry gelen ýerde öňki endigini edesi gelýärdi. Bagşa garap gülmyhyny güldirip goýaýýar. Gije ýatyp gündiz ýöräp ahyry barmaly ýeriň çetinden bardylar. Görmedikler gördi. Nazar bagşy obada öten geçenden seňňerdäki tanyşlarynyň haýsy tarapdadygyny gören ýaly bilerdi. Şol sanda Anna balanyň öýüni bilerdi. Bilse-de bilmediksiräp gyzyl gojukdan soran boldy. Salgy alansoň şoňa barjagyny gojuga dogrusyny aýtdy. Han gojuk bulara soz gelip äkitmelimi? Ýa-da özüňiz barjakmy? diýdi. Bagşy: äkitmeli bolsa habar ederis. Soň han gyzyl atyny lepirdik-lepirdige tutup öz ýoluna gitdi. Bagşy dagylar bolsa öz niýetläp öýüne bardylar. Bu öy Anna balanyňkydy. Bular barsa öýüň eýesi hem bar ekeni. Bulary atdan düşürip öýe eltdi. Goýun soýup başlady. Anna bala türkmenleriň ýemreli tiresindendi. Anna bala diýen lkam barada dürli gürrüňler aýdylýardy. Şondam medenýetli bir görnüşi bardy. Ol şeýledi: Annanyň çaga döwri eken Annanyň kakasynyň bir özbek dosty bolupdyr. Ýaňky özbek dostunyň aýaly gel Annajan balam. Gel balam Anna jan diýer eken. Ýaş-ýeleňler bolsa muny ýaňsa alar ekenler. Gülüşmek üçin köp gaýtalar ekenler. Meýdanda oýnar ýaly bolansoň gel Anna balasy diýer ekenler. Şeýlelikde kemkemden Anna bala bolupdyr. Soň bütinleý Anna bala lakam galan. Şol Anna bala myhmanlary bilen içgin soraşdy. Netijede meseläniň anygyna ýetik boldy. Soň şeýle diýdi. Siz entek çaý-nahar iýip- içip otyryberiň. Men hanyň ýanyna baraýyn. Siz barada agzyny ysgap taryna kakyp göreýin. Soňra Anna bala çykyp gidip bir haýukdan soň dolanyp geldi. Gelensoň, bagşy daga hanyň huzuryna baranda özüňi nädip alyp barmaly, nähiliräk gepleşmelidigini öwretdi. Gidýänçäňiz şu ýerde bolmaly. Munuň diýýänleri hem Gaýgysyz Atabaýewiňkä çalymdaşdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |