17:25 Nazar Baga: Bir toýa iki bagşy | |
• Bir toýa iki bagşy
Aýdym-saz sungaty
Gubadagly gumly uşaklarda Garly bagşy, inisi Gylyçmät bagşy diýenleri bardy. Bular döwründe Hywa, Horezm oýuna belli bagşydy. Gaty ökdedi. Iki hem meşhur ussat bagşyçylykda ýakasyny tanadan bagşylardy. Ine şol ussat halypa Gylyçmät bagşy garry hataryna geçen döwürleridi. Ýöne entek bagşyçylykdan galanaokdy. Ine bir gün Gylyçmät bagşy toý bermekçi boldy. Eýýäm sowetler döwri başlanypdy. Dikmelere temmi berilýärdi. Indi iliň toý märekesini öňki dikmeler dälde obaň päk ýürekli adamlary guraýardylar. Bu toýdada Alili bagşy bilen Baga bagşyny aýtdyrmagy makul bildiler. Toýuň ilkinji güni alili bagşy, ikinji güni Baga bagşyny aýtdyrdylar. Bagşylar ýaryşsyz hersi öz ugry boýunça şeýlebir joşgunly aýtdylar, oturan märeke lezzet alyp diňledi, adamlaryň göwün guşy al-asmanda ganat kakdy. Toý gutarandan soň hem şol joşgunly aýdymlaryň täsirinde çykyp bilmediler. Märekede Molluk aga diýen biri bardy. Ine şol adam Nazarjan «Gelemeni» bir aýtsana diýdi. Nazar bagşy Molluk kaka men saňa Garly bagşynyň «Gelemenini» aýdyp bereýin diýip «Gelemen», «Garry saltyk», «Şirin-şeker», «Sarýa», «Gazak getiren», «Şan jan» diýen aýdymlary şeýle bir aýdandyr heý goýaý. Saryýany dagy aýdanda ömür görmedik «Diýarbekir» galasy, onuň töweregindäki bag bakja, çemenzarlyk göz öňüňe gelerdi. Şasenemiň çar bagy, Serhowuz, Serwi agajynyň aşagyndaky gaýmalaşyp ýören hürlere meňzeş kenizler göz öňüňe gelip haýran galdyrardy. Alili bagşa aýdym buýrmaga entek oňa ýetik däldiler. Şoňa göräde oňa bagşy jan aýdymyň gowusyn özüň tapyber diýdiler. Alili öz aýdymlaryndan bir aýdandyr, adamlar öň eşidilmedik heňlere haýran galdylar. Soň tüweleme bary ýagdy. Munuň aýdyşy bir hili öň eşidilmän soň ýüregiňi endiredip eliňden bütünleý alyp barýar. Barha belentläp şirin namalar aýtdy. Toýuň at çapany ýokdy. Ýazyň ilki aýlarydy. Soň bagşylar oturanlara razymysyňyz diýdiler. Oturanlar müňlerçe razy diýip gygyryşdylar. Märeke dagady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |