19:52 Nazar Baga: Daş demiriňkileriň toýy | |
• Daş demiriňkileriň toýy
Aýdym-saz sungaty
Gubadagda Ýylangyryň golaýynda Şahyrly oba diýen oba bolardy. Bu obanyň öňünde Gutlybaý tireden Nurbaý diýen gara zähmetden gum gurban gurgun adam bir uly toý berdi. Bu toýuň tutumy örän uly başlandy. Geňeşine agyr mähelle ýygnaldylar çekdirildi. Bagşysy Nazar baga. Iki gün at çapgysy bar. Toý güni märeke süri-süri gelipdir. Dürli milletlerden ylaýta-da özbek, galpaklardan köp gelipdir. Toýa iki gün öňünden ýokarlylar, aşaklylar geldiler. Toýa Gylyçmät bagşy ýaly ussatlar hem geldi. Şeýle-de bolsa toý ýeriň islegini, ýa-da iliň islegini orta Nazar bagany geçirdiler. Nazar tutaryny haýbatly tiňňirdedip aýdyma başlady, Muhannesden soň azyrak guşagyny çekdi. Soň dere giren at ýaly howalap ugrady. Jüneýitden gelensoň Törede şorta sözler tapyp, gülüşdirip ýanyndady. Bagşy sen bu gün gowy aýtmalysyň diýip gygyryp otyr. Bagşy: Men ýogsa-da gowy aýtjak. Men her gelenimde ýegenlerim daýym gelýär diýip garşylaýarlar. Indi bularyň toýuna aýtman nirede aýdaýyn diýip joşup başlady. Soň nämedendir bagşy çalaja hamsykdy. Soň bagşy ýuwaş-ýuwaşdan merdiwana çykan ýaly belentläp başlady. Onuň aýdymlary ýüregiňi hopukdyryp, durmuşyňa täsir edýär, bütin töwerek lerzana gelýär. «Şasenem-Garyp» dessanyny aýdanda göýä Şasenem bilen Garyp göýä diýersiň gol tutuşyp ýetip gelýän ýaly duýulardy. Maňa jogap beriň agalar begler Maňa Senemjandan Salam gelipdir Rugsat beriň maňa hoş galyň sizler Maňa Senemjandan habar gelipdir. Adamlar aýdymyň lezzetine düşünip gözüne hem getirip diňläp otyrlar. Jarçy Töre kaka at çapana baryň how diýip gygyrdy. Adamlar ýer süýşen ýaly bolup at çapana ugradylar. Biri gelip: Bagşy saňa ýaşulular aýdymy goýsun diýdiler. Bagşy hoş bolar diýip aýdymyny goýdy. Soňra daş demiriňkiler bagşa ýegenleriniň adyndan köp hezzet hormat sylag etdiler. Daýysyna serpaý ýapdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |