11:37 Baga bagşy: Çuwal çagyrýar | |
• Çuwal çagyrýar
Aýdym-saz sungaty
Nazar baga Köpükliden bir toýy sowup gelşine Ýylanlyň bazaryna girdi. Bazarda gezip ýörkä ileri ýurda baranda sataşyp dostlaşan dosty Çuwal bagşa tötänleýin duşdy. Biri-birini görende gujaklaşyp görüşdiler, soň soraşdylar. Alili bagşy äkitjek boldy. Nazar: Gaýtam täze göçüp geleni öňürti biz çagyrmaly diýdi. Soň hersi öz ýoluna gitdiler. Soň bir gün Nazaryňka bir atly geldi. Ony alili bagşy Nazary çagyrmak üçin goýberen ekeni. Nazar myhmany bilen aliliňkä gitdi. Dosty Nazary goýun soýup hormatlady, myhmanyň hormatyna dost-ýarlary, aga-inilerini çagyryp aýdym-saz gurady. Gijesi bilen aýdym-saz etdiler. Alili dostuny Garagojada bir toýa alyp gitdi. Şol gün bulary ýaryşsyz gezekme-gezek aýytdyrdylar. Bu toýdan soň sekiz atlyk diýen erde hem bir toýy sowdular. Ondan soň Nazar baganyňka bardylar. Alili bagşa iki günläp hyzmat etdiler. Myhman bagşy rugsat alyp obasyna gaýtdy. Nazar bolsa obasyndaky görünmeli ýerlerine göründi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |