08:51 Nazar Baga: Gala dawasy | |
• Gala dawasy
Aýdym-saz sungaty
Gubadagda Ýylangyryň gapdalynda «Gorgonça» diýen ýer bardy. Onda Goçmät hanyň özüne degişli ýere hökümi ýörärdi. Goçmät han az döwrüň içinde edibilen eden-etdiligini etdi. Ahyry pälinden tapdy. Ol bir gün Hywa çagyryldy. Iliň aýtmagyna görä bu çagyrylyşdan munuň gaty tamasy uludy. Şol tamasyna ymsynyp ilden bäş ýüz sany saýyrdyň nöker, bäş ýüz sany oňat saýlama bedew we ýarag ýygnap Hywa baryp, «Barsa gelmeze» gitdi. Ine şol Goçmät han ýogalandan soň bir iki ýyl soňdy. Entek Durdy kazynyň Gubadaga hökümi yran atyp ýöräp duran wagtydy. Jüneýdiň yzyndan kowgunçy goýberjek bahanasy bilen ili talaýardy. Şol döwürlerde Gaty öy etrabynda bir toýa Nazar bagany äkitdiler. Bu toýda iliň emeldarlary, kazy-kelany, möhürdarlary, kyrk elli atlysy bilen aşakdan Ýagşygeldi beg hem gelipdi. Ol doly ýaraglanandy. Nazar baga seýishanada ertirden bäri aýdyp otyrdy. Wagt bolanda birdenem jarçy at çapana baryp how diýip gygyrdy. Märeke duw-dagyn ýer süýşen ýaly bolup at çapana ugrady. Şol wagt Baga bagşy «Algoja» bir gygyrdy welin hemme märeke yzyna aýlanyp geldi. Durdy kazy gelip at üstünden öçür sesiňi owazyň çykmasyn diýdi. Näçe güniň ýadaw bagşysy derrew goýdy. Mähelle ýene goýmady bagşy ýene güýçli ses bilen başlapdy, şol wagt bir ýalançy gelip: «Üýrmesinde sesini öçürsin diýdiler diýdi» bagşynyň gahary gelip şuny aýtdy: Baryň gidiň at çapana, Minnet etmesinler maňa. Tiz düşer demir gapana, Görersiňiz tomaşasyn. Aýlaw jaýda her kim başagaýdy. Emeldarlar pellehana jemlendiler. Soň Ýagşygeldi beg Durdy kazy bilen pyşyrdaşyp gepleşdi. Indi hemmäniň ünsi şol tarapdady. Ýagşygeldi beg öňe saýlandy, Ahow, Gubadaglylar! Hemmeler diňläň biziň inimizi Hywa goýberip ýoklap, azaby siňip dikelden ymaradyny taladyňyz. Şony bir ýerine goýaýsaňyz diýdi. Muňa ýerli emeldarlaryň hiç birisi jyňkyny çykaryp bilemediler. Ahyry Nurmät akyllynyň agasy Güjük Sary diýeni bardy şol adam öňe saýlanyp şeýle diýdi: Beg aga menem birki agyz sözläýin, eger-de meniň gepimi telek görseňiz her atlyňa bir ok atdyr-da meni tekizläp ötägidiň diýdi. Meni sorajak ýokdyr diýdi. Öň kazy dagynyň jynkyny çykaryp bilmän duranyny gören halk muňa haýran galdylar. Güjük Sary: Beg aga, ilkä siziň lälligiňizi Gubadagly goýbermedi. Onuň özi unaşdan tamakin bolup gitdi. Ikinjidenem oňa ikimiziň däl-de Gybadaglynyň azaby siňdi. Ony dikelden Gubadaglylar. Üçünjiden siziň iniňiz iliň baş ýüz sany syrdam ýigidini özi bilen äkidip ýoklady. Şonçada at-ýarag gitdi. Şol at-ýaragyň her birsini bir ýesiriň tutuş galyňynyň doly derek bolardy. Ine şonça zatlary siz ýerinde goýaýsaňyzdy. Onda il siziň ymaratyňyzy iki esse tölärdi diýdi. Ýokarky sanlary eşiden Begiň tenmegine jaýdar ýüň dakyldy. Duran halk haýran galdy...Baý muň tapan akylyna haýransyň diýdiler. Akyl-parasat, Ilim-keramat diýleni. Ýene Güjük Sary eger şol demi güýçli Hywa ýerinde durup iniňiziň yzyndan özüňizi-de deňine çekmese, iniňize şükür edip geziberiň diýesim gelýär. Ýagşygeldi begiň her zatlar göz öňüne geldimi nämemi köp wagtlap aşak bakyp, ýene bir topbak ýüň kabul etdi. Ýagşygeldi beg çapyşyga at goşmaga gelen eken. Ýaňky gepler çapyşygyň manysyny gaçyrdy. At goşmady. Güjük sarynyň gaýpylman tapan parasatly gepine halk haýran galdy. Ine şoňa halkyň beren akylly adyny Nurmät akylly nädip öz adyna geçiripdir. Belkem Güjük Sary söz tapyp orta çykmadyk bolsa Gubadaglyň başyna gör näme gowgalar inerdi. Sorap geldi ol galany, Güjük sowdy bar belany. Güjük Sary sebäp boldy, Adam bary haýran galdy. Güjük beýle akyl tapdy, Beg işine Güjük ýapdy. Ýene ýesir etmekçidi. Nazar baga mundan alty-ýedi aý köpräk wagt öňdi Jüneýdiň ezraýyl penjesine düşüpdi. Haýsydyr bir sebäplere görä ahyrda ganly penjesinden dynypdy. Indi hiç zatdan gaýgysyz dünýäde arkaýyn ýaşaýardy. Garagumyň jümmüşindäki Jüneýit han gaýtalama keseliň düýşüni gören bolara çemeli. Düşünde berlen öňki perdäň heňine ýene çalyp başlady. Ýene häki han Gyzylyny ýanyna çagyrdy. Gyzyl han seni bir ýerik hyzmata ýollamakçy bolýarys Adyna goşmaça han diýildi. Oň hem kellesi ýarty adam hondan bärsi boldy. Gowalyp: Buýryberiň han kaka diýdi, buýrsam ýene Gubadaga gidip häki gara ýüz bagany getirmeli. Oň hem Nazar bagany getireni üçin eçilipdi hem-de hana has ötümli ynamdar adam bolupdy. Han Gyzyl han kakasyndan han kaka näçe adam alyp gitmeli diýip sorady han kakasy öň adam äkidip näme görüpdiň diýdi. Ýöne şu gürrüňler agzalmanka mesewi gürrüň arasynda Nazar baga agzalanda Anna bala şeýle diýipdi: Öten-geçen söwdegärleriň gürrüň bermegine görä: Indi Nazar baganyň Şagadamda, Etrekde, Jebelde, Hudaýberdide, Musa han gädiginde, Balaýşende, Gazanjykda, Gyzylarbatda we Aşgabatda adamlary barmyş indi arkasy köpmüş, onsoňam indi aňryny bütinleý balçepek soraýarmyş diýýärler. Ine şu zatlaryň hemmesini aýny wagtynda han Gyzyl Jüneýde ýatlatdy. Şonuň netijesinde Jüneýdiň temmegi has gowşapdy. Şonuň üçin han gyzyla gaty buýruk ulanma diýdi. Islegi boýunça gaýdaýsa bagtymyz, islemese gowrak bir bagşy tapyp bersin ýa-da salgy bersin diýdi. Ýöne han kakamyz özi bilen äkitmekçi diýip duýduryp gör. Belkem höwesek bolmagy mümkin. Belkäm damary Balçepede garap ýarýarmy ony öwren diýdi. Han Gyzyl; Han kaka men olaryň toýunda bolup gördüm Baga balçepekler uly hormat goýup arkasyny tutýarlar eken. Han Gyzylyň öňki peşgeşlerden agzy tagam alandy ýene şony tama edip ertire taýýarlyk görmeli boldy. Ertesi ötegçi kerwene goşulup ugrady. Bu sapar igandan nyşana görmedi. Niredesiň Gubadag diýip sürüp barýar. Agepiň gysgasy öňki belent ýeri Nazar baganyňka geldi. Bagşy ýene muny çaý başynda gürledip maksadyny bildi. Indi baga arkaýyn. Ine ony gören badyna daşary çykan kişi boldy Bolşewiklere esewan bolsunlar diýip habar berdiripdi. Soň Gyzyl gojuga meniň öňki gidip gelenime näçe wagt boldy şondan bäri meni Daşhowuza çagyrýarlar diýdi. Olar meni Jüneýde süýkäp näme etseler-edibermeli. Ýöne bolşewik diýen zatda peşşabyň ýerine adalaty bar ekeni. Bolmanda han baýtala baryp gelenim üçin meniň tohumymdan gurt ýasaýmaly eken. Bular menden sorag alyp meniň baryp gaýdan ters yzymy barlapdyrlar. Bolşewik diýýäniň tüýs hakykatçy eken. Bagşy Gyzyl gojuga han kakaňa Baýtal ady bilip dakypdyrlar diýdi. Indi baýtallap heläge galmasyn. Indi töweregi gallanyp ortada ogulmy ýa gyz bolup galdy. Indi baýtallamasy näme? Gel diýdi bardym. Hälem bolşewikleriň maslahaty boýunça gitdim . Şol wagtlar bolşewiklere ümleşen bolsam seni hökman ýitirim etjekdiler. Ümsiz hem ýitirime niýetläpdiler. Hälem bolşewigiň ullakan ýolbaşçysy ygtyýar bermän garşy çykdy. Eger şonuň emeli baýtal kakaňda bolsa Gyzyl hany gyzyl gan läş ederdi. Obada ýaragly daşyňy gabapdy. Ýaňky diýenimdä. Daşhowuzlylar gaýtam maňa sen gidiber, bagtyňdan görersiň diýdiler. Hanyň niýeti şol bolsa indi ýurdy gaýdyp göresi ýok, ýurdunda arzyly ölesi ýok, han gojuk dillendi. Hoş sözledi. Eger bagşynyň gaýytmaga mümkinçiligi ýok bolsa başga bir gowurak bagşy tapyp bersin diýdi. Bagşynyň gahary geldi. Iller meni şoňa saýlanok diýdi. Siz meni başga bagşy tapar ýaly etmediňiz öňki geleniňizde: meniň ýüzüme, men seni ýa alyp gitmeli ýa atyp gitmeli diýdiň. Öň meni tanaňok, mende kastyň ýok ýöne eliň gijäp duran bolsa, hälem atda gidiber. Eger taýyňdan tazygyp dul galan bolsaň han kakaň günüňe ýüregi awap saňa gyzyny bermäge şert goýýan bolsa, sallah gezme. Derrew atyp gitde janyňy gönendir. Bu söze gülmeýän Gyzyl gojuk geldi. Hemmeler waglap gülüşdiler. Gyzyl utandy. Indi bagşy dälde, bala çagaňa sag-aman barsaň ýüz bagşy getirdim diýiber. Netijede Nazar baga Jüneýit handan ymykly dynyp arkaýynçylykda ýaşaýar. Sebäbi arka diregi bolşewik gün-günden güýçlenýär. Indi öňki ýaly dikmeleriň gamçysynyň Nazar baga çommaljak gumany ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |