22:30 Nazar Baga: Gyzyl goşun Gubadaga ugrady | |
• Gyzyl goşun Gubadaga ugrady
Aýdym-saz sungaty
Han goşuk alan buýrugy boýunça myhman ýerinde ýanyndakylary galdyrdy. Ýalňyz özi daňyň garaňkysynda niredesiň Gubadag diýip ýola düşüp ugrady. Ýolda bir ýatyp Gubadaga bardy. Garaňky gatylşanda Nazar baganyň golaýynda bir agajyň gabadyna bardy. Şol ýerde ýoldan bir adam geçerine garaşyp durdy. Ahyry bir oglan ötdi. Oglany ýanyna çagyrdy. Ol üýşenip gelmedi. Soň gojuk: – Oglan men Nazar bagşynyňka barjakdym. Oglan: Men hem bagşy daýymlara barýan. Ýörüň elteýin diýdi. Han gyzyl: Öňürti sen görüp gel. Bagşy daýyň barmy bilip gel diýdi. Oglan baryp gelip bar diýdi. Soň gyzyly tirkäp alyp bardy. Bardy-da bir adam geldi diýdi. Öýdäkileriň hemmesi ýeke-ýekeden daşary çykdylar. Görseler bir del atly gelipdir. Hälki gyzyly elten oglanyň ady Gurbantagandy. Ine bu gelen atlynyň murtlary goçuň şahy ýalydy. Yzyna gaýdyp duran bir eýmendirijidi. Özi hem bir daýaw adam. Atyny tutup özüni öýe eltdiler. Bu adamy heniz Nazar baga görmändi. Göçmese-de oňly adam däldigini aňdy. Soň ugruna kowup gepletdi. Hyzmatyny derrew aňdy. Indi bagşy nätmeli. Bagşy meýdana çykyp pikir jemledi. Soň myhmanyň ýanyna gelip gürrüňleşdi. Soň şeýle diýdi. Agaňyz çagyran bolsa gaty gowy zat. Egerde ýakynda bolsa salamada barmaly. Bagşy Daşhowuzdan delalat görmek üçin hile agtarýardy. Bagşy han gyzyla şeýle diýdi. Gyzyl han bu ýerde üç dört sany toý boýun aldym. Bu ýeriň eýeleri hem entek bir çeti Şol han agaňyzyň dikmeleri. Onsoň nätmeli. Onsoň men şol märekeleri sowman gidibersem bolarmy? Elbetde bolmaz. Sebäbi şol märäkäniň bir çetinde han agaňyzyň öňki dikmeleri-de bar. Olar meni näderkäler. Şoňa görä-de entek men şol toýlary sowýançam sen biziňkiler bilen toý geziberseň bolardy diýdi. Onda han gyzyl meni tanasalar näderin. Bagşy: – Seni hiç kim tanamaz. Ýöne bu kim diýseler biziňkiler etrekli myhman diýerler. Şeýdip han gyzyl toý gezdi. Bagşy bolsa wagt utdy. Şeýdibem düýe boýun aldy. Sebäbi bagşy Daşhowuza geňeşmekçidi. Şony hem etdi. Daşhowuza iki mertebe bardy. Mesele çözülmedi. Üçünji baranda gapydan iki sany adam girdi. Meseläni diňlediler. Olaryň biri geleni ýitrim etmek meselesine garşy çykdy. Goý bagşy gidibersin. Özi makul gep tapyp gutular diýdi. Soň bagşyny ýanyna çagyrdy. Köp zatlar tabşyrdy. Muňa köp zatlar öwretdi. Şol sanda olaryň adamlary bilen gürrüňdeş bolmagy, olaryň ýagdaýyny Jüneýdiň pikirini bilmeli. Hemme iş bitdi. Soň ýaňky adam adamlaryň ýanyna gelip: Indi bagşyňyza rugsat beriň öýüne gidibersin diýdi. Bu adam Gaýgysyz Atabaýew eken. Parasatly adam parasatly söz tapdy. «Akyl parasat, ylym keramat» diýleni. Ýaňky adam bagşa: eger-de şol ýerde gowy tanyşyň bar bolsa gaýdýançaň şonda bol diýdi. Eger-de olaryň görkezen ýerinde bolsaň olar saňa hezil bermezler. Aýdylan zatlarada gaýrat et. Ýene gelensoň öýkäňe ýer tapman ýörme diýip zynharlady. Belkäm bu gelen adam bagşy üçin bagtdyr. Bagşy ol adama sataşmadyk bolsa, şol diýenlerini kimden eşitjek. Onda bagşy gödek ýalňyşaýmagy mümkindi. Günüň üçin ýeri gelende ýalbaraý. Olar bilen oýnuň deň gelmez. Olar seniň külüňi sowrup bilerler. Bagşy-da ondan gaty minnetdardy. Bagşy şeýdip ýüregine daş baglap, göwnüni bir ýere baglap obasyna geldi. Agşam han gojuk bilen gürrüňdeş boldy. Han gyzyl şeýle diýdi. Han kakanyň permany men seni alyp ýa atyp gitmeli diýip ýüzüne aýdyp otyr. Garşysynda oturana dözüm bersin. Gyzyl goşunyň gelenine şu gün dokuz gündi. Ine şu döwürde bagşynyň gyjakçysy Sapar Bekiýewdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |