12:31 Nazar Baga: Bagşy operasiýa boldy | |
• Bagşy operasiýa boldy
Aýdym-saz sungaty
Indi eziji synplary dargadyp biziň ýerlermizde üýtgedip gurulýardy, ýygnaklar geçirilýärdi. Şol ýygnaklara (Daşhowuzdan) Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow dagylar hem gatnaşdylar. Şol ýerde Nazar bagany aýtdyrdylar. Bir mertebe şeýle aýdymda bagşynyň ynjalygy kem ýaly duýuldy. Şonda gaýgysyz bagşa: göwnüme bolmasa sen hemişekiň däl ýaly diýdi. Wah, meniň birahat ýagdaýymy siz nädip duýduňyz? Atabaýew: görýän welin siz iki sapardan bäri şeýle duýulýarsyňyz. Bagşy: wah meniň diýdide sakyndy. Atabaýew bir gizlin syýasy meseledir öýtdi. Çekinme. Ýene aý diýdide aýtmady. Onsoň Atabaýew aýry ýere çagyryp indi ýekelikde aýdyber diýdi. Aýtsam hol bir wagt özüň barkaň Jüneýdiň huzuryna gitmedimmi. Ine şonda diýip ýene saklandy. Ahyrda-da aýtmaly boldy. Ine şonda ýedi günlik aýdymyň netijesinde (Inginli) boldum. Atabaýew: wah sen öňki gelenimde duýduran bolsadyň bu beladan bir eýýamlar dynardyň. Bagşy umytly ýagdaýda nädip dynmaly diýdi. Atabaýew: men ýene bir gelenimde Aşgabatdan doktor getirerin, gaýgy etme diýdi. Şonuň bilen biziň işimiz örän gyssag diýip gitdi. Soňra wagtyň geçmegi bilen ýene bir gelende öňki beren wadasynda tapyldy. Bir sany ýara kesýän uly doktor, iki sany hem kömekçi kiçi doktor getirdi. Soň bagşyny operasiýa etdirdi. Operasiýa özüde gatnaşdy. Soňra aýry otagda ýatyryp tabşyryk berip işine gitdi. Bagşy öňki maslahat boýunça Dargana gitdim, on bäş günsiz gelmeýärin diýipdi. Daşhowuzly, Tahtaly dostlary biri-birinden eşidipdiler. Şeýdibem bagşyny hiç zada hor-zar etmediler. Bagşyny on üç gün diýende atlandyryp obasyna äkitdiler. Soň tabşyryk boýunça aý ýarym sowukladym diýen bolup iliň märekesine çykmady. Öýünde-de kelläme täsir edýär diýip aýdym aýtmady. Gelenlere diňe saz çalyp berdi. Nazar baga öňki howyndan, soňky dertden diňe Atabaýew sebäp bolup dyndy. Soň otuz-kyrk günden ýene bagşyçylygyna başlady. Nazar baganyň yňdarymly aýdymyna öwrenen halk, Nazar baga orta geçdi besdi. • Kolhoz guruldy Öňler bu ýerlere gubadagly ýokarky bagalar ýa-da Nazar baganyň obasy diýlerdi. 1931-nji ýylyň bahar paslynda Daşhowuzdan, Porsudan adamlar geldiler. Baýramguly baganyň jaýynyň öňünde ýygnak başladylar. Bize goňşy obalarda eýýäm kolhoz gurlupdy, indi ol ýerde başga meseleler hem çözülip ugrady. Indi ol ýerde hemme zat alyp başladylar. Mundan buýana siz hem alarsyňyz. Häzir kinişkäňiz bilen hümmere durup alyp bileňizok. Ynha kolhoz bolan ýerleri görýärsiňiz. Hemme zady getirip berip durlar. Enträp ýörenoklar. Adamlar şonuň üçin biz hem kolhoz agzasyna düzüleliňde hakymyzy alalyň. Ýoldaşlar başlamalymy? Başlaberiň diýip seslendiler, razy bolsaňyz sese goýjak. Sese goýdular. Hany kim diýende birinji bolup Nazar baga çykdy. Wagyzçy ýanyna çagyrdy. Süýem barmagynyň ujuna syýa çaldy. Ony hem ak kagyza basdyryp tassyklady. Yzy Durdy galdow, Kerim, Hojuk, Baýrammät, Kemet, Abolak, Hojanepesm Ýegenmät, Godan, Tuwak bagadan jemi on iki adamdy. Ganýokmaz bilen uşakdan hem goşulyp jemi ýigrimi bir adamdan ybarat düzülipdi. Kolhozyň adyny... Soňy. Atamyrat ANNABAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |