16:46 Nazar Baga: Bagşylar Tejende | |
• Bagşylar Tejende
Aýdym-saz sungaty
Näçe gün sürensoňlar ýoly ortadan ýagşy agdy hasap edip, dem-dynç almaga bir öýe sowuldylar. Barsalar ýaňky öýde iki sany nätanyş bagşy tötänleýin sataşdylar. Nätanyş bagşylar öň görmänsoň saglyk-amanlykdan soň seslerini çykarmadylar. Ýöne olar örän parasatly adamlar eken özleri soraşdy. Köpi görüp ýören adamlar özüňe belli. Iki tarapyňam derrew gürrüňi alyşdy. Soňuny bagşyçylykdan başladylar. Soňy syrygyp aýdym-saza geldi. Soň ýuwaşdan saz başlandy. Yzy aýdyma ýazdy. Nätanyş bagşylar siz nireden? Adyňyz kim diýip soramadylar. Myhmanlar hem soralmansoň aýtmaga ejap etdiler. Öňňürti özleri aýtdylar. Soň siz hem aýdyň diýip dutary bärki halypa uzatdylar. Ol hem aldy-da Nazara uzadyp aýt diýen äheňde yşarat etdi. Ýarym çekim aýdymlardan başlap barha «Garry Saltyk», «Ýar seni», «Hüwjan» ýaly çekim aýdymlara tutduryp başlady. Meniň yşkym perwaz eder bir güle Gül açylsa pygan düşer bilbile Hak ýetirdi bize ajap menzile Gujaklaşyp ýagty deýin jaý eken. – diýip «Hüwjana» gygyranda biziň «Aý indä» çalymdaşyrak eken. Ýöne aýdylyş labyzy bir hili şirin eken diýdiler. Soňundan tüweleme diýdiler. Soňra dem dynç alansoňlar biri-birine ýetik bolup hoşlaşyp dargaşdylar. Soňra Tejen ýurduna halypa bagşynyň öňden barýan ýerine bardylar. Ol baran ýerleri bagşyly ýer däl eken. Bu ýerde keýpine gezdiler. Birnäçe gün gezip ýene yzyna dolandylar. Gaýdyşda ýene Çary bagşynyňka geldiler. Çen bagşydyr sazandalar jemlendiler. Ine şonda Nazar bilen Magtymguly has dostlaşdy. Ikisi Çary bagşynyňkylar we beýleki deň-duşlary bilen aýry otaga bardylar. Ol ýerde aýdym-saz etdiler. Soňra ýaşlygy ýatlap meýdanda oýnadylar. Gidip suwa düşdiler. Nazaryň halypasy bu ýurda köp gelerdi iň soňky bir gelende; bu ýeriň ussat bagşylaryna ýaňzydypdy. Men her haçan gowrak şägirt tapsam yzyma eýerdip getirerin. Onsoň ony her taraplaýyn bagşy bolar ýaly kömek edeweriň diýipdi. Bu gürrüňleri Nazara Magtymguly gürrüň beripdi. Ine hersiniň göýä başyna düşen ýaly saňa zähmet siňdirýäni şol diýdi. Sebäbi ýerli ussatlar myhman halypanyň ýurdyna köp barar ekenler. Barsalar bulara edilýän hezzet hormatyň aşagyndan çykar ýaly dälmişin. Olar näçe köp bolup barsalar şonça-da köp sylag-serpaý edýärmişler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |