09:41 Nazar Baga: Hanyň buýrugy | |
• Hanyň buýrugy
Aýdym-saz sungaty
Döwründe Jüneýit han hem käbir toýlara gatnaşardy. Ýeri gelende bagşy-da diňlärdi. Aýdyma düşünýänligindenmi, göwnüne ýetmeýänligindenmi, aýdyma pisindi oturmazdy. Her aýdyma hyň tartar oturardy. Töweregindäkilere aýdym näçe ýaransa-da jyňkyny çykarmazdylar. Şol wagt han üsgüräýse-de ör-gökden gelerdiler. Bir toýda Nazaryň aýdyşyna göwni ýetmändir. Şonda wah senmi? diýen. Aýlar ýyllar ötdi. Göýä Jüneýit han hem ukydan oýandy. Misli ilde ahmyry bar ýaly. Birdenem ýitgisini tapana döndi. Hälki toýlardaky hyňly düwünçegi gursagyndady. Ahyry dyňzan böwedi dürtdiler. Han aga haýyş bar diýdiler. Han aga Nazar bagany bir diňläli diýdiler. Muňa Jüneýdiň ýüzi bir açylyp, bir bürelip bir endigine durmady. Netijede iki sany atlysyny ýanyna çagyrdy. Siz häzir Gubadaga gitmeli. Ol ýerde Nazar baga diýen bagşy bolmaly. Şony tapyp getirmeli. Eger ýere giren bolsa, ýeriň deşigini tapmaly. Eger garaňky bolsa, çyra ýakmaly. Ine şeýle güýçli buýrugy alan adamlaryň öňünde kim milt eder. Buýruk alan han atlylary ýolda bir ýatyp Gubadaga Nazar baganyňka geldiler. Nazar baga bulary görüp eýgilige gelen atly däl. Bir emmasy baryny eýýäm aňlady. Ynsan düzgüni boýunça bularyň atlaryny daňyp, özleriniň öňüne çaý goýuldy. Soň bulary gepledip görse hanyň buýrugy ýokarky ýaly. Indi alaç barmy. Beterem bararsyň. Buýruk bolsa külli Gubadagly barar. Nazar baga girip-çykyp köp pikirlendi. Soň pikir etdi. Meniň bagtyma Jüneýit hany guduz ýaraýmadyk bolsa biridir. Soň göz öňüne köp zat geldi. Gitmelidigine gözi ýetdi. Aýdyrmak bir bahana, Näme etdim men hana, Ýersiz tapar bahana Hyrsarajakdyr maňa. Haçan ileri adamlarynyň aýdýan döwri gelip ýeterkä. Bularyň däbiniň azýanyny gürrüň bererdiler. Ýurtdaky bar emeldarlaryň, dikmeleriň harman ýeri ýaly süpüriljekdigini gürrüň bererdiler. Netijede öň tötänleýin gören Bedirkent galasyna bardy. Muňa eýe boldylar. Bagşynyň ýüregi alas-gopas bolup barha alada galdy. Muny bir ak öýe eltdiler. Bagşynyň heniz gözüniň ýetýän zady ýokdy. Şol döwürde munuň gyjakçysy Töre gyjakçydy. Törede dili ýeňil adamdy. Nazaryň köplenç gorkýan zady-da şonuň dilidi. Birhaýukdan soň bularyň oturan ak öýüne Jüneýit han hem geldi. Bular düzgün boýunça hana salam berdiler. Han görüşende bularyň eline çalaja kakdy. Han dagy özli-özi gürleşip otyrdy. Han nämedendir gaharlydy. Göwnüňe bolmasa bagşa süýkenäýjege çalym edýärdi. Häzir Nazara näçe süýkensede alajy ýokdy. Jüneýit Nazara: Biz seni aýtdyrjak. Eger göwnümize ýaramasaň zyndana zyňjak. Şol hem entek biziň sylagymyzdyr diýdi. Nazar sesini çykarmady. Soň ullakan ak öýde aýdyma başlatdylar. Gördä bakaly. Nazar aýdymyny ortalaberende bir içi ýagly Jüneýdi çagyrdy. Jüneýit han çykyp gitdi. Şol gidenden soň yzyna dolanmady. Soň ertesi çaý wagty ýene-de geldi. Şonda Jüneýit han birini ölüme höküm edendigini gürrüň edip bedi. Şol wagt Töre gyjakçy turup tagzym bilen arzym bar diýdi. Jüneýit hanyň gaty gahary geldi. Eý akmak bu ýeri seniň üýrýän ýalagyň başy däldir. Soň muny zyndana zyňmagy buýrdy. Soň Nazar güni üçin tagzym bilen turup Töräni diledi. Jüneýit Nazara şert goýdy. Eger şuny diläniň ras bolsa şuny obasyna ugrat, Nazar geplemedi. Nazara seniň başga gyjakçyň ýokmy diýdi. Nazar: tapylar diýdi. Nazar: aşakly diýdi. Han: ýeriň deşiginde däldir ýüzündemi? Han: bir atlysyna, şuny äkitde heleýine gowşur. Eýleki Satlyk diýen gyjakçysyny getir diýdi. Ýaňky atly handan gaty berk buýruk alyndy. Iki gije bir gündiziň dowamynda gyjakçysyny bagşa gowşurdy. Soňra Töräni alyp çykmazlyga şert berdi. Ertesi ýene Nazary aýtdyrdylar, han Darganata gidipdir. Şu ýerde Nazara: Gubadagly Nury Çeýrek duşdy. Bagşynyň obadan gaýdanyndan Nurynyň habary ýok eken. Nury Nazara: hany oba gideli diýdi. Bu ýerde Ata işan hem bar eken. Nurynyň aýtmagyna görä Nazaryň rugsadyny Ata işan alan eken. Nazar oba ugrady. Nazar şeýle buýruk bilen soň hem iki mertebe hanyňkyda bolupdy. Nazar gije-gündiz oýlanýar. Bu beladan dynmak üçin başga hanlygyň ýurduna geçäýsekmikäk diýip. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |