12:30 Nazar Baga: Pataly bagşy | |
• Pataly bagşy
Aýdym-saz sungaty
Nazar baganyň şägirtliginiň on ikinji ýylydy. Halypasy indi men saňa Pata bereýin diýdi. Muňa şägirt gaty şatlandy. Baga bagşy aga-ini ýar-dost hem döwürdeş bagşy sazandalary-da çagyrdy. Muňa köptaraplaýyn kömek etdiler. Halypasyny söwüşläp çagyrdy. Iki günläp aýdym-saz edildi. Halypasy hamsygyp alkyşly pata berdi. Hem kümüş perdeli dutaryny berdi. Ertesi araba bir semiz ullakan goç saldy. Yzynada bir gär ýorga alaşa tirkedi. Hezzetläp serpaýlady. Özi hem halypasy bilen gitdi. Agşam ýatyp ertesi halypasynyň elinden öpüp gaýtdy. Soňra-da meşhur ussat halypa Gylyçmät bagşydan aýagyny çekmän tälim aldy. Üç ýyllap şägirt görnüşinde gatnady. Şeýdip köplerden tälim aldy. Özi hem yhlasly, zehinli irmezeklik netijesinde eýýamdan ussatlyk derejä ýetdi diýip ussat halypalar aýdardylar. Sebäbi Nazar köptaraply bagşydy oňa haýsy milletiň aýdymyny aýt diýseň edil özi döreden ýalydy. Nazar pata alansoň hasam dabaralandy oňa gezek ýetenok. Hemmeler onuň arzuwyndady. Sebäbi ony Goňrat, Darganata aralygy yzlap aýtdyrardy. Kimde-kim Nazary toýunda aýtdyrsa göýä oljasy oňan adamdy. Hälem Nazar bagany görenleriň köpüsi Panydan Bakyýa gitdiler. Şonda-da märekede bagşylardan gürrüň gozgalsa Nazar baga derrew ýatlanýar. Döwründe Nazar baganyň bagşyçylyk babatynda beýik mertebesi, ýeten derejesi däl-de onuň ahlagy, adamçylygy, merhemetliligi, öňden görüjiligi, dünýägaraýşy, her bir zatda geçirimliligi bilen hem gowy tanalardy. Mähirli, durumsyz eli açyk adamdy. Ine bir mysala ýüzleneli. Bir güni Nazaryň çagasy bilen inisi Toýmädiň çagasy top-çiligiň üstünde menjeşen bolara çemeli. Şol sebäpden Toýmät bihabar oturan Bagşynyň üstüne baryp: Çyk-aýt kör ölüşseň diýýär. Bagşy bolsa: ýok eýle bolmasyn. Gadymy patyşalar hem uruşjak bolsa maslahatlaşar ekenler. Uruş jaýyny, haçan başlamalydygyny, näçe goşun jemlemeli ýaly zatlary maslahatlaşar ekeni. Haýsy ýeňse eýlekiniň ýeňildigi eken. Şonuň ýaly biz hem Juma, Araz, Amandurdy, Posbaý dagylary jemläp akyllaşdy. Onsoň sizden daýawrak, bizden ejiziräk birini orta çykaraly. Soň seniň daýawyň biziň ejizimizi ýeňer. Onsoň biz ýeňilen bolup gaýdarys. Netijede seniň boýuň ösüp biziňki gysgalar. Bize kelteräk boý hem ýeterlik sebäbi suw boýlajak bolup duramyzok. Içiniň ýeterlik akyly bolsun diýdi. Soň gygyryp gelip bogazyňy ýadadansyň bagyşla diýip ýanynda duran çaýdan bir käsäni Toýmädiň eline tutdyrdy. Soň Toýmät: Seniň içiň ýanyp dursa bi bolsa suwsyz sowadyp tapýan zadyny diýip däli ýaly ýeke özi gülüp barýar. Ol gidensoň oturanlar şeýle bir gülüşdiler. Heý goýaý. Akyl parasat, ylym keramat diýleni-dä. Eýle gaharly silkinip batly gelen adamy gohsuz-galmagalsyz togtatmagy özüňde köp ahlakly dünýägaraýşyň bolmasa elbetde bu zatlaryň her bir adama başartmagy mümkin däl. Hillik bir batyrlykdyr ýerinde Ony başarmaga kişi gerekdir. Eger şunuň ýaly zerur bolan ýagdaýynda hiläni adamzada zyýansyz ulansa gowy bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||