13:24 Nazar Baga: Tejende | |
• Myhmanlar Tejene ugrady
Aýdym-saz sungaty
Myhmanlary hormatlap Magtymguly hem atlanyp bile ugrady. Myhmanlaryň niýeti Tejene barmakçy. Iki ýaş bagşy ökje ogurlap yza galdylar. Ýene atlaryny çapyp ýetýärler. Şonda Nazar Magtymgula sen hem biziň ýurda göçüp baraý diýip maslahat berdi. Çuwal bagşy: – Biziň aňyrdaky aga iniler hem şony köp aýdýarlar. Men islemedim. Nazar: Meni dost bilseň-ä hökman bar. Çuwal razylaşdy. Çuwal bagşy bäş alty çakrymdan hoşlaşyp yzyna dolandy. Bular bolsa ýoluny dowam etdirdiler. Ýata-tura Tejenede bardylar. Baran güni myhman ýerinde boldular. Ertesi Garry Çyrla diýen ýere gitdiler. Ýol azabyny çekip bardylar. Barsalar bir bagşyly toý bar eken. Toýuň bagşysy Amansähet bagşy diýen saryk bagşy eken. Myhman diýip bulary hem şol goşa eltdiler. Ýaňky bagşy göräýmäge gözi-başy gaty bir haýbatly ýalydy. Şeýlede bolsa örän mähirli mylaýym eken. Ýaňka hiç kim indemese-de saz çalyp başlady. Göwün açyp gürrüň berdi. Her kim bir-biriniň aslyna ýetik boldy. Soňra ýaňky myhman halypa siziň şägirdiňiz birki-nama gaçyrsyn diýdi. Hywa namasyny eşideli diýdi. Soň Nazary aýtdyryp diňledi. Soň munyň-a nama tutaýşy gaty bir geň zat eken diýdi. Tüweleme aýdymynda at dakarlygy ýok diýdi. Ýöne gözleri howply eken diýip gülüşdirdi. Soňra ertir muny orta çykaraýsak nädýä diýip myhman bagşa sala saldy. Myhman bagşy biziň gatyşmaga hakymyz ýok diýdi. Çagyrylan bagşy näme üçin diýdi. Myhman bagşy: toýuň hakyky bagşysy siz. Toýuň ygtyýary sizde diýdi. Soňra ýerli bagşy myhman bagşa dutary uzatdy. Buda çekinibiräk uzatdy. Dutary düzüp ýuwaşladyp barha belentläp şeýle bir sazlar çalandyr oturanlaryň kellesi bir ýerde ýöne yraň atyp durdy. Soň saryk bagşy, şägirdiň gowy çalýar diýdi. Tüweleme munyň-a halypasy güýçli eken diýdi. Soň ýok munuň yhlasy zor diýdi. Ertesi iki şägirt, halypa bolup toýa bardylar. Orta geçensoň saryk bagşy myhman halypa ümläp Nazary görkezdi. Şeýdip Nazary geçirdiler. Nazar hem halypasynyň gyjakçysyna ümläp maňlaýyna geçdi. Nazar köp aýtmajagyny aňan bolara çemeli. Al bir diýenden orta perdeden gygyryp aýdyp başlady. Saryk mukamlary: «Apat», «Ýar seni», «Saryk durna», «Garry Saltyk» başga-da dürli aýdymlar aýtdy. Soň halypalar gezek-gezegine aýdyp toý gutardy. Il dargady. Bagşylary öňki ýerine eltdiler. Çaý-nahardan soň bularda her haýsy ugruna gitdiler. Tejene geldiler. Ertesi näme üçindir şu ýerde on bäş gün bolmaly bolanlar. Öýüň eýesi halypa, Serdar üçüsi bir ýana gitdiler. Nazar şol öýüň ýigitleri bilen galdy. Öýüň ýigitleri hojalygyň işine meşgul bolan wagtlary, Nazar hem meýdanda aýlaň-çaýlaň edip gezmeleýär. Gün-günden töwereklere görnüp başlaýar. Ine şonda Nazara bir gyz sataşdy. Bu gyz daşdan Nazara özüni güjeňleýär. Her güni görnüşe çykýar. Belkäm Nazary özüne çekmek hyýaly bardyr. Nazar muňa haýran galýar. Beýle idegsiz türkmen gyzy nädip ýörkä diýip geňirgenýär. Nätse-de şol gyz her güni sataşýar. Nazar munuň emmasyndan çekinýär. Belkäm bu guralandyr diýip pikir edýär. Ýogsam bu gyz Nazara örän yhlasly görünýär gyzyň tarypy owadanlykda hiç deňi-taýy ýok. Näme bilen deňeşdirersiň. Boýy, syraty, gurluşy hem owadanlygy özüne laýyk. Munuň gözel görnüşi ýöne peri suraty. Ýöne durky bilen ummasyz hazynady. Ýaňky gyz Nazara şeýle bir işdämendi. Eger-de şol gyzyň agzyna Nazar sygsady. Ony şol bada ýuwutjakdy. Nazar bolsa näbelet ýeri bolansoň çekinýärdi. Nazar üçin birhilidi. Bu gyzyň gepleýşinde bir üýtgeşiklik duýulýardy. Ahyrynda gyz Nazaryň alkymyna dykyldy. Gyz: – Nazara adyň näme – diýdi. Nazar: – Adym Nazar – diýdi. Gyz: – Obaň nirede. Nazar: – Obam Gubadagda. Gyz – Gubadag daşmy? Nazar: – Onçakly daş däl. Gyz: – Obaňda meniň ýaly gyz barmy? Nazar: – Seniň ýaly gyz ýok – diýdi. Gyz: – Obaňda dereginde gyz ýokmy? Nazar: – gyz kän. Ýöne seniň ýaly gyz ýok. Gyz: – Men ýaramazmy ýa-da olar ýaramazmy? Nazar: – Ýarar-ýaramaz hakynda gürrüň bolanokla. Gyz bir sözi üç mertebe gaýtalap aýtdy. Nazar düşünmedi. Gyz: – Hä düşünmediňmi? – diýdi. Nazar: – Men ýerde – diýdi. Gyz munuň kesir äheňine düşünmedi. Gyz: – Belkäm men bir sözi farsça sözländirin. Sen bolsa düşünen dälsiň. Nazar gyza: – Sen farsçada bilýärmiň? Gyz: – Men özüm fars gyzy. Men kürt – diýdi. Soň Nazar adyny sorady. Gyz: – Adym Behrada diýdi. Gyz: – Adamlar bize gullar diýýärler – diýdi. Ýene gyz: – Meniň reňkim ýaramazmy diýdi. Nazar: – Näme üçin ýaramaz bolmaly reňkiň oňat – diýdi. Gyz: – Biziňkilerden birini at süýredi şonda atyň toýnagy igleriň bir çagasynyň kellesine degipdir. Netijede çaga öldi. Şonuň deregine biziňkilerden ikisini görentin öldürdiler. Ine şonda men gorkup keselläpdirin. On bäş gün ýassykda ýatdym. Gowulaşyp galanyma on gün dagy boldy. Nazar gyza: – Ýüzüň gözüň misli aý kimin – diýdi. Bu gyz görkde-görmekde, akyl-paýhasda deňi taýy ýokdy. Bu gyzyň hemme tarapy gelendi. Munuň şeýle bolanlygy sebäpli Nazar meýline erk edip bilmedi. Muňa bagyşlap şuny hiňlendi. Bu gyz muňa düşünermi? Düşünmezmi? Gamza bilen okun atan, Aşygyň janyndan öten, Teşnelere şerbet gatan. Gyzykly dükanym sendedir diýip, «Ýar seni» aýdymyny usul bilen hiňlendi. Gyz: – Maňa bir zat diýýäňmi – diýip aňlamady. Bu hakykatdan şeýledi. «Gamzasy-kirpigi» neşderdir ok bolup janyňa jellat. Eger-de Nazaryň eline düşse janyna şypady. Ylla bark urup durdy. Misli üzümiň suwudy. Eger şu gyz Nazaryň obasynda bolsa bir däl-de on mertebe gul bolsa-da Nazar alardy. Nazar dagynyň Tejende bolmaly 15 güni bir aýa çekdi. Bu Nazar üçin has gowudy. Behrada gyz ejesinden habarly jigisiniň üsti bilen Nazary öýlerine çagyrdy. Nazar çekinip barmady. Soň erkek doganlary Nazar bilen dostlaşdylar. Soň olar çagyransoň bardy. Gitmäge bäş gün galypdy. Nazary ýene çagyrdylar. Birlaý içki geýim hem ak gaýma tahýa geýdirdiler. Ýöne halypasy soranda bazardan aldym diýdi. Eger halypasy bolmanda olar Nazary alyp galaýmagyda mümkindi. Eger Nazar äkitse Behrada gyz aňyrsynada gitmäge taýyndy. Gyzyň meýli heýwere gaty zordy. Nazar dagy ertir gidýä diýen güni Behradalar ýene çagyrdylar. Oňa ona golaý çörek, iki sany bişen towuk, bäş on sany gawun berdiler. Ýene bir gezip gelgin diýdiler. • Tejenden ugradylar Bu ýerde bir aýa golaý gezilensoň töweregiň hemmesi diýen ýaly tanyşdylar. Barysy gelip hoşlaşdylar. Behrada gyz aglap ýer-ýaş boldy. Ýene gelip dursunlar diýip, kiçijik jigisine aýtdyrdy. Bular birgün ýöräp kiçiräk bir oba bardylar. Bu halypanyň öňden tanyş öýüdi. Öý eýesi giçde obany ýygnap bagşylary aýtdyrdy. Bagşylaryň kadasyny etdiler. Bular ugaramakçy güni obanyň hemmesi ýygnandy. Bir delil bilen myhmanlary sylamakçydylar. Myhmanlar atyňyzy çapyşaýsaňyz baýrak berjek diýdiler. Aman Serdar, gyjakçy, Nazar üçüsi atlaryny çyplak eýerlediler. Soň görkezilen ýerden dogry çapga gidip geldiler. Serdaryň aty ozdy. Baryna baýrak berdiler. Bu ýerden «Myrzaçyrla» niýetläp ugradylar. Şol sürüşde ýolda bir çopanyňkyda çaý içip ýene sürdiler. Şol sürüşde giçläp bir guýa ýetdiler. Agşam şol ýerde ýatdylar. Süýji uka gidensoň atlar ilki horgurdylar. Soňa bakan şeýle bir naýynjar kişňeşip başladylar. Olaryň sesine hiç bir ynsan çydar ýaly däldi. Ýol Serdary bu atlar ýöne ýere bile kişňemeýär atlar näme-de bolsa bir zat gördi diýip meýdana çykdy. Atlar gaýtam güýjediler. Soň dört tarapa asmana garadyp atdy. Atlar ör-gökden gelip, bir tarap seredişip seslerini goýdular. Soň bular gidip başga bir guýa bardylar. Şol ýerde ertire çenli boldular. Ertesi ertirlik çaýyň başynda Nazar bir aýdymlar aýdandyr heý goýaý Halypa bagşy gözüne erk edip bilmedi. Soň Nazar at eýerlemäge çykdy. Ine şonda halypa bagşy Nazara näme berilse agşam berilipdir diýdi. Indi görseň möwç uryber diýdi. Şondan soň az ýatyp köp ýöräp, ahyry Tagtanyň iliniň bir çetinden bardylar. Ertesi halypa bagşynyň obasyna bardylar. Ertesi bular dagaşmankalar Hojakümmetden toýa habarçy geldi. Aman rugsat alyp obasyna gitdi. Ertesi bu toýy hem sowup öýli öýüne dargaşdylar. Nazar barýan ýerinde begenip ýol boýy içini gepledip barýar. Men nädip şeýle mähirli mähriban halypa duşdumkam. Eger-de başga bir bagşa duşan bolsam meni onuň ýaly ýere äkitmeg-ä beýle-de dursun. Hat-da ýol kireýiňi töläýin ýa-da bir howpdan sowanyňy-da diňlemezdi. Ölsem men nädeýin diýerdi. Men bu ýagşylyklaryň teýinden nädip çykarkam. Şol pikirlenip baryşyna ara ýolda bir dostunyňka bardy. Soň dem-dynjyny alyp obasyna baryp ýetdi. Iller ýene göz aýdyňa geldiler. Mal soýdylar. Ertesi Öwezmät bagşy bilen ikisini gezekme-gezek aýtdyrdylar. Bulara iliň aýdan alkyşynyň çägi ýokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |