12:25 Nazar Baga: Üçünji buýruk | |
• Üçünji buýruk
Aýdym-saz sungaty
Nazar baganyň Töre gyjakçydan soňky gyjakçysy Gubadagly Goşjan gyjakçydy. Şol döwürde toklylarda bir toý sowup obasyna gelse ýene Jüneýit handan adam bar eken. Ýadaw adamlar agşam ýatyp ýene ertesi Jüneýit hanyň huzuryna ugradylar. Ýolda bir ýatyp Bedirkende hanyň huzuryna bardylar. Bagşyny bir öýe eltdiler. Bagşynyň oturan ak öýüne Jüneýit han hem geldi. Jüneýdiň gelip oturany hem şoldy gapydan biri geldi. Han kaka biri arza geldi. Jüneýit han batly ses bilen ýogalyň diýip kowdy. Ýaňky adam iki elini gursagyna goýup ters ýöräp, ýaňy ugryna öwrülen wagty han hany ýaňkyny getiriň diýdi. Bagşylarda görsün diýdi. Soň bir garyby getirdiler. Jüneýit han ýaňky garyba aýt arzyňy diýdi. Garyp: Meniň gawunymy Baýyň ogly gyryp goýanok diýdi. Baýyň adyna ýetik bolansoň ony hem şol çagasy bilen getiriň diýip buýruk berdi. Baýy hem ýedi-sekiz ýaşly çagasy bilen getirdiler Jüneýit han baýa näme iş bilen geldiň diýdi. Baý bilemok getirdiler geldim diýdi. Jüneýit han indi bilersiň. Seniň ogluň terbiýesiz. Şu garybyň gawunyny gyrýan eken. Baý şu dar ýerde-de tapan suwuny topugyna getirmedi. Gaýtam bir terne bilen ölüp barýarmy diýdi. Jüneýit, baýa näçe tanap ýeriň bar? Baý: Elli tanap ýerim bar diýdi. Han näçe at arabaň bar diýdi. Baý: alty arabam bar diýdi. Näçe göş öküziň bar? Ol hem alty. Jüneýit han: Näçe daýhanyň bar diýdi. Baý: Sekiz diýdi. Jüneýit: näçe aýalyň bar. Ýedi aýalym bar; Jüneýit: Jüp gowy dälmi diýdi. Baý geplemedi. Oturanlar myhyny güldürdiler. Soň garypdan näçe tanap ýeriň bar diýip sorady. Garyp: tanap diýere ýerim ýok. Han: Näçe at arabaň bar. Garyp: ýok, Göş öküz: ýok. Onda ýeri nädip ekýärsiň? Barlylara kömekleşip. Soň Jüneýit han baryň çagany Nepese tabşyryň diýip buýruk berdi. Neresse çagany ahyrky ýoluna alyp ugradylar. Baý hem symjaryp çagasynyň yzy bilen ugrady. Baý çagasynyň awunjyna tekiz ýerde aýagy çalyşdy. Semiz garnynyň üstüne şarpyldap degdi. Jüneýit, baýa tur ýeriňden. Heleýleriň ýene ogul dogurar. Indikide şolara özüň ekip iýdir diýdi. Ýöne şolara esewan bolup ösdür. «At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden». Ertesi baga bagşy çaý içip otyrka ýene Jüneýit han geldi. Jüneýit: Nazar baga sen şol düýnki oglanyň günäsini diläýmediň diýdi. Bagşy: Men diwaryň jaýrygyndan Altyn oljak diýip elimi ýylan-öçýana göz-görtele çakdyraýynmy. Men hem Töre gyjakçy bilen gözli ýaşytdaş bolasym gelenok. Gyjakçy dagylar gülüşdiler. Jüneýit utuldy. Ýöne geplemedi. Gözüniň betnyşany bilen dowamly garady. Ol garaýşy howplyrak ýalydy. Ýöne her niçikdir ýarylmady: ýarylsa…dereginde süýkenesi gelýäne çalym edýärdi. Birdenem gapydan biri gelip han kaka Hywadan geljekler geldi diýdi. Hanyň alan awy elinden göz görtele sypdy. Han aýrysyna galyp ýumlukdy. Ertesi bagşy dagy gidýänçä Jüneýdi görmediler. Şeýdibem ugrap obasyna sag-aman geldiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |