NEBERE
Onuñ iki perzendi bardy. Bir ogul, bir gyz. Özi bolsa, abraýly, barly, demi daş ýarýan diýilýänlerdendi. Gyzynyñ ýaşlyk etmesi bilen aldanyp göwreli bolanda, aýalynyñ özelenmesine-de garaman "Seniñ ýaly perzendim ýok, bar nirä gitseñ git. Şu öýden garañy saýla", diýip kowup goýberipdi.
Ogly bolsa, ýokary okuuwda talyp bolup okaýardy. Öýlendirdi. Wagt geçip ogul agtykly boldy.
Wagt diýseñ çalt geçýär. Agtygy bir ýaşady. Uly toý berdiler. Şon-da ogly serhoş ýagdaýda awtoulgy bilen ýol heläkçiligine uçrady. Keselhana-da amanadyny tabşyrdy.
Bu wakadan ýyl geçdi. Ýaş gelini hem çagasy bilen enesi öýüne gitmäge rugsat berdiler. Başga näme etsin?
Indi, içini hümledip ýör. Gör ykbal nirelerden çykardy.
Bir günem garaşylmadyk ýagdaýda. Gyzy perzendi bilen gapysyndan geldi. Öz agasynyñ aradan çykanyny eşidenden öýüne gaýdypdyr...
Ol agtygyny görenden gözüne ýaş aýlap, bagryna basdy. Gyzyna bolsa, "Gyzym, meni bagyşla!" Diýip, yzyny aýdyp bilmän, damagy dolup gujagyndaky agtygyny, ýüz- gözlerininden gayta-gaýta ogşady.
© Remezan MÄMETGURBANOW.
Hekaýalar