NEBIT ÇYKAN GÜNI
Daň ýaňy agaryp barýardy. Burawy işledýän dwižogyň birsydyrgyn sesi diýmeseň, çöl säheri asudady.
Nobatçy ussa Begjan aýak üstündedi. Soňky ýetilen sepgitden çykarylan gumdan alnan nusgalyklary ýörite gapjagazlara guýuşdyryp, barlaga ýollamaga häzirleýärdi. Skwažinanyň baş ussasy Nazar oňa daň bilen ýola düşjegini aýdypdy.
Burawyň ses ýetimliginde ýerleşýän çaklaňja gum obasy hem, gumlulara mahsus ir turmak edähedine görä, eýýäm oýanypdy. Kim sürüsini örä çykarmak, kim düýe sagmak, kim nahar-çaý atarmak aladasy bilen başagaýdy.
Gum obasynyň edil alkymjygynda goýlan göçme jaýlar nebitgaz gözleg-burawlaýyş ulgamynyň işgärleriniňkidi. Ol jaýlar gumlularyň çagalary okaýan mekdebiň arka ýüzündedi.
Iki gat tagta diwardan ybarat gurnama jaýlar tomsuň petiş yssysyndan, gyşyň ýowuz aňzagyndan ygtybarly gorasyn diýlip, adatdan daşary howa şertlerinde işleýänlere niýetlenip ýörite oňarylandy. Nazaryň ýolbaşçylyk edýän gözleg topary gumuň haýsy künjünde buraw dikmekçi bolsa , şol ýere hem göçürilip eltilýärdi.
Indi üç ýyl bäri şol jaýlaryň bir otagy Nazaryňkydy. Çaklaňja-da bolsa, göze gelüwli ol otaga Nazar juda öwrenişipdi. Ýatmak üçin tagta seki, hat stoly, kitap tekjesi, eşik goýmaga şifoner, ine, otagyň esasy goşy şulardan ybaratdy. Naharhanadyr ýuwunmak üçin ýer burawda işleýänleriň ählisi üçin umumydy.
Tagta sekiniň arkasyna Nazar ejesiniň dokap beren halyçasyny asypdy. Ol haly otagyň esasy bezegidi. Oňa gözi düşende Nazar ejesini, özüniň goşun gullugyndan gelen uçurlaryny, kakasynyň araga saglygyny egbarladyp, dünýäsini başgalaň döwrüni ýatlaýardy.
Nebitgaz ulgamyna bagyşlanyp geçirilen haýsydyr bir sergide bolanda sowgat berlen ullakan fotosuraty hem Nazar daşyna çarçuwa oňardyp, jaýlar ondan-oňa göçürilende döwülmez ýaly, diwara pugta çüýläpdi. Ol suratda deňziň ýowuz tolkunlaryna tap getirip, adam başarnygynyň näderejededigini tekrarlap howalanyp duran buraw estakadasynyň ýaňy daň atyp, Gün dogup gelýärkä düşürilen keşbi bardy. Günüň ilkinji şuglalary wyşkanyň polat çarçuwasynyň arasyndan parran geçip, deňiz tolkunlarynyň ýüzünde birgeňsi öwüşgin döredýärdi. Estakadadaky işleriň gije-gündiz üznüksiz dowam edýändigini ýörite iş eşigindäki adamlaryň suduryndan aňmak bolýardy. Bu surat Nazaryň ýüreginde, eger başa bardyryp bilse, uzagyndan deňiz ýalpaklaryndan nebitdir gaz gözleýän ulgama geçmek höwesini oýarypdy.
Elbetde, gum durmuşynyň hem geolog üçin pajygasy ýetikdi. Çäge syraýşyndan ýaňa gözüňi açyp bolmaýan ýelli günler, ýakyp-ýandyryp barýan jöwzaly epgek, alaň-alaň depelerden ybarat birsydyrgyn içgysgynç görnüş, suw gytçylygy, oba-şähere mahsus birgiden hözirlerden kesatlyk... Barybir Nazaryň köňli pajygasy has ýetik, töwekgelçilikli ýeri––deňzi küýseýärdi. Bu barada ýaňzydanda, Myrat Nyýazowiç ony goldajagyny, amatyna gelende, şu ugurdan ýörite okadýan daşary ýurt nebitgaz şereketleriniň birine ýollajagyny, ýöne munuň üçin iňlisçäni öwrenmeginiň gerekdigini aýdypdy. Ine, şol zerurlyk hem Nazary gumly çagalaryň okaýan mekdebine eltipdi.
Mekdebe barmazdan öňinçä, ol burawda işleýänlere aşpezlik edýän, özi şu gum obasynda ýaşaýan Gülnabat daýzadan «Bärde iňlis dili okadylýarmy, ýok?» diýip sorap anyklapdy. Iňlis dilini şu ugurdan uniwersiteti bitiren, iki ýyllap okuwdan soň ýollanan ýerinde hökmany işläp bermek borjy zerarly bärik düşen Dursun atly gyzyň okadýandygyny bilipdi.
Dursun Nazary sowuk garşylady. Muňa onuň başky söýgüsinde şowsuzlyga uçramagy, ýigitlerden ätiýaçly bolmalydygy, olardan ýene-de aldanmagynyň mümkindigi baradaky pikir-oýlary sebäp bolupdy. Ol Nazary iňlisçe öwrenmek bahanasy bilen tanyşlyk açmak, bu içgysgynç çöl-beýewanda ýekelikden atygsan ýüregine ýeňles ýüreklije zenan tapmak niýeti bilen geleniň biridir öýdüpdi.
Haçan-da Nazar iňlisçäni näme üçin öwrenmekçi bolýandygyny aýdanda, bu ýüzi Güne gaýzygan ýigidiň sözleriniň ýürekden çykýandygyna, onuň arzuwynyň çagalykdan kenarynda önüp-ösen deňzi bilen baglydygyna, niýetiniň tämizdigine düşünipdi, sapak bermäge yrlypdy.
Sebäbi oňa deňzi etekläp oturan obalarynyň alkymynda ýaýylyp ýatan ýowuz hem merdemsi mawy ummanda belent-belent nebit estakadalaryny esaslandyrjak adamlaryň birisi ýüz tutupdy. Bu ýerde hem söýgi bardy. Ýöne başgarak söýgi–adamyň öz ýürekde beslän arzuwyna bolan söýgüsi. Beýle söýgi juda ygtybarly hem tämiz bolguç. Onuň amala aşmagyna mümkingadar ýardam berip başarsaň, ondan galan ýakymly ýatlama hakydaňda müdimilik saklanýar.
Nazaryň niýeti ertirlik çaýyny şäherde edinmekdi. Häzir bolsa, çalydyr aýranynyň oňatlygy bilen gum obajygynda tanalýan Seýitjan agalara sowlup, Myrat Nyýazowiç üçin biraz çaldyr aýran almakçydy. Onsoň burawa barmakçydy.
Obalarynyň alkymynda buraw dikip, gözleg geçirip başlanlarynda, gumlularyň käbirisi beýle ahwaly oňlaman, «Bärden nebit ýa-da gaz çyksa, obamyzy başga ýere göçürerler» diýşip, obanyň kethudasy Seýitjan aganyňka maslahata barypdyrlar. Şonda Seýitjan aga «Nebitdir gaz çykandygy üçin göçmeli bolsak, juda göçeris. Beýle sebäp göçeniňe degýän sebäp» diýip, olary köşeşdiripdi. Bu barada Nazara özlerine aşpez bolup ýerleşen Gülnabat daýza gürrüň beripdi. Gülnabat daýzany, bu jelagaýa gözleg-burawlaýyş işini geçirmäge gelen uçurlary, eli süýji, dili hem şondan peslärli däl aşpez gözleýändigini aýdanda, Köçek salgy beripdi. Köçek tokaý hojalygynyň işgäridi. Buraw dikilen ýerde işleriň tebigata zelelsiz alnyp barylmagyny gözegçilikde saklaýardy. Ilki işe başlan döwürleri Nazar onuň talabyna ýeterlik ähmiýet bermändi. Muny artykmaç alada hasaplapdy. Burawy ondan-oňa göçürenlerinde, süýräp äkidip, birgiden çöl ösümliklerini zaýalan gezegi Köçek onuň bilen ýüzbe-ýüz oturyp düşünişipdi. «Bu paýhynlan sözen-sazaklaryňyzyň bilýäňmi näçe ýylda kemala gelenini?» diýipdi. «Çölde ösümlikler juda haýal ösýär» diýipdi. «Bular bolmasa, syrgyn turanda çäge süýşürip, siziň wyşkaňyzy bir gijede gömjegini, başga-da köp harapçylyk etjegini unutma!» diýipdi. Olar soňabaka dostlaşypdy. Köçek Nazary çölüň adam aýagy sekmedik diýilýän ýerine äkidip görkezipdi. Şonda garaw görmän peýwagtyna ösen ojardyr sözen-sazaklaryň howalanyp duran keşbi Nazary haýran galdyrypdy. Olar öten-geçen mazlumlaryň tämiz ruhlaryna çalym edip, asuda hem merdemsi görünýärdi. Özlerem «Biziň neberämiz neneň-niçiksikä?» diýşip, ýanlaryna barany içgin synlaýana meňzeýärdiler.
Soňra iş arasynda pursat tapynyp, Nazar ol ýere Dursuny hem äkitdi. Ol çaklaňja tokaýlyk Dursuny has-da geň galdyrdy. Çölüň içinde şeýle ýerler bolýandyram öýtmeýärdi. Bu ýer onda ötegçi dünýä, adama parz borçlar, söýgä ygrar, birek-birege sarpa, mukaddes zatlara seždegählik, lebzi halallyk ýaly duýgulary ýiti oýardy. Şeýle ahwaly Dursun doglup önüp-ösen Garadepe obasyndan daş bolmadyk ýerdäki sönen wulkan Garadagyň ýanyna baranda hem başdan geçirýärdi. Bu sapar Nazaryň Dursun bilen arasyny jebisleşdirdi. Iňlisçäni öwrenmek hem öwretmekden ötri, başgarajyk has süýji, has lezzetli, kalbyňy heýjana salýan, ýüregiňi täsin öwüşginli san-sajaksyz ýüpek rişdelerine çolaşdyryp, özüne bende edýän bähbitdeşligiň hem bolup biljekdigine imrindirdi.
Nazar taýyn edilen nusgalyklary birlaý gözden geçirip:
––Entek irräk öýdýän –diýip, Begjanyň ýüzüne seretdi.
––Menem şeýle pikirde –diýip, Begjan ylalaşdy.
––Hany, göreli bakaly, esasy barlaghana näme diýerkä?
––Entäk gazyberiň diýäýmese...
––Gazma kemini goýmadyk. Myrat Nyýazowiçiň ýanyna barsam «Guýyny haçan tabşyrýaňyz?» diýip, gyssasa gerek, şonuň üçünem çagyrandyr. Çaklama görä, bu wagta çenli dynmalydyk.
––Çaklamada ýalňyşylýan halatlarda az däl –diýip, Begjan eginlerini ýygyrdy. ––Belki, bu gezek hem biraz ýalňyşylandyr.
––Bolýar, men gitdim... –diýip, Nazar maşyna oturdy.
––Sag-aman baryp gel!
Nazaryň niýeti Gün gyzmaka şähere aşmakdy.
Gumuň içi bilen barýarkaň, ol «Älem-jahan çöllükdir» diýen pikiri hyýalyňa getirip, uç-gyraksyz bolup görünýär. Aýratyn-da, tomsuna. Petiş yssydan ýaňa patrak gowrubermeli derejede gyzan çäge maşynyň tekerlerini ýakmasa ýagşydyr diýip howsala düşýärsiň. Suwsuzlykdan heläk bolmak dowly hem gapdalyňdan galmaýar. Birnäçe günläp dowam edýän ýelli howada syrap ondan-oňa göçýän çäge naharyňa-çaýyňa aralaşyp, gözüňe-gulagyňa girip, dişleriň arasynda gyjyrdap durýan pursatlary «Türkmen aganyň paýyna düşen ýurt ýeri, gel-gel, indi şu itgyranyň çöli bolaýmalymy?» diýip kejigýän halatlaryň-da bolýar. Emma bu sähranyň astynyň durşy bilen nebit-gazdygyny, bol rysgaldygyny ýatlap, köşeşýärsiň. Ýöne ony gazyp almakda iş bar. Ýyl-ýyldan erjelligi talap edýär. Sebäbi ýeriň ýokarky gatlaklarynda ýatan ýaş nebitiň gorlary azalýar. Aşaky gatlaklardaky garry nebite gazyp ýetmek bolsa aňsat däl.
Nazar bu barada gürrüň berende, Dursun geň galypdy:
––Nebitiň hem ýaşy-garrysy bolýamy?
––Elbetde. Emele gelen döwrüne, ýerleşýän gatlagyna görä, nebitiň hem ýaşy-garrysy bolýar.
––Men-ä gyzlaryň ýaşy-garrysy bolýandyr öýdýärdim. Garrygyz bolup oturmakdan juda gorkýan! –diýip, Dursun degişme äheňinde gülüpdi.
––Biz häzir ýakyn gatlaklarda ýerleşýän ýaş nebiti alýarys –diýip, Nazar düşündirdi. ––Çuň gatlakda ýatan garry nebite gazyp ýetmek kyn hem çykdajyly. Şonuň üçinem häzirlikçe, esasan, ýaş nebit gorlarymyz bilen oňňut edýäris.
––Garry nebite gazyp ýetip bilmeýänimiz zyýanymyza däldir-dä, hernä? Ol akyp, başga ýurtlara geçip ötägitmezmi?
Dursunyň bu sowalyna Nazar hezil edip gülüpdi:
––Ýok-la, ol ýeriň aşagynda ýygşyrylyp goýlan hazyna mysaly. Haçan gazyp alýançak şol ýerde saklanar.
––Onsoň ol ýaş nebit diýýäniň ýaşy näçeräk?
––Ýetmiş million ýyl töweregi.
––Bäý-bä! Onda garry nebitiň ýaşy näçeräjik?
––Garry nebitiň ýaşy iki ýüz million ýyldan geçýär.
––Diýmek, bu gum obajygynyň alkymyndan çykmaly nebit ýaş nebit-dä?
––Hawa, özem çaklamalara görä, gory juda uly bolmaly.
––Asyl bu gum obajygy çaýkanyp ýatan nebit kölüniň üstünde otyr diýsene?!
Dursunyň bu sowalyna-da Nazaryň gülküsi tutupdy. Ýöne özüne basalyk berip, mümkingadar düşnükli dilde düşündirdi:
––Hiç bir ýerde hem nebitiň çaýkanyp ýatan köli ýok. Nebitli gatlakda nebit toýuna, çägä, heke ýa-da beýleki ýerasty jynslara siňip, eznäp ýatýar. Ony almak üçin nebitli gatlakda güýçli basyş döretmeli. Şeýdilende, nebitiň özi ýeriň üstüne zogdurylyp çykýar.
––Ýagny fontan urýar?!
––Hawa, şeýle diýseň hem boljak.
––Meniň şol geň hem dabaraly pursady göresim gelýär.
Tasdanam Nazar «Sen onu basym görersiň. Şu skwažinamyzyň fontan urjak döwri daşda däl» diýipdi. Ýöne saklandy. Sebäbi nebitiň nähili bolup gara berjegini öňünden aýtmak kyndy. Belki, gaz bilen gatyşykly çykar. Belki, ýodly-bromly suw bilen bilelikde. Belki, fontan urar. Belki, aramlyk bilen akar. Ony öňünden bilip bolmaýar. Dogany Amanyň ekiz ogly bolanda-da şeýle bolupdy. Şonda Nazar dynç alyşdady. Obadady. Aman, ejesi –– üçüsi oba bäbekhanasynyň daşynda ullakan termos pitä ajydan-ajy demlenen çaýdan içip, şepagat uýasynyň «Buşluk!» diýip daş çykaryna garaşyp, ondan-mundan gürrüň edip uzak oturypdylar. Ogultagan eje gelni sag-salamat toýlasyn üçin göwreli aýallaryň patmasy Maman bikäniň ýoluna bir goýun sadaka hem aýdypdy. «Buşluk, ogluňyz boldy!» diýip şepagat uýasy daş çykanda, wagt ýarygijeden agypdy. Aman begenjine göge böküpdi. Ogultagan ejedir Nazar bolsa beýle hoş habaryň hatyrasyna şepagat uýasyny gadyrly gujaklap, buşluk hakyny beripdiler. «Indi siz öýüňize arkaýyn gaýdyberiň. Ejesiniňem, bäbegiňem ýagdaýy oňat!» diýlensoň, öýe dolanyp, öweç öldürip, ertirki toýuň aladasyna berlipdiler. Ine, şondan biraz wagt geçip-geçmänkä-de, «Buşluk, ýene-de bir ogul bäbegiňiz boldy!» diýen habar gelipdi.
––Gelnimiň garnyny ulam-a görýärdim. «Etrap merkezine barlaga äkit!» diýseler, Aman hem işli bolansoň, köpleriň edişi ýaly, öňünden anyklatmaga-da äkidip bilmedik. Ine, şatlyk! –diýip, Ogultagan eje ertesi «Ömürleri uzak bolsun!» diýşip gelýän goňşy-golamlara joşup gürrüň berýärdi.
Täze nebitiň hem nähili «doguljagy» entek belli däldi. Hernäçe çak uranyň bilenem, ol ýeriň astynda, sen –– üstünde. Arada gat-gat çuňluk ýatyr.
«Sazakly» gözleg-burawlaýyş ulgamynyň başlygynyň kabulhanasynyň agzynda adam ýetikdi. Içerik ätläp, öňden garaşyp duranlar bilen salamlaşyp ugran Nazara gözi düşen kätip gyz:
––Siz nobata garaşman, dessine girmeli. Myrat Nyýazowiçiň tabşyrygy şeýle –diýip duýdurdy.
Myrat Nyýazowiç gapdalyndaky kresloda oturan, ýyllar halys süňňüni sykan, şeýle-de bolsa özüni ezber tutýan garryja adam bilen haýsydyr bir çyzgylary gözden geçirýärdi. Ol adam bütin ömrüni şu ulgama bagyşlan, «Oglanlar, men indi halys garrapdyryn» diýip, birnäçe ýyl bäri pensiýada oturan, ýöne tejribesi ýetikdigi üçin «Gelip gidäýiň!» diýip, häli-şindi çagyrylyp, maslahat soralyp durlan, «Baryp biljek däli» ýok Hydyr Nepesowiçdi.
Nazara gözi düşen Myrat Nyýazowiç ur-tut:
––Skwažinany haçan tabşyrýaň? –diýip, talabedijilikli, şol wagtyň özünde hem biraz nägilelik duýlup duran äheňde sorady.
Onýança-da Hydyr Nepesowiç:
––Sen oglanyň salamyny bir al, saglyk-amanlyk soraş, iş gürrüňini onsoň et! –diýip, Nazara arka durdy. ––Gel, iner ogul, gurgunçylykmy? –diýip, ýaş-ýeleňlere duşanda ulanýan hoşamat sözleri bilen ýüzlendi.
––Haçan soraşsagam, saglyk-amanlygyň gaçyp gitjek ýeri ýok. Menden baş kärhana hasabata garaşýar –diýip, Myrat Hydyrowiç Nazaryň ýüzüne «Hawa, aýdyber?» diýýän terzde seretdi.
Aslyýetinde, Nazaryň häzirki derejä ýetmeginiň esasy goltguçysy Myrat Nyýazowiçdi. Mundan birnäçe ýyl ozal, esgerlikden gelensoň, Nazar biraz kerpiç guýulýan ýerde işläpdi. Onda hem ybaly ornap bilmänsoň, şähere gidip, awtoulag ýuwulýan ýere ýerleşipdi. Günüň dowamynda çaň-tozan basan, palçyga bulaşan ulaglary ýuwmakdan ýaňa lüti çykyp, elleri garrap gidýärdi. Her gün gazanan girdejisiniň ujundan iş hakyny bölüp berýärdiler. Nazar bolsa ony sowman, özünden uly dogany Amanyň toýuna taýynlyk görýän ejesine eltip berýärdi.
Ine, şonda, hepdede bir gezek, käte-de on-on iki günden juda çaň-tozan basan, içine çäge syran ak «JIP» maşynly, Güne gaýzygan, diýseň berdaşly bir adam gelýärdi. Nazar maşynyny ýuwup bolýança, kölegedäki oturgyçda oturyp, nähilidir bir ýazgylara imrinýärdi. Az geplidi. Daşyndan hyrsyzrajygam görünýärdi. Özem maşyn ýuwýanlaryň eliboşunyň bardygyna, Nazaryň şol wagt işlidigine seretmezden garaşýardy. Maşynyny heran-haçan Nazara ýuwdurýardy. Nazar onuň öňüne içjek diýse-diýmese, çaý demläp goýýardy. Ol beýleki müşderilere görä köp töleýärdi. Ýöne Nazar ondan hiç haçan artykmaç pul almaýardy. Öýlerinde pul zerurlygynyň ýitidigine seretmezden, bu müşderisi babatda juda hakyna jürdi. Sebäbi ol beýleki müşderilere meňzemeýärdi. Onda haýsydyr bir özüne imrindiriji geň keşp, salyhat bardy.
Bir gezek bolsa, maşynyny ýuwup ugradansoň, Myrat Nyýazowiçiň oturan oturgyjynyň gapdalyna gaçyp galan gapjyga gözi düşdi. Penjegini çykaryp, ýanynda goýanda gaçyran bolsa gerek.
Gapjygyň içi puldan doludy. Şol gidişinden soň Myrat Nyýazowiç iki hepdäni geçirip gelipdi. «Gapjygym gaçyp galmanmy?» diýibem soramandy. Adatda bolşy ýaly, oturgyja geçip, hat-peteklerine berlipdi. Nazar oňa gapjygyny gaçyryp gidendigini aýdyp, yzyna gowşuranda, «Sagbol! Gumda düşläp dynç alan ýerimde gaçyrandyryn öýdüpdim» diýipdi.
Şondan soň ol-a wagtal-wagtal gelip, endik edinen ýerine geçip oturyp maşynyny ýuwdurýardy. Nazaram ol babatdaky şol öňki salyhatyny saklaýardy.
Bir gün welin uzak hem içgin gürleşdi:
––Gullukda bolduňmy?
––Hawa.
––Sen ömür şu ýerde işlemekçimi?
––Häzirlikçe tapan işim şu-da...
––Eger gowy iş hödürlesem nädersiň?
––Işlärin.
––Ýöne şäherde däl.
––Nirede?
––Çölde.
––Goýun bakmalymy?
––Ýok, goýun bakmaly däl. –diýip, ol güldi.
––Onda nähili iş?
––Skwažinada. Gözleg-burawlaýyş işlerinde.
Nazar birbada näme jogap berjegini bilmän ýaýdandy.
––Näme dymýaň? –diýip, Myrat Nyýazowiç ony gyssady. ––Ýa-da gumda işlemekden gorkýaňmy?
––Ýok, gorkamok...
––Onda näme?
––Ejem näme diýerkä. Soraşyp göreýin.
––Dogry edýäň, geňeş.
Ejesi «Gözümden daş düşersiň!» diýip, birbada göwnemejek ýaly etse-de, häzirki işiniň ykbaly däldigi, ony baky kär edinip bolmajakdygy, ýanyndaky käbir ýaramaz kişileriň täsirine düşüp, içgä ulaşyp, zaýalanyp gitmeginiň hem mümkindigi barada Amanyň aýdanlary täsir edip, teýahyr yryldy.
Şeýdibem, Nazaryň durmuşynda täze, nurana döwür başlandy. Ol ilki Myrat Nyýazowiçiň elinde buraw ussasynyň kömekçisi bolup işledi. Işine jürlügine, salyhatyna syny oturan Myrat Nyýazowiç onuň nebitgaz ulgamynyň baş kärhanasynyň adyndan nebitgaz gözlegi ugrundan okuwa iberilmegini gurady. Mekdebi oňat gutaranlygy, ýatkeşliginiň gowulygy üçin giriş synaglaryny şowly tabşyryp, Nazar okuwa ýerleşdi. Ony bitiribem, ýene-de öňki iş ýerine ––Myrat Nyýazowiçiň ýanyna geldi. Iki ýyl töweregi işläp-işlemänkä, Myrat Nyýazowiç «Sazakly» ulgamyna ýolbaşçy edilip bellenip, öňki ornuny Nazara ynandy, ýaşan otagyny hem oňa goýdy.
––Tijeniň! Tijeniň! Baş kärhananyň öňünde «Möhletden giç galýaňyz!» diýdirip, ýüzügara etmejek boluň! –diýip, Myrat Nyýazowiç hoşamat äheňe geçdi.
––Ýakyn günlerde hoş habara garaşyberiň! –diýip, Nazar jogap berdi.
Onuň göwnüne bolmasa, şu guýynyň gazuwy bisähet gün başlanan ýalydy. Ýelli howa bolup, çäge syrap, ýagyş güýçli ýagyp, buraw meýdançasyny suw basyp buraw işini tok bilen üpjün edýän dwižok döwlüp, möhletden ep-esli yza galynypdy. Iki günlükde bolsa burawda nobatçylyk edýän ussalaryň birisi ––Hezret içinden bir agyry tapynyp, barlaga gidipdi. «Köriçege» diýip, ony operasiýa ýatyrypdylar. Burawdaky nobatçylyk gezegi öňkä görä-de ýygy düşüp, aşa ýadamaly bolýardy.
––Meniň seni çagyrmagymyň sebäbi başga zat –diýip, Myrat Nyýazowiç Nazaryň ýüzüne ýylgyryp seretdi. ––Sen maňa aýt, iňlisçäni biraz öwrenip bildiňmi?
Myrat Nyýazowiçiň äheňinden gürrüňiniň näme baradadygyna düşünen Nazar begenip jogap berdi:
––Hawa, hiç neneň däl.
––Şu guýyny tabşyraňsoň, Malaýziýa okuwa ibäris. Men bu barada eýýäm gürleşdim. Işgärler bölümine baryp, zerur resminamalary doldurarsyň. Täze döwür, täze zamana, has bilimli, sowatly, öz hünäri babatda dünýä derejesinde taýynlykly adamlary talap edýär. Oka, öwren, arzuwyňa ýet!
––Dogry aýdýaň, kärdeş –diýip, Hydyr Nepesowiç onuň sözlerini alyp göterdi. ––Ýigrimi birinji asyr. Dünýä ýüzünde aýak alnyşy ähli babatda üýtgäp, ösüp, özgerip barýar. Işler has ykjam enjamlaşdyrylýar. Durmuş barha gözelleşýär, halkyýetler jebisleşýär. Meniň çowlujagym Hoşgeldi golaýda kompýuter tilsimaty boýunça çagalaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldy. Iňlis dilini suwara bilýär. Häzir fransuzçany öwrenip ýör. Dördünji synpda okaýan garagözelek türkmen oglanjygy. Ine, saňa gerek bolsa üstünlik! Biziň gelejegimiz gör nädýär, täze adam, döwrebap adam kemala gelýär! Men oňa «Sen ataň ýoly bilen git!» diýýän. Ol «Bolýar» diýýär. Eýýäm dünýäniň atly nebitgaz şereketleri baradaky maglumatlary oňat bilýär. Men onuň aslyna ygrarly, halal, mert adam bolup ýetişjegine ynanýaryn. Ýurdy bolsa mert kişiler beýgeldýär!
Nazar Hydyr Nepesowiçiň kalbyňy heýjana salýan dabaraly terzde gürläp başarýanyndan habarlydy. Baş ulgamda baýramçylyk çäreleri bolanda, Hydyr Nepesowiçi çagyryp, halypa nebitçi hökmünde söz berýärdiler. Onuň nurana nutugy adamlar üçin özboluşly bir sowgatdy. Aýratyn-da, Hydyr Nepesowiçiň çykyşynyň soňunda nygtamagy gowy görýän «Ýurdy mertler beýgeldýär!» diýen jümlesi ulgamyň işgärleriniň arasynda ýörgünlidi.
Myrat Nyýazowiçiň:
—Nebit çykdy habaryny aýdan dessiňe barjakdyryn. Hydyr Nepesowiç hem alyp –diýmegi Nazary «Şeýle adamlar köpräk bolsa bolmaýarmy. Ine, mert adamlar diýip şulara diýäýseň» diýen pikirinden saplady.
Nazaryň hoşlaşmak üçin uzadan elini goýbermän, mähirli gysyp durşuna, Hydyr Nepesowiç oňa öwütli äheňde ýüzlendi:
––Ýeriňe-ýurduňa, nebitiňe-gazyňa, ýeneki rysgalyňa ygtybarly eýeçilik etjek bolsaň, iňlisçäni hem, zerur bolsa beýleki dilleri-de, suwara öwrenmeli. Bilimiňi, başarnygyňy dünýä derejesine deňlemeli. Ine, şonda özüňi hakyky watanparaz adam, gowy işgär hasaplap bilersiň. Meniň şu pendi-nesihatymy unutmagyn!
––Bolýar, sagboluň!
––Çalyň-aýranyň üçin minnetdar. Ýaňy Käbe jaň edip aýtdy –diýip, Myrat Nyýazowiç hoşlaşyp gapa ýönelen Nazara hoşallyk bildirdi.
Käbe Myrat Nyýazowiçiň gyzydy. Lukmançylykda okaýardy. Hoşgylawdy, mylaýymdy. Dursun bilen tanyşmanka, gowy gyz hökmünde Käbe Nazaryň häli-şindi hyýalyna gelip-geçýärdi.
Nazar oba baranda, ejesiniň «Seniň hem öýleneniňi görüp biläýsem» diýip, ýaşynyň bir çene ýetendigini, obada gowy-gowy gyzlaryň kemala gelendigini, mydama gumda bolansoň, olaryň ýetişenindenem Nazaryň habarsyzdygyny ýaňzytmagy Nazary çuň oýa batyrýardy. Aman hem indi «Öýlen!» diýip, ony gyssap gününe goýanokdy. Nazar halaşýan gyzynyň bardygyny onuň ýokary okuwda okaýandygyny, şony bitirse, öýlenjekdigini aýdyp başyny gutarýardy. Soňundan özüne iň ýakyn adamlary aldanyna ökünip, ejir baryny çekýärdi. Iş-okuw—iş, wagt bilniksiz geçipdi. Ynha, ol ýene-de okuwa gitmeli bolup dur. «Belki, toý tutup, soň gider. Şu gyssag aradamy? Käbe bilenmi? Myrat Nyýazowiç-ä begense gerek. Onuň şeýle niýetiniň bardygy aýtmasa-da duýulýar. Ýok, Nazaryň ýüregi Dursun diýip atygsaýar. Ýöne Nazar ony ýekeje gezek ogşabam görenog-a, söýgi sözünem aýdanog-a? Belki, Dursunyň halaşýan ýigidi bardyr?»
Nazar tolgunýardy, ine, ahyrsoňy ozal gazan guýulary bilen deňeşdirende güzap baryny görkezen guýudan hem nebit çykdy. Beýle dabaraly pursadyň ýelli güne gabat gelşini diýsene! Wyşkanyň depesinden zogdurylyp akýan nebit ýeliň badyna ep-esli ýere seçelenip gidýärdi.
Burawyň töwereginde imisalalyk ýer tapmansoň, Nazar otagyna baryp, tizden-tiz şähere jaň etdi:
––Myrat Nyýazowiç, buşluk, nebit çykdy!
––Berekella, gutlaýan, basym bararys! –diýip, Myrat Nyýazowiç begençli jogap berdi.
––Bärde güýçli ýel turýar. Dikuçarly gaýtmak howply bolaýmasyn? –diýip, Nazar duýdurdy.
––Azamat bilen maslahatlaşyp görerin. Şoňa bagly, eger «Äkidip bilerin» diýse, dikuçarly, ýogsa-da maşynly bararys.
––Bolýar garaşýas.
Ol soňra Dursuna jaň etdi. Nebitiň fontan urşuny görmekçidi. Şol arzyly pursat geldi, goý, görsün!
Dursun dessine ýetip geldi.
––Ine, muňa gara altyn diýerler! –diýip, Nazar wyşkanyň ýokarsyndan gara läbik bolup zogdurylyp çykýan nebit çüwdürimini geň galyp synlaýan Dursuna ýüzlendi.
––Gutlaýan, azabyňyz ýerine düşüpdir!
––Sagbol!
Öz ömründe beýle dabaraly ahwaly ilkinji gezek görýändigi üçin geň galmakdan ýaňa başyny üznüksiz ýaýkaýan Gülnabat daýza hem Nazary gutlady:
––Gözüň aýdyň, hanym!
––Gülnabat daýza, tutumyňyzy ulurajykdan tutup, nahary bolrajyk ataryň! Bar et azlyk eder öýtseňiz, gumlulardan bir goýun alyp geliň. Bahasyny soň özüm hasaplaşaryn.
Onýança-da:
––Nebit çykdy habaryny eşidip, dädem begenjine bir öweç iberdi –diýip, Seýitjan aganyň ogly semiz öweji egnine atyp geldi.
––Tüýs bolaýypdyr, sagboluň! –diýip, Nazar hoşal boldy.
Seýitjan aga başlyklaýyn gum obasynyň adamlary hem gelip, Nazarydyr nebit çykdy däbine görä, maňlaýyňa nebit çalnan işgärleri gutladylar.
Onýança-da dikuçaryň sesi eşidildi. Myrat Nyýazowiçdir Hydyr Nepesowiç, şeýle hem olar bilen gelenler gadyrly salamlaşyp, biri-birlerini gutlansoňlar, Nazar dikuçaryň sürüjisiniň ýanyna bardy.
––Azamat, sag-salamat aşdyňmy? Bu ýelli howada uçmak aňsat däldir?
––Öwrenişipdirin. Nebit çykdy habaryny eşitdigi, gije bolsun, gündiz bolsun, ýelli bolsun, ýagyşly bolsun, Myrat Nyýazowiç ol ýere dessine uçýar. Bu onuň hobbisi-edähedi. Dogrymy diýsem, onuň ýerinde bolsam, menem şeýderdim. Sebäbi nebitçi üçin täze ýatagyň açylan pursady ýaly begençli pursat ýok bolsa gerek. Onsoňam onuň bilen täze nebitiň hilini barlaýan, guýyny zaýaçylyga ýol berýän, tizden-tiz berklemegiň aladasyny edýän adamlaram gelýär. Bu juda pähimli çykalga ahyryn.
––Dogry aýdýaň –diýip, Nazar ylalaşdy.
Adamlar ýygnanyşyp, täze nebit känini synlaýardylar. Ýel hem bu şatlykly pursady harap eýlemäýin diýip, indi akyllanan deýin köşeşipdi.
Myrat Nyýazowiçiň keýpi gowudy. Ol :
––Hany, Hydyr Nepesowiç, bu begençli hadysanyň hatyrasyna, siz bir nutuk sözläýiň, ýagny «Nebit tapyldy» toýumyzyň dabarasyny açyp beräýiň –diýdi.
––Sakgaldaş, ýer-ýurt siziňki, belki, siz başlarsyňyz?! –diýip, Hydyr Nepesowiç gapdalynda duran Seýitjan aganyň ýüzüne seretdi.
––Ýok, ýok, söz sizdendir. Bu bitirilen iş size degişli ahyryn! –diýip Seýitjan aga özüne bildirilen sarpa minnetdar bolup, goluny daldalatdy.
Hydyr Nepesowiç ýüzlerini şatlyk alamaty gurşan adamlara birlaý hoşamaý nazaryny aýlap, labyzly sesi bilen söze başlady:
––Ynha, nebit çykdy, adamlar, gutly bolsun, gory bereketli bolsun!
Ýerli-ýerden çapak çaldylar.
––Nebit halkymyzyň rysgaly –diýip Hydyr Nepesowiç sözüni dowam etdirdi. ––Bu rysgaly gazyp çykarmak üçin köp zähmet, janypkeşlikli zähmet çekildi. Işiň bu başky etaby. Tapylan nebit känini ygtybarly özleşdirmek –– işiň indiki etaby –diýip, Nazaryň hem-de burawda işleýänleriň ýüzlerine guwançly seretdi. ––Berekella, oglanlar, iş bitirip bildiňiz! Siziň käriňiz azaply hem kyn bolsa-da, buýsançly kär. Sebäbi siz ýurdumyzyň nebitgaz gaznasyny täze ojaklar bilen baýlaşdyrýaňyz. Ony ýangyç üpjünçiligi babatda garaşsyz edýäňiz. Siz kynçylykdan gorkmaýan, ilini-ýurduny tüýs ýürekden söýýän mert adamlar. Ýurdy bolsa mertler beýgeldýär!
Degşilip-gülşülip iýlip-içilensoň, burawyň gapdalyndaky takyrlaç meýdançada ýaş-ýeleňler üýşüp, küşt depmäge başladylar. Esasan, gum obasynyň ýigitleridir gyzlaryndan ybarat ol topara soňundan Nazardyr Dursun hem goşuldy.
Gazal düzmäge ýaşlykdan dili werziş edinen Dursunyň joşgunly aýdan gazaly batly ýaňlandy:
Meniň göwnüm söýeni, eý, nebitçi ýaş ýigit,
Ýer göwsünden çykarýaň garry nebit, ýaş nebit.
Neçüýn beýle ýygra sen,
Söý, bas meni bagra sen,
Ikimiz bir-birege juda mynasyp jübüt!
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar