10:02 Nedirguly / erteki | |
NEDIRGULY
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtlarda bir baýyň Şirmaýy atly ýalňyz gyzy bar eken. Günlerde bir gün oba bir döw aralaşyp, süri mallar bilen birlikde baýyň ýalňyz gyzyny hem özi bilen alyp gidipdir. Ýalňyz gyzyny aldyran baý gaýgy-gama batypdyr. Şol günüň ertesem uly ile jar çekdiripdir. Kim-de kim gyzyny yzyna alyp getirse, özüniň şol adama döwletiniň baryny bagyşlajakdygyny hem-de gyzyny oňa nikalap, olaryň şanyna uly toý tutjakdygyny aýdypdyr. Bu habary eşiden batyr, edermen ýigitlerden gara döwüň yzyny alyp gidenler kän bolupdyr. Aradan iki-üç gün geçipdir, emma ne gyzdan, ne-de onuň ugruna çykan ýigitlerden habar bolmandyr. Üçünji gün diýlende, baýyň nökeri Nedirguly baýyň ýanyna barypdyr. - Baý aga, gidenlerden yzyna dolanany bolmady. Menem iki gündür goýbermän nähak saklap otyrsyňyz. Baý aga, rugsat beriň, menem bagtymy synap göreýin. - Wah, Nedirguly jan, oglum. Bagtyny synlap men-men diýen ýigitler gitdi, yzlaryna welin dolanmadylar. Bilýän, olar heläk bolandyr. Bilýäň-ä, halys ýeke galdym. Seniň bilen bolsa öwrenişip gidipdirin. Şonuň üçinem seni ýitiresim gelenok. Senem gitseň, onda men heläk bolaryň. - Baý aga, siz zady gaýgy etmäň. Ynanyň, maňa hiç zat bolmaz. Umytdan düşmäň. Gyzyňyz aýatda diri bolsa bolýar, men ony hökman size alyp gelerin. Maňa bir ýyndam at, ok-ýaýdyr kesgir gylyç hemem ýol azygymy beriň. Başa gelenini görübererin. Ýa alaryn, ýa ölerin. Şondan soň baý wepaly nökeriniň ýol şaýyny tutup, onuň ýola düşmegine garşy bolmandyr. - Bar git, oglum, ýoluň ak, ýoldaşyň hak bolsun. Sag gidip, aman gel! Özüň bilen ýalňyz dikrarym, Şirmaýyny hem alyp gel. Ýöne bir zady unutma. Obadan çykaýan ýeriňde bir garyp külbe bardyr. Onda bir garry mama ýeke özi ýaşaýandyr. Ony görmän, onuň bilen salamlaşman, üstüni depeläp geçiji bolmagyn. Oňa biziň dogaýy salamymyzy ýetiriň! Iýer-içer ýaly zatlardanam berip geçgin. Garry mama zatdan habarlydyr, onuň aýdan-diýenleri bilen bolsaň, hor bolmarsyň!—diýip, oňa ak pata beripdir. - Bolýar, baý aga. Sizem aman-sag oturyň! Men ony hökman görerin, salamyňyzam ýetirin, azygynam gowşyryn. Nedirguly baý bilen hoşlaşyp, garry mamanyňka bakan at salypdyr. Onuň bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşypdyr. Soňam özüniň nireden gelýändigini, näme maksat bilen ýola çykandygyny oňa birin-birin gürrüň edip beripdir. -- Bä, bul-a bolmandyr. Gara döwüň obany talanyny eşitdim. Ýöne baýyň gyzyny götereninden habarym ýokdy. Bu mahal baý gyzy üçin gyýylýandyr. Aslynda seniň hojaýynyň sahawatly adamdyr, günde-günaşa iýjek azygymy iberip duranam şoldur. Ömri uzak bolsun. Oglum, men saňa näme diýeýin. Janyňa rehmiň insin. Gelen yzyňa gaýtsaň, ýagşy bolardy. - Ýok, mama jan, men yzyma gaýtmak üçin ýola düşmedim. Men gorkak, züwwetdin däl. - Ne bir güler ýüzli, nowjuwan ýigitler gitdi. Olaram seniň ýaly özlerine göwni ýetýän ýigitlerdenmişin. Ýaş ömürleri kül boldy. Kyrk kelleli bir guýrukly aždarha ýoluňy saklap durandyr, ol senem aýap goýmaz. Hälem bir pille, senem yzyňa gaýt. Onuň bilen oýnuň deň gelmez. --Mama jan, meniň ene-atam ýok, ýetimçe. Baý bolsa meniň ýeke-täk hossarym. Onuň elinden çörek iýip ulaldym. Indem onuň başyna iş düşen mahaly, öýde gol gowşuryp, boş oturyp bilmerin-ä! Başymy orta goýup, bagtymy synap görmek meniň boýnumyň borjy dälmi? Şu güne çenli baý aga-da meniň gitmegime garşy çykdy. Men barybir gidýän, bir başa bir ölüm bar diýidim Ahyry göwnedi, ak pata beribem ýola saldy. Eger-de döwden üstün çykmagyň ýoluny, tärini bilýän bolsaňyz, mama jan, aýdyň. -- Gitmegi halys ýüregiňe düwen bolsaň, onda meniň aýdanlarymy pugta diňle, hemme zady aýdyşym ýaly etgin. Dogrusy, men bu zatlary senden öňkilere-de aýtmakçydym. Haýp, olar meniň ýanyma sowulman göni geçip gidipdirler. Barybam al kakmyş, kyrk kelleli bir guýrukly ajdarhanyň penjesine düşdüler. - Mama jan, hany aýdyň, baryny pugta ýadymda saklaryn, diýişiňiz ýaly hem ederin. Şondan soň bilgiç mama eline alan aýna bölegine siňe-siňe seredipdir-de, o ýerden bir zatlar okan ýaly, şeýle diýipdir: - Aýtsam, seniň gözleýän gyzyň döwüň elinde, häzirem diri. Ýöne döwüň mekanyna ýetmek üçin isleseň-islemeseň, kyrk kelleli bir guýrukly ajdarhanyň üstünden geçmeli borsuň. Oňa başga gidýän ýol-ýoda-da ýok. Ajdarhanyň bolsa doýdumy-doýmazy bolmaz. Golaýyna barany iki üzüp, bir ýalmap dur diýýä. Ana, şol ajdarhaly meseläni bir ýüzli edip bilen adama şu ýoly alyp gidip otursa, öňüňden döwüň ýaşaýan gowagy çykar. Bir zady ýadyňdan çykarma. Kyrk kelleli bir guýrukly aždarha ýatan mahalynda-da gözlerini açyp ýatýandyr. Eger-de sen ony garawullap, ýatan mahalynda sary zäherden her gözüne birki damja damdyrmagy başarsaň, onda aždarhanyň gözleri derhal gara kömre öwrüler. Şondan soň bada-bat guýrugyny kes. Şondan soň guýrugynyň agyrysyna çydamadyk ajdarhaň kelleleriniň arasynda birek-birek bilen rehimsiz söweş başlanar. Birek-biregi çem gelen ýerine agyz salyp ýaralar. Soň olara ünsem berme, ýoluň bilen boluber. Onuň gaýdyp yns-jynsa azary degmez, öz derdi özüne ýetik bolar. Häzir men şol sary zäherden bir gaba guýup bereýin. - Sag boluň, mama jan. Siz maňa uly kömek etdiňiz. - Oglum, ýene-de bir zady ýadyňda sakla. Kyrk kelleli bir guýrukly ajdarhadan geçäýen ýeriňde bir topar gylýallar otlaşyp ýörendir. Olar bir gara at tarapyndan gabalyp, gara döw üçin bakylýandyr. Seni görseler, hersi bir tarapa gaçmak bilen bolar. Gara at bolsa döwe hyzmat edýän, jadylanylan atdyr. Şonuň üçinem ol seni görse-de gaçmaz. Oňa mündügiň, hiç bir at onuň yzyna eýerip bilmez. Ol seni göni gara döwüň huzuryna elter. Ine, şu suwdan onuň endamyna sepseň welin onuň jadysy derhal aýrylar, özem ak ata öwrüler.Soňam adam dilinde gürlär. Nedirguly garry mamanyň beren sary zäherli gutusyny hem-de jadyly suwuny alyp, onuň bilen sagbollaşyp, onuň ak patasy bilen ýoluny dowam etdiripdir. Ol az ýöräp, köp ýöräp, ahyry kyrk kelleli bir guýrukly aždarhanyň bolýan ýerine baryp ýetipdir. Ol baranda töwerek ümsümlik, ajdarhanyň bolsa ýatyp, dynç alýan wagty eken. Dogrudanam, garry mamanyň aýdyşy ýaly, kyrk kelleli bir guýrukly ajdarha uklanda gözlerini açyp ýatýan eken. Oglan onuň gözlerine birin-birin sary zäherden sepmäge durupdyr. Arman ähli zat onuň garaşyşy ýaly bolmandyr. Haçanda, Nedirguly kyrk kelleli bir guýrukly aždarhanyň iň soňky kyrkynjy kellesine ýetende gabyndaky sary zäheri tükenip oturyberipdir. Şunlukda, kyrk kelleli bir guýrukly aždarhanyň otuz dokuz kellesiniň gözleri sähel salymda ýanyp, gara kömre öwrülipdir. Şol dara-direlikde-de Nedirguly ajdarhanyň guýrugyna gylyç salyp, ony kesip taşlamagy başarypdyr. Kyrk kelleli aždarha aýylganç ses edip, ukudan oýanypdyr. Guýrugynyň agyrysyna çydamadyk kelleler bolsa “Göremok-da, göremok!” bolşup, öz aralarynda rehimsiz söweşe başlapdyrlar. Birek-biregi çem gelen ýerine agyz salyp ýaralapdyrlar. Oňa derek kyrkynjy kelläniň gözleri ähli zady görüpdir, hatda eli gylyçly Nedirgulynynyň yzyndan kowmakçy bolup gazaba-da münüpdir. Haýp, gözleri şowa kör bolan otuz dokuz kelläniň hersi bir ýana urnup, oňa gymyldara maý bermändir. Şonuň üçin hem ýekeje kelläniň bitiren goşy bolmandyr. Gaýta hersi birýana çekeläp oturan kelleleriň zarbyndan ýaňa guýruksyz ajdarhanyň göwresi uçut gaýalaryň birinden aşaklygyna togalanypdyr-da, heläk bolupdyr. Nedirguly şondan soň ýoluny dowam etdiripdir. Arman onuň münüp barýan aty orta ýolda bir kem tapyp ykylypdyr, ýykylan ýerinde-de jan beripdir. Nedirguly bolsa mundan aňry ýoluny pyýadalap geçmeli bolupdyr. Şol gidip barşyna otlaşyp ýören bir topar gylýal sürüsine gabat gelipdir. Nedirguly olardan birini tutmakçy bolupdyr. Ýöne gylýallar oňa eýgertmändir, hersi bir tarapa gaçmak bilen bolupdyr. Ahyrynda bir gara ata atlanmak oňa başardypdyr. Gylýallar ylla çapyşyga goýberilen ýaly biri-birinden ozuşyp barýar eken. Bir görse, gara at ähli gylýallary yzda galdyryp, aýagy ýere degmän barýamyşyn. Nedirguly atyň üstünde zordan otyrypdyr. Aty şunça saklajak bolupdyr, bolmandyr. Ol şondan soň özüniň münüp barýan atynyň jadylanylan atdygyny bilip, garry mamanyň aýdany güpbe ýadyna düşüpdir. “Şu at dogrudanam gara döwüň aty bolsa gerek. Garry mama-da ”Hiç bir at onuň yzyna eýerip bilmez. Ol jadylanylan atdyr, döwüň atydyr” diýip aýdypdy. Şu at döwüň aty bolsa gerek” diýip içini gepledipdir. At bir demde Nedirgulyny döwüň mekanyna alyp barypdyr. Şu ýerde Nedirguly garry mamanyň beren suwuny atyň derläp duran endamyna sepipdir. At birdenkä iki aýagynyň üstüne galyp kişňäpdir-de, ony ýykara gelipdir, soňam ak ata öwrülip, adam dilinde gürläpdir: - Sag bol, ýaş ýigit. Meni gara döwüň güzabyndan gutardyň. Aýt, saňa menden näme kömek gerek? - Gara döw, mal-gara bilen bilelikde, hojaýynymyň gyzyny hem alyp gaýdypdyr. Men şol gyzyň yzyndan geldim. - Üç gündir gowakda bir gyz bar. Belki seniň gözleýäniňem şol gyzdyr. Ýöne ol ýerik barmak örän howpludyr. - Sen gara döwüň janyny nirede saklaýanlygyny bileňokmy? - Bilmesine-hä bilýän. Ýöne, bilende näme? Ony almaga milt etjek tapylmaz. Ho-ol aşakda dagyň bir bölegi bolup duran äpet daşy görýärmiň? - Görýän. - Görýän bolsaň, ana gara döwüň jany şol daşyň aşagynda. Ýöne ol äpet daşy döwüň özünden başga ýerinden gozgajak güýç ýok bolsa gerek. - Heý-de, döwüň janyny ele salmagyň çykalgasy tapylmazmyka? - Ol gury hyýaldan başga zat däl. Olar birsellem pikirlenişip oturypdyrlar. Ahyry ak at şeýle diýipdir: - Aslynda bir zady synap görmek gerek. Belki... - O nähili synag, dostum, aýtsana? - Aýtsam, hälki gören gylýallaryň hemmesi gara döwüň bokurdagy üçin bakylýar. Şonuň üçin gara döwden gutulmak olaryňam arzuwy. Häzir men olara-da sala salyp göreýin. “Köpüň güýji-siliň güýji”. Ýöne howlukmak gerek. Gara döwüň geljek wagtam daş däl. Sen bar gyzy boşat. Men basym dolanaryn. Şondan soň ak at gylýal sürüsini bakan at saldy. Nedirguly bolsa gowagyň içine girdi. Gowagyň töründe agaja baglanylyp goýlan gyza gabat geldi. Ol gyzyň Şirmaýydygyny görenden tanady. ” Diriligine şükür” diýdi. Soňam: - Şirmaýy!” diýip gygyrdy. Bu sesi Şirmaýy hem eşitdi. Ýöne geçen üç günüň içinde bir gezegem özüniň çyn adynyň tutulmanlygy ony geňiregndirdi. Soň bu ses ikilenç gaýtalandy. - Şirmaýy! Seniň ýagdaýyň gowumy? Bu men, Nedirguly! Seniň yzyňdan geldim. - Nedirguly!—Ol aljyraňňy halda gürledi. - Sen dogrudanam Nedirgulymy! Seniň bu ýerde ne işiň bar? Janyňdan irdiňmi? Gara döw geldigi seni iýer. Meni iýmegi welin her gün ertire goýýar. Ertesem iýmegi goýbolsuun edýär. Men onsoň her gün gelip iýer gorkusy bilen ýaşaýan. - Şirmaýy, sen gorkma. Men seniň ýanyňda. Seni gara döwden halas ederin, söz berýän. Men seniň yzyňdan geldim. - Bukul oglan, döw gelýär! Gara döw gelende ýer sarsyp, gapylar-penjireler şakyrdaşyberer eken. Şu gezegem şeýle boldy. Ol gele-gelmäne gahar-gazaba mündi. - Adam ysy bar. Ýa-da seniň yzyňdan gelen boldumy?—diýip, gyzdan soraýar. Gyz sesini çykarman, oňa gorkuly seredýär. - Men saňa aýdýan, bu ýerik gelmäge kim het edip bildi? Adam ysy bar diýýän, aýt, bu ýere kim geldi? Aýtmasaň, häziriň özünde men seni iýerin. - Döw aga, men bu ýerde del adam görmedim. Adam ysy gelýäni dogrudyr, Menem adam çagasy ahyryn. Geliň, meni iýiň, menem şu zyndanlykdan dynaýyn. - Ýok, seni iýmekçi däl. Sen heniz semremeli. - Men şundan artyk semremerin. Iýiň! - Bolýa, goý seniň diýeniň bolsun. Taýýar bol, şu gün ýatmazymdan öň iýäýerin—diýip, çykyp gitdi. Nedirguly gara döw gidendensoň bukulan ýerinden çykdy-da gyzy daňysyndan boşatdy. Ony gowakdan daşary alyp çykardy. Onýança-da ak at hem bu ýerde peýda boldy. Ony gören Şirmaýy: - Nedirguly, bu ak at hem gara döwüň atlaryndan biri bolaýmasyn, ägä bol!—diýdi. - Şirmaýy, ak atdan gorkmagyň geregi ýok. Men onyň jadysyny açdym. Ol öň gara atdy, ak ata, adaty ata öwrüldi, özi-de adam dilinde gürläp bilýär. Ol bize gara döwden dynmaga kömek edýär. Şondan soň ak at özi bilen getiren gylýallaryna baş bolup, äpet daşy ýerinden gozgamaga durdular. Her näçe kynam bolsa, olara daşy ýerinden gozgamak başartdy. Nedirguly çüýşäni eline alan dessine gara döw bu ýerde peýda boldy. Ol janynyň oglanyň elindedigini görüp, çök düşüp ýalbarmaga başlady: - Adamzat, sen janyma degme. Isleseň, atdyr düýeleriň ýüküni sap tylla-kümüşden tutup bereýin.—Şo dem ol gözüniň gytagy bilen ak ata bakdy: ”Bol gyr atym, dep, dişle, toýnakla!” diýen äheňde gözüni ümledi. Gara döwüň ümüne düşünen ak at bolsa: - Ýok, döw aga, o diýeniň bolmaz. Men indi siziň atyňyz däl. Men özümiziňkilere gowuşdym –diýdi. Gara döw ýerinden turmakçy boldy. Onýança ak at: - Oňa dözmezçilik etmäň ahyryn! Bahymrak çüýşäni döwüň, bolmasa, ol biziň barymyzy iýer-- diýdi. Nedirguly şeýle-de etdi. Onuň başyndan aýlap zyňan çüýşesi äpet daşa degip, kül-uşak boldy. Gara döw bolsa şo ýeriň özünde serpmeden gaýdan ýaly ýykylyp, jan berdi. Ak at Nedirgulynyň ýanyna gelip: - Ýagşy ýigit, indi bizem ýurdumyza aşaly. Men gylýallary özün bilen oba alyp bararyn. Bu şatlykly habary ilki bolup baýa habar berenem men bolaryn. Onsoň men ony siziň öňüňizden çykararyn. - Dogry aýdýaň, dostum, bar, baý agamyzy “gelýärler” diýip begendir, bolmasa ol gam laýyna batyp oturandyr. Şondan soň ak at gylýallara baş bolup oba ugrady. Nedirguly hem gara döwden galan hazynany atdyr düýelere ýükläp, ýola düşdi. Nedirgulynyň tylla-kümüş ýüklenen kerweni garry mamanyň ýeke özi ýaşaýan garyp külbesiniň deňinde saklandy. Olar iki bolup, garry mama salam berip bardylar. Garry mama-da olary görüp begendi. - Tüweleme, tüweleme, gözüň aýdyň oglum, är işini bitirdiň. Uly obany kyrk kelleli bir guýrukly ajdarhanyň, gara döwüň gazabyndan gutardyň. Gyzy tapyp maksadyňa-da ýetdiň. Bagtyňyz açyk bolsun balalarym! - Mama jan, siz bolmasadyňyz, belki men maksadyma ýetmezdim. Şonuň üçinem meniň sizden bir haýyşym boljak. - Aýt, oglum. Näme haýyşyň bar? - Haýyşymy ýerine ýetirjekdigiňize söz berýäňizmi, mama jan! - Haýyşyň bitdigi hasap edäý, oglum. Henize çenli garry mamaň söz berip, sözünde tapylmadyk gezegi bolan däldir. - Onda diňläň. Biz özümiz bilen gara döwden galan uly hazynany alyp barýarys. Olar esli bar. Soň bir gün gelip kyrk kelleli bir guýrukly ajdarhaň hazynasyny hem daşamakçy. Nesip bolsa, biz bu baýlygyň bir bölegini garyp-gasara paýlarys, galanynam obamyzyň gaýrasyndaky ymgyr çöllükde dünýede taý tapylmajak üýtgeşik, owadan şäher gurdurarys. Mundan beýläk sizem biziň bilen şol şäherde bile ýaşasaňyz, şonda biz hasam bagtly bolardyk. Garry mama uzak oýlanjak bolubam durmandyr. - Bolar, köşek. Goý, seniň diýeniň bolsun! Esasy zat, indi oba adamlaryna howp saljak zat ýok. Olar indi mydama asuda, rahat, gorkusyz ýaşarlar—diýipdir-de, garry mama olar bilen gaýtmaga razylyk beripdir. Ony düýä mündüripdirler. Basym Nedirguly hem-de Şirmaýy dagylar kerwene baş bolup obanyň bir çetinden girdiler, olary ilki bolup garşylanam ak ata atlanan baýyň özi boldy. Il-halk Nedirgula köp alkyş okady. Şondan soň Nedirguly kyrk kelleli bir guýrukly ajdarhadan galan hazynany hem obasyna daşady. Soňam öz aýdyşy ýaly, baýlygynyň bir bölegini obanyň garyp-gasaryna paýlady, galanyna bolsa ýer ýüzüniň atly ussalaryny ýygnap, owadan bir şäher gurdurdy. Baý gyzy Şirmaýyny Nedirgula nikalap berdi. Olar kyrk gije-gündiz toý-tomaşa etdi. Olaryň tutan toýunyň dabarasy dag aşdy. Şol toýa bizem gatnaşdyk. Baý hezil bol-da! Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |