22:02 Neneñ borka Waýomingiñ haly? | |
NENEÑ BORKA WAÝOMINGIÑ HALY?
Publisistika
"Nebraska - gyzyl. Kolorado - mawy. Oklahomany Tramp aldy. Oregony Baýden gazandy. Miçigan heniz belli däl." Ştatma-ştat karta çykarýarlar. Gepleşigi alyp barýan töññe soraýar… “Wiskonsin siziñ üçinem sýupriz bolmadymy?” Garşysyndaky meýmenetsiz jogap berýär... “Meñ üçin-ä Minnesota has çökderräk şowsuzlyk boldy, beýle bolar öýdemokdym.” Waýomingi alada edýärler. Ses sandyklarynyñ netijeleri boýunça iñ soñky maglumaty almak üçin Nýu-Ýorka göni ýaýlyma birikýärler. Begenjine basalyk berip bilmän, “Arizonany aldyk” diýip, dilinden sypdyrýanam bar. Özlerine “yerli we milli” diýen ildeşleriñ ekranlardaky bolşy hakykatdan ybrat beriji. Ykballaryny ABŞ-na baglapdyrlar... Tramp ýykylsa, domino daşy ýaly özleri-de ýykylaýjak ýaly saññyl-saññyl titreýärler, utanmasalar, ýagmyr dogasyny etmäge çykylşy ýaly, Tramp dogasyny etmäge çykaýjaklar. Bu añyýet... bu kelle ýüz ýyl öñem şeýledi. Amerikan mandatlygy üçin Wilson prinsipleri jemgyýetini gurupdylar. Bizi halas etse-etse diñe amerikanlar halas eder diýýärdiler. ABŞ-nyñ ýurda girmegini isleýärdiler. Bizi azyndan 15 ýyl gorap-goldamagyny, bilim bermegini, ekläp-saklamagyny isleýärdiler. ABD'nin memlekete el koymasını istiyorlardı. Mandat - sygyr diýmek däldi, fransuz sözünden gelip çykan sözdi. “Ygtyýarlyk” manysyny berýärdi. Emma mandatlygy köre-körlük bilen talap edýänleriñ sygyrdan hiç hili tapawudy ýokdy! anlamına geliyordu. Stambuluñ habar beriş serişdelerinde şuny ýazanlaram bardy... “Cözgüt başyboş goýsalaram, biz ýene-de Amerikanyñ hemaýatyna bil baglamalydyrys, hatda Fransiýanyñ, Angliýanyñ, Italiýanyñ hemaýatyna bil baglamak gerek, diñe biriniñ mandatlygy bolmalyñ, näme üçin biz diñe birine kaýyl bolmaly?” Şol wagt ABŞ-nyñ prezidenti Wilsondy. Wilson taryh professorydy, Prinston uniwersitetiniñ rektory bolup işläpdi "ýer ýüzüne serenjam bermek maksatnamasy" üçin 1919-njy ýyl parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolupdy, ýer ýüzüne serenjam bermr maksatnamasynyñ çäginde Türkiýäniñ gündogaryny hyýalda gurlan Ermenistana sowgat berýärdi, ol "garaşsyz Ermenistanyñ atasy" bolmak isleýärdi. Biziñ amerikan mandatçylarymyzyñ guran "Wilson prinsipleri jemgyýetiniñ" Wilsony, ynha, şeýle adamdy! Ak Tam hökümeti mandat düzgünine şeýle baha berýärdi... “Türkler ne-hä özlerini dolandyryp bilerler, ne-de başgalaryny. Başy egik gezmäge degişlidirler. Ahlak we maddy taýdan iñ amatlysy amerikan mandatlygydyr. Gowy netije almak üçin Kürdüstana çenli ähli etrap gereklidir. Uruşa milliardlarça dollar harçlamagyñ ýerine mandatlyga millionlary harç edeniñ has amatly!” Amerikan Senatynyñ mandatlyk meýilnamasyna laýyklykda Türkiýä bäş ýylyñ içinde 750 million dollar berilmeli, 60 müñ amerikan esgeri gelip ýerleşmeli we gerekli bolan halatynda esger sany 200 müñe çenli çykarylmalydy. Şazada Abdylmejit amerikançydy. Ol öz ýanyna gelen iñlislere aç-açan şeýle diýýärdi: Kendisini ziyaret eden İngilizlere açıkça söylüyordu, “Kuwaýy Milliýe" bilen hiç hili dahylym ýok, olaryñ Anadoluda girişen hereketi haýynlykdyk, telbelikdir we wagşylykdyr, Türkiýe amerikanlaryñ ygtyýarlygyna berilmelidir” diýýär! Watansöýüji duýgulara eýe bolsa-da, ýurduny azat etmek üçin amerikançylykdan başga çykalga ýol tapmaýanlaram az däldi. Stambuldaky azat ediş toparymyz bolan Karakol jemgyýetiniñ gurujylaryndan Kara Wasyf beý meselem... "Ýurt perişan, kör-köpük pulumyz ýok, 500 million lira bergimiz bar, girdejimiz bu berginiñ göterimini ýapmaga-da ýetenok, haçana çenli şeýdip ýaşamaly, geliñ mandatlygy kabul edeliñ, soñuny soñ görübereris, amerikan muawenetine (howandarlygyna) sygynmaga mejburdyrys” diýýärdi. Halkyñ “mandat” kelimesinden bimaza bolýandygyny bilýändikleri üçin özleriçe söz toslaýardylar, mandat diýmän “muawenet” kelimesini ulanýardylar. "Garaşsyzlygymyzdan el çekemzok, diñe “kömek” sorajak bolýarys" diýen bolýardylar. Mandatlygyñ iñ janköýer tarapdary Halide Edipdi. Ol amerikançylaryñ başyny çekýärdi. “Gelen pul - spesializasiýamyz we güýç-kuwwatymyz ýok. Amerika bu hususda bize diýseñ bähbitli. 15-20 ýyl janaýaman işläp, täze Türkiýäni janlandyryp bileris” diýýärdi. “Milli buýsanjymyzda eglişige gitsegem, amerikan mandatlygyny kabul etmekden başga çärämiziñ ýokdugyny” öñe sürýärdi! Ismet Inönü bolsa mandatlyga keskelläm garşydy. Onuñ pikiriçe mandatlyk diýen zat “daşy ýalpyldawuk derman gerdejigidi”. Daşy ýalpyldadylan, jäjekler bilen bezelen gerdejigi ýuwdarymyza garaşýardylar. Mustapa Kemal şarpa kesdi zyñdy... “Amerikan mandatlygy diýip tapdylar bir zady, bu hiç haçanam bolmaz, amerikalylar biziñ gara gözümize aşykmy? Amerikan mandatlygy diýip çyrpynýanlar bu millete ynanmaýanlardyr. Ýa azatlyk, ýa ölüm!” diýdi. Ondan bäri ýüz ýyl geçipdir, seredip görýäs welin... Heýjanelekçi mediýamyzda ştatma-ştat ses sandyklary sanalýar, iñ soñky maglumaty paýlaşyp begenýärler, tüýs ýürekden gynanýarlar. "Wiskonsin sýurpiz boldy. Minnesota şowsuzlyga uçratdy. Wah-waheý, Miçigan elden gitdi. Neneñ borka Waýomingiñ haly?" ABŞ-nyñ prezidentiniñ kim boljagy, elbetde, bütin dünýä üçin gyzykly. Emma, ýerli we milli röwüşlere bürenip, Türkiýäniñ ykbalyny ABŞ-na baglaýanlaryñ bolşy, hakykatdanam, utanç, ullakan masgaraçylyk, hakykatdanam iniñi tisgindiriji. Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 07.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |