NEPESIÑ HEKAÝATY
—Bir gürrüldi bar ýa-da meniň gulagyma eşidilýärmikä? –diýip, Gara aga agşam düşleg edinen ýerimizde otyrkak diňşirgendi.
Bizem özara gürrüňçiligi bes edip, daş-töweregi goýry tümlüge gaplan çöl gijesinden del bir ses eşitmäge çalyşdyk. Dogrudan-da, wagtal-wagtal öwüsýän sörtük ýeliň arasy bilen kä pessaýlap, käte-de güýjäp gürrüldi sesi hem ýaňlanyp gidýärdi.
—Öz-ä uly maşynyň ýa-da traktoryň sesine çalym edýär –diýip, Aşyr çak urdy.
Ses barha ýitileşip, indi onuň hut bize tarap gelýäni mälim boldy. Bir haýukdan, garrylar aýtmyşlaýyn, «jynyň yşygy» ýaly bolup, iki sany öçügsije çyra hem göründi. Ol üsti agyr-agyr turbaly ýük maşyny bolup çykdy. Deňimize gelip, yk tarapymyza geçip, «Halys sütünim süýndi» diýýän deý, bir-iki gezek uludan-uludan warryldady-da togtady. Ondan orta boýly sürüji böküp düşüp, bize tarap ýöneldi.
—Bolsa-da, edim-gylymy bilýän adam ekeni. Ýelämizde saklanyp, ajy tüssä gaplamady –diýip, Gara aga gelýäniň kimdigini seljermäge çalşyp, garaňkylyga tiňkesini dikdi.
Onýança-da, berdaşly ýaş ýigit gelip:
—Essalawmaleýkim, giç ýagşy! –diýip, salamlaşyp ugrady.
—Waleýkim, gelen ýagşy. Nepes jan, köşek, bu senmi ýa-da meňzeş gördümmi? – diýip, Gara aga sürüjiniň goluny goýbermän durşuna sorady.
—Men, men, Gara däde –diýip, sürüji ýylgyrdy. —Asyl bu sizmi...
Ol saçagyň başyna geçip ornaşansoň, uç-gyraksyz çölüň içinde bu biwagt näme işläp ýörendigini düşündirdi:
—Ýolda maşynym döwlüp, gijä galdym. Ýogsam Gün ýaşmanka ýetmeli ýerime aşýardym. Burawçylara turba daşap berýärin. Gum içinde gije ýöremek howatyrly, azaşmagym mümkin. Şonuň üçin siziň oduňyzy görüp, «Gijämi ýeke geçirmäýin-le» diýip sowuldym.
— Gowy edipsiň –diýip, Gara aga oňa çaý guýup uzatdy. —Al, iýip-iç, ýoluň ýadawlygyny çykar.
— Meniň öz ýanymda-da garbanarlyk oduk-buduk zadym bolmaly –diýip, ol çasbaň turdy-da, maşynyndan goşhaltasyny alyp geldi. Iýer-içerlik zatlary saçaga goýuşdyrdy:
— Alyberiň!
— Be-eý, onsoň, hötdesinden gelip-eýgerip, döw ýaly daýaw şu maşyny sen sürýärmiň, Nepes jan?! –diýip, Gara aga sürüjä degdi.
— Hawa, men, Gara däde.
— Tüweleme.
Ol soňra bize ýüzlendi:
—Men size Nepes jany tanadaýyn. Köpetdag goraghanasynda Nepesiň kakasy bilen bile işledik. Gowy adamdy, pahyr, ýatan ýeri ýagty bolsun! Ol wagtlar Nepes on – on iki ýaşlaryndaky oglandy. Indi, ynha, ýapy ýaly ýigit ýetipdir. Goraghana sapara gidenimizde köplenç muny hem ýanymyz bilen bile alyp giderdik.
—Şol günler-ä hezil günlerdi –diýip, Nepes ýylgyrdy. — Gyzykly, bigam çagalyk döwrümiz...
—Unudaňok gerek?!
—Ýok-la!
—Unutmagyn.
Soňra Gara aga Nepese bizi tanatdy:
—Bu — Öwez. «Haýwanat bagynyň» direktory. Bu — Aşyr. Döwük–ýenjik bejerýän lukman. Bu ýigit — Sapar, sürüjimiz. Bu ýigit bolsa hat–petek adamsy. Gazetde işleýär. Soňra näme üçin guma çykanymyzy aýtdy: —Bu oglanlar meni «Siz bir seleň sähra belet awçy adam, «Haýwanat bagy» üçin köwükdir garagulak tutup beräýiň» diýip alyp gaýtdylar.
—Bolaýypdyr.
Nepes garbak–gurbak edinensoň, o-da söhbede goşulyşyp, gürrüňçilik gyzyşdy.
—Çagalykdan goraghanada ulalan bolsa, Nepesiň-de gören-eşiden wakalary köpdür –diýip, men söz nobatynyň sürüjä berilmegine esas döretdim. Sebäbi geň-enaýy tebigata çaga gözleri bilen seredeniňde, onuň nähili görünýändigini, ýaňy durmuşyň bir çetinden giren oglanda janly–jandarlar bilen bolýan duşuşyklaryň galdyrýan täsirini bilmek gyzyklydy.
—Hawa, ýatda galan täsirler-ä köp. Ýazyjy bolsaň, kitap ýazybermeli – diýip, ol ýylgyrdy. —Şu işimi hem tebigata ýakyn durmak üçin saýladym. Biraz agyr diýmeseň, gyzykly iş. Çöl gözelligini synlap, sürüp gidip oturmaly. Her dürli haýwanlara-da gabat gelýäň.
—Täsir köp bolsa, gürrüň beriber. Biz diňlemäge höwesek, iki gulagymyz sende –diýip, Aşyr dillendi.
—Beý, nämeden başlasamkam...
—Hol, daş togarlaýşyňdan başlaber –diýip, Gara aga ýeserlik bilen ýylgyrdy.
—Ä-äý, şol eden betligimi aýdaýynmy-aý, Gara däde?! –diýip, ol ýaýdandy.
—Aýt, aýt, oglanlykda betlik etmeýän barmy näme?! –diýip, men ony tijedim.
—Bir gezek, bahar pasly aýaklap barýarka, Gara däde, kakam, sürüji hem-de men bolup, «Niwa» maşynly goraghana gitdik.
Niýetleri goraghanany aýlanyp, janly-jandarlaryň neneň-niçik ýagdaýdadygyny görmek, ot-çöpleri guran ýerlerde ýangyn howpunyň öňüni almakdy. Munuň üçin kätmen bilen çapyp, pil bilen gyrçap, birden ýangyn turaýsa-da, uzaklara ýaýrap bilmez ýaly, gorag zolaklaryny döredýärdiler. Käbir meýdançalaryň bolsa ot-çöpüni özleri otlap aýyrýardylar.
Meniň borjum Gara dädäniň ataryp berip giden nahar-çaýyna esewanlyk edip, käte bir oduny ölçerip durmak diýmeseň, uly bir bitirýän pişäm ýokdy. Nahara oturansoňlar-a asla-da boşdum. Baýyrlara münüp, jarlara düşüp, pisse tokaýlyklarynyň arasynda aýlanyp, oklukirpimi, tilkimi, itaýymy, togdarymy, laçynmy... gabat gelýän jandarlary synlap, özbaşyma gezibermelidim. Agşam yzymyza gaýtjak wagtymyz düşleg ýerimize dolansam ýeterlikdi.
Kakam dagy çaý-nahar edinenlerinden soňra bir-iki sagat uklap, gözleriniň awysyny hem alýardylar. Şeýdip, agşama çenli şol ýerde bolýardyk.
Düşleg edinýän ýerleri köplenç köne jaryň içinde, ýapgydrak raýyşda biten ullakan pisse agajynyň kölegesi bolýardy. Sebäbi belent, ýalazy ýerlerde düşleg edinmek amatsyzdy. Ýel turup, oduňy uçuryp äkidip, ýangyn döretmegi mümkindi.
Ine, şol gezek hem kakam dagy mazaly ýadap, günortanlyk edinmek üçin geldilerem welin, meniň borjum tamamlanyp, goraghanany aýlanmaga gitdim. Ilki bilen düşleg ýerimiziň gapdalyndaky baýryň depesine münüp, daş-töweregi synlamagy niýetime düwdüm. Baýyr hernäçe belent bolsa-da, men oňa oglan ýeňilligi bilen emgenmän çykdym. Meni haýran galdyran zat — baýryň çür depesindäki äpet daş boldy. Tos-togalak, ýylmanak daş ol ýere üstünde oturyp, töweregi synlamak üçin ýörite eltilen ýalydy. Şeýle ýylmanak çagyl daşlaryny jarlaryň hanasynda köp görýärdim. Ýöne ol daş welin has goçakdy. «Ýerinden gozgadarmyka?!» diýip, men ony bar güýjümi jemläp, düňdermäge çalyşdym. Dyrjaşa-dyrjaşa kynlyk bilen beýläk düňderdimem welin, ol aşaklygyna garşy togarlandy gidiberdi. Özem hut kakam dagynyň düşleg edinen ýerine tarap. Men eden işimiň telekdigine dessine düşündim. Ýöne giçdi. Daş barha batlanyp, indi böküp-böküp, okgunly barýardy. «Hernä, kakam dagydan sowa geçäýedi» diýip, dileg edip garaşyp durun. Onýança-da, aşakda jarkyldy boldy. Yz ýanyndanam kakam dagynyň galmagaly eşidildi. Men dilegimiň duşmandygyny, näme-de bolsa bir bolmasyz işiň bolandygyny aňdym.
Aşakdan «Basym gel!» diýip, kakam gol bulaýardy. «Barsammykam ýa-da gahary ýatyşýança goraghanada gizlenip gezibersemmikäm?» diýip ýaýdandym.
Her näme-de bolsa aşak düşmegi, etmişim üçin kakam ursa-da kaýyl bolmagy niýetime düwüp, sazanaklap, ýanlaryna bardym. Görsem, ýaňky daş batly togarlanyp barşyna, entek nahary guýlup orta alnyp ýetişilmedik çoýun gazany döwüp geçip gidipdir. Şeýdip, olar günortan owkatsyz galdylar.
— Onsoň, kakaň urmadymy? –diýip, guma münen maşynymyzyň sürüjisi Sapar sorady.
— Ýok, urmady.
— Käýemedemmi?
— «Beýtmeli däl ekeniň. Adam öldürseň nätjek?!» diýdi.
— Meniň oglum şeýle iş eden bolsa-ha, öler ýaly ýenjerdim.
— Nepes janyň kakasy arkaly hem giň adamdy –diýip, Gara aga söze goşuldy.
— Men şonda tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, her bir edýän hereketiňi oýlanyşykly etmelidigine düşündim –diýip, Nepes hekaýatyny paýawlady.
Onýança-da ortadaky öçeňkirläp ugran oduň yşygyna tutup, goşar sagadyna äňeden Öwez:
—Adamlar, ýatalyň, giç bolupdyr –diýdi.
Biz adat edişimiz ýaly, düşlän dessimize dikip taýynlan çadyrymyzda, Nepes bolsa oduň golaýynda, Gara aganyň ýanynda, maşynyndan alyp gelen köneje ojakbaşy halysynyň üstünde ýatdy.
Daňdan, ýaňy Gün dogup ugranda Nepesiň maşynynyň güňlenç sesine oýandyk.
—Bagyşlaň, irden bimaza etmeli boldum. Men gitmesem, burawda garaşýandyrlar –diýip, ol hoşlaşyp ýola düşdi.
Biz hem turup, ot ýakyp, çaý gaýnadynmagyň ugruna çykdyk.
Säher howasy şeýle tämizdi. Bir azajyk egin ýygyrdýan sowujak hem bardy. Ýüzi daraw-daraw goňras-sarymtyl çäge alaňlaryna düşýän ýiti gün şöhlesi bu gün howanyň gurakdan yssy boljakdygyny aňdyrýardy.
Gara aga turan dessine edähedine görä, töwerege aýlanmaga gitdi. Ol her bir yza, her bir ojardyr sazagyň düýbüne ünsli seredýärdi.
Garagulak tutmagyň, esasan, özüne degişli borçdugyny undanokdy.
Hemra ŞIROW.
Goşgular