NER
Meniň goňşym düýedar. Ine, şonuň düýe satyşy bilen bagly bir wakanyň şaýady boldum. Şondan soň düýäniň höwrüne juda wepaly maldygyna göz ýetirdim.
Mahlasy, goňşym çal edinmek üçin köşekli düýe alarmany öýüne getirýär. Alyjy onuň satmakçy bolýanyny däl-de, beýleki bir düýesini saýlap tutýar. Goňşym: «Bu düýämi ner satdyrmaz» diýse-de, «Ýok, şu düýäňi sat! Diýen bahaňy bereýin» diýip eňegine tutýar.
Nebsi otugan goňşym ylalaşypdyr. Ogluna «Düýedir köşegi alyp gidýänçäler, neri hol alaňyň aňyrsyna äkit» diýip tabşyrýar.
Düýedaryň ogly boýnuna owsar salyp, gara neri alaňyň aňyrsyna alyp gidipdir. Çaga bolsun, aýal bolsun, kim nirä äkitse boýunsunujylyk bilen gidýän ýuwaş ner bu gezegem göwni bir ýaly, oglanyň yzyna düşüpdir.
Ol ikisi belent alaňyň aňyrsyna aşan dessine, goňşym:
— Mallaryňy al-da, basym ugraweri – diýip, söwdalaşan adamsyny gyssapdyr.
Maşynyň yzyny belent ýere ýanap, köşejigi ilki mündürýärler welin, maýa görgüli bialaç münýär. Haçan-da, maşynyň gozagyny ýapanlarynda, ol rejäniň geň däldigini aňyp, neri çagyryp bozlap ugraýar.
Maýanyň sesini eşiden ner oglana eýgertmän, patanaklap gaýdýar. Gelip görse, eziz maýasy bilen köşegini alyp barýarlar. Ol agzyndan ak köpük saçyp, maşynyň töwereginden gaharly aýlanýar.
Düýe alan maşyny otlap, tizden-tiz gaçmakçy bolýar. Emma ner maşynyň öňüne çökýär ýatyberýär. Yza-da, gapdala-da ýol ýok — kert ýer. Geçibilseň-geç.
«Ahyrsoňy turar-da» diýip, çaý içmäge oturýarlar. Emma hernäçe garaşsalar-da ner turmaýar.
— Bu duzy gowy görgüç. Belki, şoňa imriner –diýip, goňşym aýasyna biraz duz alyp, çöküp ýatan neriň ýanyna barýar.
— Hany, tursana, ynha, seniň halaýan zadyňy getirdim –diýip, oňa duzy hödürleýär.
Başga wagt duz berseler hezil edinýän ner goňşymyň ýüzüne-de seretmeýär. Juda kine edendigini duýduryp, agzyny köpürjikledip, kese-kese bakýar. Goňşym duzly elini onuň tumşugyna somlaýar. Düýe söwdalaşan adam bolsa turzaryn öýdüp, owsaryndan çekip başlaýar. Owalam jany ýanyp duran ner çemine salyp, goňşymyň ýüzüne tüýkürip goýberýär. Elin ulaldan düýesiniň ýüzüne tüýkürip oturybermegi goňşymyň bijaý gaharyny getiripdir. Üstesine-de ol biraz gyzma adam bolansoň, gapdalda ýatan taýagy alagada:
—Ekläp-saklap, azabyny çeken malymy men indi sen zerarly satyp bilmerinmi?! –diýip, neri ýenjip ugrapdyr.
Degnasyna deglen ner bagyryp bolmajysyny bolupdyr. Ýerinden turup, ömür etmedik işini edip, eýesine topulypdyr. Goňşym neriň tüýsüniň bozukdygyny görüp, gaçyp öýünde gizlenipdir.
Şol pursatdan peýdalanyp, düýe alan adam bolsa maşyny otlap gaçypdyr. Ner eziz maýasy bilen köşegini alyp barýan maşynyň yzyndan tä sütüni süýnýänçä ylgapdyr. Emma maşyn-maşyn bolýar, ýadap tapdan düşüp galypdyr.
Şondan soň ner keselledi. Ýeldirgän ýaly bolup, bagyryp gezdi. Zat iýmän, tapdan düşüp gotur açdy. Beýleki düýeleriň hiç birisi bilen hem höwrükmedi.
Goňşym ony «Bir bela-beterlik etmänkä şundan başymyzy dyndaraýyn» diýip, alysdaky dagyň jülgesine eltip, peýwagtyna kowup goýberdi.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar