19:11 Nesihat | |
NESIHAT
Goşgular
![]() Döwrana Sen özüñi aýa jelep gyzlardan, Aýal bolup hezil bermez äre kän. Ýamana duş bolsañ, gysylar egniñ, Ornuñ bolar bir çetinde märekäñ. Kart oýnama, gyjalata galarsyñ, Ýüzüñem sow, arak-meýden, neşeden. Şoldur jigim, sergin başy sämeden, Şoldur meni matam güni mes eden. Köñlümizem däldir Pars aýlagy, Joşgunyna, gaýtgynynan esetgin. Ötegçi şatlygy bagtym saýmagy, Meñ özümem geçen ýyl güýz bes etdim. Bagt bir guş, uçar gider, şonsuzam, Ömrüñ gysga bolar, şat günleriñ kem. Ýaşlyk edip galaýmagyn armanda, Armanly ýürege tapylmaýar em. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |