14:16 Nobatguly Rejebowdan goşgular | |
GURBANNAZAR EZIZOWA
Goşgular
Sen güýzüň aşygy, Güýzüň aýdymy, Sen şygyr ýazardyň gamgyn güýz hakda. Hasratly heň edip barýan durnalar Seň setiriň bolup görnerdi hatda. Halkyň şahyr bolup çüwäýen bagty, Şahyr bolup çüwen bagty ilimiň, (Şöhratly söz üçin bagyşla, ýöne Sen nä şondan pesi diýer ýalymyň). Il günüň ruhuna — aýdyma sygnyp, Hem sygryp şatlygyň-ahyň şygra sen, Bu gün ajy habar bolup gelşiňe Sen aga-da Sen ýasa-da sygmadyň. Asgyryp tur-da sen (bor how, oýun-da), Çörek deý şygryň ýaz güýzüň hakynda Hem okap ber edehediň boýunça Käbir ýerde edep bilen sakyn-da. ...Güýz deý hasyllydyň, bereketlidiň, Miweli bag kimin egikdi seriň. Başyn ýere urup aglaýar saňa Ýürekden düşünen daragtlaň seniň. Üzlem-saplam tozan güýzüň ahy deý Gumak ýolda tüsse kimin suwlunýar. Derekler atylýar jynssyz agy deý. Sary sähra Aglap bilmän ýuwdunýar. Ýanýar, daragtlaryň ýapragy ýanýar. Wah, gyrmady güýzüň derdi öňdenem... Bu ot alan güýzi gözýaşlar bilen Öçürersiň neneň, Öçürjek neneň?! * * * POEZIÝA I Poeziýa! Men seniň yşgyňda gezdim, Men seni kalbymda göterip geldim, Göterip gezşi deý ene garnynda Ölen bäbejigin hamyla gelniň. Poeziýa! Sen ömrümiň bahasy, Nesip etse, ölerin men eliňden Bäbejigne goýup ýagty jahany Ýaş üstünden gidişi deý gelinleň... * * * POEZIÝA II Poeziýa saňa barym berdim men, Galplyk ýokdur! Düşürmedim düşnügni Gynanýan: düşnüksiz ömür sürdüm men, Gynanýan: goşgulam juda düşnükli. Kynçylykmy? — onuň ýakarys jantyn, Ýaşa-da ýaz, ýaz-da ýaşa — jowranma! Ömrüň ýaryn öljegime gynandym, Galan ýaryn — gynanaryn doglanma. * * * «ÝAZYJY» Onuň kellesine ýazmak pikiri Haçan geldikän? Belli däl! Ýöne belli şondan soňra hiç pikiriň gelmäni, Ýöne belli şondan soňra ulanmany kelläni. Gijeler irginsiz ýazyp ýatyr ol, Aýyny, Gününi ýazyp ýaşyr ol. Ýazar goşgy, pýesa, roman, ýatlama... Ne-hä bir rehim bar okyjy bendä, Ne-de şepagat bar neşirýatlara. Ýazyp ýatyp galypdyr ol durmuşdan, Özem hondan bärsi — tumak durşuna, Oba gitse — öwrenmäge däl, Öwretmäge gider ol. Oba gitse — görmäge däl durmuşy, Özün görkezmäge gider durmuşa! * * * ŞAHYR GOŇŞULARYMA Dünýä artyk berýän däldir hiç zady, Kemmagal bolmasaň bermezem ol kem. Oturşalyň, dostlar, gülşeliň baky Beýle bir kemmagal däldiris, belkem. Şatlygmyzy paýlaşdyk biz pul ýaly, Çekişdik gam ýüregmizi aýaman. Bize «geldigeçer» diýdi panylar, Bimanylar diýdi bize «eý, aman!» Işledik düýbüne ýetmäge işiň, Ýazdyk, şygyrlarmyz gögerdi ýerden. Ýöne dünýä uly, Ýöne dünýä giň Ony şygyr bilen düzedäýerden. Belkem, ýaş öleris, belkem, biz... ýöne, Galmaz kalbymyzda bir zerre arman. Çünki ölmeris biz tutuş bir ömre Berlen ähli güýjümizi gutarman. Nobatguly REJEBOW | |
|
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |