21:48 Nuh pygamber kim bolupdyr? | |
NUH PYGAMBER KIM BOLUPDYR?
Taryhy makalalar
Gadymyýetde Dünýä ýüziniñ azgynçylygy zerarly suw-sile gark bolan milletleriñ arasynda Adam atanyñ neberelerinden bolan Lamek ogly Nuh pygamber kim bolupdyr? Biziñ şejerebaşymyz bolan bu beýik pygamber hakynda biz giñişleýin maglumat bermekçi! Nuh pygamber kimkä? Onuñ ýol-ýörelgesini haýsy halk ýerine ýetirdikä? Ol haýsy dini ýaýdyka? Ine şular dogrusynda biz size gyzykly maglumatlary bermekçi! Ýöne ilki bilen onuñ gelip çykyşy hakynda bilmek-de uly peýda bar. Nuhuñ kakasyna Lamek diýipdirler. Lamek hakda Musa pygamberiñ kitaby Töwratda kän maglumat ýok diýen ýaly. Ýöne gadymy taryhçylar we dessançylar Muhammet Awfynyñ ''Jewamygul hekaýat wel wamygurl-rowaýat'' atly eserinde, şeýle-de Abulkasym Firdöwsiniñ ''Şanama'' atly eserlerinde agzalýan Jemşidi Lamek diýip hasap edipdirler. Magtymguly Pyragy: ''Isgender, Jemşit saldyran, Beýik binalar görüner'' diýen setirleri şol Lamek, ýagny Jemşit üçin bagyşlap agzan setirleridir. Oña käbir çeşmelerde Elmek hem diýipdirler. Abu Bekr Tähranynyñ ''Taryhy Diýarbekriýýe'' atly eserinde Lamek hakda şeýle diýilýär: Ol Pişdadylardan bolan Huwşeñ tagtdan çekilenden soñ onuñ ýerine patyşa bolupdyr. Ol polatdan uruş ýaraglaryny ýasapdyr. Biz-matany we oña goşulýan reñkleri taýynlamagy başarypdyr. Mähnet jandarlar bolan döwlere hammam gurduryp, guwwaslyk bilen meşgullanmagy tabşyrypdyr. Olar hem guwwaslyk edip deñiz astyndan her dürli gymmatbaha daşlary çykarypdyrlar. Olar adamlara-da muny öwretdiler. Lamek ytyr, müşk, ud, haliýýe ýaly ajaýyp ysly zatlary hem ýasamagy bilipdir. Lamek adamzady oý-pikirleri boýunça dört bölege bölüpdir. Ilkinji Akyldar danalar, ikinji ýazyjy kätipler, üçünji urşujy esgerler, dördünji hem Daýhanlar we beýleki senetkärler bolupdyr. Neruz, Fewerdin we Odabeheşt atly gadymy Aý we Gün atlarynyñ gözbaşy hem Lamegiñ esaslandyrmagy bilen orta çykypdyr. Ol 700 ýyl ýaşapdyr. Şol uzak ömrüniñ içinde onuñ hiç haçan kellesi agyrmandyr, hiç hili dert bela onuñ janyna aralaşmandyr. Şondan soñam ol şeýtan ýoluna gidipdir. Hak ýoldan azaşyp Hudaýlyk dawwasyny edip onuñ ýerine dalaş etmekligiñ küýüne düşüpdir. Ol Biwerasp şa bilen tutluşykda öldürilýär''. Diýmek ol edil dini kitaplarda ady agzalýan Süleýman pygamber ýaly yns-jynsyñ hökümdary bolan bolmaly. ㅡ Hawa, eger Lamek Jemşit bolýan bolsa onda şol rowaýatda onuñ ölümine sebäp bolan Biwerasp hem Zahhak bolmaly. Jemşidi öldürip onuñ patyşalygyny hem elinden alan Zahhak. Rowaýatlara görä Zahhagyñ iki egninden çykyp duran ýylan bolupdyr. Rowaýatlarda aýdylmagyna görä Lamek ýaşlykda Bitan atly bir gyza öýlenipdir. Ol 187 ýaşyndaka Bitan göwreli bolup ol bir çaga dünýä getirdi. Musanyñ töwradynda aýdylýan maglumatlarda bir gün Lamek şeýle diýipdir: ''...Hem-de (eden) işimizden, Rebbiñ näletlän topragyndan bolan ellerimiziñ netijesinde, bu bize teselli berer (geçirimlilik eder) diýip oglumyñ adyna Nuh dakdym''. Diýmek Lamek ýalñyş ýola düşüp, azyp başlan wagtlary onuñ ogly bolupdyr we eden ýalñyş işlerini ogly gaýtalamaz ýaly, özüniñem ýalkanary ýaly oglunyñ adyna Nuh dakypdyr. Nuh, Adam ata dünýeden öteninden 712 ýyldan soñ doglupdyr. Nuhuñ döwründe intek Lamek, onuñ kakasy Metuşalyh hem ýagty jahanda diridiler. 2442-nji ýylda Nuhuñ döwründe ilkinji senenamanyñ ulanyşa girizilendigi hakynda Kätip Çelebiniñ ''Takwim-ut-tawaryh'' atly eserinde aýdylýar. Gadymy hem-de edebi çeşmelerde aýdylmagyna görä Nuhuñ Gaýkal, Bartek, Noýem, Tetir, Wagela, Ýemzarag, Midraş atly aýallary bolupdyr. Nuh pygamberlige saýlanmak bilen, ol halky dogry ýola çagyrypdyr. Bir Allanyñ dinini ýaýyp, muny bilmeýänlere öwredip gezipdir. Onuñ ýaýan dini hem ''Bir Tañrylyk dini'' bolupdyr. Bu din yslam ideologiýasynda aýdylşyna görä ''Towhyt'' dini diýilýär. Towhyt ''Bir Allanyñ barlygyna'' ynanmaklygyñ gerekdigini nygtaýan dindir. *** Lamegiñ tragiki ölümi hakda gadymy kitaplarda kem-käsleýin maglumatlar gelip-ýetipdir. Onuñ döwürdeşi patyşa Biwerasp Nuhuñ kakasy Lamegi öldürip patyşalygy onuñ elinden alypdyr. Şondan soñ Nuh pygamber 950 ýyllap Biweraspy we onuñ kowumlaryny Allaha gulluk etmekleri üçin ezýet baryny çekýär. Onuñ tarapynda oña ynananlar bolupdyr. Ýöne ynananlardan ynanmadyklary kändi. Nuh 500 ýaşanda onuñ aýallary 3 sany ogul dogrupdyr. Ulusynyñ adyna Ham, kiçisiniñ adyna Sam, körpelerine bolsa Ýafes diýipdirler. Nuh pygamberiñ döwründe adamlar gaty köp günä işler edip, eden işlerinden hem ökünmeýär ekenler. Olaryñ erbetligi, ganhorluklary, eden-etdilikleri ýetjek derejesine ýeten soñ, Allatagala Nuh pygambere gämi ýasamaklygy buýrupdyr. Allaha ynanan adamlar bilen bilelikde Nuh bilen onuñ maşgalasy her dürli haýwanlardan jübüt-jübüt gämä ýerleşdirilmeli edilýär. Selman Parsydan getirilýän bir rowaýatda Nuhuñ gämisi Hindi dub agajyndan bolup 400 ýylda ýasalypdyr. Gäminiñ uzynlygy üç ýüz gary, ýogynlygy 50 gaty, ululygy 30 gary bolupdyr. Gämi üç gatdan ybarat bolupdyr. Häzirki döwrüñ Gurhany tewsir edijileriniñ aýtmaklaryna görä Gämi, agaçdan däl-de demir polatdan bolupdyr. Onuñ kakasy Lamek polatdan ýarag-esbaplary ýasamagy oýlap tapan bolsa, näme üçin dogrudanam berk gämi ýasamak üçin polat göz öñüne tutulmasyn. Onuñ demir polatdan ýasalandygyny Gurhana salgylanýan tefsirçiler muny şeýle ýorýarlar. Biz hem Nuhuñ gämisiniñ agaçdan däl-de polatdan ýasalandygy hakdaky pikire gol ýapmakçy. *** Rowaýatlar gämä segsen adam bilen birlikde Biweraspyñ münendigini, Nuhy diñlemedikleriñ bolsa gämä münmändiklerini habar berýärler. Şeýdip Allanyñ permany bilen güýçli ýagyş ýagyp, sil gelip, apy tupan başlanypdyr. Ýerler suw bilen dolanda gämi hem suwuñ ýüzüne çykypdyr. Suwa gark bolanlaryñ ahy-nalalary, çirkin sesleri asmana galypdyr. Ençeme aýlap diýen ýaly çagba ýaly güýçli ýagmyr ýagypdyr. Ýagyş ýagmagy kesilip asman ýüzi açylanda, daş töwerek umman suwundan dolupdyr. Bu tupan Nuh pygamber 600 ýaşlaryndaka bolup geçipdir. Bu hakda taryhy senenamalary gözden geçiren Anna Luksyñ çaklamalaryna görä ýaradylyş b.e.öñki 4004-nji ýylda, Apy-tupan bolsa b.e.öñ 2348-nji ýyllarda bolup geçipdir. Köpleriñ aýtmaklaryna görä Apy-tupan b.e.öñ 4100-nji ýyllarda bolup geçipdir. Emma biziñ pikirimizçe Tupan ondan añyrdaky müñýyllyklarda bolup geçipdir. Ýer suwy çekip ugranda Nuh pygamber ýeriñ barlygynyñ alamatyny barlamak üçin gargany ýollapdyr. Rowaýatlarda ol boş gelipdir, käbir rowaýatlarda bolsa garga asla gaýdyp gelmändir. Soñ Nuh pygamber kepderini ugradypdyr. Kepderi uçup gidipdir we Zeýtun agajynyñ ýaprajygyny getirip beripdir. Şeýdip ýeriñ bardygy hakdaky subutnama aýan bolupdyr. Soñra birnäçe günüñ dowamynda Gämi suwuñ çekilmegi bilen birlikde bir dagyñ depesinde ornaşypdyr. *** Yslamyñ pygamberi Muhammede inderilen Gurhany Kerimiñ aýatlary Nuhuñ gämisiniñ Judy dagynda ýerleşendigini ýatladýar. Emma ol dagyñ haýsy dagdygyny, nirede ýerleşýändigi hakynda alymlaryñ arasynda her dürli garaýyşlar bar. Köpleriñ aýtmaklaryna görä ol gämi Türkiýedäki daglaryñ birinde saklanypdyr. Nuh pygamberiñ ady bilen baglanyşykly Köpetdagyñ üstünde Nohur obasynyñ dörändigini nohur türkmenleriniñ rowaýatlarynda görse bolýar. Dogrudanam ýönekeý Köpetdag gerşinde şeýle uly gämi näme üçin saklanmasyn? Gimalaý, Kawkaz ýaly beýik daglaryñ depesi görünende belkäm gäminiñ ugry şol daglara golaý barmandyr, haçanda gämi Köpetdagyñ üstünde saklananda şol ýerleriñ suwy giç hem bolsa çekilendir. *** Gürrüñimizi Nuh pygamberiñ gämisi hakda dowam etdireliñ! Musa pygambere inderilen Töwrat kitabynyñ Barlyk bölüminde: ''Hem-de Hudaý Nuha şeý diýdi: ''Özüñ aýalyñ we ogullaryñ hem-de ogullaryñ aýallary seniñ bilen bilelikde gämiden çyksynlar. Seniñ bilen bilelikde her mahlukdan, her ýaşaýan janly-jemendeleri, guşlary, mal-garalary, ýer ýüzündäki süýrenijeleri we ş.m. haýwanlar gämiden düşsünler, goý (soñra) olar ýer ýüzüne ýaýrap köpelsinler. Nuh bilen onuñ ogullary we aýallary gämiden düşdiler...'' Yslam taryhçylary gämide Nuhuñ maşgalasyndan daşary 80 sany adamyñ hem bolandygyny ýazýarlar. Bu pikirleriñ haýsysy dogry bolsa-da Gämi sag aman saklanyp Nuh pygambere we onuñ içindäkiler sag aman ýere gadamlaryny basypdyrlar. Nuh pygamberiñ ogullary Ham, Sam, Ýafes dagylar kakasy bilen birlikde ýerde ekin ekip, dikin-dikip ýaşamaklaryny dowam etdiripdirler. *** Sözümiziñ ahyrynda gadymy türkmenleriñ Nuh pygambere Numa (Noma) diýip atlandyrandyklaryny aýtmakçy bolýarys. Türkmenleriñ gadymy ynançlaryndan galan bir ýol görkeziji pygamberiñ bolandygyny adynyñ hem ''Ýalawaç Numa'' bolandygyny, onuñam Nuh pygamber bilen ikisiniñ bir bolandygyny, ikisiniñ şol bir şahsyýetden başga hiç kim däldigini alymlar we dindarlar nygtaýarlar. Ol öz döwürlerine görä diliñ üýtgewlerine sezewar bolupdyr. Ýol görkeziji Numanyñ, ýagny Nuh pygamberiñ türkmenleriñ nesilbaşysy bolandygyny orta asyr yslam taryhçylary öz eserlerinde agzap geçipdirler. Türkmenistanyñ ilkinji prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem özüniñ Ruhnama atly kitabynda Nuh pygamberiñ öwütlerini, ündewlerini, aýratynam şol ýörelgeleri türkmenleriñ saklap gelendigini hem nygtaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||