00:33 Nuhuñ ýaragy: Tupan | |
NUHUÑ ÝARAGY: TUPAN
Taryhy makalalar
Surat: Jon Martin / "Nuhuñ tupany", 1834 ý. Suwuñ ýarag hökmünde ulanylandygy hakda birinji beýan etmelere Ýakyn Gündogarda duş gelinýär we bular iñ gowy rowaýata seredilip bilindi. Piter Gleýk suwuñ çaknyşyklarda möhüm rol oýnan wagtyndaky pursatlaryñ düýpli hronologiýasyny berýär. Mifologiýanyñ başlangyç taryhyndan başlaýar: Suwuñ ýarag hökmünde ulanylmagynyñ iñ gadymy mysallarynyñ biri - Nuhuñ "Injildäki" beýanyna we tupana parallellikdäki köne şumer rowaýatydyr. Rowaýatda ýer ýüzüne uly tupan inderip, adamzadyñ günälerini jezalandyran dindar Eanyñ eden işleri gürrüñ berilýär. Şumer rowaýatynda patriarh Utu özüne suw-sil joşgunynyñ ýakynlaşyp gelendigini duýduran we "ähli janly-jandardan we ösümlikden bir jübütiniñ" sygar ýaly uly gämi ýasalmagyny buýran Ea bilen gürleşýär. Nuhuñ, Adam atanyñ we How enäniñ, Gilgameşiñ we Utunyñ masgaraçylykly hekaýatlary azat erk-ygtyýara laýyklykda hudaýlaryñ gaharyny getiren adamlaryñ gatnaşygynda ýañlanýar. Munuñ yzysüre hudaýlar günäkärlere global tupan arkaly zyýan berýär, emma hekaýatyñ gahrymanlarynyñ tupandan halas bolmagyna we guryýerdäki durmuşyny saklap galmagyna rugsag berýär. Surat: Simon de Maýl / "Nuhuñ gämisiniñ Ararat dagyna inişi", 1570 ý. Aslynda rowaýatlarda aýdylýanlar dogry bolup biler. Robert Ballard we beýlekiler Garadeñiziñ düýbünde adam ýaşan gadymy ýerleriñ bolandygyny anykladylar. Belli bir derejede erän buzlaryñ deñiz derejesiniñ beýgelmegine we aýratynam suwuñ Çanakkale bogazynyñ erñeginden agmagyna sebäp bolandygy öñe sürülýär. Ortaýer deñziniñ şor suwy süýji suwuñ üstüne süzülip, Garadeñiziñ kenarlaryndan suwuñ aşagynda galan adamlatyñ eserleriniñ saklanyp galmagyna kömek etdi. Uly silleriñ mifologiýasynyñ aslynda Buz eýýamyndan çykan we buzlaryñ eremegine, gury ýeri suw basmagyna sebäp bolan dünýä bolmagy mümkin. Surat: "Uly tupan" / Iwan Aýwazowskiý Hakyky bolup geçen wakadygyna ýa-da mifologiýadygyna garamazdan uly tupan hekaýaty Ýakyn Gündogarda suwuñ taryhy gymmatynyñ nähili bolandygyny görkezýär. Gadymy jemgyýet suwuñ diñe ýaşaýyşdaky gymmatyna düşünmek bilen çäklenmedi, şol bir wagtyñ özünde suwuñ ekerançylyk we fiziki howpsuzlygy üpjün etme potensialyna-da düşündi. Halk siliñ getiren weýrançylyklaryny başdan geçirdi we bular ýaly weýrançylyk üçin düşündiriş berdi. Hudaýlaryñ ygtyýarynda jogaplar tapyp, "Uly tupany" her üç ýörelgede-de azat erk-ygtyýaryñ düşündirişi bolan orginal günä üçin hudaýlaryñ jezalandyrmagyna bagladylar. Suw ýaragyny azat erk-ygtyýary hudaýlara öýkünmäge rugsat beren adama birinji tanadan hudaýlar boldy. Uly tupandan bäri adamlar hapalanmagy, ugrunyñ üýtgedilmegi, mülksüzlişdirilmegi we suw güýjüniñ özi tarapyndan suwy köpçülikleýin gyryş ýaragy hökmünde ulandylar. Surat: "Tupan" / Gustaw Dore Suw dört müñ ýyldanam öñki beýleki taryhy ýazgylarda çaknyşan faktordy. Musa Eksodusda jöhitleri gulçylykdan çykardy we müsür goşunynyñ olary Gyzyl deñize gaban Sinaý çölüni geçdi. Hekaýatda Gyzyl deñiz duýdansyz ýarylýar we jöhitleri azatlyga çykarýar. "Çykyş" ibrany dilinde ýazylan. Ýap Sup - birnäçe görnüşde düşündirilip bilinýän dildir. Umumy terjimesi Gyzyl deñiz bolandygyna garamazdan, awtor Sazlyk deñizi, Suweýş aýlagy, Akabe aýlagy, hatda Ortaýer deñzi manysyna-da gelip bilýär. Soñky subutnamalar jöhitleriñ hekaýatda bolşy ýaly b.e.öñ 1500-nji ýyl töwereklerinde Gyzyl deñizden aşyp biljegini ylmy taýdan tassyklaýar. Rus ylmy barlagçylary Naum Wolzinger we Alekseý Androsow Demirgazyk Gyzyl deñizde rif zolagynyñ üstünden bardylar. Musanyñ döwründe rifiñ suwuñ ýüzüne has ýakyn bolandygyna we rifiñ howa şertlerine, geldim-gitdim hereketlerine bagly ýagdaýda az salymlyk wagtda ýüzüne çykyp biljegine ynanmak üçin sebäpler bar. Surat: "Gämiden ugradylan kepderi" / Gustaw Dore, 1866 Ýakyn Gündogaryñ suwy "Injil" hekaýatlarynda möhüm rol oýnaýar. Ýeşunyñ kitaby ylahy güýjüñ Iordan derýasyny yza serpikdirendigini we Ýeşunyñ goşunyny Hudaýyñ özlerine wada beren ýerlerinj kenganlylardan almak üçin urşa äkiden Eriha söweşini gürrüñ berýär. Isa şägirtlerine "Hudaýyñ ogludygyny" görkezmek üçin suwuñ ýüzünden ýörände Hudaýyñ güýji "Buşluk yşaratynda" görkezilýär. Täsin ýagdaýda şägirtleri gorkýarlar we deñiziñ ortasynda galýarlar. Emma Isa orta çykan badyna şobada gury ýere ýöräp gelýärler. Görnüşi ýaly, köp derejrde suw bilen baglanyşykly "Injiliñ" ähli gürrüñ berýän zatlary bir wagtyñ özünde regional meseleleri-de öz içine alýar. Mysal üçin, Nuh maşgalasyny täze ýurda alyp gelýär, Musa we Ýeşu halklaryny wada berlen ýurda getirýär, Isa deñize bagly şägirtlerini gury ýere çykarýar. Nuhdan soñky "Injil" hekaýatlarynda suw esasan Hudaýyñ adakat duýgusyna wekilçilik edýär. Suw adamyñ ähli rowaýatlara bolan ynanjyny synap görýär. Dogry bolsun, ýalñyş bolsun, bu hasaplaryñ goralmagy suw fakultetleriniñ dowamly ykrar edilendigini ýüze çykarýar. Käbir rowaýatlarda Hudaý suwy günäkärleri jezalandyrmak üçin ulansa, beýleji rowaýatlarda suw horlanan gatlaklara umyt berýär. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy. @atasevenoffica Ýekşenbe, 17.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |