01:14 Nurmuhammet ahun | |
NURMUHAMMET AHUN
Taryhy şahslar
Gyzyl imperiýanyñ hökmürowanlyk süren 30-njy ýyllarynda türkmen halkynyñ nijeme gerçek ogullary dogduk depelerini taşlap, ýat illere göçüp gitmäge mejbur boldy. Olaryñ biri hem Nurmuhammet ahun Mämmedaly ogludyr. • Nurmuhammet ahun kim bolupdyr? Nurmuhammet (Nury) ahun 1911-nji ýylda daglyk Kürüzdeý obasynda Mämmedaly mollanyñ maşgalasynda ýedi çaganyñ biri bolup dünýä inýär. Kakasy Mämmedaly ylymly-bilimli adam bolansoñ, Nurmuhammet hem hat-ýazuwdan we hasap-hesipden gowy baş çykarypdyr. Belki şonuñ üçindir ol obada kolhozyñ buhgalteri bolup işlän bolmaly. Emma täleý ters gelip, ýurdumyzyñ üstüne gara bulut bolup çöken bolşewikler ylymly-bilimli adamlara, özüni oñarýan gurply maşgalalara ilkibaşda gatybir azar bermedik ýaly bolup görünse-de, soñabaka gäbi azyp Mämmedaly aga ýaly obanyñ ýagşysyna-ýamanyna ýetişip ýören mollarak adamlara gün bermän başlaýarlar. Bolşewigem bolşewikdir welin, olara obada siñek uçsa gylyny gymşatman ýetirip duran şugullar barka, türkmene başga ýagy gerek däldi. Hut şolar ýaly eşegiñ süýdüni emen şugullaryñ ýardamy bilen bolşewikler nohur iliniñ nebir ogullarynyñ başyna ýetipdi... Ahyretini öz eli bilen gömen we adam satyp gün gören şeýle kişileriñ käbiriniñ "kyssasyny" Nurmuhammet ahunyñ inisi Saparmuhammet aga ýaly obanyñ köpi gören aksakallary soñ-soñlar aýdar bererdiler. Detektiw romanlara gaýra dur diýdirýän ol "gyzykly kyssalar" bu makalanyñ däl-de, gelejekde ýazjak başga makalalarymyzyñ temasy. Häzirlikçe biz gürrüñimiziñ çygryndan gaty daşlaşmalyñ. Elbetde Allany we ähli dinleri inkär edýän ateistleriñ kolhozyñ buhgalteridigine garamazdan dinimiziñ bize buýrulan ählini parzyny, sünnetini gyşarnyksyz berjaý edip ýören Nurmuhammet bilenem uzak mäşiniñ bişişmejegi görnüp durdy. Mundän beýläk eýgiligiñ ýokdugyna göz ýetiren Mämmedaly molla 1937-nji ýylda ýanyna Nurmuhammedi we durmuşa çykmadyk ýene bir gyzyny alyp simden añry geçýär. Mämmedaly aga gaty daşa-da gitmeýär. Kürüždeý obasyndan bary-ýogy alty kilometr uzaklykda serhede ýanaşyp duran Duzlydepe obasynyñ edil garşyragynda simden añyrdaky Ýekesöwüt diýlen ýeriñ Bahar obasynda mekan tutunýar. Elbetde, Mämmedaly aganyñ maksady bellidi. Onuñ "ýagdaý gowulaşar, bela-beter sowulyşar, ýene dogduk obamyza dolanarys" diýen niýeti bardy. Emma ol şol wagt watan hasratynyñ ýarym asyrdan hem uzaga çekjekdigini we watana dolanmagyñ diñe ogly Nurmuhammede nesip etjekdigini bilenokdy. Dogduk depäñde mal-mülküñi taşlap gidip, başga döwletiñ häkimiýeti astynda bolan bir ýurtda-da hemme zada gaýtadan we noldan başlamak hiç kime-de añsat düşmese gerek. Ýogsam bolmasa Bahar obasy hem türkmen obasydy. Bahar obasynyñ özi nohurly taýpasynyñ bahar tiresiniñ ýaşaýan obasydyr. Baharlar özlerini garagoýunly türkmenlerden, ýagny Muhammet Baýram Hanyñ tiresi bolan baharlylardan gelip çykandygyna ynanýar. Häzir Garrygala etrabynda baharlar esasan Kürüždeý, Durdyhan, Tutlygala obalarynda köpçülikleýin ýaşaýar. Bahar obasy her niçik türkmen obasy bolsa-da, ol ýerde häkimiýet başga, döwlet başga... Nurmuhammet hem baran obasynda nohurlylaryñ öwezgeldi tiresiniñ barjamly bir ýaşulysynyñ elinde talaban bolýar. Nurmuhammediñ takwalygyna, dogruçyllygyna, halallygyna we zähmetsöýerligine syny oturan ol barjamly kişi ony özi öýerýär, öýli-işikli edýär. Il hatarynda deñli-derejeli ýaşamak üçin çekilen hupbatly zähmetler Nurmuhammedi hasam taplaýar. Daýhançylyk bilen meşgullanan, ýer süren, mal bakan Nurmuhammet ahun hatda sakgalynda buz doñan wagtlarynyñ hem köp bolandygyny soñ-soñlar Türkmenistana dogan-garyndaşlaryna görme-görşe geleninde ýatlar ekeni. Nurmuhammet ahun ömrüniñ soñky ýyllaryna çenli dört aýal alypdyr we olardan dört ogly, iki gyzy bolupdyr. Häzir onuñ ogullaryndan we agtyklaryndan bolan nesli ýüzlerçedir. Nurmuhammet ahunyñ ogullarynyñ ady Amanmuhammet, Mämmedaly, Meretmuhammet we Baýrammuhammet bolupdyr. Amanmuhammet we Meretmuhammet häzirki wagtda aradan çykan. Mämmedaly we Baýrammuhammet häzir aýatda diri. Ogullarynyñ biri Mämmedaly hem ahunlyk derejesini alan we Türkmensähradaky türkmen doganlarymyzyñ iñ bir sylanýan adamlarynyñ biridir. Beýleki ogly Baýrammuhammet häzir Bahar obasynyñ arçyny bolup işleýär. • Şehitlige açylan ýol ýa-da 55 ýyllyk arzuwyñ hasyl boluşy 1991-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda Beýik Magtymgulynyñ arzuw eden Garaşsyz türkmen döwletiniñ zuhur etmegi bilen goñşy Eýran we Owganystan döwletinde ýaşaýan türkmen doganlarymyzyñ bärde galan ýakyn dogan-garyndaşlary bilen didarlaşyp durmaga, barşyp-gelişmäge giñ mümkinçilikler döredildi. Hemişe Bahar obasynyñ bir gyrasynda depä çykyp, haçan yzymyza dolanaryska diýen arzuw-umyt bilen dogduk obasynyñ görnüp duran dag gerişlerine gamgyn-gamgyn bakyp wagtyny geçirýän Nurmuhammet ahun kän wagt ýitirmän, 1992-nji ýylda Kürüždeý obasyna inisi Saparmuhammediñ we beýleki ýakyn garyndaşlarynyñ arasyna görme-görşe gelýär. Heniz aralarynda tikenekli simler barka, bolup geçen bir gamgyn wakany Saparmuhammet aga soñ-soñlar şeýle ýatlaýar: - Kürüždeý oba sowetiniñ simiñ añyrsyndaky Bahar obasynyñ dik garşysynda Sumbar derýasynyñ boýunda ekin meýdanlary bardy. Biz kolhozçylar bolsa hem şol ýerde işleýärdik. Bir gezek obanyñ gyrasyndaky depäniñ üstünde eline bir döwüm çörek alyp, mähriban obasyna tarap gamgyn garap oturanyñ doganym Nurmuhammetdigini duýdum we aýlanşyp ýören serhetçileriñ bardygy-da ýada düşmän oña bakan ylgandygymy duýman galdym. Barşyma ony garsa gujaklapdyryn. Nurmuhammet meni birbada tanamady. Men oña "Nuryjan, agam tanamadyñ öýdýän, bu men, iniñ, Sapar..." diýenimden, "Saparjan senmidiñ?" diýip meni garsa gujaklady we ýarym sagat dagy meni gujaklap aglap oturdy... Elli bäş ýyldan soñ bir supranyñ başynda jemlenmek nesip eden doganlar Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherinde ýaşaýan aýal doganyny görmäge gidýär. 1992-nji ýylyñ 17-nji iýulynda, yzyna Kürüždeý obasyna dolanyp gelýärkä, Nebitdag-Gyzylarbat gara ýolunda awtoulag heläkçiligine uçraýar we agyr ýagdaýda Gyzylarbat şäheriniñ hassahanasyna ýerleşdirilýär. Lukmanlaryñ tagallasyna garamazdan Nurmuhammet ahun şol ýerde aradan çykýar. Belki-de, muña ýazgyt diýersiñiz. Emma bu otursa-tursa Beýik Allatagaladan "Watanyma dolanyp bilsedim, öz mähriban obamyñ topragyna duwlansadym" diýip ömrüniñ tutuş elli bäş ýylyny dileg-doga edip geçiren Nurmuhammet ahunyñ ýarym asyrlap kalbynda göteren arzuw-umydynyñ Hakyñ huzurynda wysal tapmagyndan başga zat däl bolsa gerek... • Ahun... Şahyr... Gonambaşy... Megerem, Nurmuhammet ahun şol wagt watanyna hemişelik dolanjagyny on iki süññi bilen syzan bolmaly. Munuñ üstesine obanyñ sylanýan ýaşulylarynyñ biri, köne kolhoz başlygy Hojaguly kör-de Mekgä gidip Mukaddes Käbäni iki gezek zyýarat edip gelen Nurmuhammet hajyny obanyñ bireýýäm dolañkyrlan köne gonamçylygyna depin etdirmek islemeýär we ony obadaşlaryna Kürüždeý obasynyñ gaýrasyny ýassanyp ýatan belent dag gerşinde gonambaşy edip jaýlasalar has gowy boljakdygyny aýdýar. Hojaguly körüñ asylly teklibi dessine makullanýar. Birmahallar gözýetimdäki Bahar obasynyñ bir çetinde depä çykyp Kürüždeýiñ belent gerişlerine seredip oturýan Nurmuhammet ahun bu gün daş-töweregine bakyýete göçen obadaşlaryny üýşürip, ol arzuwlan baýyrlarynyñ birini ýassanyp ýatyr... Nurmuhammet ahun dini temalarda ululy-kiçili dürli eserleri döredipdir, onuñ Hezreti Muhammet pygamberimize (s.a.w) bagyşlap ýazan mersiýelerini, ahlak-didaktiki temada ýazan goşgularyny okanda ýazga geçirilen magnit kassetalarynyñ bardygyny Kürüždeý obasyndaky ýakyn garyndaşlary aýdýarlar. Näçe gynansakda, bu makalanyñ awtoryna ol gymmatly eserleri häzire çenli ele salmak mümkinçiligi bolmady. Belki başgalar muña wagt tapar we bu sogaply işiñ hötdesinden geler. Kim bu asylly işiñ ugruna düşse türkmen poeziýasynyñ wekilleriniñ hataryna ýene-de bir ussadyñ gelip goşulmagyna sebäp bolardy. Elbetde, gelejekde munuñ şeýle hem ediljekdigine tüýs ýüregimizden ynanýarys. Nurmuhammet ahunyñ edebi mirasyny öwrenmek, toplamak we il-halka ýetirmek Türkmenistan watanymyzdaky we Türkmensähradaky edebiýaty öwreniji alymlarymyzyñ mukaddes borjudyr. Nurmuhammet ahunyñ ruhy bizden şat bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||