14:06 Nury Halmämmet: Geleňde aglarsyň, gideňde gan aglarsyň | |
GELEŇDE AGLARSYŇ, GIDEŇDE GAN AGLARSYŇ
Edebi makalalar
Gün geçirmek, günemma dolamak barha kynlaşdy. Nury ähmiýetsiz kinolara-da saz ýazyp başlady. Multfilmlere-de ýazdy. Bir döwüm çörek üçin ýazdy. Ony eýerläp münen umytsyzlyk, çuňňur göwniçökgünlik Nuryny gije-gündiz çekeleý-çekeleý, çeýneý-çeýneý gaty heläk edýärdi. Beýnisinde toplanan owazlar daşary çykasy gelip, bir şekle giresi gelip dyzaýardy. Nury, diňe Nury o owazlary diňleýärdi. O owazlaryň öňki sazlaryndan beýikligini Nury mese-mälim duýýardy. Onsoň Nuryda özüňi aldamak, özüňi bilmezlik ýaly bir ahwal döredi – ol başyndaky sazlary diňläp, o sazlary ile beren ýaly, ilem ony diňläp hezil edinýän ýaly illýuziýa döredi. Hakykatda weli Nurynyň beýnisinde ýaňlanýan saz nota geçmedi. Olary diňe Alla diňläp bilýärdi, bendesine ýetmeýärdi. Sallahhanasy boşap galdy. Hat-da “Aýalym bilen uruşdym, biraz seňkide ýaşaýyn” diýen bahana bilen gelýän ýarymtanyşlaram bu öýi unutdylar. ─Bu nähili bold-aý? Nury diýip gapyny açýan ýog-a. Hany, ol, men dost diýip ýörenler ? Bu sorag jogapsyz galdy. “Özüni halas etmek-gark bolýanyň öz işi” diýleni boldy. Sowet düzgüni diňe käýemäge ökdedi, halas etmelidigini bilmeýärdi, sowet terbiýesini alan adamlarda-da şo endik bardy. Ähli kişiniň, bütin halkyň gözüniň alnynda Nury eräp-çüýräp, gözden ýitip barýar. Oňa umyt berip biljek, ony gaflat ukusyndan oýaryp biljek, ony batgadan sogrup biljek, ony ynandyryp biljek bir şahsyýet tapylmandyr. Edebiýat, sungat adamsy näzik bolýar, goragsyz hem tiz ynjaýan bolýar. Şony bilip, olara başgarak göz bilen bakan döwlet adamsy hem tapylmandyr. Şo döwür Gaýgysyz Atabaý bolan bolsady! Hi, Nury ýaly kompozitory gam-hesretiň, göwnüçökgünligiň eline berip goýberermidi?! Asla, asla, ýok. Biz ýüz million, iki ýüz million ilatly halkam däl ahyry. Biri gitse, ýene biri dörär ýaly. Nurynyň ömrüniň soňky ýyllarynda Türkmenistanda bary-ýogy iki million türkmen bardy. Onsoň döredijilik adamsyna bütinleý başgaça bakylmaly dälmidir?! Kompozitor diýeniň ekseň bitip duran pomidor däl ahyry. Rus halkynyň Güneşi hasaplanýan Puşkin bilen bagly bir wakany okyjy ýatlasa kem bolmaz. Puşkin otuz ýaş töwereginde Nurynyň düşen ahwalyna düşýär. Özüni geldi-geçerlige urýar, arak-şerap, kart bilen gününi geçirip başlaýar. Muny köpler duýsa-da diňe dosty P.Ý.Çaadaýew (1794-1856) Puşkini halas etmäge, Rus we dünýä medeniýetiniň hatyrasyna halas etmäge aýaga galýar. Çaadaýewiň şöhraty we zehini Puşkinden pes bolsa-da, onda berk erk we diýenetdiriji ruh bar ekeni. Çaadaýew başy dik, özüne ynanýan, öňden görüji, ýüregi çaga ýaly päk. Çaadaýew Puşkini çüýräp, ỳok bolup gitmekden alyp galýar. Puşkin onuň pikirlerinden goranyp bilmeýär, ahyrda o pikirlere baş egýär. Ynha, 1829-njy ýylda Çaadaýewiň Puşkine ýazan meşhur haty: “Meniň dostum! Sizi zamananyň syrlaryna aralaşan ýagdaýda görmek – meniň şeýle alawlaýan arzuwymdyr. Ahlak dünýäsinde öz döwrüne we özüniň nämä derkarlygyna düşünmeýän genial adamy synlamak ýaly ejir ýokdur. Akyllara soltan bolmaly adamyň özi özüni ýaramaz gylyklaryň holtumyna we pis gorplara taşlanyny göreňde, özüňi öňe gitmeýän, doňdurylan hasap edýärsiň. Bu adam meni öňe äkitmegiň ýerine, näme üçin meniň öňe gitmegime päsgel berýär diýip oýlanýarsyň. Men Siz hakda oýlanamda, hakykatda-da her gezekde şeýle bolýar. Men bolsa Siz hakda tiz-tizden oýlana-oýlana halys surnukdym. Haýyş edýän, meniň öňe gitmegime päsgel bermäň ahyry. Eger ýagty jahanda bolup geçýänleri öwrenmäge Siziň sabryňyz ýetmeýän bolsa, onda öz-özüňize çümüň hem-de Siziňkä meňzeş her bir köňülde hökmany bolýan şol yşygy öz şahsy köňlüňizden tapyň. Dünýäde azaşan pukara Russiýa üçin Siziň tükenmez eşret getirip biljegiňize ynanýaryn. Dostum, öz ykbalyňyzy aldamaň”. Çaadaýew Puşkine: “Siz gyzma” diýýär. Ýene bir ýerde bolsa: “Jenap Naşokiniň aýdyşyna görä, Siz çydap bolmajak derejede ýalta adam” diýýär. “Jemgyýeti öňe gitmäge iterýänler, hakykat bilen ýalanyň arasynda ýaýdanyp duranlar – ỳüp üstünde oýnaýan darbazçylar däl, eýsem tutanýerli adamlar” diýýär. Çaadaýew bu mert, batyr hereketi bilen Puşkini we onuň mundan beýläkki döreden genial eserlerini halas etdi. Muny Çaadaýewiň S.P.Şewyrewe ýazan haty tassyklaýar: “Puşkin meniň dostlugyma buýsanýardy, onuň özüni we duýgularyny ölümden halas edenligimi, onda belent söýgi oýaranlygymy aýdýardy...” Haýp ýeri, Nury Halmämmet ýaly beýigimizi halas etmäge türmende Çaadaýew tapylmandyr. Nury ömrüniň soňky ýylynda ukudan oýanan ýaly bolupdyr. Onda birgeňsi aljyraňňylyk, gyssanmaçlyk döräpdir. Ony etjek, muny etjek diýen sözi köp gaýtalap başlapdyr. Hä bir tema, hä başga bir tema topulypdyr. Şol günler ol sag böwrüniň agralýandygyny duýupdyr, känbir ähmiýet bermändir. Bir gezek aýnada özüne siňe seretse, reňki öçgünligini görýär. Oňa: “Nury, janyň sagmy? Birhili, horlanýanyň ýaly-la” diýýän köpelýär. Iýeni siňmän başlaýar. Bir az wagtdan çişip, o çiş aýrylman saklanýar. Garyplyk aýrylmaz kesel bolup ýapyşýarka, üstesine hassalygam Nura gaty berk darap başlady. Emma ejesi öleni bäri süýji söz eşitmedik Nury derdinden zeýrenmedi. Gaty sowukganly garşylady. Hernäçe merdem bolsa, barha kuwwatdan gaçýanyny ädimsaýy duýdy. Ol Gurbannazar bilen bileje gezen günlerini köp ýatlap başlady. Paltolarynyň ýakasyny galdyryp, ýuwaşja ýöräp Karl Marks köçesinden geçerdiler. Dünýä bilen baglanyşygy ýok ýaly, dünýä gowgasy ýele ýanyndanam geçmeýän ýaly, şeýle rahat ýörärdiler. Olar söz bilen däl, göz bilen , duýgy bilen düşünişerdiler. Hat-da bir-biregi göz bilen däl, ýürek bilen görerdiler. “Gabaklaryňy ýörme, ýürek göz bolsun”. Nury soňky gezek Leningrada – Sank Peterburga döredijilik öýüne gidip gelenden soň, özüni has agyr duýup başlady. Garyn, dogrusy bagyr has çişip, çiş aýrylmady. Nurynyň agyr kesele uçranlygyny bütin şäher, şol sanda döwletiň, partiýanyň başynda oturanlaram eşitdi. Oňa ýalandan hormat görkezip başladylar. Radioda onuň sazlaryny, aýratyn, Nurynyň özüniň çalan sazlaryny tiz-tizden eşitdirdiler. Nurynyň tiz öljekligi belli bolanda, iş işden geçensoň, ah-wah diýýän köpeldi. Şo mahal ähli kişi oňa dost, ähli kişi oňa garyndaş boldy. Ölmezinden ýedi-sekiz aý öň oňa “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen at beren boldular. Öň, has öň niredediler??? Nury: “Bular meni rahat ölmäge-de goýjak däller” diýip oýlandy. Ol mejbur ýagdaýda hassahana girmeli boldy. Hassahanada oňa rahatlyk bermeýärdiler. Gelýänler barha köpelýärdi. Nurynyň haly hem barha peselýärdi. Şonda bir türkmen zenany geldi. Onuň gyňaç aşagyndan görünýän saçlaryna ýaňy ak düşüp başlapdyr. O zenan ýol-yz bilmeýärdi. Töwerege çekinjeň garap, assa ýöräp, sorap-sorap, ahyry, Nurynyň ýatan otagyny tapdy. Gapa el degribilmän birsalym durdy, soň eşidiler-eşidilmez kakdy. Jogap bolmady. Koridordan geçip barýan ak halatly zenan: “Giriber, ýeke özi bolaýmasa” diýdi. Gyňaçly zenan gapyny emaý bile açdy. Krowatda, ak matalaryň arasynda Nury ýatyr. O zenan krowada ýakyn geldi. ─Nury, ýagdaýlaryň ýagşymydyr? Derman-däri peýda berýämi? ─Ýaman däl. Gel, oturaý şo oturgyçda. ─Menem, gaty görseňem, gelendirin. Gözläp-gözläp, zordan tapdym. Il gözüne düşäýmäýin diýibem çekinýän. ─Wi-i, sen Gurbanjemal ýaly-la – Nury ony şu mahal tanap, ýüzüne bir ýakymly reňk ýaýrap gitdi.“Meniň ilkinji söýgim. Senem geläýdiňmi?” - Ýagdaýlaryň nähili? ─Seňki gowy bolsa, biziňki gowy bolar. Kesele ýan bermegin, Nury. Nury siňe-siňe baksa-da, Gurbanjemal oňa dumanly göründi. O geçen günler, tozanly maşynda ýylgyryp bakylan pursatlar, Gurbanjemallaryň köçesinden mukaddes köçe görmän, ikiýana gatnan sagatlary, bary-bary gaty uzakda, duman içinde galypdyr. O günlerden soň, Nury näçe gyz, näçe gelin bilen tanyşdy, görüşdi, aýrylyşdy. Bary yzda galypdyr. “Sowuldy yşgyň bazary”. Sowulan diňe yşkyň bazarymyka? Ömür soňky demini alýana çemli. Eger Bäherden ýaly ýerden ýörite gelen bolsa, munuň aňyrsynda ömrüň nokady görünýän bolsa gerek. Otaga dogtor girdi. Gurbanjemal gaýtmaly boldy. Ol hoşlaşyp, yzyna garaý-garaý çykyp gitdi. Nuryny iň soňky gezek görýändigini, şeýle-de bolsa özüniň çäresizligini duýa-duýa çykdy. Aglamady, emma gözýaş bolup çykmadyk nem Gurbanjemalyň ýüregini ýaka-ýaka gowurdy. Nury krowatynda oturmak isledi. ─Siz ýatyň, ýatyň. ─ Men birküç günden ömürlik ýatmaga gidýän, jigim. ─ Nury gamly ýylgyrdy. ─Beý diýmeseňiz-le . ─Men ölýänime gynanamok. Başym owazdan doly, jigim. Ýetişmedim. Şo owazlary özüm bilen äkidýänime gynanýan. Gijara Atageldi Garýagdy geldi. Nury ýerinden turmak isledi. Onýança Atageldi tiz baryp, Nuryny ýatan ýerinde gujaklady. Gujaklady, emma kölege gujaklan ýaly boldy. ─Atageldijan! ─O sesde ähli many, ähli duýgy jemlenipdi. Bileje geçiren günleriniň ýakymly ýatlamalary ikisiniňem ýüreginde dykyn alyp durdy. Ol Atageldi Garýagdyny nähili gowy görýärdi, oňa neneňsi buýsanýardy. Diňe Atageldiniň sesi üçin entek näçe aýdymlar ýazjakdy. Nurynyň şol owadan, paýhasly gözlerini, göreňde nebsiňi agyrdyjy, gamgyn gözleriniň öçüp, başga bir düşnüksiz reňke boýalandygyny Atageldi hesretli synlady. Başga-da köp-köp kişi Nura göwünlik berip gidýärdi. Dogrusy, Nury bu göwünlige mätäç däldi. “Ölüm geldimi – kabul edäýmek galýar”. Ol çagalary bilen hoşlaşdy. Mertligini mese-mälim görkezdi. Hamana, bir aýlyk dynç almaga gidỳän ýaly özüni gaty rahat tutdy. Soň ýagdaýy has agyrlaşyp başlady. Nury şeýle bir suwsady. Ýüregi Daýnanyň suwuny isledi. “Daýnanyň suwuny içsem dertden açylaýjak ýaly”. Ol öz ýanyna hiç kimi goýbermezligi haýyş etdi. Näçe wagtdan bäri beýnisi agyrydan ýaňa ýarylara gelipdi. Beýnide toplanan owazlar, şekile giren sazlar erkinlige çykasy gelip, notalara gonasy gelip dyzap başlady. Olaryň möçberi, kuwwaty, şirinligi Nurynyň döreden sazlaryndan has köpdi, has güýçlüdi. Nury çydap bilmän, iki eli bilen kellesini tutup ýatdy. Göwresindäki çagany dogrup bilmän ýatan ene ýaly kösendi. Nury bir gije-gündizi şeýdip geçirdi, ikinji gije birden başy boşap galdy. O sazlar, o owazlar durna öwrüldi-de uçup gitdiler. Asmandan durnalar hatar-hatar geçip başlady. Olaryň arasyndan bir durna kelemenläp gaýtdy. - Näme üçin, ne sebäpden beýle boldy? ─Nury tümlüge bu soragy berdi. ─Sebäbi sen ýetim, sen garyp. Ýadyňdamy, ýigit döwrüň şöhrat atyna müneňde bir kişi saňa nesihat beripdi? ─Tümlük seslendi. ─Ýadymda. “Çeýnäp-çeýnäp zyňarlar, batga batyrarlar” diýipdi. Wsýo. Kones. (Boldy. Gutardy.) Nury soňky iki sözi eşidiler derejede pyşyrdap bildi: Boldy. Gutardy. Bu onuň iň soňky sözi boldy. Ol aňynda dört ýaşlyja oglana öwrüldi: “Bir ýerlerden ejesi geldi. Egninde şo-ol birmahalky keteni köýnegi. Nury o köýnegiň mukaddes ysyny aldy. Ejesi Nura ýylgyryp bakdy, gelşine onuň elinden tutdy-da alyp gitdi. ─Ýör, oglum, sen ýetimem bolmarsyň, garybam bolmarsyň. Şo mahal Nury ejesini görjek bolup gözlerini açdy. Aýaly krowatyň ýanynda oturşyna “Nury!” diýip seslendi. Jogap bolmady. Üçünji awgustdan dördünji awgusta geçilen gije daňdan bäş töweregi Nurynyň demi kesildi. Gözleri açyk galdy. Garyp dogdy, garyp öldi. Nurynyň duşmanlary begenendir öýdýänsiňiz? Ŷok. Olar gelejekki Nurylaryň ýoluna garym gazyp başagaýdylar. Meşhur artistimiz Baba Annan Nuryny jaýlamak meselesinde ähli işlere baş boldy. Nuryny öýüne getirmek üçin hassahana baranda Baba Annan Nurynyň gözi açyk ýatyşyny görüp, boýur-boýur ýaş dökdi, gözýaşly eli bilen Nurynyň gabaklaryny sypady. Gözler ýumulasy gelmedi. Baba Annan muňa has beter bozuldy, ýene sypady. Ahyry, bir gözi ýumuldy, beýleki gözi sähel açyklygyna galdy. Baba Annan bu gün hem ylgaýardy, hem gözýaşlaryny ýollara seçeleýärdi. Häzirki “Jennet” bazarynyň ýanynda maşgalasynyň ýaşaýan dördünji gatdaky jaýynda Nury bilen hoşlaşdylar. Birmahallar Nury bilen iki bolup bir pianinoda saz baryny çalyşan kompozitor Rejep Rejebow gözýaş dumanynyň içinden Nura bakdy weli, Nurynyň açyk gözüni görüp, tas özünden gidipdi. O göz “Rejepjan, Rejepjan!” diýip ýalbarýan ýalydy. Baba Annan ikiýana ylgaýar. Awgustyň jokramasy-da depäňi deşip barýar. Atageldi Garýagdy birmahallar Nurynyň: “Atageldijan, kelläň üşär, al şu papagymy geýäý” diýip, öz başyndan çykaryp beren papagyny geýip, bir gyrada doňup dur. Ýene-ýeneler, pylany-pylanylar hoşlaşmaga, soňky ýola ugratmaga geldiler. Elbetde, Türkmenistanyň baştutanlary bu matama goşulmadylar, elbetde, Nuryny jaýlamak işi hem döwlet derejesinde guralmady. Adaty bir şahsyň ölümi ýaly gördüler. Mähelle-de aňrybaş köp däldi. Nurynyň ýatan tabydyny dar podýezden aşak düşürmek ýeňil bolmady. “Bu jaýlar adam ýaşamak üçin salnana meňzänok” diýip Baba Annanyň hüňürdisi agy sesleriň arasyndan eşidilip gitdi. Adam mydama gapyl ýaşaýar. Ýene sekiz ýyldan Baba Annanyň özi hem Nurynyň yzyndan gider. Baba Annanyň jesedi hem podýezden düşürilende onuň häzirki aýdan sözlerini başga biri gaýtalar. Daşarda “Keç pelek” sazy öňkülerdenem has gamgyn ýaňlanýardy. “Bu saz Nurynyň öz matamynda çalnar öýtmändik” diýip Baba Annan oýlandy. Soň-soň: “Nury “Keç pelegi” özüm üçin ýazdym” diýerdi” diýen gürrüňler ýaýrady. Tabydy göterip ugranlarynda agy sesleri güýçlendi. Aýratynam zenanlar ýüreklerini agy bilen eredip tükedäýjek bolýardylar. Aýallar erkeklere garanda Nura gowy düşünýärdiler. Olaryň arasynda Nuryny gizlin-gizlin söýenler, Nurynyň sazyna meýmiräp, öz söýgülerini Nura duýduranlar, öz ärine göwni ýetmän, Nuryny daşyndan söýüp ýörenler, Nurynyň sazyny zenan näzikligi bilen duýup, oňa çuňňur hormat goýup ýörenler bardy. Häzir olar il bilen bile aglap, ýüreklerini gowzatsalarda, soňra öýlerine baranlarynda, gelejekki günlerde Nurynyň sazlaryny eşidip, aglamajak bolup has beter aglarlar. Sebäbi o sazlar indi Nury ýokka bütinleý başgaça eşidilýärdi. Tabydy gezek-gezegine göterişip barýan erkekleriň tas ählisi diýen ýaly Nury bilen baglanyşykly adamlardy. Olar Nury bilen sataşan pursatlaryny ýatlaşyp, Nurynyň beýikligine, hakykatda-da gaýtalanmajak beýik kompozitorlygyna täzeden göz ýetirýärdiler. Durmuş hernäçe hileli , hernäçe jebirli bolsa-da, Nurynyň başyny egip bilmändigine, Nuryny üýtgedip bilmändigine akyl ýetirýärdiler. Nury hakda köp zatlara doly akyl ýetirmäge Nury gidensoň rugsat berlene çemlidi. Nurynyň jesedini toprak astynda goýup, yza dönenlerinde şahyrlaryň gözýaşy eýýäm şygyr şekline girip başlapdy. Geldi Bäşiýew: Öz-özi üwrelen sallançaklarda Kemal tapan gerçekleriň biri sen. Nury! Seni tabşyrsakda zemine, Dünýäden gideňok, baky diri sen. Allaýar Çüriýew: Wagt boldy, gideýin men, hoş indi, Ýürek köşeş, keç ykbaldan nalama. Bu gün ýene ýolagçy men daglara. Nury dogan, Daýna barýan salama! Gylyçmyrat Kakabaýew: Eşitdiň özgeleň eşitmedigni, Özgeleň aýtmadyk aýdymyn aýdan, Ýöne seniň aýdyp ýetişmedigňi Indi kim aýdarka, indi kim aýdar?! Daýnaly Çary Kulyýew: Dünýä döräli bäri, Ýaňlanyp duran ýaly, Meşhur Nury didämiň, “Keç pelegniň” owazy. Baba Annanow: Kä buludy basýar asmandan aşak, Kä deňzi göterýär asmana garşy, Ne gije ýatuw bar, ne gündiz oňa, Nury Halmämmedi şol gözläp ýörşi. Bäşim Ödek: Çyn saz Allaň gudratydyr, çyn saz Allaň owazy. Ony ile ýetirip ýör mukamlaryň pirleri. Nury Halmämmediň köňlem Hakdan şeýle dogaly: “Nury! Ynsan kalplaryna sen saz bolup girmeli!” Onsoň bir ajaýyp saza öwrülip, “Joşmadyk joşdurmaz” diýdi-de Nury, Şo-ol joşa salyp ýör ynsan göwnüni. Myrat Diwanaýew: (Sazy we sözi özüniňki) Sensiz gadam urýas, Ýatdan çykaňok. Ýene gama batýas: Wah, diňe sen ýok. Guburyň gumy kem-kem guraşdy. Kämahal guburyň baş ujuna goýlan gül göründi. Şahyr Allaýar Çüri Sumbaryň boýundan bir çynar nahalyny getirip, mazaryň başyjuna oturtdy. Ýadyňyzdamy, Nury oglanjykka Sumbaryň kenaryndaky tokaýda biten bir çynar bilen boý deňeşdirerdi. Soň mazar başynda Nura meşhur heỳkeltaraş Nurmuhammet Ataýewiň ýasan ýadygärligi dikildi. So-oň soň haşal otlaryň, tikenleriň zamanasy başlandy. Diriliginde Nura azar ýamanyny berenleriň täze nesli ýetişdi. Olaryň biri mazar başyndaky ýadygärligi kesip-goparyp, alyp gitdi-de ýenjip eredip-satyp goýberdi. Nura ölensoňam rahatlyk bermediler. Muňa jany ýangynly heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew täze bir ýadigärligi öz hasabyna oňaryp, metaldan guýup, mazar başynda dikdi. Aşgabadyň 11-nji mikroraýonynda Nury Halmämmedowa ajaýyp ýadygärligi hem ussat Nurmuhammet Ataýew ýasapdy. Kompozitoryñ Aşgabadyñ 11-nji ýaşaýyş toplumynyñ seýilgähindäki (N.Halmämmedow geçelgesiniñ ugry) heýkeli / kitapcy.ru Şuňa-da şükür etmeli. Nurynyň jesedini toprakdan çykaryp zyňmadylar. Paganininiň jesediniň elli alty ýyllap ondan-oňa süýrele-süýrele jaýlanyşy ýaly. Alla saklasyn! Ýokarda oturanlar bir kelle agyrydan dyndyk diýşen bolmagy hem mümkin. Şeýle-de bolsa halk Nuryny özüne iň ýakyn kompozitor hasaplaýar. O hakda köp-köp makalalar, radio-telegepleşikler ýazyldy, duşuşyklar, konkurslar guraldy. Gysga filmler surata düşürildi. Ýöne olaryň köpüsi Nurynyň biografiýasyna, filosofiýasyna çuňlaşyp bilmedi. Nuryny Bäherdeniň Mürçe obasynda, Baýramalyda doglan diýip görkezdiler. Doglan ýylyny, gününi hem 1940-njy ýylyň 24-nji febraly diýip ýazdylar. Elbetde, Nurynyň özi hem öz biografiýasyna parhsyz garapdyr. Onuň familiýasynyň Halmämmet däl-de Hanmämmet bolmalydygyny Daýnalylar açyk aýdýarlar. Kinorežissýor Şyhmyrat Annamyrat tarapyndan Nurynyň 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda doglandygy kinorejissiỳor Şyhmyrat Annamyrat tarapyndan dokumentler esasynda anyklaşdyryldy. Bu nämäni aňladýar? Bu Nury Halmämmet hakda heniz düýpli bir iş edilmänligini, onuň çuň, giň biografiýasynyň doly dikeldilmänligini, ähli sazlarynyň notalarynyň, fotosuratlarynyň bir ýere toplanyp çap edilmänligini, ylmy taýdan düýpli öwrenilmänligini aňladýar. Onuň belli-belli sazlarynyň radio-teleprogrammalarynda berilmegi, entek Nurynyň görkezildigi, açyldygy däl. Gysgaçasy, Nury häzirem eýesiz. Aýdaly, Nury türkmen däl, Türkmenistanlam däl, Germaniýada, Awstriýada, Italiýada ýa-da özge bolmasa Russiýada doglan kompozitor bolsady. Şonda-da Nura şeýle göwnibir garalarmydy? Ýok. Hiç mümkin däl. O milletler öz beýiginiň beýikligini, şeýle beýikleriň tutuş milleti ýokary göterýändigini örän gowy bilýärler. Nury Halmämmediň öz eli bilen ýazan notalary, Nurynyň çalan pianinosy, Nurynyň okan kitaplary we şuňa meňzeşler hakda hiç bir gürrüňem ýok. Aýratyn muzeýi hakda-ha aýtmagyň hem geregi ýok. Türkmenistandan iki ädimlikdäki dogan halkymyz Azerbaýjan öz beýiklerini neneňsi sylaýşyny bir görüň. Kompozitor Rejep Allaýarow bir gezek meniň Bakuwa gidýänimi bilip, “Kyn görmeseň, meniň mugallymym Kara Karaýewiň başujunda meniň adymdan bir doga okasaň” diýip haýyş etdi. Men dostumyň haýyşyny bitirmek üçin Kara Karaýewiň mazaryna bardym. Şeýle bir nepis, şeýle bir belent, şeýle bir gymmat baha ýadygärligi garşymda görüp, doňup galdym. Men Kara Karaýewiň mazaryndaky ýadygärligi Nury Halmämmediň mazaryndaky ýadygärlik bilen deňeşdirdim we başymy salladym. Şu mahal daşary ýurtdan bir beýik adam gelip Nury Halmämmediň mazaryna zyýarat etmek islese, biziň nähili kyn güne galjakdygymyzy göz öňüne getirmek hem kyn. Aslynda, häzirki nesil Nury Halmämmediň nirede ýatanyny bir biýärmikä? Ynha, medeniýet sözi nireden urup çykýar. Jemgyýeti medeniýet dolandyrýar. Syýasatyň hem özeni medeniýet. Ykdysadyýeti pese gaçan döwletler üç-bäş ýylda özüni düzedip bilýärler. Emma medeniýeti pese gaçanlaryň halyna aglasyň gelýär, sebäbi medeniýeti dikeltmek üçin onlap-ýüzläp ýyllar zerur. Kähalatda mümkin hem däl. Meniň bu sözleýänlerim medeniýetiň elipbiýi, sadaja arifmetikasy, goşmak-aýyrmagy. Dünýä belli balet tansçysy, “Watanym, Türkmenim” diýip, zar-zelil bolup, 1980-nji ýyllarda Türkmenistana gelen Rejep Abdyýew Nury Halmämmediň sazlaryny başyna täç edinesi gelýär. 1989-nji ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda “Soňlanmadyk aýdym” atly balet goýýar. Nury Halmämmedowa bagyşlanan o baletde Nury Halmämmedowyň we oňa meňzeş medeniýet ynsanynyň ýagtylyk, ýagşylyk üçin göreşleri görkezilýär. Balet Nurynyň sazlary bilen bezelýär. Hudožnik işini Berdi Amansähedow ussatlyk bilen bitirýär. Emma bu balet ne kino lentasyna, ne-de wideo düşürilipdir. Rejep Abdyýew ýaly beýik ussat, öýsüz-öwzarsyzlygy sebäpli, näme etjegini bilmän, ýene Russiýa, gelen ýerine gitmeli bolupdyr. Ony ýere düşürmän, gapyp alypdyrlar. Jaý meselesini çözüpdirler. Biziň beýik türkmenimiz hakda iki telefilm alypdyrlar, uly-uly, abraýly teatrlarda çykyş etdiripdirler, onuň tejribesinden peýdalanypdyrlar. Soň Rejep Abdyýewi baletiň öýi Italiýa çagyrýarlar. Ol italýanlara bäş ýyllap baletiň syrlaryny öwredýär. Ynha, şol beýik baletçi Rejep Abdyýew Nury Halmämmet hakda 1990-njy ýylda ýatlama ýazýar: “Diri wagty ony kyn ýagdaýda goýdular. Oňa her ädimde badak atdylar. Ony çinowniklerem, dost diýilýänlerem “bogdular”... Munuň üstesine, Nury ýokary wezipelilere uýgunlaşmandy, olaryň öňünde ýaranjaňlyk etmändi... Nura hapa ýöňkemek üçin edilen aladalar, wagtyň görkezişi ýaly, biderek boldy. Halmämmedowyň sazyny respublikanyň ähli ýerinde bilýärler, gowy görýärler. Oňa ýaşap ýören wagty, ýüzüne “Nuryjan, sen geniý!” diýilmelidi... Adam ruhunyň düýbüne palta uraýmaly däl-ä. Biz öz halkymyzy sylamzok. Ruhy garyplygyň nämä getirýändigini hiç kime düşündirmek zerur däl. Ruhy garyplykda täze Halmämmedowlara Nuryňky ýaly ykbal garaşýar.” Bu sözleri aýdanda beýik ussadyň ýana-ýana jowrananyny göz öňüne getirmek bolar. Soňra Nury Halmämmet hakda kinooçerkler edildi diýäýmeseň, kompozitoryň ady kölege tarapa süýşürilip başlady. Nury Halmämmediň ady dakylan sazçylyk mekdebi ýapyldy, Nury Halmämmedow adyndaky halkara konkursy hem dowam etdirilmän togtadyldy. Emma sazlaryny weli, halkyň ýüreginden sogrup bilmediler. Ýönekeý daýhan hem o sazlara gulak berdi, ýüregine siňirdi. Nury Halmämmet, dogrudanam, ölmez-ýitmez derejä ýeten ekeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||