15:02 Nury Halmämmet: Meşhurlygyň syry nämede? | |
MEŞHURLYGYŇ SYRY NÄMEDE?
Edebi makalalar
Bu örän kyn sorag. O syry hiç kimiň doly açyp bilmejegi belli. Sebäbi genileriň döreýşi düşündirilip bilinmez. Şeýle-de bolsa her kompozitor, her saz öwreniji, her sazanda bu soragdan sowlup geçesi gelenok. Belli dirižýor Aşyr Hojatow şeýle diýýär: “Saz başlap-başlamanka Nurynyň sazyny tanap bolýar. Ol örän ýokary Ýewropa professionallygyny örän ýokary millilik bilen nepis birleşdirmegi ussatlarça başardy. Bu köplere başartmaýar. Nury bolsa şeýdip öz sazlaryny klassyky derejä ýetirdi hem-de muny özi duýmakdan çäksiz bagtlydy. Nury öz beýikligini özi bilýärdi”. Türkmen aýdym-sazyny professional derejede çuňňur bilýän saz öwreniji we dutarçy Öwezmyrat Gandym: “Nury Halmämmediň sazlarynyň jadylaýjy güýji nämedekä? Türkmende ýaňy ýola düşen sazanda göwni ýetilende: “Hä, öz-ä çagalykda dutaryň sapyndan dişläne meňzeýär” diýilýär. Nury hem şolardan. Nurynyň döreden eserleriniň süňňünde diňleýjiniň gulagy ganan dutaryň täsin öwrümleri, onuň nepis nagmalary ýatyr. Ol nagmalaryň ösen saz medeniýetiniň Nura mahsus tärleri bilen baýlaşdyrylmagynda jadyly sungat gözelligi bardyr. Türkmeniň sadaja senedinden ylhamlanyp, Nurynyň täze bir saz gudratyny döredendigine göz ýetirmek bolýar. Aslynda, Nury Halmämmedow kinoda sazy hemaýatçy wezipesinden baş gahryman derejesine ýokary göteren beýik ussatdyr. N.Halmämmedow sazy arkaly öz adynyň dünýä saz medeniýetiniň ägirt uly wekilleriniň hatarynda goýulmagyny gazandy.” Nury Halmämmet hakda döwürdeşleriň ýatlamalaryny toplan saz öwreniji Jemile Gurbanowa: “Kompozitor Nury Halmämmedowyň milli we Ýewropa däp-dessurlaryna esaslanan eserleri XX asyryň sazynyň klassiki nusgalary bolup galdy. N.Halmämmedowyň döreden eserleriniň sany we žanrlarynyň dürli-dürliligi haýran galdyrýar. Onuň saz sungatynyň ýüzlenmedik ýekeje ulgamy-da ýok – simfoniki orkestr üçin eserler, balet, kamera-instrumental we wokal-simfoniki eserler, dürli saz gurallary üçin pýesalar, kinofilmler üçin sazlar we beýlekiler. Kompozitoryň döredijilik meýilnamasynda fortepiano konsertini, “Ýyl pasyllary” atly kantatany, “Görogly”, “Nejepoglan” operalaryny, “Ýusup-Zylyha” baletini döretmek pikirleri bardy... Nury Halmämmedowyň baý döredijilik mirasynyň agramly bölegi hökmünde fortepiano eserleri türkmen saz medeniýetiniň hazynasynda örän uly orun eýeleýär. Fortepiano – kompozitoryň söýgüli saz guralydyr. Şeýle hem Nury Halmämmedow öz döreden eserleriniň köpüsiniň ilkinji ýerine ýetirijisidir. Pianinony çalmagyň dürli-dürli usullarynyň, saz guralynyň owadan owazynyň tembr baglanşyklarynyň, dinamiki täsirleriniň ulanylmagy, adaty bolmadyk ýiti häsiýetli usullaryň gözlegi fortepianonyň özboluşlylygyny N.Halmämmedowyň örän gowy bilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen professional sazynda Halmämmedowyň fortepiano üçin iň bir meşhur pýesalarynyň biri – “Dutaryň owazydyr”. Bu saz türkmen saz medeniýetiniň taryhyna iň ýokary kämillikdäki eser hökmünde girdi. Onda dutardaky ses alyş tärler, dürli elementleri fortepiano sazyna mahsus bolan ýerine ýetirijilik usullary arkaly özboluşlylyk bilen beýan edildi. N.Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eseri 1962-nji ýylda A.I.Haçaturýanyň baş eminliginde geçen Bütinsoýuz bäsleşiginde hormatly diploma mynasyp bolýar. Ol fortepianonyň çeperçilik we “kakylyp çalynýan” mümkinçiliklerinden giň peýdalanýar. Türkmen fortepiano sazy üçin täze bolan bu şekillendiriş serişdeleri eseriň milli häsiýetini dürli öwüşginlerde açyp görkezýär. Kompozitoryň döredijilik aýratynlygynyň özeni, “hamyrmaýasy” bolan dutaryň täsin nagyş ýaly owazyny janlandyrýan “Nurynyň meşhur trelleri” dökülişip ugraýar. Yzly-yzyna sahylyk bilen seçelenşip barýan şol trelleri diňläniňde, özi dutarçy bolmasa-da, awtoryň dutar sungatynyň ähli inçeliklerine şeýle derejede içgin aralaşyp bilşine haýran galýarsyň. Munuň şeýledigine kompozitoryň belli “Dutaryň owazy” sazyny eşideniňde-de, “Şükür bagşy” kinofilminiň tolgundyryjy sazyny diňläniňde-de ymykly göz ýetirýärsiň. “Nurynyň dutary” elmydama göçgünli ýaňlanýar. Dutar owazynyň aýratynlyklaryny ýüze çykaryp, kompozitor simfoniki orkestri tutuşlygyna bitewi saz gurallary hökmünde düşündirýär. Başga bir kompozitor simfoniki orkestrde dutar owazyny döretmegi, belki, skripkalaryň ygtyýaryna bererdi. Sebäbi göräýmäge, kirişli saz gurallary şol owazy döretmäge beýleki saz gurallaryndan has ukyply ýaly bolup duýulýar. Emma kompozitor N. Halmämmedow, dutaryň partiýasyny üflenip çalynýan saz guraly bolan alt fleýtasynyň üsti bilen berip, türkmen dutarymyzyň geňgalaýmaly hakyky obrazyny döredýär. Bu bolsa kompozitoryň orkestrowka meýdanynda-da özüni ussat pälwan hökmünde tanadandygyny aýdýar. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda N. Halmämmedow “Aýgytly ädim” baletini ýazyp tamamlady. Soňra ony simfonik orkestr üçin täzeden işledi. “Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary” diýen wokal toplumy N. Halmämmedowyň döredijiliginiň täze tapgyrynyň başlangyjy bolup durýar. Kompozitoryň durmuşdan ir gitmegi täze pikirleri we maksatlary amala aşyrmaga mümkinçilik bermedi, ýöne welin, iň gowy milli däp-dessurlarda berlen N. Halmämmedowyň Döredijilik mirasy sazandalaryň we saz söýüjileriň köp sanly nesillerini tolgundyrmagyny dowam etdirýär. Romantiki dünýägaraýşyň içinde folkloryň özboluşly peýdalanylmagynda öz beýanyny tapan çeper diliň tapylgysyzlygy onuň sazyna hakyky “halk” owazyny berýär. Nury Halmämmedowyň döredijiligi – diňe bir, nota geçirilen, onuň baý mirasy däldir. Bu şeýle hem, sungata, saza wepalylygyň, wagtyň ussada näderejede täze we täze güýç berendiginiň mysalydyr. Onuň sazy – bizi ata Watanyň medeniýetiniň beýik däp-dessurlary bilen üznüksiz baglanyşdyrýan zynjyryň iň bir wajyp halkasydyr. Onuň döredijilik mirasy bakylyga ymtylýan üýtgeşik baý ruhy çeşmedir. Ol halk aýdym-sazlaryna çuňňur hormaty, halk bagşy-sazandalarynyň sungatyna bendiligi, uly nesliň ussatlarynyň derejesine hormat-sarpany özünde jemleýän giden bir dünýädir. N.Halmämmedowyň döredijiligi, türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň bir bölegi bolmak bilen, munuň özi geçmişi, häzirki döwri we geljegi öz arasynda baglaýan uly ruhy güýçdür”. Kino öwreniji Gapbar Hümmedow: “Aslynda kino üçin saz ýazmak aňsat däl. Bu sungatda ähli zat matematiki hasap boýunça ölçenip edilýär. Mysal üçin, režissýor filmiň haýsam bolsa bir sahnasyny sepläp gutarandan soň, ony kompozitora görkezip, saz ýazyp bermegi haýyş edýär. Şol sahna 15 sekunt ýa-da 1 minut 50 sekunt bolmagy mümkin. Kompozitor, şol sahnada bolup geçýän waka laýyklykda, başy, ortasy, soňy bolan gutarnykly saz ýazmaly. Bir sekunt kem bolmaly däl, bir sekunt artygam. Kompozitor Nury Halmämmedowyň milli kino sungatynda bitiren işleri aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr. “Şükür bagşy”, “Aýgytly ädim”, “Keç pelek”, “Mukamyň syry”, “Gorkak batyr” ýaly filmler barada gürrüň açylanda, dessine N.Halmämmedowyň sazy ýada düşýär. Söýgüli türkmen kompozitor özüniň gysga emma manyly ömründe kino sungatynyň çeper, dokumental, multiplikasiýa filmleriniň ýigrimiden gowragyna saz ýazýar. Kino üçin ilkinji sazyny N.Halmämmedow 1963-nji ýylda ýazýar. Onuň kino sungatynda döredijilik ýoly Bulat Mansurowyň “Şükür bagşy” atly çeper filminden başlanýar. Bu eserde, elbetde, kino režissýoryň, operatoryň ussatlygy görünýär. Emma filme saz ýazan kompozitoryň tagallasy has uludyr. “Şükür bagşy” filmini sazsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Saz bile köp işleşen režisýorlaryň biri Alty Garlyýewdir. 1965-nji ýylda ol N.Halmämmedowy “Aýgytly ädim” filmi döretmekde kompozitor hökmünde gatnaşmaga çagyrýar. Atlaryny çapdyryp söweşe barýan türkmen ýigitlerini suratlandyrmak üçin kompozitor simfoniki orkestre agaç gutujyk (bloc de bois) atly saz guraly goşýar. Bu kompozitorçylyk usul şekil bilen sazyň jebisleşmegine getirýär. Kinorežissýor Osman Saparowyň “Gorkak batyr” (1982) filminde N.Halmämmedow saz seslerinden başga-da tebigatyň seslerinden we şakyrdylardan giň peýdalanýar. Mysal üçin, ol simfoniki orkestrdäki saz gurallarynyň üsti bilen “çölüň aýdymyny”, ümsümligini, ýapraklaryň ygşyldysyny, ýeliň şuwwuldysyny, itleriň üýrmesini hem-de goýunlaryň mälemesini ussatlyk bilen suratlandyrdy. Bu sesler saz bilen utgaşdyrylyp filmiň döredýän emosional duýgularyny güýçlendirýär. Kompozitor Suhan Tüýliýew: “Nury Halmämmedow ─ gysga ömründe baý saz mirasyny galdyryp, türkmen saz sungatyny dünýä derejesine çykarmakda uly iş bitiren ýokary derejeli professional kompozitordyr. Halmämmedowyň sazlary, ony diňlän ýer togalagynyň dürli künjegindäki saz muşdaklarynyň kalbyny ajaýyplygy bilen özüne maýyl edýär we üýtgeşik adamsöýüjilik mähri bilen çoýmagyny dowam edýär. Ol dürli žanrlarda işlän kompozitor. Onuň galamyndan balet, simfonik, wokal-simfonik, kamera-instrumental, kamera-wokal eserleriniň, kinosazlarynyň ençemesi çykdy. Olary baglanyşdyrýan esasy zat – kämillik we öz halkynyň içgi dünýäsini, filosofiýasyny we psihologiýasyny açyp görkezýän millilik. Kompozitoryň sazlarynda ulanylýan saz serişdeleri hakynda aýdylanda, ilki bilen onuň düzen toslanmadyk, çuň millilige ýugrulan heňlerini we heň öwrümlerini bilmek gerek. Dünýä saz taryhyndan mälim bolşy ýaly, owadan we ýatda galyjy, täsirli heňler esasynda düzülen sazlar elmydama öz awtorlaryna şöhrat getiripdir. N.Halmämmedow romantik häsiýetdäki we mazmundaky eserleri döredipdir. Ol polifoniýanyň tilsimlerini, esasan bolsa, sazy akordlar bilen garmoniýalaşdyrmak usullaryny ulanýar. Onuň akordlary aýratynlykda, biri-biri bilen sepleşende ýa-da birnäçe akordlar birleşdirilende peýda bolan sazlaşyklar elmydama islegliligi bilen tapawutlanýar. Türkmen dutarynyň saz keşbi onuň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol ýaşuly kompozitorymyz Daňatar Öwezowyň “Dutaryň owazy” kantatasynda tapan dutar fakturasyny öz fortepiano we simfoniki sazlarynda şahyranalyk bilen ösdürmegi başardy. Aýdylanlara kompozitoryň fortepiano üçin “Dutaryň owazyny”, simfonik sazlaryndan “Türkmenistan” simfonik şekillerini, 1-nji simfoniýasyny, “Şükür bagşy” kinofilmiň sazyny we başgalary mysal alsa bolar. N.Halmämmedow söýgüli saz guraly bolan fortepiano bilen deň hatarda wokal žanrynda halkyň söýgüsine mynasyp bolan dürli göwrümdäki aýdymdyr romanslary we wokal toplumlaryny döretdi. Aýratyn hem oňa simfonik orkestr üçin döreden eserleri mizemez şöhrat getirdi (Onuň kinofilmlere ýazan sazlaryny hem simfonik orkestr ýerine ýetirýär). Simfonik orkestr şu güne çenli adam aňynyň döreden iň kämil, öwüşgünlere iň baý saz gural toplumy bolmaklygyna galýar. Ol guraly öz halkynyň dilinde gepletmek bolsa milli kompozitoryň döredýän eserlerine bagly bolýar. N.Halmämmedow simfonik partituralaryny adaty orkestr üçin ýazan hem bolsa, orkestriň heniz äşgär edilmedik milli saz guralymyzyň ruhuny orkestriň serişdeleri arkaly ussatlarça beýan etdi. Kompozitoryň orkestrde arfa saz guralyny ussatlyk bilen ulanyşy aýratyn hormata mynasyp. Onuň arfada alýan akkordlary arfa bilen bilelikde ýüregiň taryna kakyp gidýär. Edebiýatda we sungatyň dürli pudaklarynda beýik şahsyýetleriň döreden ajaýyp eserlerinde bolşy ýaly, N. Halmämmedowyň öz sazlarynda ulanan saz serişdeleri hem tebigy sazlaşygy bilen haýran galdyrýan we ýaş nesil üçin beýik nusga, özboluşly mekdep bolup durýar”. * * * Nury öz sazlary arkaly dag ýaly gamyny diňleýji bilen paýlaşdy. Diňleýji bilen gam alyp-berişdi. “Gam alaryn, sataryn” diýen Garajaoglan ýaly. Ol öz ykbalyny saz bilen ýazan adam. O sazlarda gam bilen şatlyk şeýle bir bile ýugrulypdyr weli, edil durmuşyň özündäki ýaly bolupdyr. Nury Halmämmediň sazlarynda ähli zat filosofiki reňke boỳalýar. Ol bizi pelsepe deňzine oklaýar. Şonuň üçinem biz o sazlara paýhasly sazlar diýip bilýäris. Edil hakyky durmuşda bolşy ýaly, Nurynyň sazlarynyň aslynda, arkasynda, kölegesinde ynsan bagty we betbagtlygy ýatyr. Güneş hernäçe mylaýym bolsa-da uzakdan gara bulutlar görünýär. Bagt hem-de betbagtlyk bir ojagyň başynda otyr. Ol ynsanyň iki goly ýaly. Nury bu pelsepäni öz sazlarynda beýik bir ruh bilen berip bildi. Onuň sazy ynsan bolup ýaşamagyň neneňsi çylşyrymlydygyny duýdurýar. Öz halyňa, il halyna begenjegiňi, gynanjagyňy bilip bolmaýan ahwaly beýan edýär. Nury bu durmuşda şeýle bir ýürekden şatlanasy geldi, emma her gezek bu şatlyk ýarym çykdy. Sazlarynda-da her begenje, umyda gam kölege berýär. Nurynyň göwün isleýän begenji çagalygynda paltalanypdy. Nurynyň sazy enäni küýseýän balanyň owazy. Nurynyň sazlarynda biri aýdym aýtsa-ol aýdymy ejesi aýdýar, biri läle kaksa, o läle ejesiniňki, biri hüwdülese – ejesi hüwdüleýär, Nurynyň kyrk günlük jigijigi Maýany hüwdüleýär. Nury Halmämmediň tebigaty duýşuna akyl ýetirer ýaly däl. Şo sebäpli onuň sazynda ýaz şemaly, güýz şemaly öwsüp dur, o saz dury suwda akyp barýan sary ýaprak, ömrüň geçip barýanyny duýdurýan jaňjagaz, dag başyndan däliräp inýän derýa. Nury dünýedäki ähli derýalary Sumbardan kiçi görýär. Sebäbi, Nuryny joşduran, Nura ganat-ýelken beren o derýa . Oglanka görüp, soň ömriboýy küýsäp, görmäge zar bolan derýasy. Nury bütin dünýäni, gözel-gözel köşk-saraýly şäherleri bir ýana goýýar, dogduk obasy Daýnany öz ýanyna goýýar. Nury üçin Daýnadan gudratly-keramatly ýer ýok. Eger Daýna bolmadyk bolsa, Sumbaram beýle gözel, beýle mukaddes bolmazdy. Daýna! Daýna!! Daýnadan başlanýar Dünỳä. Nurynyň sazlarynyň baş nyşanasy – ýürek, ýürek, ýürek. Kompozitor saz duýgularynda şeýle bir ýumşaklyga, şeýle bir näziklige, inçelige aralaşýar weli, sesi duýýan iň näzik gül bolan mimozalaram o näziklige haýran galýar. Nury saza şeýle bir çuň çümdi, şeýle bir çuň çümdi, soňunda ol sazyň özüni görmegi başardy. Ol sazyň çöwre tarapyny, töweregindäki höwürlerini hem gördi. Pikiriň çürbaşyna ýeteňsoň, ondan ýokarda Nury Halmämmediň sazy beýgelip başlaýar. Nury Halmämmediň sazy-joşgunly duýgy sili. Türkmen sazyna örän çuň düşünen hem-de ony örän çuň söýen kompozitor Nury Halmämmet boldy. Pianinony beýleki kompozitorlarymyza garaňda gaty ussat çalan hem Nury boldy. Ol “Ilki söz bolupdyr” diýýänlere “Ilki saz bolupdyr, soňra söz bolupdyr, ýene saz bolupdyr” diýen adam. Nury ömriboýy bu dünýäde ýaşandan öz dünýäsinde köp ýaşady. Ol öz dünýäsinden kämahal bu dünýä garap goýberýärdi. Örän syrly, alasarmyk, köňülsiz we sowuk dünýäni ýokardan synlaýardy. Nury Halmämmediň meşhurlygynyň syryny açyp bildikmi? Ýok-la. Ony Nury Halmämmediň özi hem aýdyp bilmezdi. O syry diňe ýürek syzýar. O syry Nura beren beýik Alla açyp biler. Kompozitoryň tutuş döredijiligini birlaý nazardan geçirseň, duýgy eleginde eleseň, onuň şeýle baý hazynasynyň barlygyna, joşgunly çeşme ýalydygyna göz ýetirýärsiň. Emma o baýlyk doly ulanylmady. Muňa Nury Halmämmediň ýetimligi, garyplygy, ýalňyzlygy, onuň ỳoluna daş oklananlygy sebäp boldy. Bir oýlanyp görüň, ahyry. Nury bilen näçe sazlar gitdi?! Saz dünýäsi nähili ýitgä sezewar boldy?! Bu diňe Nury Halmämmediň tragediýasy däl, bütin milletiň tragediýasy. Adamzat, gör, näçe eşretden mahrum boldy. Ýogsa, Nury Halmämmet ömrüni saza bagş etdi. Onuň üçin bu dünýäde diňe saz bardy, sazy söýýänler-söýmeýänler bardy. Çaga ýürekli ynsan bütin ömrüni bu dünýä bilen öwrenişip bilmän geçirdi. Dünýädäki her bir agy ýaşy hem Nurynyň ýüregine damýardy. Her niçik bolsa-da, Nury Halmämmet Türkmen geçmişini, geljegini saza çuňňur siňdiren kompozitor bolup ýetişdi. Ol Türkmen durmuşynyň sazly ensiklopediýasyny döredip gitdi. Hut şoňa görä-de halk ony özüne iň ýakyn milli kompozitor saýýar. Ol Türkmeniň dünýäden giň ýüregini saz bilen dolduryp gitdi. Dünýä söýse-de, dünýä düşünse-de Nury Halmämmediň sazlaryny Türkmen bolup diňläýseň! Hormatly okyjym! Ynha, meşhur kompozitor Nury Halmämmediň beỳik köňlüne syýahat tamamlandy. “Nury Halmämmet we Atageldi Garýagdy”, “Nury Halmämmet we Gurbannazar Eziz”, “Nury Halmämmet we Medeniýet Şahberdiýewa”, “Nury Halmämmet we Annaberdi Atdan”, “Nurynyň maşgala taryhy, Eýranda galan we bärdäki doganlarynyň ykbaly” diýen bölümler hem ýazylyp bilnerdi. Men zeýrenýän ýaly bolmasyn diýip, okyjynyň özi göz ýetirsin diýip, Nury Halmämmet bilen bagly käbir wakalary hem ýazman goýdum. Esasy maksadym-Nury Halmämmediň ýüregini açmak, görkezmek boldy. Eger o beýik köňlüň müňden bir zerrejigini okyja ýetirip bilen bolsam, özümi bagtly saýaryn. Gelejekki beýik ýazyja bir haýyşym bar: Men Nury Halmämmet hakda gysga ýazdym. Sen gyssanman, o ýüregiň syrlaryna çuň aralaşaweri. Indi TÜRKMEN durmuşy NURY HALMÄMMETsiz mümkin däl. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |