OBA ADAMLARY
1.
«Bu şorlan ýerde Durdy aga hiç bir bag-bakja bitirip bilmese gerek. Azaby reýgan bolaýmasa» diýşip, atamyň işiniň şowlajagyna birbada ynanmandyrlar.
Emma, daýhançylygy gowy bilýän atam ol ýere ilki birnäçe gezek suw kowup, şoruny ýuwupdyr. Soňra, ders baryny döküp, topragy mesleşdirmek üçin mekgejöwendir ýorunja ekipdir.
Ýeriň ýagdaýy gowulaşandan soň bolsa, oňa miweli agaçlaryň nahalyny oturdypdyr. Bir çetinden çuň gazdyryp, süýji toprak getirip düşäp, limon bagyny ýetişdiripdir. Gyşyna onuň üstüni polietilen ýapynja bilen basyrypdyr. Bu agaçlaryň yssyny gowy görýäni üçin baharda üstüni açypdyr. Olar eýýäm hasyla hem durupdyr. Oba ýerinde entek hiç kimiň beýle agajy ýetişdirmändigi üçin, atamyň bagyny ýörite görmäge gelýärdiler.
Nahalçylykda ondan başga-da hoz, hurma ýaly, entek oba näbelli agaçlar hem bardy. Atam:
— Bular aram howaly daglyk ýeriň agajy welin, bu ýerde-de bitse gerek — diýip, umyt edýärdi.
Olaryň nahalyny uruşda bile bolan, dostunyňka görme-görşe gidende getiripdir. Şeýle bagy ýetişdirmegi hem şol maslahat beripdir.
Öýdäki mal-gara esewanlyk etmek işinden eli sypyndygy, atam nahalçylygyna gidýär eken.
Men okuwymyz tamamlanyp, tomusky dynç alyşda oba gelenimden soň-a, ol, köplenç, şol ýerde bolýardy. Mallara ot äbermek, suwa ýakmak indi meniň boýnumady. Günortan çaýa gelmeýän günleri enem oňa menden nahar iberýärdi.
Atamyň bag ýeriniň gündogar ýüzünde her ýerräginde ýylgyndyr akbaş biten, belentli-pesli meýdan bardy. Tom- suň jokrama yssy döwrüdigine seretmezden onuň käbir ýeri ylla gar ýagan ýaly akjaryp görünýärdi. Atamyň aýtmagyna görä, bu meýdan ekin ekmek üçin ýa- ramsyz hasaplanýan şorlan ýerdi. Onuň ortasynda ýary gurap, ýarysy çalamydar gögerip duran garry peýwendi bardy. Ol bu ýeriň ozal ekinzarlyk, gowy ýer bolandygyny, soňundan bisarpa kowulan suw zerarly zaýalanandygyny aňdyryp, «Näme üçin beýtdiňiz?» diýip, ýüzlenýän sorag belgisi ýaly bolup durdy. Atamyň negözel bag ýetişdiren öňki ýeri hem başda şeýle ekeni. Indi ol ýeriň, birwagt, ekin bitmez diýlip taşlanan ýerdigine-de ynanar ýaly däl.
Atamyň niýeti öňki bag ýeriniň gap- dalyndaky şol şorlan meýdany-da tekizledip, onda hem bag ýetişdirmekdi.
Ol bu babatda eýýäm başlyk bilen gürleşipdir. Başlyk: «Şol ýeri hem özleşdirip berseňiz, biçak hoşal borus» diýipdir. Ol ýer gatnawly şaýoluň ugrundady. Deňinden geçeniňde ýere bisarpa çemeleşseň, näderejede zaýalanýandygyny mesaňa görkezip durdy. Wagtal-wagtal gowaçanyň ýagdaýyny barlamaga gelýän etrapdyr welaýat ýolbaşçylary hem şol ýoldan geçýärdi. Belki, olaryň başlyga bu babatda aýdan bolmaklary-da mümkin. Şonuň üçinem, atamyň niýetini goldapdyr. Haknazar pälwana ol ýeri tekizläp bermegi tabşyrypdyr.
Atam agşamlyk çaý başynda bu barada aýdyp, indi özüniň aladasynyň artjakdygyny duýdurdy. Maňa ätiýaçdan ýanynda bolmagy, eneme bolsa mundan beýläk nahary köpräjik bişirmegi tabşyrdy.
Enem onuň bu maksadyny oňlamady:
— Öňki bag ýeriňe, öýdäki mellege esewanlyk etseň, azmy? Goja halyňa, täze ýer açynmak nämäňe gerek?
— Şol ýeri hem özleşdirip bilsem, şaýoluň ýakasy giden bagy-bossanlyk bolar —diýip, atam ýeň bermedi.
— Näçe ýaşanyňy ýadyňa sal. Biz indi bişen gawun ýaly kişiler. Haçan tänsek tänibermeli.
— Ölümden gorkup ýaşap bolmaz — diýip, atam diýeninde durdy.
— Entek başyň dikkä, ýarawlygyň barka, işlejek bolmaly. Oňat işler etmeli. Oba giňäp barýar. Uzagyndan, bagy-bossanlygyň golaýynda çagalar bagyny açsaň-da, ýa bolmasa, okuwçylaryň tomusky dynç alýan ýeri etseň-de bolar. Meni bolsa, «Şu bag Durdy aganyň ýetişdiren bagy» diýip, ýagşylykda ýatlasalar şol bes. Ýatlamasalar-da aýby ýok. Haýyr işi ýagşylyk hantamaçylygy bilen etmeli däl.
Atamyň bu sözleri meni tolgundyrdy. Şol wagt men mugallymymyz Gözel Sähedowanyň aýdanlaryny ýatladym. Ol tomusky dynç alyşda wagty bisarpa tutman, ony bähbitli hem gyzykly geçirmegi öwüt beripdi. Täze okuw ýylyna başlan dessimize, «Meniň meňzemek isleýän adamym» diýen temadan düzme ýazdyrjakdygyny, oňa taýynlykly gelmegi tabşyrypdy. «Belki, dynç alyş döwri, siz, durmuşda meňzemek isleýän, ajaýyp adamlaryňyza duşarsyňyz» diýdi. Ol: «Öz eneň-ataň, ýakyn garyndaşlaryň barada ýazmak bolýarmy?» diýen sowalymyza: «Öz ýakynyňyzy siz şeýle-de gowy görmeli, görelde almaly. Bu düzme üçin gahrymany garyndaş däl adamlaryň arasyndan gözlemeli» diýipdi. Eger-de şu gadaganlyk bolmadyk bolsa, ol düzmäni hökman atam barada ýazardym.
Göwnüme bolmasa, atamyň zergärçilige bolan yhlasy bagbançylyga geçen ýalydy. Ol ýer barada gürrüň edende, «Toprakdan döredik, soňa-da gaýdyp bararys. Baky uka beriljek ýerimiz şoldur» diýýär. «Ýer ene kibi. Hiç haçan aldamaýar, azabyňy köýdürmeýär. Nahal ekseň, gögerdýär. Zähmetinden gaçmasaň, negözel bag ýetişdirip berýär. Biagyrlyk etseňem, göýdükje bir närse. Onuň miwesini iýibem agzyň tagam tapmaýar. Keselbent, nalajedeýin kişi kimindir. Göräýmäge ol bar, ýöne ondan haýyr welin az. Şonuň üçinem, bagban öz ba- gyna eserdeň bolmaly. Bag ýetişdirmek hem çagalykdan esewanlyk edip, adam kemala getiren ýalydyr» diýýär.
2.
Şähere gitmeli möhletim golaýladygyça, Haýyt uzyn meni obada galmaga barha yhlaslylyk bilen yrýar. Bu günem atamyň bag ýerine, bede boguşmaga barýarkak, şol synanyşygyna başlady. Haýyt özüçe, degerli delilleri getirip, sö- züni dowam etdirdi:
— Meniň-ä şäherde howum basylýar. Oba hezil. Adamlary sada, durmuş gyzykly. Öz ekip ýetişdiren zadyňy, özüň ýolup iýmegiň lezzeti nämä degmeýär? Dogry, şäher owadan. Ýollaryň gyrasyna gül ekilen. Ýöne, görüp bilseň, oba hem owadan. Ine, iki ýakasy bagly-howluly, ýaşaýyş jaýly oba ýoly bilen gidip barýansyň. Kä öýüň gapysynda gazan ýaly kelleli mähnet köpek ýatandyr. Sen onuň adyny bilýänsiň. Ol hem seni tanaýandyr. Deňine ýeteniňde, başyny göterip ese- der. Itligini edip topular öýtseň, ýa-da ýöne şeýleligine-de: «Akbaý» diýersiň. Ol seniň hoşamaýlygyňa çuslanyp, «Arkaýyn geçiber» diýýän dek, çalaja hyňranar. Hiç bir gorky-howatyrsyz, merdemsi keşbi ýüregiňe rahatlyk aralaşdyrar.
— Diýmek men obada Akbaý üçin galmaly-da? — diýip, men güldüm.
— Nämä gülýäň, diňe Akbaý üçinem däl — diýip, Haýyt obany magtamasyny dowam etdirdi.
— Ine, öýleriň deňinden geçip barýarkaň, kül reňk towuklaradyr petekesini pökgerdip duran horaza gözüň düşer. Horazyň ýelekleriniň gyzyl-ýaşyl reňki, onuň özüni derejeli tutuşy seni biygtyýar özüne çeker. Daňdan, günortan hem agşamlyk eşidýän çasly sesiň şol horazyňkydygyny ýatlap ýylgyrarsyň. Ol «Gok-goklap» towuklaradyr jüýjelere esewanlyk edýändir. Käte-de gyrgy ýa-da çaýkel inip, jüýjesini ogurlap ötägitmez ýaly, göge seredip goýberer. Itden-pişikden maşgalasyny goramaga häzirdir. Ýer peşäp, iýmäge bir zatjagaz tapsa, özi çokman, jüýjelerine berer. Gygyrmaly pursady bolsa, özini rastlap, sesinde baryny edip gygyrar. Horaz diýjeksiň, beýnisi şänik ýalydyr, şeýle-de bolsa, öz borjuna düşünişine kesesinden haýran galarsyň.
Meniň hiç bir garşylyksyz, ümsüm diňläp barýanyma, obada galmaga yrýandyryn öýdüp ekezlenen Haýyt, gürrüňini dowam etdirdi.
— Ynha, öňüňden bir garryja adam gelýändir. Sen ony tanaýansyň. O-da seni. Deňine ýeteniňde, salam berersiň. Elleşip görşersiň. Elleşeniňde onuň sag golunyň başam barmagyny çalaja basyp goýbärsiň.
— Näme üçin? — diýip, men geňirgendim.
—Beýtmek, «Sizi Hydyr ata meňzetdim» diýmekdir, sarpasyny saklamakdyr. Ýogsa, sen onuň Hydyr ata däldigini, oba adamydygyny bilýänsiňem. Ýöne, bu bir gowy däp.
Atamdan, Hydyr atanyň çölüň piridigi barada eşiden-de bolsam, Haýydyň aýdanlary meni gyzykdyrdy:
— Nätanyş adam duşsa-da, şeýdip salamlaşmalymy?
— Hydyr ata baradaky rowaýaty eşitmänmidiň?
— Ýok, eşitmändim.
— Obada, uly-kiçi Hydyr ataň gözleginde gezýär. Oňa duşsaň, arzuw-islegiňi bitirýärmiş. Ol orta boýly, çuw-ak sakgally, sadalaç geýnen, güler ýüzli gojamyş.
Ol duşan adamyny synap görmek üçin, haýsydyr bir haýyş edýärmişin. Salyhatlymyň-dälmiň, barlap görýärmişin. Şol haýyşynyň ýönekeýje bolmagy-da, bitirmesi kyn bolmagy-da, onuň seni duýdurman synamagy-da, şeýle salamlaşyp ötmegi-de mümkinmişin. Göwnünden tursaň, hoşal bolup, iki elläp gadyrly görüşýärmişin. Şonda onuň Hydyr atadygyny — däldigini bilmek üçin sag eliniň başam barmagyny çalaja basyp görmelimiş. Eger Hydyr ata bolsa, başam barmagy süňksüz bolýarmyş. Oba arasynda aşa gowy adama: «Süňksüz gowy adam» diýilmesi-de şonuň üçin. Ony tanan dessiňe, öňden ýüregiňde besläp ýören arzuwyňy aýtmalymyşyn. Ol: «Arzuwyň amala aşar, enşalla!» diýip, doga okap, gol göteräge-de, gözden gaýyp bolýarmyş. Onsoň garaşybermelimişin. Ara wagt salman, arzuwyň amala aşýarmyş. Ýöne, garaşyp ýörkäň, bir biweçlik etseň, adamkärçilikden daş düşseň, her näçe garaşanyň bilenem arzuwyň amala aşmaýarmyş.
Haýyt gürrüňini soňlaryna mähetdel:
— Eger-de, sen Hydyr ata duşsaň, nähili isleg-arzuwyňy bitirmegi haýyş ederdiň? — diýip gyzyklandym.
— Ony Hydyr atadan özgä aýtmak bolmaýar. Ýogsa, negözel arzuwyňy başgalaryň kakyp alyp, ulanmagy mümkin — diýip, Haýyt uzyn çyny bilen düşündirdi. Tigriniň badyny gataldyp haýdap
barşyna, birdenem şeýle diýdi:
— Eger-de, sen, obada galmasaň, etjegimi bilýän...
— Hawa, näme etjek?
— Jahany eliňden azdyryp alaryn...
Men gaharyma tormoz berdim:
— Sendenem bir dost bormy?! Garaçynymdygyna düşünen Haýyt dessine yzyna öwrüldi:
— Köşeşsene-how, degişdim. Barlaýyn diýdim. Söýgiň hakyt ýürekden ekeni — diýip, tirsegime kakdy.
— Hany, ýör ataň garaşýandyr.
Oýansam, bireýýäm daň atyp, Gün guşluga galypdyr.
Enemdir atam ertirlik edinipdir. Men iýer'içer diýip, enem saçagy ýygşyrmandyr. Sowamaz ýaly çaýyň üsti basyrylgydy. Ortada süýtli tabak, gaýmak, enemiň düýn ýapan çöregi.
Näme üçin beýle uzak uklanyma geňirgendim. Gapdalymda çaý içseler-de aňşyrmandyryn. Ýa-da enemiň aýdyşy ýaly, boýum ösýärmikä? Giç turan günlerim, ol: «Uzak uklaýanyň sebäbi, boýuň ösýändir» diýýär. Adamyň boýy hemme wagt däl-de, ukuda ýatyrka ösýärmikä?
Açyk äpişgeden ýakymly ys urýar. Ol bägülüň ysy. Atam oňa «Gadymy bägül» diýýär. Özem ir gülleýärmişin. Eýýäm maýyň başlaryna çemen bogubermeli bolýarmyş. Ýeňiş güni mekdebe uruş weteranlaryny çagyranlarynda, duşuşygy guraýjy Juma Döwlet gelip, atamyň akly-gyzylly bägüllerinden birnäçe desselik ýygyp äkidýär ekeni.
Duşuşyga atamyň özi hem gatnaşýandygy üçin, «Öz bägülümi özüme gowşuryp ýörmeziňiz ýaly, bu bägüli mekdepde hem ýetişdirip bereýin, ekmäge ýer görkeziň!» diýipdir. Onuň sözüne gülşüpdirler. Bägül eker ýaly ýer görkezipdirler. Atam çagalary hem kö- mekleşdirip, birnäçe bägül nahallaryny mekdepde-de ýetişdiripdir. Muny maňa Haýyt uzyn gürrüň berdi. «Hanha, ataň eken bägülleri!» diýip, olary görkezdem.
Uzakdan traktoryň sesi gelýärdi. Bu Haknazar pälwanyň zynjyrly traktorynyň sesidir. Ol atama täze ýer açyp bermäge barandyr.
Atam maňa ýanynda bolmagy tabşyrypdy. Muny enemiň taýýarlan naharyny daşap bermegim üçinem däl-de, birden, uruşdan galan tutgaýy gozgasa, geregim çykar öýdüp şeýdendir diýen pikir kelläme geldi. Men bolsa ýatyp galypdyryn. Enem niredekä? Bir alada bilen goňşy- golamlara çykandyr-da.
Ur-tut tigrime atlandym. Bat alyp ýetişmänkäm, balagymy zynjyr gapjap, tüwdürilip düşdüm. Howul-haralykda ony çyzgamagy unudan bolsam nätjek! Ýere degip, tirsegimiň hamy sypjyryldy. Tigriň ruly egreldi.
Ýykylan ýerim Jahanlaryň öýüniň deňidi. Penjireden gören bolsa, «Özüni oňarmaýan oglan» diýendir.
Sol aýagymyň hem agyrýanyny duýdum. Balagymy göterip görsem, dyzymam sypjyrylypdyr. «Men özümi käte näme üçin beýle gowuşgynsyz alyp barýarkam? Bu bolşum lellimligimmikä? Ýa-da mende Döwranyň diýşi ýaly «Ejemoglulyk» barmyka?» diýen pikir hyýalyma gelgi. Oba oglanlarynyň: «Ýamasy özündendir, biter gider» diýşip, beýle zatlara ähmiýetem bermeýänlerini ýatlap, ýola düşdüm.
Barsam, Haknazar pälwan alagury peýwendini ýykmak üçin düýbüniň gumuny aýryp ýördi. Atam bolsa bir çetde durup muňa tomaşa edýärdi.
Peýwendi traktoryň gujuryna tap getirip bilmän ahyrsoňy ýykyldy. Ala-gury bolsa-da, onuň ömrüni soňlaýşyna ýüregim awady. Atam maňa:
— Bu ýer ozal Şamy ker diýilýän baý kişiniň ýeri bolupdyr. Onuň küňreli howlusyny ýykyp, ine şu pagta meýdanyny açdylar. Bu peýwendi hem şol döwürden galan — diýip düşündirdi.
Onýança-da Haknazar pälwan traktoryny öçürip, ondan düşdi.
Mähnet tudy eýlesinden-beýlesinden synlap, atamyň ýüzüne seretdi:
— Agajy gowy ekeni.
— Mundan dutar çykar. Ýaltanmasaň, Halyl aga eltip ber!
— Ýok, ýaltanmaryn.
Şol günüň ertesi, atam bilen günor- tanlyk edinmäge oturanymyzda aňyrdan ýetip gelýän Haknazar pälwany görüp, geňirgendi:
— Ýer açyp berende galdyryp giden açar — beýlekisi bardyr. Şony almaga gelendir.
Haknazar pälwan salamlaşyp bolup, «loh-lohlap» gülüp başlady. Gülki ara- synda habaryny aýtdy:
— Durdy aga, ol goparan peýwendi- mizde hazyna bar ekeni!
— Aý, ýog-a?!
— Halyl aga onuň köweginden mata dolangy tylla teňňeleri tapypdyr. Ors patyşasy döwrüniň «bäşlik» hem «onluk» altyn pullary.
— Ine, saňa gerek bolsa täzelik! Onsoň olary nädipdir? — diýip, atam gyzyklandy.
— Näder öýdýäňiz, etrap merkezine äkidip, degişli edara tabşyrypdyr. Taňryýalkasynyna berlen pula bolsa: «Şu howlulardan göçüp, ýat ýurtlarda baky galanlaryň ruhlary hoş bor ýaly, sagaka edip berjek!» diýýär.
«Haýyşymy baryp ayt, soň özümem aýlanaryn» diýdi.
— Näme haýyşyny?
— Sadakany, siziň bag ýeriňizde, hazynanyň tapylan ýerinde beräýsem diýýär.
— Dogry edýär — diýip, atam ylalaşyp baş atdy.
Şondan soň obanyň käbir agzyboş adamlary «Durdy aga şol töwerege yhlas edýär welin, ol hem hökman gyzyl tapan bolmaly» diýşip, gürrüň ýaýradypdyr. Atam ol gürrüňlere ähmiýet hem bermeýärdi.
4.
Atamyň uruşdan galan derdi gozgady. Gowy ýeri, günortan onuň yzyndan nahar alyp barypdym. Ýogsam, ol, käte eneme: «Bu gün hiç zat goýbermeseň-de bolar» diýip, biraz gowurmadyr çörek alyp gidýärdi. Çaý demlenip, günortanlygyny şonuň bilen edinýärdi.
Haýydy hem ýanyma alypdym. Barsak, atam hiç ýerde görünmeýär.
— At-a-aa! — diýip, gygyrsam-da jogap ýok.
Ýorunja orýan kölçesine seretsek, ösgün ýorunjalygyň içinde, bir çugdam bolup, düýrügip ýatyr. «Jany bir barmyka?» diýip, depe saçym üýşüp gitdi.
— Diri. Tutgaýy tutupdyr! — diýip, Haýyt dillendi.
— Görýäňmi, çalaja sandyraýar. Ýör, ony kölegä geçireli.
Ol Günüň aşagynda, özüni bilmän, uzak ýatan bolarly. Köýnegi derden ýaňa öljerip durdy. Meniň: «Ata! Ata!» diýýänime-de hiç hili jogap berenokdy.
— Men Muhammetlere eňeýin. Şol öýdedir. Şonuň ulagynda keselhana äkideris — diýip, Haýyt tigir goýan ýerimize ylgady.
Elýaglygym bilen atamyň derçigen ýüzüni süpürdim. Gözleriniň ýumukdygyna, ses-üýnsüz ýatanyna seretmez- den onuň eşidýän bolmagy mümkindi. Oňa haýsy-da bolsa, bir hoş sözler bilen ýüzlensem gowy boljakdy. Ýöne, näme diýsemkäm? «Ata, mert bol!» diýsem näderkä? Gelşiksiz bolar. Ol şeýle-de mert ahyryn! Urşuň gutaranyna ençeme ýyllar geçse-de, bu derdine çydap gelýär. Käbir kişiler ýaly zeýrenip, ätiýaçly boljagam bolanok. Adaty ýaşaýar. Uruşda saglygyny ýitirmek bilen, senedini hem ýitiripdir. Elleri sandyrap dur. Onsoň, ol nädip zergärçilik etsin?!
Atamyň gataňsy elinden tutup, gapdalynda oturşyma, onuň elimi çalaja gysýanyny, ýanyndadygymy duýýanyny aňýardym:
— Ata, men seni gowy görýän! Ynha, basym aýak üstüne galarsyň. Onsoň maňa zergärçiligi öwredersiň. Men bu senedi ýitirmejek bolaryn. Gowy şaý-sepleri ýasaryn. Eger görnüşi ýadyňda bolsa, «Urşa gitmänkäm ýasapdym» diýýän «Görogly» gülýakaňy hem ýamaşgandan ýasarys!
Muhammet öýünde eken. Ulagyny batly haýdap gelşine, gapdalymyzda saklady.
— Durdy aga, biraz gaýrat ediň! Derrew keselhana elteris — diýip, atamyň başujundan tutdy. Tigrini goýup, özi bilen gaýdan Haýytdyr maňa ýüzlenip:
— Hany, ynjytman ulaga mündüreliň! — diýdi.
Atamy yzky oturgyçda ýatyrdyk.
— Birden bärik ýykylmaz ýaly, biriňiz gapdalyna oturyň! — diýip, Muhammet tabşyrdy.
Men atamyň gapdalyna, Haýyt öňde ýerleşdik.
Keselhana obanyň çetindedi. Oňa basym ýetmek üçin, Muhammet uly ýola çykman, pagta atyzlarynyň gyrasyndaky inçejik gumaksy ýol bilen sürüp başlady. Ep-esli ýöränimizden soň, gowaça tutu- lan suwuň ýola gaçan ýeriniň üstünden bardyk.
Yza öwrülmegem mümkin däldi. Bir tarapy suwarylan gowaçalyk. Beýleki tarapy ýabyň belent raýşy. Muhammet ikirjiňlenip durman bat bilen suwa girdi. Şeýtmek bilen ep-esli aralyga çenli gidip bildi. Ýöne soňra ulagyň tekerleri laýa batyp, «hyňlap», boş aýlanyp başlady.
— Men yzyndan iteýin — diýip, Haýyt ur-tut köwüşlerini çykaryp, balagyny çyzgap ulagdan düşdi. Onuň itmeginiň haýry degip, suw basan ýoldan tiz geçip bildik.
Atama dessine sanjym edip, içirmeli dermanlaryny içirdiler. Ol şondan son özüne gelip, dikelip oturdy. Uruşdan galan tutgaýynyň tutmagynda özüni günäkärledi.Ýiti Günüň aşagynda oturyp ýorunja ormagy, aşa ýadamagy sebäp bolandyr öýtdi.
«Biraz wagt keselhanada galyp, saglygy berkedýän däri-dermanlary alyň!» diýmeklerine seretmezden öýe gaýtdy.
Muhammediň ulagynda yzymyza gelýärkäk:
— Bu hakda keýwana aýtmaň! Ýogsam, ol juda gynanar. Gynansa-da, ýüregagyrysy gozgar — diýdi.
Ýerli-ýerden: «Bolýar» diýişdik. Ene- miň ýüreginiň dertlidigini hem bilemokdym.
Atamy öýe eltenimizden soň, Haýyt bilen tigirlerimizi almaga gitdik.
Muhammediňkiden Haýydyň tigrini alyp, oňa iki bolup münüp, atamyň bag ýerine bardyk.
Haýyt ulagyň yzyndan itende palçyk syçran balagyny ýuwup, tämizläp, güneşe serdi. Men bolsa, atamyň bagyň bir çetinde daňyp goýan eşegini suwa ýakdym.
Soňra «Kölegesi ýakymly bolýar» diýip, atamyň ýörite eken çynarynyň aşagyna bardyk. Atamyň öýe alyp gaýt-)mak üçin ýygyp taýynlap goýan erikdir üzümlerinden iýip, hezil edindik.
— Ataň saňa uruşda başdan geçi- renlerini aýdyp berdimi? — diýip, Haýyt gyzyklandy.
— Ýok. Bu barada atam heniz gürrüň ber- mändi. Şeýle gürrüňe sebäp hem döremändi. Diňe uruşda seňseländigi zerarly zergärçiligi goýbolsun etmeli bolanyny aýdypdy.
—Bize gürrüň berdi — diýip, Haýyt bilesigelijiligimi artdyrdy.
—Ýeňiş güni, mekdepde uruş weteranlary bilen duşuşyk boldy. Şonda ataňam bardy. Ataň aragatnaşykçy bolupdyr. Aragatnaşyk uruşda juda zerur. Top oky düşüp, bomba ýarylyp, üstünden tank geçip, ýa-da başga sebäplere görä, telefon simi häli-şindi üzülip, aragatnaşyk kesilipdir. Aragatnaşyk kesilse-de, söweşiň gidiş tertibi bozulýar. Ony dolandyryp bolmaýar. Ine, şolar ýaly jygba-jyglykly pursatlaryň birinde aragatnaşyk ýitipdir. Ataň kömekçisi bilen onuň sebäbini anyklamaga, aragatnaşygy dikeltmäge gidipdirler. Aldym-berdimli söweş barýarka, bagry bilen süýşüp, telefon simini yzarlap, onuň üzülen ýerini tapypdyrlar. Şol pursat hem duşman tarap hüjüme geçip, goranyşy böwsüpdir.
Olaryň üstüne duşman esgerleri ok ýagdyryp ýetip gelýärmişin. Ataň kömekçisine:
— Sen simi çat! Bulary özüm saklaryn! — diýip, duşmanlary ot açyp garşylapdyr. Atyşyp oturşyna, kömekçisiniň: «Aragatnaşyk ýola goýuldy» diýip, öz aralarynda düşnükli alamat bilen goluny göterenini görüpdir. Edil şol pursat ýokarda faşist uçarlary peýda bolupdyr.
Ataň: «Aragatnaşygyň dikeleni häzir duýlar» diýip, atyşyp durka, öz uçarlarymyzyň okgunly ýetip gelýändiklerini görüpdir. Faşist uçarlary bombalaryny gyssagly oklap, zut gaçmak bilen bolupdyr. Ine, şol oklanan bombalaryň biri hem ataňyň golaýyna düşüpdir. Onuň zarbyna zyňlan gum, üstüni örtüpdir. Ol seňselän halda gumuň aşagynda galypdyr. Gowy ýeri, şol ahwaly görüp duran kömekçisi bu barada serkerdesine aýdypdyr. Üç sagatdan soň, gumuň aşagyndan ataňy gazyp alypdyrlar.
Haýyt uzynyň gürrüň beren wakasy meni haýran galdyrdy:
— Atam üç sagatlap gumuň aşagynda ýatybam, diri galypmy?
— Hawa, çöregi bitin ekeni.
— Şonça wagtlap demigmeýşini diýsene?
— Bizem ondan bu barada soradyk. Ol: «Meniň atyşýan ýerim, diwaryna agaç örülen garymyň içidi. Belki-de, şol agaçlaryň arasynda galan yş ýerlerdäki howa aman saklandyr» diýdi.
Atama bolan buýsanjym has-da artdy. Muny aňan ýaly, Haýyt uzyn:
— Hawa, dost jan, seniň ataň zor adam! — diýip, egnime kakdy.
Atamyň tutgaýynyň gozganyny enem barybir bildi. Oňa muny şepagat uýasy bolup işleýän Jennet öýümiziň deňinden geçende aýdypdyr. Ol Haýyt uzynlaryň goňşusydy. Atamyň:
— Özümi oňat duýýan, gaýgy edesi iş ýok — diýenine seretmezden, enem:
— Indi yssyda işlemejek bol. Saglygyňa esewanlyk et! — diýip, biynjalyk boldy.
5.
Haýyt uzyn bilen atamyň täze açdyran ýerindäki ýylgyndyr akbaşyň köklerini çöpleşdirip, suwarmaga taýynlap başladyk. Göräýmäge garry tut bilen birnäçe düýp ýylgyn ösüp oturan meýdandy. Haknazar pälwan tekizlänsoň welin, ol ýerde işiň kändigine haýran galaýmalydy. Haýsydyr bir ösümlikleriň ýogynly-inçeli köklerinden başga-da, kerpiçdir poslap giden demir bölekleri, küýze döwükleri köpdi.
— Bu kerpiçler gadymy kerpiçler — diýip, Haýyt düşündirdi.
Adaty kerpije görä ýukarajyk, inedör- dül kerpiçler ençeme ýyl gum astynda ýatan bolsa-da berkdi.
— Bulary bir ýere üýşüripjik goýaly. Belki, ataň bagyň içindäki ýodajyklara düşär — diýip, Haýyt akylly maslahat tapdy.
Küýze döwükleriniň özüne imrindiriji ýalpyldap duran syrçasy bardy. Dürli reňkdäki nagyşlar bilen nagyşlangy küýzeleriň böwri döwlen diýmeseň, abatlary-da duşýardy.
Haýyt uzyn olaryň tapylan ýeriniň gumuny yhlas bilen dörüp görýärdi:
— Belki, bizem hazyna taparys. Atam maňa beýle gözlegiň ähmiýetsizdigini, hazynany öz gara zähmetiň bilen gazanjak bolmalydygyny aýdypdy. Şonuň üçünem men, «hazyna gözleýjilik» ýoňy bilen kesellemändim. Ol dutar ussasy Halyl aganyň peýwendiniň köwe- ginden tylla tapmagyny, «Bu negada bir bolýan ýagdaý» diýip düşündirdi.
Şol barmana-da, Haýyt uzyn ýerden agzy dykyly abatja küýzäni göterdi. Onuň ýüzi üýtgäp gitdi. Tolgunmakdan ýaňa birgeňsi ýylgyryp, ýüzüme seretdi:
— Ine, bizem hazyna tapdyk! Küýzäniň agaç dykysyny açmaga häzirlendi.
— Dur, açma! — diýip, ony sakladym.
— Näme üçin?!
— Içine jyn gabalgy bolsa näbilýäň? Elbetde, men muny arap ertekilerindäki wakalar ýadyma düşüp, degşip aýdypdym.
— Onda näderis? — diýip, Haýyt ýüzüme tiňkesini dikdi.
— Ilki oýlanyşaly. Küýzäni açsak, ondan çykjak jyn hoşniýetlimi, betniýetli, bilemzok ahyryn. Hoşniýetli bolsa, işimiziň oňdugy. Betniýetli bolsa, näderis? Onuň özüniň bizi küýzä gabamagy mümkindir.
Haýyt uzyn meniň degişýänime düşündi:
— Aý, senem-aý, dost diýjeksiň. Beýdip oýnamaly däl-ä!
Küýzäniň dykysyny açyp, içine seretdi.
— Bir zatlar-a bar!
Onuň beýle diýmegi maňa hem tolgunma aralaşdyrdy. «Dogrudanam hazyna tapaýdykmykak?!». Ol soňra:
— Gawundyr garpyz çigitleri — diýdi. Onuň aýasyna kakan çigitleri abatjady. Olary yzyna salyp, küýzäniň dykysyny dykdyk:
— Atama bereris. Belki, tohumy ýitip giden gawun-garpyzlaryňkydyr.
* * *
Sadaka berýän Halyl aga bolsa-da, aladasyny edýän köpdi.
Irden atam bilen onuň açdyran ýeri-ne baryp, ozaldan kölegelik çadyr gurlup, syryly-süpürilip tämizlenip goýlan ýere, gündiz howa gyzsa, salkyn bolar ýaly, birlaý suw sepdik.
Onsoň, atam nahar ataryljak gazan- lar üçin ojak gazdy. Gazylan ojaklara gazanlary goýuşdyryp, ýanyna ýakyljak oduny daşap başlanymyzda, bu tutumyň hyzmatyny etmeli adamlar gelip başlady.
Gassap Gurban Rüstem baggoýunlary öldürip, eti bişiribermeli edip böleklere bölüşdiripdi. Çaý aladasy Şyhy aga ynanylypdy. Oňa oglanlardan kömekçi berkidilipdi. Olar eýýäm üç sany ullakan güpi suwdan dolduryp ýördüler.
Şol wagt hem başlyk Jumaguly aga geldi. Atam bilen salamlaşyp, işleriň neneň-niçik gidişini sorady.
— Halyl aganyň şu tutumy gowy tutum. Ata Watandan göçüp giden ildeşlerimizi ýatlamagymyz, ruhlaryny hoş etmegimiz gerek — diýdi. Günortan aýlanjakdygyny, işiniň kändigini aýtdy.
Onuň yz ýany Juma Döwletiň «Wolgasynda» mekdebiň müdiri Weli aga ikisi geldi.
Weli agany meniň ilkinji görşümdi. Onuň adyny obada uly-kiçi Weli Keri- mowiç diýip tutýardy. Abraýy başlygyňkydan pes däldi. Atam aýtmyşlaýyn, ol oňat adam, gowy müdirdi.
— Weli Kerimowiç, haçan geldiňiz? — diýip, atam onuň bilen gadyrly görüşdi.
— Geçen agşam. Amyderýa bekedinden özüm alyp gaýtdym — diýip, Juma Döwlet öňürtiläp düşündirdi.
— Gowy dynç aldyňyzmy?
— Erbet däl — diýip, ol jogap berdi.
— Oglanlar ol ýerde ähli zady öňünden gowy gurapdyrlar. Deňiz suwy oňat gyzypdyr. Hezil edinip suwa düşdüm. Howam täzelendi. Saňa-da «gideli» diýýän welin, sen oňlaňok-da.
— Ol ýerde, siz, «Gara deňizde bile söweşenlerimiz bolup jemlenişýäs» diýýäňiz. Onsoň, men saýry bolýan-da — diýip, atam güldi.
— Esasan-a şeýle. Uruş tamamlanaly bäri her tomus duşuşýas. Söweş wakalaryny ýatlaýas.
— Weli Kerimowiç, men sizi agtygym Batyr bilen tanyşdyrmakçy — diýip, atam, meni golumdan tutup, onuň ýanyna eltdi.
— Tüweleme, gezmäge geldiňmi?
— Hawa — diýip, baş atdym.
— Näçinji synpda okaýaň?
— Altynjy synpa geçdim.
— Okaýşyň niçik? «Üçlük» barmy?
— Hawa.
— Oba ýaradymy?
— Hawa.
— Dogruçyl, ýöne ýygra — diýip, Weli Kerimowiç atamyň ýüzüne seretdi.
— Ogluňy şähere aldyrtdyň. Belki, öwezine agtygyňy şäherden alarsyň?
Weli Kerimowiçiň bu gürrüňinden kakamyň okuwyny tamamlandan soň şäherde galmagyny, garrylary ýeke goýmagyny oňlamaýandygyny aňmak bolýardy.
—Bilmedim-dä... — diýip, atam eginlerini ýygyrdy.
— Garran çagy adama ýanynda golt- gy gerek.
— Dogry aýdýaňyz — diýip, atam ylalaşdy.
— Hany, Halyl aga gelmedimi? — diýip, Weli Kerimowiç gyzyklandy.
— Enteg-ä gelenok.
Weli Kerimowiç oglanlaryň ýerli-ýerden kömekleşip ýörenini görüp begendi:
— Ine, şu gowy görelde. Durmuş sapagy. Şu sapaga has köpräjik ähmiýet bermeli — diýip, nahara oturyljak uçurlary geljekdiklerini, mekdebiň okuwa taýyn ediliş ýagdaýy bilen gyzyklanma- gynyň gerekdigini aýdyp, Juma Döwlet ikisi «Wolga» münüp, ýola düşdüler.
Olar giden dessine, Şyhy aga kömek- leşip ýören Haýyt uzyn ýanyma geldi.
— Ine, şol adam biziň mekdep müdirimiz.
Halyl aga hem ahyrsoňy köneje ýük ulagda, ýanyna Ýaýlym işany-da alyp geldi.
Ýüreginiň azar berýänini, keselhana sowlup, sanjym etdirendigini, şonuň üçinem eglenendigini, ýolugra aýat-tö- wir okatmak üçin Ýaýlym işany-da alyp gaýdanyny aýtdy.
Ýaýlym işan ýaşy segsenden geçen, orta boýly, uzyn sakgally, hortap kişidi. Ýörände agsaýardy. Haýyt uzyn ol barada:
— Oglanjykka düýeden ýykylyp, aýagyny döwdüripdir. Şeýdibem ömürlik maýyp bolup galypdyr — diýip düşündirdi.
Halyl aganyň sadakasynyň soňy toý dabarasyna çalym etdi.
Belent pürs dikilip, şoňa dakylan çyralaryň ýagtysyna gije birçene barýança bagşy diňläp, mesawy gürrüň edip oturdylar.
Atamyň täze açdyran ýerinde berlen bu sadaka, ol aýtmyşlaýyn, «Oba adamlaryny öňkä görä-de ysnyşdyran, mähribanlaşdyran ajaýyp waka boldy».
6.
Ýasaýan gülýakamy basym taýynlamagym gerekdi. Wagt gysýardy. Ony Jahana gowşurmakçydym.
Atam meniň ussahanadalygymy görüp begendi.
— Kakamyň maňa zergärçiligi öwredýän döwürleri bu senede sarpa has başgaçady. Gymmat bahaly daşlary bolsa bazarlardan äkelerdi. Daşlara gowy beletdi. Gördügi hakykymy ýa-da dälmi tanardy. Ýasan şaý-sepini çem gelene satmazdy. Hakyky eýesi duşýança saklardy. Ony edinen gelin-gyzyň täleýi bilen gyzyklanardy. Haýsy şaý-sepiniň kimdedigini magat bilerdi. Eger haýsydyr bir sebäbe görä, ýasan şaý-sepiniň bazara düşenini, satylýanyny eşitse, bahasyndan gaçman, özi satyn alardy. «Senedim kemsinmesin» diýerdi. Biziň neberämizde bu senet ençeme arka aşypdyr. Her gezek senedi täze nesle geçirmek borç hasaplanýar. Bu borjy ýerine ýetirmek maňa eýgertmedi. Kakaň zergärçiligi göwnemedi.
— Ol suratkeş. Bu hem zergärçilige ýakyn senet — diýip, men atamyň sözüni böldüm.
— Ol şeýle bolmagy mümkin. Ýöne, daýhançylykdyr bagbançylyk meňzeş kär ýaly görünse-de, biri-birinden parhy kän — diýip, atam öz diýeninde durdy. — Indi bar umydym sende...
Ol soňra meniň ýasaýan gülýakamy ünsli synlady. Başda onuň kümüş ýerligini özi bejerip beripdi.
— Tüweleme, eliň düzelişýär — diýdi. Ussahananyň ýogyn pürsüsiniň
aňyrsyna elini sokup, ol ýerden çaklaňja haltajygy çykardy. Ondaky daşlary aýasyna dökdi:
—Bular hakyk. Ynha, bu bolsa gyzyl zümerret. Zümerreti ortasyna oturdyp, daşyny hakykdan gaşlasaň, gülýaka has owadan bolguç. Kümüş düşegiň ýüzüne gülýaýdy keşdeläp, gyzyl hem çaýarys. Gyzyl çaýmaly bolanda, özüm kömekleşerin.
Şeýle diýip, atam bag ýerine ýöneldi. Onuň beren daşlaryny gaýta-gaýta synlap, haýsyny nähili taraşlamalydygymy oýlandym. Gülýakany birek-birek bilen sulhumyz alşan goňşy gyz Jahanyň ýakasynda göz öňüme getirdim. Ol öňküsine görä-de owadan görünýärdi.
Atam gaş taýynlanyňda howlukman, usully taýynlamagy öwredipdi. Gaşyň gyrasy çalaja gädilse, ýa-da beýleki gaşlardan tapawutlansa, gülýakany gözel görkezýän birsydyrgyn kybapdaşlygynyň bozulýandygyny, zergäriň säwlik goýbereniniň duýlup durýandygyny aýdypdy.
Atam urşa gitmänkä, obadaky gelin-gyzlarda, senedine göwni ýetýän zergärleriň golundan çykan şaý-sepleriň kän bolandygyny, şolaryň aglabasynyň öz zergärler neberesiniňkidigini hem buýsanç bilen gürrüň beripdi.
Haýyt uzyn ikimiz oňat adam bolmagyň şertleri babatda uzak jedelleşip, munuň üçin käbir häsiýetler zerur diýen netijä gelipdik. Bu pikir bizde okan kitaplarymyz, tomaşa eden kinolarymyz, iş salşan adamlarymyz, durmuşda başymyzdan geçen ahwallar netijesinde döräpdi.
Ol häsiýetler: mertlik, halallyk, pälipeslik, geçirimlilik, gülerýüzlülik, şükranalyk, sowukganlylyk, sabyrlylyk, ru- hubelentlik, söýgä ygrarlylyk, nägehan urşa ýigrençdi.
Biz «Oňat adam bolmagyň şertleri» atly bu toslamamyzy özümizçe «Şowlulygyň beýik kanuny» diýip atlandyrypdyk. Ony «Işigaýdanlyk kanunyna» garşy durup biljek ýeke-täk kanun hasaplaýardyk.
Atamyň pikriçe bolsa, oňat adam bolmak üçin, ýagşylyk edip ýaşamaly. Irden öýden öreniňde, ýüregiňe ýagşy umytlary besläp örmeli.
7.
Haýyt uzynyň aňyrdan ýylgyryp gelşinden hoş habarlydygyny aňmak bolýardy.
— Gitmänkäň göreşli toý görmek nesibäňde bar ekeni. Dynç güni Gurban pälwanlar toý edýär.
— Näme toý?
— «Besdir» toýy.
— Oňa nähili düşünmeli? — diýip geňirgendim.
— Gurban pälwan bütin ömrüne göreş tutan adam. Obanyň ýaş pälwanlarynyň köpüsi şonuň ýetişdiren şägirtleri. Mundan beýläk göreş tutmasyny goýmakçymyşyn. «Toýdan ýygnanymy, toý edip, halka bermekçi» diýýärmişin. Baş baýraga gozakly «Ural» goýuljakmyşyn. Alysdan hem pälwanlar geljekmişin.
—Tomsuň yssysynda göreş tutmak aňsat düşmese gerek.
—Tomusky toýlarda göreşi gije tut- durýarlar. Salkyn düşensoň — diýip, Haýyt düşündirdi.
— Hezillik ekeni.
— Oglan göreşine biz — oglanlaram çykýas.
Gurban pälwanlaryň öýi goňşy kö- çäniň aýagujunda, ýoluň çöletege baryp direýän ýerinde ýerleşýärdi. Şonuň üçinem göreş boljak çägesöw meýdany tekizläp oňarypdyrlar. Her künjünden belent pürs dikipdirler. Olara bolsa gijäni gündizlik ýaly ýagty edýän çyralary oturdypdyrlar.
Toýuň şagalaňy irden başlandy, saz çalnyp, bagşy aýtdyrylyp, çaý-nahar äberildi. Biz oglanlar toýa gelen mähellä çaý-nahar daşap berdik. Edilmeli hyzmatlar toýuň öň ýanyndaky geňeşde paýlaşyldy. Aşpezlere, çaýçylara Şyhy aga, aýdym-saza Halyl ussa, myhman garşylap ýerleşdirmäge Juma Döwlet, aýat-töwir okamaga Ýaýlym işan, elektrik üpjünçiligine Iwan, göreşe Remezan aga, oglanlaryň tertibine göz-gulak bolmaga Muhammet, toýuň baş bekewüli edibem Weli Kerimowiç bellenipdir.
Toý mähellesiniň şatlyk-şowhuny bilen aýdym-sazyň owazy goşulyp öboluşly şadyhorramlyk emele gelýärdi.
Salkyn aralaşanda, Weli Kerimowiçiň sesi ýaňlandy:
— Eziz adamlar, häzir göreş başlanýar. Göreş tutuljak meýdana barmagyňyzy haýyş edýäris.
Göreş tutuljak ýer giň meýdandy. Ine-de, Remezan aga orta çykdy. Ýaýlym işanyň ak patasy bilen göreşi açdylar.
Ilki oglanlar göreş tutdy. Haýyt uzyn hem garşydaşyny ýykyp, kiçeňräjik öýme baýrak alyp geldi. Döwrandyr Atamyradam ýeňiji boldy. Beýleki oglanlaryň käsi ýykyldy, käbirisi-de ýeňdi. Döwran:
— Ýörüň, uly pälwanlaryň oturan ýerine baralyň — diýip, teklip etdi.
Biziň baranymyzam şoldy, bekewül Remezan aga olaryň ýanyna geldi:
— Pälwanlar, hallar niçik?
Ýerli-ýerden:
— Ýagşy-da, ýagşy — boluşdylar.
— Uly göreşe başlalyňmy?
— Başlalyň!
Ol soňra biraz aňyrda oturan myhman pälwanlaryň ýanyna baryp, olara-da sala saldy.
Şol wagtam:
— Ýene-de goňşy etrapdan pälwan geldi — diýip, Juma Döwlet oturanlary ses gataldyjyda habardar etdi.
Obanyň pälwanlary myhman päl- wanlary synlap, kimiň-kimi eýgerip biljeginiň maslahatyny etdiler:
— Soňky gelenden özgesine hötde geleris...
— Şaýmerdany getireliňmi?
— Getireliň.
Haknazar pälwan bize:
— Oglanlar, baryň, Anna Göroglyny tapyp geliň! — diýdi.
Anna Görogly toýa ulagly hyzmat edýänleriň arasyndady.
Ony Döwran dessine alyp geldi. Haknazar pälwan oňa tabşyryk berdi:
— Bejit git-de, Şaýmerdany getir!
Ýogsam, hol soňky gelen myhman pälwan bize eýgertmez.
— Bolýar — diýip, Anna Görogly dessine ugrady.
Ine-de, uly pälwanlaryň göreşi başlandy. Iki sagada golaý dowam eden göreşde myhman pälwanlaryň ýekejesi hem oba pälwanlaryny ýykyp belmedi.
Şol wagt hem bekewül Remezan aganyň ýanyna myhmanlaryň birisi bardy-da, oňa nämedir bir zat diýdi.
Remezan aga obaly pälwanlardyr ýaşulularyň oturan ýerine gelip:
— Myhman pälwan baş tabagy goýmagymyzy soraýar — diýdi.
Onýança-da:
— Şaýmerdan pälwan geldi! — diýşip, adamlaryň arasynda gowur turdy. Mähelle oňa ýol berdi.
Ony görüp:
— Beýle-de bir iri adam bolar eken-ow! —diýip, biygtyýar dillendim.
Şaýmerdan pälwan ýaşululardyr obaly pälwanlaryň öňüne geçip, olara salam berdi.
Saglyk-amanlyk soraşylansoň, Weli Kerimowiç oňa ýüzlendi:
— Pälwan, aýak nädýär?
— Biraz bildirýär.
— Orta çykarlygyň barmy?
— Obanyň abraýy üçin gerek bolsa, ýeke aýakda-da çykarys.
— Berekella! Şondan soňra Weli Kerimowiç Reme- zan aga görkezme berdi:
— Şaýmerdan pälwan biraz dem-dynç alyp, göreş eşigini geýensoň, baş baýragy yglan et!
Şol arada Haýyt uzyn maňa Şaýmerdan pälwanyň çölde çopançylyk edýändigini, geçen gyş doňakçylykda taýyp ýykylyp, aýagynyň döwlendigini, ýanyna pälwan tapylman, baş baýragy göreşmän, şeýle alýany üçin, halk ýekirer öýdüp, soňky döwürde göreşli toýlardan gaça durýandygyny aýdyp ýetişdi.
Şaýmerdan pälwan göreş tutjak eşigini geýip taýyn bolansoň, bekewül Remezan aga baş tabagy orta goýup, baýragy yglan etdi.
Şobada myhman pälwan baş tabagy aldy. Ol hem iri adamdy. Şaýmerdança bardy.
Remezan aga pälwanlary orta çagyryp, göreşiň şertini düşündirdi. Göreşi başlady.
Pälwanlar ilki biri-biriniň hüý-häsiýetini öwrenmek isleýän ýaly, çägesöw meýdançada döwre gurap biraz aýlandylar. Soňra tutluşdylar.
Myhman pälwan çemine salyp bilse, emel ulanjak bolýardy. Onýança-da Şaýmerdan pälwan pursatdan peýdalanyp, çakyr saldy. Deňagramlygyny saklap bilmän, myhman pälwan gapdallaýyn agdy. Şaýmerdan pälwan güýç bilen basyp, onuň ýagyrnysyny ýere degirdi. Toý mähellesi güwläp ör turdy.
— Berekella! — diýşip, gowur turuzdylar.
Myhman pälwan ýerinden turdy-da, bekewül Remezan aga bilen nämedir bir zat diýip jedelleşip başlady.
Şaýmerdan pälwan Remezan aganyň geljek netijesine garaşyp ortada durdy. Adamlar oňa:
— Gaýt, pälwan!
— Ýykdyň!
— Kemi galmady! — diýşip gygyryşýardylar.
Bekewül Remezan aga ilki myhman- lar, soňra oba ýaşululary bilen geňeşdi.
Oňa pälwanlary ýamaşgan tutluşdyrmagy maslahat beren bolsalar gerek. Haýyt uzyn ikimiz ýaşulularyň golaýynda duran hem bolsak, mähelläniň goh-galmagalyndan ýaňa bekewül bilen näme diýşendikleri eşidilenokdy.
Remezan aga orta çykdy-da, «Üns beriň!» diýen terzde goluny göterip, köpçüligiň ünsüni özüne çekdi:
— A-how, adamlar! Myhman pälwan täzeden tutluşjak bolýar. Göreşi dowam edýäris. Pälwanlary ýamaşgan tutluşdyrýarys.
Göreş ýene-de öňki terzde gitdi.
Şol barmana-da, Şaýmerdan pälwan çakyr urdy. Myhman pälwan aýagyny boşatjak bolup synanyşdy. Emma Şaýmerdan pälwan ony gaňryp ýetişdi. Pälwan deňagramlylygyny saklap bilmedi. Şaýmerdan pälwany hem üstüne alyp, diňarkanlygyna şeýle bir batly ýykyldy welin, ýer sarsyp gidene döndi. Adamlar ýene-de güwläp ör turdy:
— Halal saňa!
— Kemini goýmady!
Myhman pälwan Şaýmerdan pälwan üstünden turansoňam, wagty bilen ýerinden galmady. Myhmanlar onuň ýanyna ylgaşyp bardylar.
— Oňa geregi-de şoldy! — diýip, Döwran pikirini ýaňzytdy.
Myhman pälwan adamlaryň golt- gusy bilen dikelip oturdy. Birazdan soň özüni rastlap, ör turdy-da, Şaýmerdan pälwany gutlap arkasyna kakdy.
Bekewül Remezan aga Şaýmerdan pälwanyň goluny ýokaryk göterip, ýeňendigini yglan etdi. Bir çetde duran täzeje «Uraly» otlap getirip, açaryny pälwana gowşurdylar.
Şaýmerdan ortadan gaýtman, mähelläniň arasyndan kimdir birini gözleýärdi. Ol soňra Remezan aga nämedir bir zatlar diýdi.
Remezan aga goluny ýene ýokaryk göterip mähelläni köşeşdirdi-de, yglan etdi:
— A-how, halaýyk! Şaýmerdan pälwan göreşde ýeňip alan şu baýragyny obadaşymyz Ödä peşgeş bermek isleýär! Bu habara toý mähellesi heýjana geldi. Pişegine agram salyp, ýylgyryp barşyna, Öde Şaýmerdan pälwany gujaklap, ýaýbaň döşüne ýüzüni goýdy. Onuň eginleri silkinip-silkinip gidýärdi.
—Ol aglaýar öýdýän — diýip, Haýyt uzyn hem çygjaran gözlerini süpürdi.
— Ýetde-gütdelikde ýaşaýar. Aýagyny uruşda ýitiripdir — diýip düşündirdi. Muhammet baryp, Ödäni sowgat berlen «Uralyň» gozagyna oturdyp, öýlerine alyp gitdi.
Şondan soňra Şaýmerdan pälwan eşiklerini çalşan ýerine ýöneldi.
— Ine, dost jan, biziň obamyz şeýle oba, adamlarymyz şeýle adamlar! — diýip, Haýyt uzyn, ertesi toýuň geçişini ýatlanymyzda, buýsanç bilen dillendi.
— Şäherden gaýdyp, şeýle obada ýaşasaň puşman etmersiň.
8.
Bu gün ýekşenbe günüdi. Ir säher turup, atam bilen, boldum eden gülýakama gyzyl çaýdyk. Soňra bazara gitdim. Niýetim üflenip çalynýan tüýdük almakdy. Ony kakam sargapdy.
Ussahanasyndaky tekjelerde şeýle geň-taň zatlary goýmagy gowy görýärdi. Kakamyň sargan tüýdügi palçykdan ýasalyp, peçde bişirilendi. Daşy ýalpyldap duran syrçalydy. Içine suw guýup, guýruk tarapyndan üfleseň, çünkünden çykýan howa özboluşly owaz döredýärdi. Bazarda ony garryja adam satýardy.
Ozal bazara baran gezeklerim gören bolsam-da, şähere giderime golaý wagtda alaryn diýip, arkaýyndym. Şol gün welin, ol adam näçe garaşsam-da, näme üçindir gelmedi. Haýyt uzyn ony tanaýardy. Haýsy obadandygyny hem bilýardi. Kakamyň haýyşyny bitirmek üçin, Haýyt bilen onuň öýüne gidip almalam bolsa, alarys diýen pikir bilen, öýe gaýtmak üçin bazaryň çykalgasyna ýöneldim.
Bazardan soň Haýyt uzynlara baryp, oglanlary jemläp, öýümize äkitmekçidim. Enem olary şähere gaýtmazymyň öňýanynda hoşlaşyk çaý içişligine alyp gelmegi tabşyrypdy.
Men Haýyt uzyna oglanlary hem alyp öýe gelmegi tabşyryp, özüm öýe ýetmäge howlukdym. Barsam enem jöwen ýarmasyndan nahar bişiren ekeni. Süýji bolansoň, oglanlar ony hezil edip iýdiler.
Yz ýanyndan gawun islän gawun iýdi, çaý islän çaý, çal islän çal içdi.
Onsoň güzere suwa düşmäge gitdik. Ondan soň:
— Ýörüň, biziňkä gidip, ýarygijä çenli gürleşip oturalyň. Batyryň ýadynda galar ýaly — diýip, Döwran teklip etdi. Haýyt uzyn ara goşuldy:
— Ýok, beýtmäliň, gaýtyp ony öýüne basymrak goýbereliň. Soňky gün ata-enesiniň ýanynda bolsun. Ýol şaýyny tutsun.
Oglanlar onuň pikirini makul gördüler. Men içimden: «Sag bol, eziz dostum!» diýip, Haýyda hoşallyk bildirdim.
Dogrudanam, şähere gitmeli pursadym näçe golaýladygyça, enem-atamyň ýanynda köpräk bolmak höwesim barha güýjeýärdi. Olar bilen hoşlaşmaly boljagyma gynanýardym. Ýene-de tomusky dynç alşa çykanymda gelerin. Ýöne oňa çenli gör, nähili köp garaşmaly! Enemiň özleriniň baky däldigi barada aýdanlary ýadyma düşende, ýüregim gyýym-gyýym bolýardy. Ata ojagymyz şeýdip boşap galyberermikä? Oňa kim eýeçilik ederkä? Kakamyň-a oba gaýtmajagyny bilýän. Ejem onuň beýtmegine ýol ber- mez. Ol şäherde doglup, önüp-ösen. Kakamyň okaýarka tanşyp, toý tutup, şäherde galmasy-da şonuň üçin. Elbet- de, kakam enem-atamy şäherde — ýanlarynda ýaşamaga çagyrypdyr. Emma olar göwnemändirler. «Öz öwrenişen dogduk depämizi taşlap gidip bilmeris. Gaýtyp, özüňiz bärik gelip ýaşaň!» diýip- dirler. Şeýdibem bu mesele çözülmän galypdyr. Belki, ejem-kakam göwnese, oba men gaýdaryn?! Garrylara özüm göz-gulak bolaryn!
— Ertir ugratmaga bararys! — diýşip, oglanlar hoşlaşdylar.
Birdenem kakama tüýdük almalydygym ýadyma düşdi. «Ýönekeýje haýyşyny-da bitirmän barsam, näme diýer? Haýytsyz bu iş bitmez. Şonuň üçin-de Haýyt uzynlara bardym. Oňa tüýdükli meseläni aýtdym. Ol maňa düşündi. Dessine ýola düşdük. Goňşy oba — tüýdük satýanlaryň öýüne barsak, ol adam şäherde ýaşaýan oglunyňka üç-dört günlük görme-görşe giden ekeni. Bazara hem şonuň üçin çykmandyr.
Aýaly bize onuň tüýdüklerini görkezdi. Owadanlaryndan iki sanysyny saýlap aldym. Ine, şeýdibem kakamyň sargydy bitdi.
Göräýmäge, bu gün şowsuzam däldi. Atamyň goltgy bermeginde ilkinji gülýakamy boldum edip, gyzyllapdyk. Özem ol atam aýtmyşlaýyn, gowy gülýaka bolupdy.
Haýyt uzynyň goldamagynda, soňky pursatda, kakamyň sargydyny bitiripdim. Oglanlar bilen hoşlaşyk çaý içişligini edipdik.
Asla, obanyň islendik adamynyňam görelde alarlyk oňat taraplary bardy. Şonuň üçinem, meniň olara meňzäsim gelýärdi. Olaryň arasynda ýaşamak höwesim döräpdi. Olar ak ýürekli, sada göwün adamlardy. Janypkeşdiler. Olaryň bu boluşlarynda düşündirmesi kyn nähilidir bir özüne imrindiriji merdemsilik bardy.
...Ine, şeýdibem men dogduk depämize dolandym. Obaly boldum. Ata ojagymyza eýeçilik etdim. Size gürrüň beren bu ahwallarym bolsa, ençeme ýyllar mundan ozal öz başymdan geçen ahwallar. Şeýle-de bolsa, olar hut düýn bolup geçen ýaly hakydamda dur. Sebäbi olar ömrümiň iň bir gyzykly döwri — oglanlyk döwrüm bolup geçen ahwallar.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar