16:48 Oba gelni - Gülçynar / hekaýa | |
OBA GELNI - GÜLÇYNAR
Hekaýalar
Gülçynaryň köpden bäri sabyrsyzlyk bilen garaşan pursaty hem gelip ýetdi. Onuň atasy öýündäki tutulan toýuna ylla şäher halky süýşäýýän ýaly boldy. Gaty şüweleňli geçdi. Hemmeler uzak wagtlap bu toýuň tarypyny dillerinden düşürmediler. Şeýle toýy tutmagyň her kes arzuwyny etdi. At çapdyryp, göreş tutdurdylar. Ýaglyga towsulyp, bagşy barysy aýtdyryldy. Ine, şeýdibem toý gününiň ertesi saba bilen birkemsiz bezelen gelnalyjyly maşynyň ýeke özi söm-söýek bolup uzak bir oba bakan ýola düşdi. Olaryň barmaly ýeri dag içiniň obalarynyň biri eken. Ýolam ýakyn däldi, telim sagatlap ýöremeli boldy. Maşynda jemi dört adam bardy. Sürüjiň gapdalynda öýlenýän ýigit Mukdar, yzynda-da Gülçynar bilen ýeňňesi otyrdy. Sürüji bilen Mukdar ýolboýy gümür-ýamyr edip gelýärdiler. Mukdar aram-aram yzyna garasa-da, Gülçynara açyk-aýdyň lak atyp bilmeýärdi. Käte-käteler „Gelneje, alyň, suw içiň“, ýa bolmasa „Gapdal aýnaňyzy açaýynmy?“ diýýärdi. Şundan öňňe zat diýip bilenokdy, ýene-de sürüji bilen gürrüňini dowam etdirýärdi. Ýolboýy kürtesiniň aşagy bilen synlap gelýän belentli-pesli daglary birbada giň sähralykda önüp-ösen gyzyň içini darykdyrmanam durmady. „Mukdar, gör sen nirelerden şähere okuwa diýip gaýdan ekeniň. Gaty belet bolmasaň-a yzyňy tapar ýaly ýerem-ä däl. Menem indi ömrümi şu ýerde ötürmmeli borunmy? Bu ýerde ýaşamagyň geregi ýok, aram-aram gezmäge gelip, arassa howadan dem almak gerek. Biz seniň bilen toýdan soň nirede ýaşamaly boljakdygymyz hakynda gürleşmändiris. Ejem-ä gyz maşgala baran ýeri bilen bolmalydyr, gaýyn-atasyna seretmelidir, olaryň hyzmatynda bolmalydyr, şol öýüň ody bilen girip, küli bilen çykmalydyr“ diýýärdi. Eger-de gaýyn-atam biziň bilen başga bir ýere göçmek islemese, şonda näme? Gaýyn ene, gaýyn ata diýip, men galan ömrümi şu ýerde geçirmelimi? Meniňem Mukdar bilen ähli zat barada gürleşen bolup, esasy zady unudaýşymy diýsene? Ýaman ýerem başga, gör-ä, bu obada düzüwli bir çaga-da ýok, a men bolsam iki ýyllap mugallymçylyk tejribämi geçmeli. Mukdaryňky başga, käriň oba hojalygy bolsa, özüňem erkek kişi bolsaň, iki tanap ýeri kärendesine al-da işläber. A men...Gör-ä, ne bu ýerde mekdep bar, ne-de çaga. Bal günüme bataýdym öýdýän. “Öz halaşan ýigidiň bilen durmuş gurduň.Hiç kim seni zor edip bermedi. Şoňa berseňiz, dünýäň o künjüne gitmelem bolsa gitjek diýdiň. Indem öz başyňy özüň çara“ diýseler näme? Elbetde, olar hakly. Ýöne adam diýeniň ahyrynda ilat bar ýerinde, mekdep bar ýerinde, göwün söýen ýerinde ýaşamaly bor ahyryn“. Dogrudan-da olaryň baran obasy aýdyp-goýardanam beter tukatdy. Sürijiň aman-sag gelip ýetdik diýensoňam aradan ýarym sagat çemesi wagt geçipdi, ýeter ýerde ýetmändi. ýoluguna barmak basyp sanaýmalyja öý bardy, her öýdenem bir ýa iki adam, gelnalyjy maşyny sessiz-selemsiz synlaýardy. Başga mahallar gelnalyjy ulagyň öňüne kül atyp, toý paýyny alynardy. Ýok, häzir, toý dabaranyň nyşany ýokdy. Ýagdaýy Mukdar hem görüp gelýärdi. Onuň yzyna öwrüläge-de, „Ynanyň, bu işiň içinde başga bir iş bar. Ýogsam, obamyz beýle bir içgysgynjam däldir“ diýesi geldi. Dogrusy, gelip düşülensoň, gazanlar atarylyp, gelen-gidene bakyş-görüş edilýändigini görerlerem welin... Özi bilen gelnalja goşulyp gaýdan gyzyň ýeňňesi, soňra ýol ortalaberende olara goşulan iki maşyn, birem şul obanyň adamlary. Çaga-çugany toplanyňda-da barysy kyrk-elli adamdam geçjek däldi. Aýdym-sazyň-ha asla ady-sory ýok. Bu zatlar Gülçynary öňküsindenem beter darykdyrdy.“Eýse, Mukdar beren sözünde tapyljak dälmikä? Hany, ol aýdym bolar, saz bolar. Toýumyz hiç kesiňkiden pes bolmaz diýipdi. Şertim şahyma diýlenini edäýdimikä? Hany, şunuň nämesi toý? Gülçynar, heniz howlugyberme. Belki bu obanyň däbine görä, aýdym-sazyň dabarasy diňe agşamyna guralýandyr“ diýip, öz-özüne göwünlik berdi. Gülçynar Mukdar bilen araky duşuşygyny ýatlady. “Nesip bolsa, aýdym-sazly, uly şowhunly toý tutarys. Men bu barada ata-enem bilenem gürleşdim. Olaram garşy bolmady. Goňşy obaň Medeniýet öýüniň atly aýdymçylary bar. Men olar bilen hem gürleşerin. Ezizim sen gysylma. Toýuň ähli dessury bolmalysy ýaly bolar. Öňinçä seniň şäherdäki toýuňy bir sowalyň, belki nika dabarasynam şu toý mekanynda gurnarys. Dogrusy, biziň obamyz kiçijik obadyr, ýöne kiçijigem bolsa ýaşamazça ýerler däldir, gowy ýerdir. Sen ol ýeri halarsyň, o ýerler seniň göwnüňden turar. Ol ýerler meniň çagalygymyň geçen ýerleridir“. Basym ähli zat aýan boldy. Olar „Dam-damy“ çeşmesine sowlup geçmekçi boldular. Emma ýagdaý başgaça boldy. Gaba telpekli bir adam elini galdyryp ulaglaryň öňüni gabalady. Tirkeg bolup gelýän maşynlaryň ikisem birden saklanandy. Mukdar bu ýaşulyny göreninden tanady. Ol Alyhan dymmady. Gelin bilen ýeňňesinden başgasy ulaglaryndan düşüp ýaşulynyň ýanyna geldiler. Onuň bilen salamlaşdylar. Alyhan aga birbada gürläbermedi, aslynda ol dymma adamlardan diýilýänidi. Oturlyşyk-beýlekide-de agzyndan bir söz almarsyň, dymyp gelşi ýaly turubam gider. Häzir welin ol dil açdy, dil açdy-da Mukdaryň hem Gülçynaryň ýolboýy kellesindäki iki-baka at salýan set-müň pikirlerini el bilen syrylyp aýrylan ýaly etdi oturyberdi: -- Oba gireniňizde maşyňyzy düýdülletmäň. Obada öten agşam dünýäsini täzelän adam bar. Topraga duwlanylanyna-da ýaňy birki sagat bolandyr. Aýdym-saz hakynda gürrüňem bolmaz, ýas ýerinde gülşüp oýnamagam ýaraşmaz. Men şony aýtmak isledim, geljegiňizden habarlydym. Size şu agajyň kölgesinde, çeşmäň boýunda garaşdym. Pahyr, gowy adamdy. Bütin ömri sogap işe gulluk etdi, il-günüň alkyşyna, şatlygyna şärik boldy. -- Alhan aga, kime näme bolupdyr? -- Çaga: «Öz eneme meňzemesem hem, ýerden göterene meňzärin» diýermiş. Aýnur eje uly-kiçiň, asyl hemmeleriň göbek enesidi. -- Aýnur mamam ýogaldymy? -- Düýnem sagdy-la, işigaýdan. Daňa golaý jan beripdir. Sekiz onlugy tegeläp ýörenem bolsa, heniz-henizlerem aýak üstünde gydyrdanyp ýörerdi. Seniň toýuňa-ha, asyl garaşybam ýördi. Mukdar oglumyň toý çaýyndan bir gana-gana içsemdim diýerdi. Mukdar iki eli bilen kellesini tutdy, soňam ýykyljak-ýykyljak ýaly etdi-de, maşyna söýendi. Şo mahalam Gülçynar ýeňňesiniň böwrüne dürtüp, adaja pyşgyrdy: -- Gelneje, bi daýy kimiň, nämäňiň, haýsy toýuň gürrüňini edýär? Äm-säm bolup oturan Mukdar Gülçynaryň sözlerini açyk-aýdyň eşitmese-de, oňa ýeňňesinden öň jogap berdi: -- Gülçynar, bagyşla, men ondan habarsyz. Alla bar. Ýogsam öňňin bu ýerde toýuň bagşy-sazandasynam gürleşip, öňünden haklarynam berip gaýdypdym. Aýnur mamamy-da öz gözlerim bilen görüp, onuň ak patasynam alypdym. Senden ötünç soraýan. Gözüniň gytagyny töweregine aýlap duran Gülçynardan ses-seda çykmady. Dişini gyjyrdadyp, kürtesini öçli çekmek bilen oňaýdy. Şo dem Mukdar sürüjä ýüzlendi: --Halypa, senem aýdaýmansyň bu habary? --Inim, meniň bu zatlardan habarym ýok. Bilýäň-ä, men şäherde işleýän. Gelnalyja ulag gerek diýseler. Dag ýodasyna menden belet ýokdur diýip döwtalap boldum. Wah, öňünden bilip bolsady, belki toýuňyzy başga güne geçirmegem bolardy. --O bolmaz.— Alyhan dymma ýene-de ara goşuldy. Gelniň atasy öýünde bir gezek toý tutulan bolsa, şol ýeterlik, size eýýäm är-aýal diýlip nika-da gyýlandyr. Şeýle dälmi? Haýyr işi yza tesmek bolmaz, külli günädir. Onsoňam adam ölüpdir, ýere gurçuk gömülmändir ahyryn, onda-da binýat goňşyň, bir howludan girip-çykýaňyz. Onsoň neneň sen ol tünekde bagşy aýtdyryp, şagalaň etjek. Aýdym üçin tutan bagşylaňam nämäniň –nämedigini bilensoňlar, gaýtmak bilen boldular. Gel diýeli, toýuňy bäş-üç gün yza süýşürdiňem-de, şonda näme? Şonda-da aýdym-saz edip bolmaz. Merhumyň üçi, ýedisi, kyrky diýer, ýylam hä diýmän ýetip geler. Bu bir takdyr. Takdyra boýun bolmagyň gerek. Ölüm her kişiniň başynda bar. „Ajal geler ýorta-ýorta, kime şu gün, kime erte“. Aýnur ejäniňem gel-gel kazasynyň toýuňa gabatlap dolaýşyny. Hiç kesden ses seda çykmady. Ýaşuly Mukdaryň garaört bolan ýüzüne garap durşuna täzeden güýç alyp gürledi. --Mukdar jan, oglum. Aýnur mama seniňem göbek eneňdir. Senem özüňi ýerden göteren enäň matam gününde... Siziň entäk görjegiňiz öňüňizde, hä diýmän ogluňyz bolar, toý edersiňiz, galpak toýy diýip toý edersiňiz, sünnet edip, toý edersiňiz, ýene-de kän-kän çagalaňňyz bolar. Taňryň güni darydan kändir. Ölmedik adama toý kändir. Mukdar çykgynsyz halda galdy. Sürijiň sözleri dymma ýaşulynyň aýdanlarynyň üstüni ýetiren ýaly boldy: --Mukdar, ýaşuly dogry aýdýar, ýas ýerinde aýdym-sazly toý bolmaz. Muňa dogry düşün, sen düşünseň, gelniňem düşüner. Gülçynar kürtäň aşagyndan eşidiler-eşidilmez ahmyrly ardynjyrady. Gözlerinden biygtyýar akan ýaşlaryny saklamaga erki bolmady... Soňam ähli zat bolmalysy ýaly boldy. Gülçynar mugallymçylyk tejribesini dört-bäş kilometrlik uzaklykda ýerleşýän orta mekdebe gatnap diýen ýaly geçirdi. Şol günleriň birinde-de olaryň maşgalasynda gyz bäbejik dünýä indi. Ol Gülçynar bilen Mukdardan öň olaryň ata-enesini heýjana saldy. Bäbege göbek enäniň ady dakyldy. Gününi sanap ösýän Aýnurjyk olaryň içini gysdyrtmady. Bu ýagdaý heniz-henizem bir günden bir gün şäher ýerine göçeris diýip göwün ýüwürdip ýören Güljahanam aýlandyryp goýberen ýaly etdi. Gaýdyp-duwara başga ýerik göçmegi diline-de almady. Mukdar hem ilki kärende ýerinde işledi, daýhan birleşiginde brigadir boldy, soňam daýhan birleşiginiň ozalky başlygynyň pensiýa gidenligi sebäpli bu wezipä saýlanyldy. Şeýtdi-de, olaryň durmuş arabasy öňe sary tigirlenip gidiberdi. Boş mahallarynda ýola çykyp, ýörite gatnaýan ulaglar bilen şähere aýlanyp gaýdýan maşgala soňy bilen özbaşyna hususy maşyn hem edindiler. Aý aýlanyp, aradan ýyllar geçdi. Aýnurdan soň ýene-de iki çagalary boldy. Hakyt „Çagaly öý bazar“ diýlenine bardy. Içeri ala-ýaz boldy. Aýnur mekdebiň dördünji synpynda okaýardy. Ol sapaklaryna dörtlük-bäşlik bahalar bilen ýetişýärdi. Boş mahallary bolsa ejesiniň öý işlerine kömekleşerdi. Gülçynar hem galjaňdy, gaýyn atasynyň, gaýyn enesiniň bir diýenini iki gaýtalatmazdy. Mekdepden geldigi olaryň çaý-suwunyň ugruna çykardy. Bir günem mekdepden gelen Aýnur garry enesine oslanmadyk sowal bilen ýüzlendi. --Ene, bedenterbiýe mugallymymyz kiçi ýaşly çagalaryň oýnaýan „Agsak towuk“ atly bir oýny barmyşyn diýdi. Ol nähili oýun bolýar-a? -- Garry eneňde huş galdymy näme, gyzym, bar ony ataňdan sora, onuň ýatkeşligi herhal maňa görä gowudyr. Onsoňam ataň çaga mahalyny kileň şo zeýilli oýunlary oýnap geçirenmiş. Bu barada maňa-da kän-kän zady gürrüň bererdi--diýip, enesem Aýnuryň sowalyna jogap berip bilmedi. Aýnur daş işikde arkasyny üzüm dalbaryna söýäp oturan atasynyň ýanyna ylgap diýen ýaly bardy. -- Ata, “Agsak towuk” oýnuny bilýämiň? Mugallymymyz-a, bu oýnuň adyna nämüçin “Agsak towuk” diýilýäninem, onuň oýnalyş usulynam bilemok diýdi. Ata-eneleriňizden soraň, belki olar bilýändir, öz-ä gyzykly oýun bolmaly diýdi. Oýnuň şertini öwrendigim, sizi bedenterbiýe sapaklarynda oýnadaryn diýdi. Ýöne, ejemem. kakaňam eşiden oýnumyz däl diýýärler. -- Bilmese bilýänem däldir -- diýip, atasy gülümsiredi.--Seniň mugallym diýýäniň-ä entek, ýaş oglandyr-la. Ejeňem şäher ýerinde önüp-ösen. Kakaňam bilmez. Eneňde-de ýatkeşlik ýok. Wah, hany, bu golaýda “Agsak towuk” oýnuny oýnaýan, aşyk oýnaýan çagalar barmy? Biz ýaşkak, her tüýsli oýunlar oýnalardy. “Orak atdy”,„Aýtabak-güntabak“,„Urupgaçdy“, ”Aý terek, gün gerek”, “Kim bilmeşek?”, ”Kim çalasyn?” diýermiň,“Günebakar, nirä bakar, açylýança Günebakar”, ”Düzzüm”, ”Çilik”, ”Bukuldym”, ”Gaçdym, tut”, “Ýaglyga towusmak”, “Ýüp çekişmek”, “Oğor-oğor” ýaly onlarça milli oýunlar bolardy. Indi welin, uly-kiçiň elinden jübi telefony düşenok. Nämemişin, onda her tüýsli oýunlar barmyşyn. Asyl ony köp oýnaberseň, gözüň görejine düýpli zeper ýetirýär diýip o gün bir lukmandanam eşitdim. Diňle,“Agsak towukly”oýun, şeýle bolmaly. Oýna gatnaşjak çagalar iki topara bölünýärler. Bir aýagy gysga ýa-da şikesli, agsap ýöreýän towugy göz öňüne getirip gör.Onsoň agsak towuk bolup bir aýagynyň üstünde bellenilen aralygy bökjekläp geçen oýunçy oýun wagtynda iki aýagyny ýere degirse, ol oýundan çykarylýar. Şeýdip, iki toparyň çagalarynyň hersi öz nobatynda bu hereketi ýekänme-ýekän gaýtalaýar. Şonda kim ikinji aýagyny ýere köp degirse, şol topar hem ýeňilýär. Indi düşnüklimi, gyzym? -- Düşnükli, ata. Gyzykly oýun eken-ä. -- Gyzykly oýun. Ony mekdepde-de, çagalar baglaryna gatnaýan körpelere-de öwredibermeli. --Sag bol, ata! -- Aýnur atasyndan “Agsak towuk” oýny barada eşidenlerini mugallymyna ýetirmäge howlukdy. ...Obaň öz durmuşy, öz kada-kanuny bardy. Daň atanyny buşlap gygyrýan horazlaryň sesi her howluda diýen ýaly ýaňlanýar. Käte olaryň sesi goşulyşybam eşidilýär. Adamlar bir wagtda örýärler, her kim öz sygyryny örä kowmak üçin obaň gyrasynda toplanylýan mallara, çopanyň öňüne goşup gaýdýar. Her kes bir iş bilen meşgul. Mellegiň üljelerem, erikdir almalaram ýetişipdi. Uly-kiçi diýmän hasyl ýygnaýar. Kimsi ýygnan gök önümlerini şähere satlyk üçin ýörite gaplara ýerleşdirse, kimsi olardan gyşlyk kakdyr mürepbe taýynlamak aladasy bilendi. Gelin-gyzlar, oglan-uşaklar topar-topar bolşup suwly ýabyň ugrunda ýabany bitýän böwürslenlerden, üljedir garalylardan ýygýardy. Böwürslen ýygmak aňsat däldi. Nähili tikeneklem bolsa, Aýnur onuň hötdesinden gelýärdi. Günde bir bedräni doldurmasa, öýe gaýtmazdy. Aýnur mekdepden geldigi ata-enesiniň gan basyşyny ýörite öşlçeýji gural bilen ölçärdi, gan basyşlary ýokarlanyp, bir näsazlyk tapyberseler oba doktoryny çagyryp getirerdi. Olara berlen dermanlary wagtly-wagtynda içirerdi. Onsoň garrylar Aýnuryň bahymrak mekdepden gelerine garaşardylar. Ine, ol häzirem mekdepden geldi. --Ata, ene, men geldim. Sag-aman otyrmysyňyz?—diýdi-de, olaryň deňinden geçip, içki otaga girip gitdi. --Gyzym, aman-sag gelseň bolýar.Şu gün birneme başym agyrýar—diýip, atasy gygyryp galdy. Ol sesini eşiden däldir öýtdi, Aýnur eşiden eken: --Häzir, ata.Üst-başymy çalyşdyraýyn—diýip gygyrdy. --Atasy, gyzyň okuwdan surnugyp geldi, nahar-şor iýmeli halyna, gele-gelmäne ýumuş buýurýaň?—diýdi. --Agyrýan ýeriňizi aýdyň diýensoň, aýtmaly bor-da! Onýanca Aýnur eline ölceýji guraly alyp ylgaşlap geldi. --Gyzym, sen heniz garban, nahardan özüň guýnup alaý—diýip, garry enesi Soltan eje ara goşuldy. --Ýok, men aç däl. Hany, kim birinji? --Ataňdan başla, şikaýat edýän ol. Aýnur garrylaryň ikisiniň gan basyşyny ölçänsoňam esli wagtlap sesini çykarman durdy. --Gyzym, hany, nämä dymýaň? --Ata, ene ikiňiziňem gan basyşyňyzy ölçedim. Ölçemesine-hä ölçedim welin... --Weliniň näme gyzym? --Şu mahal siziň haýsyňyz syrkaw? Haýsyňyza gyssagly, tiz kömek gerek? Gaýta, atamyň gan basyşy kadaly-da, enemiň gan basyşy ýokary. Muňa garrylar ýylgyrdylar. --Gyzym, ataň kesele galanda namartdyr, sähel-mähel boldugy was-wasa düşüberýändir. Derdem ah-wahy eşitmese şol ýerden gitmek bilen bolarmyşyn. --Ene, häzir men saňa suw bilen derman getireýin---diýip, Aýnur otagdan cykyp gitdi. --Ine, gördüňmi, atasy? Seniň janyň tutdanam sagat ekeni. --Sen Aýnura näbeletmi, ol hemişe meni gorkuzmajak bolup, gan başynyň derejesini peseldip aýdýar. Bir eli suwly käseli, beýleki eli derman gutuly Aýnur olaryň gürrüňleriniň üstüne geldi. --Ýok, ata. Öňler peseldip aýtmam bardy, bu gezek dogrusyny aýtdym.Ýönekeý baş agyry hem bolup biler-ä. Ynanmasaň, kakama ölçedäýiň!? --Ýok,ýok, gyzym, Ataňa şu gün doktor gerekmez. Gazanda narpyzly çorba gaýnap durandyr, guýup ber,iýdigi, emi-ýomy şol bolar. Men oňa belet. Aýnur mekdebi sap bäşlik bahalar bilen tamamlapdy. Şol günleriň birinde-de kakasy bilen paýtagta gidip, dokumentlerini haýsydyr bir okuw jaýyna tabşyryp gaýtdy. --Gyzym, dokumentleriňi tabşyrdyňmy? --Haýsy hünäri saýladyň? Ata-enesi Aýnura beren sowallarynyň jogabyna uzak garaşmaly bolmady. --Lukman bolasym gelýär. -- Berekella. Eneň ikimiz seniň lukmançylyk kärini saýlajakdygyňy öňdenem bilýärdik. --Nireden bilýärdiňiz, ata? Men ony heniz hiç kese aýdamokdym-a! -- Bizem ony hiç kesden eşidemzok. Ýöne, gyzym, sen biziň ozal maşgala lukmanymyzdyň, indiden soňam lukmanymyz borsuň diýdik. -- Arzuwyňa ýet, gyzym. Aýnur mamaň kesbini ýöretseň, onuňam ruhy şat bolar. --Sag bol, ata! Sag bol, ene! Bu mahal garrylaryň agtyklary bilen bolan gürrüňlerini daş işikden diňläp duran Gülçynar hem ers-mers bolan gyzynyň boýuna-syratyna, kaddy-kamatyna, bagtyna guwanyp durşuna dogduk şäheriniň mähirden püre-pür doly gujagyna ýaňadan dolan ýaly, ýylgyrjaklap otyrdy. | |
|
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |