OBA BARÝAN GYZJAGAZ
1.
Gyzjagaz kiçijikdi. «Näçe ýaşadyñ?» diýip sorasalar, her elinden iki barmagyny çommaldaga-da görkezýärdi. Bu onuň «dört» diýdigidi. Ýöne onuň basymrak ullakan bolasy gelýärdi. Şonuň üçin hem, kakasy işden geldigi, öňünden ylgap çykagada: «Kaka, men eýýäm ullakanam boldum» diýip begençli buşlaýardy. Gollaryny ýokaryk uzadyp, aýaklarynyň uçjagazyna galýardy. «Baý-bow, gyzym, sen-ä, dogrudanam, ullakan bolup gidipsiň!» Kakasynyň şeý diýmegi gyzjagaz üçin uly sowgatdy. Ol düňküldäp ejesiniň ýanyna baragada: «Eje, eje, gördüňmi, meniň ullakan bolanym çyn ekeni. Kakamam aýtdy» diýip, hoş habary ejesine buşlaýardy. —Indi meni oba enemlere goýbärsiň gerek?!
—Goýbärin, gyzym.
—Haçan?!
—Altyn daýzaň kanikula geldigi, şonuň bilenjik gidäýersiň.
—Kanikul näme, eje?
—Kanikul talyplaryň okuwlaryny gutaryp, dynç alşa çykýan döwürleri.
Gyzjagaz düşünmän, gözlerini tegeledi. Ejesi düşündirmäge synandy:
—Ynha, senem dynç güni çagalar bagyňyza gideňog-a. Edil şonuň ýaly, talyplaram kanikul günleri okuwlaryna gidenoklar.
Gyzjagaz düşünendigini aňdyryp baş atdy. Ýöne, başga bir sowal onuň içini byjykladyp ugrady:
—Altyn daýzam haçan kanikula geler, eje?
—Tiz geler. Saňa täzeje köýnegem getirer.
—Hökman getirermi, eje?!
—Hökman.
—Men ony aýawlyja geýerin.
—Şeýtgin, gyzym.
2.
Poçtalýon «Telegramma» getirdi. Ony Altyn ýollapdyr. Näwagt geljegini habar edipdir.
—Gijäniň ýaryndanam soň –diýip, gyzjagazyň kakasy dillendi.
—Garşylamaly bor, birden gorkarmy, nädermi... diýip, ejesi biynjalyk boldy.
—Gep gorkanynda däl-le. Özüm-ä bir ýere gidenimde, ugradylsam ýa-da gelenimde, garşylansam, gowy görýän.
—Daýzamy garşylamaga menem gitjek! diýip, gyzjagaz kejirligine tutdy.
—Ýok, bolmaz, sen öýde gal–da, ukla! Ertir turup görseň, baş ujuňda täp-täzeje köýnek durandyr. Altyn daýzaňyň getiren köýnegi. Ol köýnegi geýdigiň öňkiňdenem ullakan borsuň. Oba barsaň, eneňem: «Tüweleme, agtygym-a ulugyz bolup gidipdir!» diýer.
Ejesiniň bu sözleri gyzjagazy köşeşdirdi. Düşegine geçip, ýumşak ýassyga başyny goýdy-da, uklady. Sebäbi uklasaň, wagtyň tiz geçýändigini, daňyň tiz atýandygyny ol bilýärdi.
...Gyzjagaz oýandy. Oýanan dessine-de, Altyn daýzasynyň Moskwadan —okaýan ýerinden gelmelidigi, täzeje köýnek getirmelidigi ýadyna düşdi. Ejesi aldaman ekeni. Edil başujundajyk, eplengije, gülli-gülli köýnek dur! Altyn daýzasynyň getiren köýnegi.
Gyzjagaz begenjinden ýaňa böküp ýerinden turdy. Täzeje köýnegi geýdi. Aýnanyň öňüne baragada, daraklygyna galyp, özüni synlady. Lap-laýyjak. Soňra aýaklarynyň ujuna basyp, Altyn daýzasynyň ýatan otagyna girdi. Oýarmazlyga çalşyp, daýzasynyň ýaňagyndan seresaply öpdi. Bu onuň minnetdarlyk bildirdigidi.
Ejesi beren sözünde tapyldy. Ertesi gün gyzjagazyň ýol şaýyny tutdular. Onuň eşiklerini sumka saldylar. Oba gitmek meselesi çynyrgap, Altyn ikisine bilet getirildi.
3.
Gyzjagazyň otla ilkinji gezek münüp görşüdi. Ýolagçylaryň gürrüňi ony gorkuzdy. Otluda «eli egri» adamlaryň köp bolýandygy, uklan wagtyň sumkaňy ýa-da çemodanyňy ogurlap gidýändikleri, täzeje köwşüň bolsa, ony hem çilýändikleri hakda howatyrly gürrüňler etdiler. «Birden biziň goşlarymyzy hem ogurlaýsalar, näderkäk?! Men entek Altyn daýzamyň getiren köýnegini ýekeje günem geýemog-a» diýip, gyzjagaz gaýga batdy.
Altyn daýzasy gyzjagazyň pikirini aňan ýaly, onuň saçlaryny sypady:
—Arkaýyn ukla!
Gyzjagaz oýanyp görse, daň atypdyr. Ähli goşlary hem bar.
Otludan düşüp, gatnawly ýola çykdylar. Olaryň barjak obasyna aşmak üçin ilki otluly, soňra-da maşynly gitmelidi.
Uzak garaşmaly bolmady. Daýzasy gol göterse, kiçijik gozakly maşyn deňlerinde saklandy. Sürüji goşlary gozaga ýerleşdirip, gyzjagazydyr Altyny öz ýanyna mündürdi. O diýen tekiz bolmadyk ýol külterlenip ugrady. Oba aşýançalar garaňky mazaly gatlyşdy. Ýyldyzlar petreşip göründi.
Teýahyr büdür-südür ýol obanyň çetinden girdi. Sürüji Altynydyr gyzjagazy düşürip, hoşlaşmak bilen boldy. Altynyň gapjygyny açanyny görüp gatyrgandy:
—Pul gerek däl! Taňryýalkasyn aýtsaň bor.
Sürüjiniň gozakdan düşüren goşlaryny görenden, Altyn ynjalykdan gaçdy:
—Wah-eý, seniň sumkaňy düşürmegi unudyp ötägidipdir. Niräniň maşynydygyny, sürüjisiniň kimdigini hem soramandyryn.
Gyzjagazyň gözüne ýaş doldy.
Enesi ony köşeşdirdi:
—Oba adamlary gowudyr. Ol ony hökman getirip gider.
—Ol bizi taparmy?
—Elbetde, tapar.
Gyzjagaz ynjalyksyz uklady.
Ertesi ol maşynyň sesine oýandy. Ylgap äpişgäniň öňüne bardy. Onuň gözi kiçijik gozakly maşyna düşdi.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar