18:33 Goçdurdy Garryýewiñ goşgulary | |
• Watan meniň geregim
Goşgular
Bir eýjejik çaga men, Watan meniň geregim. Watan diýip gürsüldäp, Bile urýar ýüregim. Watan duzun haklaryn, Hem hormatyn saklaryn, Oňmaz işi betpäliň, Watan meniň geregim. Altyn Asyr Merjeni, Ödäp perzent borjuny, Öňe sary ýör hany, Watan meniň geregim. Garaşsyzlyk güli men, Hemem saýrak dili men, Söýýän sähra, çöli men, Watan meniň geregim. Erkana azat ilde, Watanyň waspy dilde, Gaýratym bardyr bilde, Watan meniň geregim. Aldyk Bitaraplygy, Watan – suw, men – balygy, Gurýan bagtyýarlygy, Watan meniň geregim. • Nyşanmy Golaý bardym, göz astyndan synladyň, Mähir-muhabbetli ýardan nyşanmy? Uýaljyrap meň mährimi duýmadyň, Ýaňy biten goşa nardan nyşanmy? Ýara duşdum — meň ýagdaýym gowlandy, Ýürek joşdy, telwas urdy, towlandy, Aý jemalyň gara şala duwlandy, Nar üstünden inen mardan nyşanmy? Mysaly sen bulduraýan salkymyň, Agzyň pisse, dodaklaryň bal kimin, Ak alkymdan ýara düşýän ýalkymyň, Tämizje howaly gardan nyşanmy? Buýsanjy sen meniň ömür-örkümiň, Namys-aryň guwanjydyr halkymyň, Diýýän ýaly, eý, ýigitler, galkynyň, Türkmene bap namys-ardan nyşanmy? • Gara gözler Beýhuş kylyp bir bakyşda, Gara gözler, gara gözler. Goýduňyz otda-ataşda, Gara gözler, gara gözler. Saldyňyz siz, tora gözler. Gezelip dur, gaşyň keman, Men nyşana — aman, aman, Yşka düşseň günüň ýaman, Gara gözler, gara gözler. Saldyňyz siz, tora gözler. Ýörişiň bar tawus ýaly, Arzuwym sen, bol, wepaly, Päk söýgüden, nurdan doly, Gara gözler, gara gözler. Saldyňyz siz, tora gözler. Aşyk ýigdi ýandyrdyňyz, Joşdurdyňyz, syndyrdyňyz, Ýene dünýä inderdiňiz, Gara gözler, gara gözler. Salyp meni, tora gözler. • Gözelim Deň-duşundan saýlanar, Kümüş dakar şaýlanar, Aýa-Güne taýlanar, Serwi boýly, gözelim. Gara gözleň nur saçar, Huşum başymdan uçar, Ýigitler serden geçer, Şerbet-meýli, gözelim. Aý deý jemaly bardyr, Yşgy — şemaly bardyr, Görenler hyrydardyr, Derek boýly, gözelim. Gardan tämiz alkymy, Kalba düşer ýalkymy, Berjek ähli mülkümi, Mähir raýly, gözelim. Syýa zülpüň tarlary, Oda salar ýarlary, Giň gujagyň törleri, Bahar-gaýly, gözelim. Yşk deňziňi boýlaryn — Ertirim ýok, öýlänim. Müňbir gyzdan saýlanym, Zülpi ýaýly, gözelim. • Heýjana salar Gül beden, gül meňiz, güler ýüzli gyz, Näz edip kalbymy heýjana salar. Inçe bil, näzenin, gara gözli gyz, Näz edip kalbymy heýjana salar. Gözellik eçilip hakyň ýalkany, Lebleriňden joş urup dur bal käni, Gunçalaryň, ter gülleriň soltany, Näz edip kalbymy heýjana salar. Jemalyň meňzeýär üýtgeşik güle, “Sen meniň törümde açylan gül-ä!” Diýemde jak-jaklap, ol güle-güle, Näz edip kalbymy heýjana salar. Erkana ýaşasak, söýüp hem söýlüp, Ygtyýarym aldyň, sen ýüpsiz güýlüp, Meni uç-gyraksyz otlara salyp, Näz edip kalbymy heýjana salar. Boýla sen, söýgüniň ummanyn boýla, Aşyk ýigidiňi ýürekden söýle, Barly jülgelerne baramda seýle, Näz edip kalbymy heýjana salar. • Gözel ýurdum Bitarap Gözelleri mylakatly, Ýigitleri şir sypatly, Gojalary salykatly, Gözel ýurdum Bitarap Atlaryň yhlasyndan, Eneleriň yhlasyndan, Gojalaryň paýhasyndan, Dörän ýurdum Bitarap. Asty altyn, üsti altyn, Getiripdir meniň bagtym, Aman bolsun, köşgi-tagtyň, Gözel ýurdum Bitarap. Togsan bäşde synag bolan, Ýüz segsen bäş pata alan, Kuwwatlanyp, has beýgelen, Ajap ýurdum Bitarap. Ös sen, ös sen, gözel ýurdum, Köşki-ymaratlar gurduň, Arzuwym sen, hasyl bolduň, Jennet ýurdum Bitarap. • Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym Gözümiň guwanjy, başymyň täji, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Bilimiň kuwwaty, golumyň güýji, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Gyzyl-elwan bolup açylýar gülleň, Bagtyň gujagynda ýaýnaýar illeň, Tarypyň ýetirýär zyba gözelleň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Al şapagyň ýanýar guwlaň gözünde, Berekediň joşýar, depe-düzüňde, Şan-şöhratyň artýar dünýäň ýüzünde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Gijeleň şypaly, gündizleň nurly, Topragyň aşagy hem üsti barly, Bagty çüwen ilim boldy Serdarly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Hak ýalkady ýurdum Serdarly boldy, Ykbaly oýanyp hossarly boldy, Dünýäň dört künjünde dost-ýarly boldy, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. • Buýsanýan Erkin ýurduň balasy — Men buýsanýan, buýsanýan. Garaşsyzlyk lälesi — Öz ýurduma buýsanýan. Men buýsanýan, buýsanýan. Öz ýurduma buýsanýan. Ejem jany gow görýän, Kakam janam gow görýän, Tans edýän hem oýnaýan, Öz bagtyma buýsanýan. Men buýsanýan, buýsanýan. Öz bagtyma buýsanýan. Gök öwser Köpetdagym, Etegi — Erem bagym, Gülle eziz Diýarym, Diýaryma buýsanýan. Men buýsanýan, buýsanýan. Diýaryma buýsanýan. Şat geçýär çagalygym, Sag bolsun ilim-günüm, Agzybirlik baýlygym, Baýlygyma buýsanýan. Men buýsanýan, buýsanýan. Baýlygyma buýsanýan. Arkadagym — Merdim bar, Hem erkana ýurdum bar, Arzuwym bar, erkim bar, Erkinligme buýsanýan. Men buýsanýan, buýsanýan. Erkinligme buýsanýan. • Obadaş bilen söhbet Obadaşym şahyr Amangeldi Amanowa bagyşlýaryn Arada sataşdym obadaşyma, Diýdim: "Metbugatda duşýaryn Size! Berekella ylhamyňa, joşguna, Şeýle ylham nesip etmezmi bize”. Diýdi ol: "Wagtymy nähak ýitirdim, Jahyllygyň ýelginine aldanyp, Ýene-de baş goşdum köp günälere, Az wagtlyk şagalaňa daldanyp. Ökünýärin geçirenme biderek, Allanyň peşgeşin — ajaýyp wagtym. Bu gün taryplaýan gözel durmuşy, Wasp edýän Watany — bu köşki-tagtym. Ýaňadan inen dek bu pany dünýä, Ýaşadykça meniň ýaşasym gelýä. Ylhamym joşup dur, misli bir derýa. Bu durmuş meniňki — bir ýürek bilýä! Garaşsyz eýýamda — Altyn Asyrda, Dymyp ýaşamaklyk, bilseň, günaňdir! Ruhuň belent bolsun, galga-pasyrda! Watan seniň üçin gala — penaňdyr. Allam berdi bu Garaşsyz eýýamy, Ýaşa, döret, çünki ajap eýýamdyr! Bu pursaty — milliligi duýýanlar Şatlygyny, lldeş, dünýä ýaýýandyr!” Obadaşmyň sözlerine şatlanyp, Galkyp, göwün guşum uçup barýandyr. Beýik Galkynyşlaň ajap eýýamy, Diýaryma nurlar saçyp barýandyr. Şol gelin Garaja gözleri nokat mysaly, Aklym aldy, gözüm düşen mahaly, Ýada salyp ýaňy nowça nahaly, Ýalynsyz ýandyrdy, şol gelin, meni. Syratyn wasp etseň mysaly baýdak, Ýüzleri ýagtydyr, ondördi aý dek, Waspyňy ýazardan ejiz men entek, Ýalynsyz ýandyrdy, şol gelin, meni. Edepli, haýaly, mähiriň öýi, Ýaňagy almadyr, şekerdir sözi, Görmegeý, nurana, oň güler ýüzi, Ýalynsyz ýandyrdy, şol gelin, meni. Gözüme görünmez Süleýman tagty, Nazary düşenniň getirer bagty, Ýekeje ýylgyrsa ýollarym ýagty, Ýylgyrdy, ýandyrdy, şol gelin, meni. Aýyň parçasy däl, hut onuň özi, Yşkyň heserinden men boldum däli, Derdimi bejermez hiç derman-däri, Söýdürdi, sagaltdy, şol gelin, meni. Ajaýyp näzenin, bir gowy gelin, Günde bir ýaşardym, ýassansam golun. Kebap dek köýýärin, meňki däl welin, Ýalynsyz ýandyrdy, şol gelin, meni. Adamzat bagtyňy öýüňden gözle, Toba et ýürekden, günäňi düzle, Sözlejek bolsa-ňa, ýagşyrak sözle, Diýip utandyrdy, şol gelin, meni. • Heýjana salar Gül beden, gül meňiz, güler ýüzli gyz, Näz edip aşygyn heýjana salar. Inçe bil, näzenin, gara gözli gyz, Näz edip aşygyn heýjana salar. Gözellik eçilip hakyň ýalkany, Lebleriňden joş urup dur bal käni, Gunçalaryň, ter gülleriň soltany, Näz edip aşygyn heýjana salar. Jemalyň meňzeýär üýtgeşik güle, Sen ýaryň töründe açylan gül-ä! Diýlende jak-jaklap, ol güle-güle, Näz edip aşygyn heýjana salar. Ýaşa sen, erkana, söýüp hem söýlüp, Ygtyýaryn aldyň, sen ýüpsiz güýlüp, Ýaryn uç-gyraksyz otlara salyp, Näz edip aşygyn heýjana salar. | |
|
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Tün gider, gündiz geler, gör, nijesi uz geler... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |