OGLANLYK DÖWRÜNIÑ ÝATLAMASY
1.
Şol ýyllar biziň obamyzda mekdep ýokdy. Goňşy oba gatnap okaýardyk. Ýol uzakdy. Bir ýakasy suwly ýap, beýleki ýakasy gum etegi kirşenli ýol bilen gitmeli bolýardyk. Eger ugurdaş ulag duşsa, sürüjisi salyhatly kişi bolsa, nebsi agyryp, saklap, alyp giderdi.
Ýogsa-da ejelerimiziň bölek-büçek matadan birgeňsi gurama gurap, gelşiklije edip tikip beren bukjalaryny egnimizden asyp, öz aramyzda hümürdeşip, tomsuna küpürsäp duran tozanly, gyşyna bolsa köwşüňi aýagyňdan sogrup alyp galýan batgaly ýol bilen ýöräbermelidik.
Kitap hemmelere ýetmeýändigi üçin, bir kitaby orta goýup, iki bolup okaýardyk. Olar hem könelişip, gyralary gädilip giden kitaplardy. Mugallym olary sapagyň soňunda alyp,ýygşyryp goýardy.
Okaýan ýerimiz çaklaňja äpişgeli, üsti saman garylan palçyk bilen suwalan, pessejik otaglardy.
Diňe bir kitap däl, parta hem ýetenokdy. Parta ýetmeýänlerimiz pejiň gapdalyna düşelgi köneje keçäniň üstünde oturyp okaýardyk.
Partada oturýan oglanlara kesesinden gözümiz gidýärdi. Arakesme boldugy, haýyş edip, olaryň partasynda oturyp görýärdik. Özümiz hem şeýle partaly bolmagyň arzuwyndadyk.
Kakam agaç ussaçylygyny edýärdi. Gullukdan gelende ýany bilen alyp gelen ussaçylyk gurallaryny juda eziz görüp saklaýardy. Olary bile gulluk eden ukrain dostunyň gullugy gutaryp gelýärkäler, öýlerinde myhman bolanda sowgat berendigini, kakam häli-şindi minnetdarlyk bilen ýatlaýardy.
Ol maňa parta ýetmändigini, munuň üçin gynanýandygymy eşidip:
—Hany, men göreýin-le, şol parta diýýän zadyňyzy –diýip, bir gün ýörite meniň bilen gaýtdy. Partalary eýlesinden-beýlesinden gowuja synlap, garyşlap, inini-boýuny ölçäp görüp:
—Muny ýasap bolsa gerek –diýdi. Özleriniň asla parta görmän, keçäniň üstünde okap gutarandyklaryny gürrüň berdi.
Şondan soň, ol mellegimiziň aýagujunda ösüp oturan söwütlerimiziň ýogynlaryndan iki sanysyny ýykdy-da, şolardan kesişdirip, ýonuşdyryp, bir topar ýap-ýasy tagta etdi. Sebäbi, ol döwürde tagta diýilýän zat biz obalarda juda seýrekdi. Dükana gelýän sabyndyr çaýdan boşan tagta ýaşşikleri hem «Şu gezek maňa berersiň» diýip, satyjy Hekim aga bilen öňünden gürleşip goýýardylar.
Kakam şondan soňam bir-iki gezek mekdebe meniň bilen gaýdyp, partanyň özüne düşnüksiz ýerlerini gözden geçirdi.
Şeýdibem, ol hakyt mekdepdäkilere meňzäp duran partany ýasady oturyberdi. Ýöne: «Kaka, parta gara reňkde bolmaly ahyryn!» diýsem-de, gulak asman: «Men saňa gara reňki nireden tapaýyn?» diýip, ony öýde bar gyzyl reňke reňkledi.
Bir gün bolsa, goňşymyzyň eşegarabasyny diläp alyp, şoňa ýükledi-de, mekdebe getirdi.
«Gyzyl reňkli partada oturmak bolýarmy?» diýşip, baý, şonda başagaý boluşdylar-ow.
Mugallymlaryň birisi: «Bolman näme, gyzyl reňk söýgüli reňkimiz —baýdagymyzyň* reňki» diýse, beýleki birisi: «Bolanok, sebäbi beýleki partalar gara reňkde. Eger erte biri çagasyna ýaşyl reňkli parta ýasap getirse, nätjek? Onsoň, synpyň içindäki partalar horazyň guýrugy ýaly, gyzyl-ýaşyl bolup dursunmy? Ýok, beýle baş-başdaklyk etmäge ýol bermezler» diýýär.
Mekdep müdirimiz Şammy aga ahyrsoňy kakamy bir çete çekip:
—Sen muny ýasamasyna-ha gowy ýasapsyň. Ýöne, ynha, şu reňklän reňkiň bolanok-da –diýensoň, kakam partany yzyna alyp gaýtmaly boldy.
Ondan-mundan sorap, gara reňkiň gözlegine çykdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gara reňk hiç kimde tapdyrmady. Haly ýüpi boýalýan gara boýagy eredip çalyp gördi. Emma ol hem tekiz düşmedi.
2.
Meniň basym partada oturjakdygyma göz ýetiren oglanlar gap-dalymdaky boş ýeriň üstünde dawalaşyp başladylar.
Ahyr bir gün:
—Berdiniň gapdalynda kimi oturdarsyňyz? –diýip, mugallymdan soradylar.
Ol:
—Bilmedim-dä, hany, entek Berdiniň kakasy ony gara reňke bir reňkläp getirsin. Onsoň, görübereris. Partany kakasy ýasap berendigi üçin, belki, partadaşy Berdiniň özi saýlar –diýdi.
Şondan soň, meniň abraýym artdy. Keçäniň üstünde oturýan oglanlar maňa ýaranmakçy bolşup, ýolda bukjamy göterişip, ejeleriniň: «Arakesmede iýersiň» diýip, berip goýberen tagamlyja zatlaryndan hezzetläp başladylar.
Kakam gara reňki ürç edip gözleýärdi. Onuň erjeldigine, başyna baran işini bitirmän goýmaýandygyna men beletdim. Uzak eglenmän, gara reňk tapyp, partany reňklejekdigine ynanýardym. Şoňa çenli gapdalyma kimi partadaş edinmelidigimi çözmegim gerekdi.
Ilki Myrada söz berdim:
—Ýöne, öňünden hiç kime aýtma! –diýip tabşyrdym.
Emma ol bir gün mekdebe barýarkak, ýabyň ýakasynda ösüp oturan gürmegiň dänelerinden bir gysym ýygyp, gapdalymdan gelýän Permanyň üstüne oklady. Gürmek däneleri Permana-da ýapyşsa ýapyşdy welin, köpüsi meniň saçymadyr üst-başyma düşdi.
Muňa gaharym gelip, Myrada:
—Aýyr, oklan gürmekleriňi! –diýdim.
Onýança-da, oglanlar:
—Aýyrmaz. Aýyrsa, gorkak! –diýşip, kesämizden gygyryşdylar.
Myrat oglanlaryň gyjalatyndan çekinip:
—Aýyrjak däl –diýdi.
—Aýyrmasaň, sen maňa partadaş bolmarsyň –diýdim.
—Bolaryn.
—Bolmarsyň.
Oglanlaryň töwerekden tijemegi netijesinde Myrat bilen garpyşdyk.
Ol daýaw bolansoň, meni ýykyp urup başlady.
Onýança, Begnazar kömege ýetişdi. Iki bolup, Myradyň hötdesinden geldik. Şondan soň, ýanyma Begnazary partadaş tutunmagy niýetime düwdüm.
Ýöne, soň bir gün, ol hem göwnüme degip, bu pikirimi üýtgetdim.
Kakam gara reňk tapyp, partamy reňkleýänçä, başga-da köp oglanlary partadaş tutunmagy niýet edinip, soňra haýsydyr bir sebäbe görä, ol pikirimden el çekdim. Partaly mesele meniň köpler bilen aramyň bozulmagyna getirdi. Olar başda partadaş edinmegi söz berip, soňundan ret eden oglanlarymdy.
Şeýdip, okuw ýyly tamamlanyp, tomusky dynç alşa çykdyk. Indi biz «3-njä» geçipdik.
Kakam birinden eşidip, etrap merkezine gidip, şol ýerde ýaşaýan bir peç ussasyndan peje çalynýan gara reňk tapyp geldi. Şonuň bilen partamy reňkledi welin, ýalpyldap öwüşgin atyp duran negözel parta boldy.
Basymrajyk täze okuw ýylynyň başlanmagyna garaşýardym. Partadaşlygy bolsa, şol döwürde juda seýrek hem gowy görülýän, bir tarapy gyzyl, beýleki tarapy hem gök reňkli surat galamyny alyp, Juma söz berdim.
Teýahyry, tomusky dynç alyş soňlandy.
Ýene-de goňşymyzyň eşegarabasyny sorap alyp, partamy ýükläp, oňa bolsa Juma ikimizi oturdyp, kakam bizi mekdebe alyp gitdi.
Ýolboýy täzeje partama şeýle bir buýsanýardym welin, gözüm töweregimdedi. Begenmekden ýaňa, agzym gowşanokdy. Okuwa barýan çagalar: «Hanha, Berdiniň partasy. Kakasy ýasap beripdir» diýşip, meniň ýalpyldap duran partamy biri-birine görkezişip, gözügidijilik bilen seredişýärdiler.
Mekdebe ýetip, kakam bir tarapyndan, Juma ikimiz beýleki tarapyndan göterip, partamy okaýan otagymyza alyp bardyk. Görsek, otagyň içi täp-täzeje partalardan dolup dur. Biz tomusky dynç alyşda wagtymyz getiripdirler. Çagalar biziň göterip elten partamyzy görüp, hezil edinip gülüşdiler. Juma bolsa surat galamyny dessine yzyna aldy.
* * *
Şondan soň,meniň partam sygyr dölämiziň ýanynda üç-dört ýyl gum basyp ýatdy. Käte-käte jigilerim onda oturyp, «mugallym-okuwçy» oýnadylar.
Her gezek oňa gözüm düşende, partadaş tutunyşymy ýatlap, utanýardym.
Ahyrsoňy kakam ony söküp, agajyndan nämedir bir zatlar-a ýasady.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar