23:53 Ogluma ýazan hatlarym / 11-nji hat | |
11. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Seniň hatyň meni örän howsalalandyrdy. Meniň häzir gürrüňini beren ýaş ýigitlerimiň elhenç jenaýatyndan başga edýän pikirim ýok. Iki sany ýaş işçi bilen bir student bir adamy öldüripdir... Biderek zadyň üstünde sögüşip, işsizlikden diýen ýaly öldüripdir. Seniň ýazýan faktyň ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň terbiýelenişi barada öwran-öwran oýlanmaga, ýaş ýigitleriň ruhy ýaşaýyşlary barada oýlanmaga mejbur edýär. Biziň ýurdumyzyň ilatynyň gylla ýarysy 26 ýaşa çenli bolan adamlardyr. Ine, şuny ýatda bekläp, şu barada gürlemek gerek, ýöne ýuka ýüreklilik bilen däl-de, howsala bilen gürlemek gerek. Orta mekdebi tamamlan (ýa-da mekdepden öňräk, 8-nji klasdan giden) adamlaryň akylly-başly, hakyky terbiýeçileriň terbiýeleýjilik täsirinden düşýändigi maňa ynjalyk berenok. Käbirleri diýmeseň, institutlarda we tehnikumlarda aslynda terbiýeçilik işi alnyp barylmaýar. Bu işiň zerurlygy bolsa örän uly. Mende ýaşlaryň arasyndaky iňňän agyr jenaýatlaryň (ganhorlugyň, garakçylygyň, talaňçylygyň, zorlugyň) sanynyň köp ýerde elhenç artýandygy barada şaýatlyk edýän örän anyk maglumatlar bar. Biziň, bu barada dymmaga hakymyz ýok. Eger berilýän terbiýe gowulanmasa, biz matematikamyz, elektronikamyz we kosmosymyz barada dat ederis. Adam öldürmegi siňek öldürençe-de görmeýän adamlaryň bardygy barada sesimizi çykarmazlyga biziň hakymyz ýokdur... Bu näme boldugy? Eýsem, bu barada dymmak ýa-da arkaýyn gürlemek mümkinmidir? Eger bizde şeýle adamlar bar bolsa, kommunizm gurluşygy barada nähili gürrüň etjek? Jübüsinden üç manat çykan adamy öldüren we şol agşamyň özünde şol pula bir çüýşe arak alyp içen 20 ýaşly ýigide suduň atuw jezasyny berenini göreniňde (şeýle waka Kremençugda bolupdy), biziň ýaşlarymyzyň, umuman we tutuşlygyna alanyň da ajaýyp ýaşlardygyndan, biziň ýaşlarymyzyň arasynda müňlerçe we müňlerçe gahrymanlaryň bardygyndan birjik-de ýeňillik duýaňok... Ýaş nesli moral taýdan terbiýelemeklige perwaýsyz garamak zerarly çekýän zyýanlarymyzy, hiç hili matematika-da, hiç hili hasaplaýyş maşynlary-da ölçäp, hasaplap bilmez. Eger-de umumybilim berýän mekdeplerde matematika bilen fizikany öňküden-de güýçlendirmegiň tarapyny çalýan ýoldaşlar 18–20 ýaşly ogullary jenaýatçylar hökmünde ýazgarylan eneleriň hatlaryny okap görsediler, onda olar bu zatlaryň biziň jemgyýetimiz üçin, biziň gurluşymyz üçin nähili eýmenç howpludygyna ykjam düşünerdiler. Bu howp tebigat fakultetini gutaryp, diplom alan gyzyň monastyra gidişinden peslär ýaly däldir... Ýaşlaryň arasynda masgaraçylykly endigiň döreýänligi barada hem dymmak bolmaz: olar kluba, tansa ýa-da stadiona gitmezlerinden öň, hökman içgi içýärler. Pýankeşlik betbagtçylyga öwrülip barýar – bu gury söz däldir, gaýtam ajy hem gynançly hakykatdyr, onuň yzasy sowet adamynyň kosmosda bolup gelmeginden, indem Aýa uçmaga taýynlanýanlygyndan birjik-de ýeňlemän, gaýtam beterleşýär. Iki aý töwerekleri mundan öň, mana halk sudunyň mejlisler zalynda bolup gaýtmak miýesser etdi. Tans meýdançasynda urşan on dokuz ýaşly ýigidiň işi diňlenilýärdi. Sudýa günäkärden: «Käriňiz näme?» diýip soranynda, ol: «Huligan» diýip jogap berdi. Batyr diýdirjek bolup, içýakgyç gürledi, emma hiç kim oňa batyr diýmedi. Bilgeşleýin hemleli äheňde aýdylan bu sözde gaýtam hasrat duýuldy... Jenaýatçylar mende, ilki bilen, gynanç duýgusyny döredýärler. Sandan çykyp barýan adama haýpyň gelýär. Ony zaýalan adama gaharyň möwç urýar. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, terbiýeleýjiler günäkär, sözi doly manysynda terbiýeleýjiler: ata, ene, mugallym, pioner hem komsomol guramalary günäkär, meniň muňa ykjam gözüm ýetik. Onuň çaga, ýetginjek bolan ýyllary, nähili adam edip ýetişdireýin diýseň, ýetişdirip bolýan ýyllary üçin günäkär. Jenaýatyň köküniň çagalyk hem ýaşlyk ýyllaryna uzalyp gidýändigine men müňlerçe gezek göz ýetirdim. Esasy, uly kök–emosional hem estetiki hamygalyňlykdyr, ähli janly zada, gözellige birehimlik, biperwaýlyk bilen garamaklykdyr. Gül ekilen ýerjagazy rehimsizlik bilen depeleýän, nahaljygy döwýän, pişik çagasyna ýa-da güjüjege zalymlyk edýän oglanjyk potensial jenaýatçydyr. Janly zada we gözellige birehimlik bilen garamaklyk eýýäm onuň kalbynda jenaýat köküni oturdandyr. Janly zada we gözellige rehimsizlik etmek bilen adama rehimsizlik etmegiň arasy ýekeje ädimdir. Tebigatyň özi ynsan kalbyna mylakatly, adamkärçilikli duýgularyň uly bir diapazonyny salandyr. Men bu diapazony iň näzik duýgudan ynsan mertebesi ugrunda ýa almaly, ýa ölmeli diýen söweşe taýýarlyga çenli owazy bolan müň tarly ajaýyp gural bilen deňeşdirerdim. Ýöne adam kalbyny terbiýelemeseň, şol müň taryň hersini özbaşyna düzmeseň, bu gural mydam ukuda ýatan pälwan bolup galardy. Bu ajaýyp guralyň iň näzik, tarlarynyň biri adamkärçilikdir. Seniň çagalaryň bolar, sen olaryň adam bolup ýetişmekleri üçin azara galarsyň? şonuň üçin sen adamyň döredýän zadynyň iň esasynyň iň gymmatly, iň arzyly, baýlyk hökmünde ynsan ömrüniň gadyryny bilmek ukybyny terbiýelemekdigini bilip goý. Çagalykda kesekiniň şatlygyna begenip, gynanjyna gynanyp, ata-enesiniň, uýasynyň, doganynyň, babasynyň, mamasynyň jebirdir ýamanlyk garasyny görmezligi üçin öz şatlygyndan, öz abadanlygyndan geçmäge taýýar adam hiç haçan başga birine el götermez, ynsan kalbynyň iň näzik taryny – adamkärçiligi – düzmek munuň özi kiçijik adama başga biri üçin şatlyk döretmegi we şunuň bilen baglanyşyklykda özüňde peýda bolýan iň uly ynsan şatlygyndan lezzet almagy öwretmekdir. Öz çagalaryňy nähili terbiýelemelidigi, zalymlyk, rehimsizlik ýaly iňňän howply, iňňän gorkunç zatlaryň döremeginiň, peýda bolmagynyň öňüni nähili almalydygy barada ata nesihatyny, öwüdini diňlemek saňa we her bir ýaş ýigide artykmaçlyk etmezmikä diýýärin. Ynha, golaýda Kirowogradda on sekiz ýaşla oglan on alty ýaşly oglanyň sagadyny aljak bolup (sagadam düýpden bozuk çykypdyr), onuň ýeňsesinden pyçaklap öldüripdir. Beýle birehimlik, zalymlyk, başga biriniň ýeňsesinden, hiç zat bolmadyk ýaly edip, arkaýyn pyçaklamagyň wagşyýana ukyby nireden döreýär? Men ganhoryň çagalygyny we ýetginjekligini içgin öwrendim. Görüp otursak, ol adam üçin, kowum-garyndaşlarynyň şatlygy üçin hiç haçan hiç zat etmändir. Ýekeje nahal hem oturtmandyr. Ýekeje bägülem ösdürip ýetişdirmändir. Öz eli bilen ösdürip ýetişdiren agajyndan ejesine ýekeje alma-da getirip bermändir. Ejesine ýagşylyk etmegiň hatyrasyna hem ol öz islegini amala aşyrmakdan saklanmandyr. Ol doňýürek, rehimsiz adam bolup ulalypdyr, onuň üçin adam mahluk ýaly bir zat bolupdyr. Ýöne jenaýatçylaryň özlerini alyp baryşlaryna diňe maşgala, mekdep pioner, komsomol guramalary jogapkär diýip hasap etmek nädogry bolardy. Ýetginjeklik ýaşyna gadam urup ugranyndan, meniň pikirimçe, 12 ýaşdan başlap, adam öz-özüni terbiýeläp ugramalydyr. Irki ýaşlyk ýyllary bolsa, 16 ýaşdan başlap, öz-özüňi terbiýelemek her bir adamyň, her bir okuwçynyň, her bir studentiň jana-jan borjuna öwrülýär, Meniň öz-özüňi terbiýelemek barada seniň pikiriňi bilesim gelýär. Sen bu babatda nämäni esasy zat hasaplaýarsyň? Sag bol, eziz perzendim. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hem hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |