00:12 Ogluma ýazan hatlarym / 13-nji hat | |
13. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Öz-özüňi terbiýelemek baradaky hatymyň sende beýle uly gyzyklanma döredenligine men şat. Sen häzirki zaman ýaşlarynyň (hawa, diňe bir ýaşlaryňam däl) bir gylygyny – uly, käteler-hä juda janagyryly gyzmalygyny inçelik bilen syzypsyň. Adamlaryň arasyndaky sene-meneleriň, kähalatlardaky tersleşmeleriň köpüsiniň adamlaryň öz duýgularyna erk edip bilmeýändikleri zerarly, has beteri-de olaryň öz duýgularyny terbiýelemek bilen meşgullanmaýandyklary zerarly bolýandygyna meniň gözüm ýetik. Özüňdäki emosional duýgulary özüň terbiýelemek – biziň günlerimizde örän düýpli mesele, bu, aýratynam, ýaşlar üçin şeýle. Adamyň durmuşy müň ýyllyklaryň dowamynda, esasan, muskul güýji bilen hem-de nerw sistemasynyň hötjetlik, zalymlyk ýaly gödek sypatlary bilen kesgitlenilipdir. Soňky onýyllyklarda bolsa adamyň durmuşa ukyplylygy tutuşlaýyn diýen ýaly onuň nerw sistemasynyň iň inçe, iň çylşyrymly mehanizmlerine bagly boldy. Ol mehanizmler bolsa örän ynjykdyrlar. Ýadyňda bolsa iki ýyl töwerekleri mundan öň biziň obamyzda, ine, şeýle waka bolupdy. Harby uçilişäniň kursanty, ýaş işçi, student üç dost bolup duşuşypdyrlar we bu duşuşyga begenipdirler. Onýançada kimdir biri kimdir birine onçakly ýakymly bolmadyk bir zat aýdypdyr, kelleler gyzyp, oglanlar sözden urşa geçipdirler... Urşupdyrlar, soň olary milisiýa ýygnapdyr, ynha, şol ýerde birneme özlerine gelenlerinden soň bolsa, ýaş ýigitler, näme sebäp boldy- da, näme sebäp boldy, nämeden başlandy-da, nämeden başlandy bolşup geňirgenipdirler. Emma olar näçe jan etseler-de, urşuň sebäbini hakydalaryna getirip bilmändirler. Ynha, gaty gyzmalygyň eltýän zady. Häzirki döwürde adamyň özüni alyp barşy, esasan, pikirlenmäni, duýgulary kadalaşdyrýan iň inçe, iň duýgur sfera bagly bolýar. Şoňa görä, häzir duýgulary terbiýelemäge aýratyn üns berilmelidir. Ýaşlar üçin bolsa öz-özüsi terbiýelemegiň uly roly bar? Onsoň, iş ýüzünde duýgularyňa erk etmek üçin nämeler etmeli? Her bir ýaş ýigidiň iň esasy ýatda saklamaly zady: pikir çäkliligini gykylyk, galmagal, gazaplanma arkaly ýüze çykýan gödek duýgular bilen doldurjak bolmaly däl. Adam psihikasynyň jümmüşinde bir ýerde elhenç gorky, gazap, zalymlyk ýaly instinktler «goş basyp» ýatyr. Adamyň medeniýeti näçe pes boldugyça, onuň akyl hem-de estetiki talaplary näçe garyp boldugyça şol instinktler şonça-da ýygy oýanyp, gödeklik bilen ýüze çykýar. Öz mamlalydygyny subut etmäge artyk aýdara zat galmadyk halatynda adam ýa-ha «Saňa mundan artyk gep düşündirip bilemok» diýip gös-göni aýdýar (uly emosional hem-de intellektual medeniýetli adamlar şeýdýärler), ýa-da gygyryp başlaýar, ýagny pikir çäkliligini «instinktleriň topalaňy» bilen doldurjak bolýar. Özüňdäki nerw-emosional sferany hem, illeriň nerw-emosional sferalaryny hem aýamak gerek. Ýatda sakla, häzir adama howa ýaly gerek bolan duýgy inçeliginiň çeşmesi pikirleriň inçeligindedir, intellektiň baýlygyndadyr. Duýgy pikiri asyllaşdyrýar, ýöne hakyky ynsan duýgusy pikirsiz oňup bilmez, ony pikir döredýär, ony pikir ekläp- saklaýar, ol pikir arkaly ýaşaýar. Pikir baýlygy arkaly ol ynsan duýgusy, adamyň ruhy dünýäsiniň özbaşdak güýjüne öwrülýär – ol adamy asylly işlere atarmaga ukyplydyr. Özüňde duýgy inçeligini nähili terbiýelemeli? Ilki bilen, sen hiç haçan adamlaryň arasynda ýaşaýandygyňy unutma. Seniň gapdalyňda öz aladasy, öz howsalasy, öz pikiri, öz ünjüsi bolan adamyň işleýändigini hiç haçan unutma. Ýanyňda ýaşaýan we işleýän, her bir adamyň ynsanyýetçiligini sylamagy başarmak – munuň özi adamyň iň uly ussatlygydyr. Duýgy inçeligi diňe kollektiwde, dine daş-töweregiňdäki adamlar bilen hemişelik ruhy gatnaşykda bolmak arkaly terbiýelenilýär. Ynha, biz bu ýerde öz-özüňi ruhy taýdan terbiýelemegiň iňňän möhüm meselesine golaýlaşýarys... Duýgulary intellektual, estetiki talaplara baý ýürekdeş dostlukdan başga näme bilen ýiteltmeli, «ýülmemeli». Öz duýgularyňy dostlukda terbiýele. Dostluk saňa töweregiňdäki her bir adamdaky ynsanyýetçilige nepis eserdeňligi işläp düzmäge kömek eder. Adamy ruhy taýdan baýlaşdyrýan, özündäki instinktiw zatlary basyp ýatyryp, ynsanyýetçiligi ösdürmäge kömek edýän hakyky dostluk üçin näme gerek? Seniň şahsy ruhy baýlygyň gerek. Sen öz dostuňa nämedir bir zat öwredip bilseň, dine şonda ruhy taýdan baýlaşarsyň. Duýgy nepisligini terbiýelemek üçin, özünde ynsanyýetçiligi duýmaga ukyp ösdürip ýetişdirmek üçin ruhy gymmatlyklar barada özara pikir alşyp durmak gerek. Elbetde, täze kollektiwe düşeniňden sanlyja aý geçip-geçmänkä, dostuň bolmagyny talap etmek kyn bolar. Ýöne her näme-de bolsa, seniň dost tutunmaly wagtyň gelip ýetmelidir. Ol dost bilen sen duýgularyňy, şatlykdyr gaýgylaryňy bölüşmelisiň. Eger häzir seniň ýanyňa baryp gaýtmak mümkinçiligim bolan bolsa, men barardym, otaga ýoldaşlaryňy ýygnardym, beýleki studentleri hem çagyrardym we olara: «Meniň ýaş dostlarym, ýürekleriňizi aýap, duýgularyňyzy terbiýelän. Biziň günlerimizde adamyň özüni gurşap alan dünýäniň täsirine ýylsaýyn has duýgur bolýandygyny siz ýatda saklaň. Adam adama dostdur, ýoldaşdyr we dogandyr diýen ideýada çuňňur many bar. Ýöne bu çuňluga hemişe düşünilip durulmaýar. Dost bolmak diýmek ilki bilen adamy terbiýelemek, onda ynsanyýetçiligi oýarmak diýmekdir diýerdim. Terbiýe diýeniň aslynda özüňdäki wagşyýana instinktleri basyp ýatyryp, adamkärçilikli gylyklary ösdürmekdedir. Ynsanyýetçiligiň çür depesi bolsa kommunistik terbiýedir. Faşistleriň adamdaky ynsanyýetçiligi çagalygyndan ýok etmek ugrunda nähili jan çekendikleri barada bir nemes kommunistiniň beren gürrüňi meniň ýadyma düşýär. Gitlerçi Germaniýada tomus «Gitlerýugend» lagerine gelen her bir ýetginjege ýüpek ýaly tüýli, kiçijik, ýyljajyk towşan beripdirler. Çagalar towşan çebşejiklerini iýmläp, olara idi-issuwat edipdirler, olara öwrenişipdirler. Tomsuň ahyryna çenli çebşejikler ulalyp, eldeki towşan bolupdyrlar. Çagalar öýlerine gaýtjak uçurlarynda ýugendleýter (terbiýeçi) olardan: siz fýureriň her bir buýrugyny ýerine ýetirmäge taýynmysyňyz diýip sorapdyr. Hawa, elbetde, bizin her birimiz faşist reýhi üçin janymyzy bermäge taýýar diýip, çagalar jogap beripdirler. Şonda terbiýeçi olaryň her biriniň öz towşanyny öldürmegini talap edipdir. Ol: «Özüňizdäki rehim-şepagaty basyp geçmäni başaryň» diýip, olara sargapdyr. Faşist ganhorlary, zalymlary şeýle terbiýe alan ekenler. Şeýle wagşyýana instinktler – ähli janly- jandara, gözellige rehim etmezlik, başga biriniň ruhy dünýäsine düýpden biperwaý garamak her bir ganhoryň, her bir zalymyň psihikasynyň esasynda ýatandyr. Özüňde ähli janly-jandara, gözellige rehim-şepagat terbiýelemek, ösdürmek gerek. Ýatda sakla, çagalaryň bolar, kiçijik çaganyň, ahlak keşbi, onuň adamlara bolan garaýşy, onuň guşlara, güllere, agaçlara bolan garaýşyna bagly bolar. Saňa A. Sent-Ekzýuperiniň «Saýlanan eserler» diýen kitabyny iberýärin. Seniň «Kiçijik şazada» diýen ertekini üns berip okamagyňy we ol barada göwnüňe geňeşmegiňi isleýärin. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |