16. Salam, eziz perzendim!
Berlinden ýazýaryn. Gaýtmazymdan öň bu ýerde 15 gün töwerekleri boljakdygymy aýdypdym, ýöne Berline gelip, işleri çaltlandyrmagy, wagt ýitirmän, irräk gaýtmagy ýüregime düwdüm. GDR-de on gün töwerekleri bolaryn. Meniň daşary ýurda gelşim ilkinji gezek däl: öňem birentek ýurtda bolup görmek maňa miýesser etdi. Her gezek ykbal seni mähriban toprakdan uzaga zyňanynda, Watana bolan söýgi duýgusy sende täze güýç bilen oýanýar. Watandan uzakda sen öz mekanyňdaky zatlaryň bary üçin çekýän jogapkärçiligiňi aýratyn-da güýçli duýýarsyň. Daşary ýurtly söhbetdeşleriň biri ha sowet mekdebi hakda bolsun, ha-da ýurdumyzyň ykdysadyýeti hakda gürrüň edip başlanynda, edil özüň hakda gürrüň edilýän ýaly, ýüregiň ýerinden gopana dönýär. Ähli gowy zatlar barada eşitmek, gör, nähili hezillik! Öz Watanyň hakda adamzadyň ýol görkeziji maýagy hökmünde edilýän gürrüňleri eşideniňde kalbyňy guwanç duýgusy gaplap alýar! Ýöne biziň dostlarymyz haýsydyr bir kemçiligimize, käte bolsa haýsydyr bir gelşiksiz zadymyza geň galýandyklaryny aýdanlarynda, muny diňlemek, gör, nähili ýakymsyz bolýar.
Geljekde seniň hem daşary ýurtlara gitmegiň mümkin. Ýadyňda bolsun, Watan seniň sallançagyňdyr, öýüňdir, seniň bagt ojagyňdyr. Ol seniň ata-babalaryň üstünde ençeme gandyr der döken mekanydyr. Dogduk mekanyňda gowy zatlaram bolýar, erbet zatlaram. Eger sen erbet zady görseň, ol erbetligiň seniň öýüňdedigini, seniň sallançagyňdadygyny ýatdan çykarma. Öz öýüňdäki erbetlige diňe nejis adam heşelle kakýandyr. Sen öýüňde ýamanlygyň deregine ýagşylyk bolar ýaly et. Sen öz öýüňdäki ýamanlyk barada diňe nämedir bir ýagşylyk eden halatyňda gürläp bilersiň. Ýamanlyk barada bir söz aýtmak hukugy on sany ýagşylyk etmek bilen gazanylýar.
Watan – dili süýji, talapkär enedir. Eger ogly erbet adam bolup ýetişse, ýalta, doňýürek, lellim, ikiýüzli, wyždansyz bolsa, enäniň ýüregi gyýylýar. Sen hakyky adam bolup ýetişmeseň, Watan edil mährem ene ýaly gyýylýar. Watan saňa guwanar ýaly ýaşa we zähmet çek. Iň belent gaýalardan – mähriban halkyň iň belent bähbitleri nukdaýnazaryndan öz-özüňi görmegi başar.
Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda zähmetkeşleri ekspluatasiýadan gutarmak ugrunda, sosialistik rewolýusiýanyň ýeňmegi ugrunda, dünýäni faşizmden halas etmek ugrunda göreşiji ata-babalaryňa guwan. Watanyň beýik ogullarynyň atlary seniň gözüň göreji, seniň guwanjyňdyr. Biziň Watanymyzyň dünýädäki ilkinji sosialistik döwletdigini ýadyňda sakla. Ol Adamzada kommunizme tarap ýol açdy. Bu seniň milli guwanjyňdyr. Biziň Watanymyzyň jahana beýik Lenini berendigini ýadyňda sakla.
Men Polşanyň, Germaniýanyň üstünden geçdim we sowet esgerleriniň jesetleri ýatan bir topar mazar gördüm. Doganlyk mazarlarynyň set müňi, set müňi... Biziň Watanymyzyň millionlarça ogly dünýäniň müňlerçe ýyllap faşistik gulçulyga düşmezligi üçin janlaryny gurban etdiler. Men faşistler bilen söweşmeli bolan kiçijik stansiýamyň üstünden geçdim. Otly bu stansiýada duranok, ýolagçylaryň hiç biri äpişgedenem seredenok... Emma ony azat etmek üçin biziň urşujylarymyzyň üç ýüzden gowragy wepat boldy, dostum, podpolkownik Lysenko-da wepat boldy...
Men Buhenwaldda boldum, häzir bu ýerde faşizmiň pidalaryna ýadygärlik muzeýi bar, uruş ýyllary bolsa bu ýerde iň elhenç ölüm lagerleriniň biri ýerleşýärdi. Faşistleriň ýüz müňlerçe bendini (diňe aýdyşlaryna görä, ýüz müňlerçe, belki, olar millionlarça bolandyr, muny bilýän ýok, ähli dokumentler ýok edilipdir) nemes anyklygy we yzygiderliligi bilen gyryşlary göz öňüne geleninde, depe saçyň üýşüp gidýär, şol gyrylan bendileriň köpüsi sowet adamlarydy. Men guradylan adam kellelerini, adam hamyndan ýasalan sumkajyklary gördüm. Ynha, faşistleriň keýp edip meşgullanan zatlary. Men ýüz müňlerçe aýal saçlaryny gördüm–faşistler adam saçyndan haltadyr düşekçe tikinipdirler. Men adam süňkünden gaýnadylan sabyny gördüm. Men nemes daýhanlarynyň adam jesediniň külünden dökün döken meýdanlaryny gördüm. Häzir şol daýhanlaryň komsomol ogullary Sowetler ýurdunyň wekilleri bolan bizi mübärekleýärler.
Dünýäniň üstüne elhenç howp abanypdy. Men muzeýde faşistleriň planlaryny gördüm: olar slawýan halklaryny doly ýok etmäge, iki ýüz million adamy krematorilerde ýakmaga, elli million töwerekleri adamy bolsa biçip, gullara öwürmäge hyýallanan ekenler. Adamzady bu howpdan berýozalaryň aşagynda ýatan rýadowoý sowet esgeriniň halas edendigi ýadynda bolsun...
Seniň bagtyň ugrunda ölüm lagerleriniň eýmenç peçlerinde, Wolgadan Berline çenli her ädim ýer ugrunda aldym-berdimli söweşlerde sowet adamlarynyň, seniň deň-duşlaryň ölendigini ýadyňda sakla. Biziň Watanymyzyň ölüm howpuny başdan geçirenligini ýatda sakla: ol bolmalymy ýa bolmasyz diýen mesele söweş meýdanlarynda çözüldi. Biziň Watanymyzyň iň gowy ogullarynyň ýigrimi iki millionynyň seniň sallançagyňy gorap wepat bolandygyny ýatda sakla. Millionlarça ene çagalarynyň nirede jaýlanandygyny hem bilenok. Öz ömrüň bagtly güni sen gahrymanlaryň mazarynyň ýanyna gel. Olaryň öňünde başyňy egip, olara gül goý.
Her bir halkyň öz mukaddes zadynyň –adamzadyň azatlygy we bagty ugrunda janlaryny gurban eden gahrymanlarynyň bardygyny bilip goý. Iwan Susanin bilen Ustim Karmelýuk hakyndaky, Aleksandr Ulýanow bilen Şandor Petefi hakyndaky, Sergeý Lazo bilen Ernst Telman hakyndaky, Zoýa Kosmedemýanskaýa bilen Ýulius Fuçik hakyndaky, Aleksandr Matrosow bilen Nikos Beloýanis hakyndaky, Musa Jelil bilen Hulian Grimau hakyndaky ýadygärlik, goý, seniň üçin arzyly bolsun. Wepat bolan ýigrimi millionyň her birini halkyň gaýduwsyzlykdyr gahrymançylygyň şeýle belentligine göterendigini ýatda sakla.
Seň kakaň daşary ýurt durmuşy hakynda, adamlary hakynda hiç hili gyzykly zat ýazmaýandygyna, onuň näme üçin bireýýämler belli zady gürrüň berýändigine, belki, geň galýansyň... Sebäbi bu ýerde nämäni görsem, näme hakda eşitsem, men Watan hakda pikir edýärin, Watany görýärin. Men häzir ýigrimi ýaşy dolan nesil barada pikir edýärin. Eziz oglum, siziň ajap nesliňiz, höwes etmeli ykbalyňyz bar. Seň we seniň deň- duşlaryň XXI asyryň başlaryna çenli ýaşarsyňyz. Döredijilik güýjüňiziň gülläp ösen wagtynda bolarsyňyz. Meni hemme zatdan beter howsala salýan zat: siziň atalaryňyz bolan biz özümize şeýle gymmat düşen ahlak gymmatlyklarymyzyň, baýlyklarymyzyň hemmesini size tabşyryp ýetişermikäk. Biziň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda we Watanymyzyň halk hojalygynyň dikeldilen ýyllary başdan geçiren elhenç kynçylyklarymyzy siz doly düşünip, bütin kalbyňyz bilen duýarmykaňyz?
Siziň mynasyp mirasdarlarymyz bolup ýetişmegiňizi isleýärin. Ýaşuly nesilleriň döredenleriniň gadyryny biliň. Iň esasy hem biziň smenamyz bolan siziň her biriňiziň durmuşyňyzdaky esasy zat hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak, hiç zada deňäp bolmajak Sowet Watany bolsun. Ony goramaga taýýar bolmaly. Men Günbatar Germaniýada faşist jalataýlaryny gördüm. Men diwardaky: «Bu gün Germaniýa biziňki bolsa, ertir bütin dünýä biziňki bolar» diýen öçüşen ýazgyny gördüm. Biziň GDR-li dostlarymyz şeýle ýazgylaryň ol ýerde mahal-mahal bolup durýandygyny bize gürrüň berdiler. Günbatar Germaniýada faşizm täzeden dikelýär, biz Watany goramaga taýyn bolmalydyrys. Siz harby işi öwrenýärsiňiz – bu sapaga örän çynlakaý çemeleşmek gerek. Erkekler bolan biziň her birimiz bir zady berk bellemelidiris – meniň iki kärim bar: biri ýa mugallym, ýa agronom, inžener... ikinjisi bolsa, hemmäňiziňki ýaly, Watany goramakdyr.
Öýe bir hepdeden ugraryn. Hökman seniň ýanyňa degip geçerin. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun,
Kakaň.
Pedagogika we edep-terbiýe