17. Salam, eziz perzendim!
Seniň hatyň barada köp oýlandym, şonuň üçinem jogaby gijräk ýazýaryn.
Söýginiň ahlak taýdan päkligi ynsan kalbynyň aýnasydyr. Eger adamyň ruhy psihologiki we ahlak-estetiki gatnaşyklarynyň sferasynda hapa bir zady bar bolsa, onda ol, umuman, hapa, ýigrenji mahlukdyr. Ol oňat graždanin, päk ýürekli zähmetkeş, saýhally adam bolup bilmez...
Ruhy durmuşyň bu sferasynda akyl bilen erk duýgynyň – jyns heseriniň aýratyn hüşgär sakçysy bolmalydyr. Men käbir ýazyjylaryň we publisistleriň «Duýga buýurma bolmaz, adam öz hyjuwyna erk edip bilenok» diýen tassyklamalaryny ret edýärin. Munuň özi jyns azgynlygyny we «söýgi erkinligini» örtmek üçin ulanylýan ýukajyk örtgüdir. W. I. Lenin «söýgi erkinligine» garşy berk çykyş edipdi. Bu «emosiýada ilkinjilik» teoriýasy aýratyn hem durmuşa ýaňy gadam basýan adamlar üçin zyýanlydyr. Adamy jyns heseriniň duýgusy tolgundyryp ugramazyndan has ozal, ony kalbyň gözelligi heýjana getirmelidir, ol özünde beýleki adama ahlak mährini çuňňur duýmalydyr. Diňe şeýle şertlerde söýgi ýeke-täk, aýratyn söýgi bolar. Hakyky söýgüde akyl-paýhas duýga kömege gelýär, oňa ahlak güýjüni goşýar, göwün-islegleri moral; taýdan asyllaşdyrýar, duýgyny bähbit arajak bolmaklyga, logiki analize sezewar edenok, adamy öz abadançylygynyň söýýän adamsyna nä derejede baglydygyny saldarlap görmäge mejbur edenok. Adamyň adama bolan ahlak mährinde duýgy bilen pikiriň bir ýere çugdamlanýan ýerinde söýgi asyllydyr. Akyl bilen duýgynyň birleşýän ýerinde bolsa, ynsan kalbynda wyždan höküm sürýär.
Sen uly adam, senem geljekki kaka, şonuň üçinem men seniň bilen diýseň aç-açan gürleşýärin. Men muny ata hökmünde şeýtmäge borçludyryn. Eger atanyň ogly haramzada bolup çyksa, jemgyýetiň ondan: «Näme üçin siz jemgyýetiň öňündäki borjuňyzy ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip, soramaga haky bardyr. Sebäbi her bir graždaniniň iň möhüm jemgyýetçilik boržy Watana hakyky adam bermekdir. Kaka diýmek, uly graždanlyk atdyr, muny ýagda saklagyn, oglum.
Birentek ýaş ýigide ýokuşan ýeňil görnüşli azgynlyk meni howsala salýar. Günortanyň güni oglan bilen gyzyň köçeden barýarka gujaklaşyp, käte bolsa ogşaşyp barýan halatlary hem bolýar. Men bir gezek örän ýaşajyk gyzdan: «Dumly-duşuň adam bolup durandygy seni utandyranokmy näme?» diýip soradym. Ol: «Eýsem, dostlugy gizlemelimidir?» diýip jogap berdi.
Bu adamyň döremegine fiziki taýdan taýýar, emma moral taýdan taýýarlyksyz gyzyň iň bärkije samsyk jogabydyr. Ilkinji duýgyňa, ilkinji dyňzap gelen hyjuwyňa tabyn bolmak samsyklykdyr. Örän pynhan, örän gizlin, eldegirilmesiz zady uly ile jar edip, görkezip ýörmek samsyklyk we çylkasyzlykdyr. Oglan on sekiz ýaşynda ol gyzy halapdyr, şonuň üçinem ol eýýäm ony gujaklap, ogşap ýör. Munuň özi ahlaksyzlykdyr. Hakyky söýgi beýik, mukaddes borçdur, ömürlik borçnamadyr. Eger sen duýgularyňy ýele-yga sowurmak islemeseň, ruhy taýdan gözden düşmek islemeseň, onda ilkinji hesere ýan berme. Adam: «Öýlenerin, çagalaryň atasy bolaryn» diýen ýaly nähilidir bir ahlak häsiýetli söz beren adamyny ogşap we söýüp biler. Başga her hili söýgini, keýp çekmek üçin ýa-da ýürek gysmadan döreýän söýgini men ahlaksyzlyk hasap edýärin.
Ýadyňda bolsun, söýgi – munuň özi, ilki bilen, söýen adamyň üçin, onuň ykbaly üçin, onuň geljegi üçin jokapkärçilikdir. Söýgüde diňe keýp çeşmesini gözleýän adam azgyn we haramzadadyr. Söýmek – munuň özi, ilki bilen, bagyş etmekdir, söýýän adamyňa kalbyň kuwwatyny bagyş etmekdir, söýýän adamyň üçin bagt ýaratmakdyr. Lermontow bir hatynda:
«Söýdüm men kalbymyň bar güýji bilen...» diýip ýazypdyr. Bu sözler barada ykjam pikir et. Kalbyň bar güýji bilen – diýmek, söýýän adamyňa bagtdyr ýagşylyk ýaratmak bilen – ine, şu barada pikir et.
Ýadyňda bolsun, oglum, seniň bütin ömrüň moral päkligi erkek bilen aýal maşgalanyň nika çenli bolan gatnaşyklarynyň häsiýetine, şol gatnaşyklarda ruhy-psihologiki, ahlak-estetiki elementiň nä derejede agdyklyk edişine baglydyr. Söýgüde «tejribeden», «köp tejribelilikden» otdan-da beter gorkgun; Aşyk-magşuklaryň öýlenmezlerinden öňki ruhy-psihologiki gatnaşyklary näçe päkize, näçe asylly bolsa, geljekki är bolmaly ýigidiň ahlak borjy şonça-da belentdir. Aýalyň öňümdäki ahlak borç, onuň geljegi üçin jogapkärçilik – ýigidi uly adama öwürýän zatlardyr. Arassa söýgi ýigidi är çykarýar, ýeňles söýgi ýürek gysmadan döreýän söýgi ony azdyrýar. Nikalaşmazyndan öň fiziki ýakynlaşygy gören, başdan geçiren adam durmuşa ruhy taýdan tozan adam bolup gadam urýar.
Aşyk-magşuklaryň ruhy gatnaşyklarynyň iň ýokary şatlygy birek-biregi akyl hem estetiki taýdan baýlaşdyryp durmakdan, kem-kemden täze-täze, ahlak hem estetiki sypatlary duýmakdan we açmakdan, aşyk-magşuklaryň birek-birekden iň gowy zatlary öwrenip, soňam olary birek-birege bagyşlamakdan ybaratdyr. Wepaly söýgi, ömürlik söýgi... muny arzuw edip, küýsemeýän barmy? Ýöne ol nämä bagly? Muny adamyň mizemezligine bagly diýip aýtsa bolar. Ejeň ikimiziň durmuş guranymyza basym 25 ýyl dolýar... Şonda-da her gezek ony birnäçe sagatlyk aýralykdan soň görenimde, ýüregime galpyldy aralaşýar, onda–dünýäde ýeke-täk söýýän aýalymda men her gezek haýsydyr bir täzelik görýärin. Söýýän adamyň gözleri täze-täze gözellikleri açýan ýaly bolýar, ýöne bu şol gözleriň täze-täze pikiri aňladyp: intellektual we estetiki duýgularyň teze-täze çylşyrymly utgaşygyny beýan edýän şertlerinde şeýle bolýar. Içki, ruhy dünýäniň baýlygy duýgularyň adam nazarynyň berip biläýjek müňlerçe öwüşginlerinde ýüze çykýar. Egerde şol duýgularyň toplumy çäkli bolsa, ilkinji duşuşykda maýyl eden daşky gözellik kem-kemden ýitişýär, özüne çekijiligini gaçyrýar. Söýginiň diňe daşky sypatlar bilen bir pursatlyk maýyl edýän ýerinde, adamyň lezzeti diňe ýüzüň, syratyň owadanlygyndan gözleýän ýerinde göwni geçmekligiň, «häsiýet gabat gelmezliginiň» boljagy hökmandyr.
«Söýgi ylmy» diýilýän ýörite ylym ýokdur – sen muny bilip goýgun – adamkärçilik ylmy bardyr, kim onuň syryny ele alan bolsa, ol asylly ruhy-psihologiki hem-de moral estetiki gatnaşyklara taýýardyr. Söýgi – adamkärçiligiň iň ýowuz ekzamenidir. Emma adama ilkinji adamkärçilik sapaklaryny, şonuň bilen birlikde hem söýgi sapaklaryny çagalykda we ýetginjeklikde onuň öz ruhy güýjüniň bir bölegini beýleki adamlara eçilýändigi berýändir. Adam mertebesini sylamagyň düýpli ösen duýgusy bolmasa, hakyky ynsan ysnyşygy bolup bilmez. Bu aýratyn hem erkekler üçin howpludyr. Klara Setkin bilen eden gürrüňinde W. I. Lenin söýgüde öz-özüňi çäklendirmek, şahsy tertip-düzgün gerek diýip nygtapdy. Bu babatda bolsa esasy rol bize, erkeklere degişlidir. Öz hyjuw-heserleriňde takatly bolgun. Biri-birini söýýän adamlaryň fiziki ýakynlygyny moral taýdan aklaýan zadyň ruhy taýdan ýakynlykdygyny, birek-biregi sylamakdygyny, ömür bile bolmaga, birek-birege hemaýat etmäge taýýarlykdygyny bilip goý. Ýigidiň nikadan geçilmänkä fiziki ýakynlyga ymtylmasynyň ruhy taýdan baý, akylly, päk ýürekli gyzy biçak kemsidýändigini, gazaba mündürýändigini bilip goý. Asylly gyz üçin bu gijräk bolmaly zat ýaly duýulýar.
...Ýaşlygyň iň bagtly günleriniň ruhy taýdan baý adamlaryň uzak wagtlap aýrylyşaslary gelmeýän päkize, ideal söýgüleridigini bilip goýgun. Eger namys we mertebe duýgulary deň ösen ýigit bilen gyz sataşan bolsalar, onda olar aňyrsynda fiziki ýakynlyk ýatan çäkden köp wagtlap geçmeýärler. Munuň özi olaryň şol ýakynlyga höwesleriniň ýokdugyny aňlatmaýar. Ol höwes güýçli hem ýiti höwesdir, ýöne olara ruhy ýakynlyk bolmadyk fiziki ýakynlyk heňe gelýän zat däldir. Olardaky ruhy ýakynlygyň, ideal söýginiň döwri örän uzaga çekýär, olar ony bilgeşleýin uzaltjak bolup jan edýärler, bu bolsa olara ullakan bagt getirýär.
Sen: «Ömür sürmek – oýnamak däl» diýen nakyly eşidipmidiň? Adam maşgala durmuşynda nähili bolsa, onuň hakyky moral keşbi hem şonuň ýalydyr. Gynansak-da, biziň jemgyýetimizde maşgaladan daşarda özüni ýokary ideýalar ugrunda göreşiji diýdirýän, maşgalada bolsa özlerini ownuk egoistler ýa-da zalymlar ýaly alyp barýan adamlar az däl. Özleriniň ahlak taýdan ösüş derejeleri boýunça nikalaşmaga düýpden taýyn däl, öýlenmekleri ýa-da durmuşa çykmaklary özlerini dünýä inderýän adamlaryň öňünde baryp ýatan ahlaksyzlyk, jenaýatçylyk bolan adamlar bar. Käbir adamlar nikalaşmaga öz instinktlerini kanagatlandyrmagyň päsgelsiz mümkinçiligi hökmünde garaýarlar. Käbir azgyn ýaş ýigitler nikada özleriniň sansyz ýürege düşmelerine, wadalaryna, ant içmelerine garamazdan, nikadan öňki ýetip bilmedik zatlaryna ýetmek hukugyny görýärler. Ruhy baglanyşygyň gowşaklygyny hiç hili ýuridiki baglanyşyk berkidip bilmez.
Ýadyňda bolsun, adamlar nikalaşmak bilen birlik- de, öz üstlerine dine bir ýuridiki, maddy borçlar del, eýsem ruhy borçlar hem alýarlar. Jemgyýetiň ruhy baýlygy maşgaladaky gatnaşyklaryň häsiýetine baglydyr. Käte ýaş çatynjalaryň ilkinji aýlarda biri-birinden «göwünleri geçýär», onsoň «söýgi poeziýasy» ýitýär. Şeýle ýagdaýlarda harçaňlaşmalaryň anyk mazmuny, bahanasy dürli-dürli bolsa-da, sebäbi hemişe bir zat bolýar. Ýaş ýigitler nikalaşanlarynda: «Indi fiziki hem-de ruhy ýakynlyga päsgeli ýok eden söýgi tükeniksiz bagt getirer» diýip pikir edipdiler. Bagtyň onçakly ýakymly we tükeniksiz bolup çykmanlygy, fiziki ýakynlyga hem nikadan öňki ýaly zerurlygyň duýulmaýandygy olary diýseň geň galdyrýar. Olar yşk odunyň, obrazly aýdanyňda, hemişe gowy ýangyjy – köp taraply ruhy ýaşaýşy talap edýändigini, bu ýangyç bolmasa-da, söýginiň çalt öçýändigini ýa-da özüniňem, adamlaryň hem howasyny zaýalap, burugsap durýandygyny ýatlaryndan çykarýarlar. Söýgi maşgalany diňe özünden başga ýene bir zat – ruhy ýaşaýşyň baýlygy bolanynda pugtalandyrýar. Eger söýgi diňe jyns heseri bilen çäklenýän bolsa, şol heseriň ruhy örtgüsi hem juda ýuka gelip, gatnaşyklaryň aňyrsy görnüp duran bolsa, ýakynlygyň fiziki tarapy ykjam göze dürtülýär.
Ýaş ýigitler nikalaşanlaryndan soň, olaryň öz söýgüleriniň şatlygyny çöpläp ýörmän, esasan, ony döredijiler bolmalydygyny ýatda sakla. Nikada sarp edýän zadyňa görä, döredýän zadyň köp bolmalydyr. Ruhy baýlyklaryň zapasyny birsyhly artdyryp durmazdan, fiziki ýakynlygy asyllaşdyrmak mümkin däldir... Maşgala durmuşynyň haýsy hem bolsa bir etapynda är-aýalyň özlerindäki ruhy zatlaryň baryny tüketmekleri, gaýdyp öz söýgüli adamynyň öňünde hiç zat açyp, maşgalanyň ruhy durmuşy üçin hiç zat berip bilmezlikleri mümkin. Käte şeýle hem bolýar. Nikadan öň az salymlyk aýralyga-da çydap bilmän ýören adamlar, soň biri-birlerini görmänlerini kem görenoklar. Bu maşgala durmuşyny dowzaha öwürýär. Mundan bolsa ilkinji nobatda çagalar kösenýärler, ynha, şuny bilip goýmak gerek. Ähli babatlarda graždanin bolmak gerek. Munuň özi, ilki bilen, jemgyýetiň geljegi barada alada etmekdir, biziň geljegimiz bolsa çagalardyr. Oglum, ýatda sakla, eger sende maşgala döretmek islegi peýda bolsa, sen özüňiň graždanlyk borjuňy ýerine ýetirmege taýynlygyňy ykjam barlap görmelisiň. Söýginiň, dostlugyň, ilki bilen, çagalardygyny hiç haçan unutmagyn.
Öz ruhy baýlygyny döretmegi başarýan adam üçin ilkinji, ikinji söýgi ýok-da, ýeke-täk söýgi bardyr. Bu sözüň doly manysynda idealist bolgun. «Çarp urýan, duýgularyny ýele-yga sowurýan adamlar, meniň pikirimçe, ahyrsoňy özlerini gedaý duýmalydyrlar» diýip, O. Gonçaryň «Baýdak göterijiler» romanynyň gahrymanlarynyň biri Brýanskiý aýdýar. Moral taýdan päkize, ýeke-täk söýgüsine wepaly adamyň bu sözlerinde çuňňur hakykat bar. Eger sen hakyky adam bolýan bolsaň, eger sen söýgüli adamyňda ruhy baýlyk döretmäge ukyply bolsaň, onda telim ýyllap söýüp gelen adamyňy söýmäni bes edip bilmersiň. Biziň ruhy taýdan ösüşimiz hem, paýhasdyr duýgularymyzy özara baýlaşdyrmagymyz hem, çagalarymyz hem, maşgalanyň mertetebesi, namysy hem, däpler, geçmiş baradaky ýatlamalar hem, ýaşlygyň, şahyrana keşbi, ýigitlik duýgularynyň arassalygy hem şu baýlykda utgaşýar. Bu zatlaryň hemmesi göwünde şeýle bir güýçli yz galdyrýar welin, agyr ruhy jepasyz täze durmuşa başlamak mümkin däl. Är ýa aýalyň söýgüli adamyny ýitirip, uzak ýyllap, käte-hä ömürboýy ýatlaryndan çykaryp bilmeýändikleri, olarda täze duýgynyň döremeýändigi ýöne ýere däldir. Munuň özi üýtgeşik bir «romantiki hyýalbentlik» däl-de, adamçylygyň çuňňur ýüze çykmasydyr. Adamyň öz söýgülisini ýatdan çykaryp bilmeýänliginiň sebäbi ol onuň kalbyna ornaşypdy, onuň bilen ykbaldaş bolupdy...
Gör, nähili uzyn hat boldy. Men seniň kakaň öwütlerini göwnüňe almajagyňy bilýärin. Meň öwüt-nesihatlarymyň her sözi barada ykjam oýlan. Ähli babatlarda hakyky adam bol.
Sag bol, eziz perzendim. Eger birinji maý baýramçylygynda gaýdyp bilseň, iň bolmanynda bir günlük gelip git. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun.
Kakaň.
Pedagogika we edep-terbiýe