18. Salam, eziz perzendim!
Sen bilimleri dürli-dürli, intellektual islegleri, talaplary hil-hil ýaşlar bagtly bolup bilerlermi, beýle adamlary söýgi duýgusy birleşdirip bilermi? diýip soraýarsyň.
Bir ýyl mundan öň, meniň ýanyma mekdebimizi gutaran, orta mekdepden soň instituty tamamlan we uly zawodyň gurluşygynda işleýän gyzlaryň biri Wera L-iň ejesi geldi. Ol maňa Weranyň hatyny görkezdi, hatda gyz öz howsalalary, şübheleri barada ýazypdyr. Men gyzyň adyny üýtgetdim, şonuň üçinem syry açmak mümkin, ol örän öwrenerlikli. Gyz şeýle diýip ýazypdyr: «Ol oňat işçi, meni gowy görýär, ýöne näme diýseňem, meniň garaşan bagtly ruhy agzybirligim çykmady. Men onuň bilen gaýybana okamaklygyň gerekdigi barada, bilimleri ele aljak bolup jan etmelidigi barada, sebäbi geljekde orta biLIMI bolmasa, onuň hiç bir maşynyň golaýyna goýberilmejekdigi barada telim gezek gürrüň etjek bolup synanyşdym. Onuň bolsa bary-ýogy 6 klas bilimi bar... Men oňa Moskwa, Leningrada bile gidip gelsek, Watanymyzy görsek, erbet bolmazdy diýip aýdyp gördüm. Ol bolsa ör-gökden gelip: «Sen gaty uzaga seredýärsiň. Şu günüň barada pikir etmek gerek: gazanjymyz gowymy-besdir. Geljekde näme boljagyny bolsa görübiris, onsoňam ol biziň akylymyz ýetjek zatmydyr?» diýdi. Soňra bolsa: «Ol gezelençlerden näme peýda, olaryň berip biljek zady ýok, gury pul sowanymyz galar. Biz bolsak jaý salmaly. Hojalygyň aladasyny etmeli – doňuz, towuk edinmeli... Okasym bolsa gelenok, orta ýa ýokary bilim alanyň bilen aýlygyň artjak gümany ýok. Ynha, sen institutam gutardyň-da, aýlygy bolsa menden az alýaň...» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Eje jan, men nätsemkäm? Indi men onuň bilen duşuşyp bilemok, hatda onuň ýüzüni hem göresim gelenok. Men mamlamy ýa ýok? Ýa-da onuň aýdyşy ýaly, meniň çykarýan hokgam köpmükä? Ýa-da öz derdimi gürrüň berenimde joramyň aýdyşy ýaly, men idealistmikäm? Onuň bilen ýaşamaklygyň howzumyzyň başyndaky guran tal ýaly sus we tukat boljagyny men görüp durun...»
Gyzyna şeýle diýip ýazan ene mamla: «Her kimiň öňünde şeýle nurana, şeýle gözel durmuş açylyp durka ömrüňi öýe, kuhnýa, jüýjedir jojuklara baglap oturmak nämäňe derkar? Wiktoryň gürrüňine, onuň saňa bolan garaýşyna seretseň, oňa durmuşa çykdygyň onuň seni işden alyp galasynyn geljekdigi, soňam men seni ekleýän diýip, gulak etiňi guratjakdygy görnüp dur... Gyzym, bu gaty agyr bolar...»
Görnüşi ýaly, adamyň öz ykbalyny kim bilen baglajakdygy onçakly parhsyz däldir. Bütin ömrüni el-ele berip ýaşamaly adamynyň ruhy dünýäsine onuň kesgitli talaplary bardyr. Meni ýaşlar gazetlerinde we žurnallarynda ahlak-estetiki gatnaşyklaryny nikalaşmakçy bolýan adamsynyň medeniýetine bagly edýän ýigitleri we gyzlary yzagalak adamlar diýip suratlandyrýan makalalaryň peýda bolýandygy haýran galdyrýar. Ýöne ýokary medeniýetlilik hemişe ýokary sowatlylyk bilen gabat gelip durmaýar. Baryp ýatan nadanlyk, medeniýetsizlik, ýokary bilimli adamlarda-da, hatda alymlyk derejesi bolan adamlarda-da bolup bilýär. Tersine, sada işçiniň ýa-da kolhozçynyň ýokary derejeli intelligent adam bolmagy mümkindir. Biziň raýonymyzyň obalarynyň birinde 18 ýaşly Polina M. şugundyrçylyk zwenosymyň zwenowody bolup işleýärdi. 8 klasy gutaran, kakasy ölenden soň bolsa mekdebi taşlan gyz bilen ýap-ýaňy şol oba işe işe bellenen ýaş wraç tanyş bolupdyr. Ol Polina aşyk bolupdyr. Emma gyz öz duýgusyny diýseň pynhan saklapdyr. Ol ýaş ýigidi halapdyr, onuň niýetiniň düzüwdigine birjik-de şübhelenmändir, ýöne ýigidiň sowady boýunça özünden ýokarda durýandygy baradaky pikir gyzy uly alada goýupdyr. Gyz söýgülisiniň giňişleýin, her taraply bilýän zatlary barada özünde dine üzlem-saplam düşünjäň bardygyna gyýylmak bilen göz ýetirip durupdyr. Akylly, eserdeň ýaş ýigit Polina M-yň uly, buýsanjaň kalbynyň bardygyny görüpdir. Toý- tutaly diýen teklibine aýgytly garşylyk eşideninden soň, ol gyzyň öz maksadyna ýetmäge tarap iň bolmanynda bir ädim ätmese, toý tutmaga razy bolmajakdygyna düşünipdir: gyz öň ýaş wraça onýyllygy gutarmagy, soň bolsa instituta okuwa girmegi maksat edinýändigini gürrüň beren ekeni. Ol häzir orta mekdepde gaýybana okap ýör. Özi hem mugallyma bolmagy maksat edinýär.
Gyzyň maksady dura-bara oglany hem özüne çekip başlapdyr. Ol Polina okamaga kömek edipdir, şol aralykda özi hem hirurgiýany ykjam ele almagy ýüregine düwüpdir. Olar geljek hakda arzuw edipdirler, geljek hakdaky pikir bilen ýaşapdyrlar, arzuwyň amala aşjakdygyna ynanypdyrlar. Bu telim ýyl dowam eden arassa, belent söýgi bolupdyr. Diňe tanşanlaryndan bäş ýyl geçeninden soň, orta mekdebi we institutyň iki kursuny tamamlanyndan soň, gyz durmuşa çykmaga razylyk beripdir. Olaryň söýgüsi ýokary ahlakly dostluk bolupdyr. Olaryň arasynda fiziki ýakynlyk barada entek gürrüňem bolmandyr, bu barada olar pikirem etmändirler, ýöne olar biri-birlerine, öz ideallaryna wepalylyk barada eýýam biri-birleriniňki bolupdyrlar. Eger olaryň biri bu borjy bozaýan bolsa, bu ruhy soýuzy dagydaýan bolsa, munuň özi göwne degmek, biwepalyk hökmünde düşünilerdi.
Eger ýazyjylaryň biri bu söýgini wasp edäýse, ol nähili ajaýyp roman bolardy, ýaşlary terbiýelemek babatda onuň gör, nähili uly ähmiýeti bolardy. Nebsimiz agyrsa-da, ýaşlar barada ýazylan çeper eseriň gatyny açan badyňa sen hemişe bada-bat ýa-ha biwepalylyga, ýa-da göwni geçmeklige gabat gelýärsiň–bularyň hemmesi hakykaty obýektiw beýan etmegiň dogry alamaty hasap edilýär. Mundanam beteri, göwün synmalary – olarda hiç hili çylşyrymly zat ýok, aslynda duranja, bir azgynlygyň bar-da–ýazyjy köplenç aklamak bilen bolýar, seň setirleriň arasynda: «Nätjek-dä, durmuş çylşyrymly-da, azapsyz, jepasyz bolanokda» diýen pikirleri okaýarsyň. Men muňa ynanamok. Durmuşy gaýgysyz-ünjüsiz, azapsyz, göwünler synmaz ýaly edip gurmak bolar. Haýran galdyryjy ynsan bagtyny döretmek bolar. Ýadyňda bolsun, öz kalbyňy, öz bagtyňy dörediji seniň özüňsiň.
Sen bu sözlere pugta akyl ýetirgin, oglum. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn.
Kakaň.
Pedagogika we edep-terbiýe