22:03 Ogluma ýazan hatlarym / 1-nji hat | |
OGLUMA ÝAZAN HATLARYM
Pedagogika we edep-terbiýe
1. Salam, eziz perzendim! Ynha, sen ataň tüneginden çykyp, uly şäherde ýaşaýarsyň, wuzda okaýarsyň, özbaşdak adam bolasyň gelýär. Öz tejribämden aňyşyma görä, özüň üçin täze durmuşyň girdabyna düşüp, sen ataň öýi barada, ejeň ikimiz barada az oýlanýansyň, bizi görsem diýip, ýüregiň onçakly gysýan däldir. Sen bu zatlara soňrak, durmuşa göz ýetireniňden soň, düşünip galarsyň. ...Bu meniň göbek gany siňen öýünden giden ogla ýazan ilkinji hatymdyr. Men bu haty seniň bütin ömrüňe ýanyňda saklamagyňy, ony gaýta-gaýta okap, o barada oýlanmagyňy isleýärin, her bir ýaş nesliň «siz biziň görýän we düşünýän ähli zatlarymyzy görüp hem düşünip bileňzok» diýip, ata-enäniň öwüt-nesihatyna birneme geçirimli garaýandygyny, biz ejeň ikimiz bilýäris. Belki, bu şeýle bolsa-da bolýandyr. Belki, sen bu haty okap çykyp, ata-enäň tükeniksiz öwüt-nesihatyny, zol-zol ýatladyp durmaz ýaly, ony daşrak bir ýerde goýsaňam goýarsyň. Nätjek, goýsaň goýarsyň-da, ýöne welin ony nirede, haýsy kitabyň içinde goýýandygyňy sen ykjam belle, sebäbi bir gün sen bu öwüt-nesihatlary ýatlap, öz-özüňe: «Her näme diýsemem, kakam mamla ekeni» diýersiň... Onsoň, sen bu ýatdan çykyşan köne haty okamaly bolarsyň. Sen ony tapyp okarsyň. Şonuň üçin sen ony ömürlik saklagyn. Menem kakamdan alan ilkinji hatymy saklapdym. Öýümizden çykyp, pedagogik instituta okuwa girenimde men 15 ýaşlarymdadym. 1933-nji ýylyň hupbatly açlygydy. Ejemiň özümi giriş ekzamenlerine ugradyşy şu günki ýaly ýadymda. Arassaja köne ýaglygyň içine ol sandygyň düýbünde ýatan bir bölek täzeje mata bilen azyk-owkatly düwünçek saldy: olaryň arasynda kartoşkanyň gabygy bilen kepekden bişirilen çörek, iki stakan gowrulan noýba bardy, şol wagt ejemiň maňa berip biläýjek bar zady şudy... Men okap başladym. Içiň eljuk diýip durka bilimleri ele almak kyndy, uçursyz kyndy. Ine, onsoň, ahyr täze hasyldan bişirilen çörek peýda boldy. Ejemiň maňa täze çowdarydan bişirilen ilkinji çöregi iberen gününi men ömürylla ýadymdan çykarman. Çöregi her gün şähere haryt almaga gelýän oba alyjylar jemgyýetiniň arabaçysy Matweý baba äkelerdi. Päkize kendir torbasyna salnyp goýberlen çörek ýumşajykdy, ýakymly ysy burnuňa urup, gyralary kitirdeşip durdy. Çöregiň ýanynda bolsa kakamyň haty, şol saňa gürrüň berýän ilkinji hatym bardy: ony men ilkinji nesihat hökmünde saklap ýörün... «Oglum, ýaşaýşyň özeni - çöregi unutmawergin. Men hudaýa ynanamok, ýöne çöregi mukaddes hasap edýändirin. Goý, ol seniň üçinem ömürlik mukaddes bolsun. Sen özüňiň kimdigiňi, nireden gelip çykandygyňy ýatda saklagyn. Çöregiň kynlyk bilen tapylýandygyny ýatda saklagyn. Seniň ataň, meniň bolsa kakam Omelkonyň krepostnoýçylyk edip, ekin meýdanynda pluguň yzynda jan berendigini ýatda saklagyn. Örküň halkyňkydygyny sen hiç haçan unutmagyn. Sen okap ýörkäň başga biriniň seniň üçin derwaýys çöregi tapjak bolup azap çekýändigini unutmagyn. Asyl okuwyňy gutaryp, mugallym bolaňda-da çöregi har etmegin. Çörek diýeniň ynsan azabydyr, geljege umytdyr, seniň we seniň çagalaryň wyždany ölçeljek mizan terezidir». ...Oglum, men bu zatlary saňa näme üçin ýazýan diýsene? Her günki iş-alada bilen men bu zatlary saňa jikme-jik gürrüň berip bilmändigim bu erbet zat. Ýöne bu zatlary sen ýatda saklamalysyň. Kakamyň maňa eden sargydyny saňa-da gaýtalap aýdýaryn: özüňiň kimdigiňi we nireden gelip çykandygyňy sen unutmagyn. Biziň örkümiziň zähmetkeş halkdadygyny, toprakdadygyny, mukaddes çörekdedigini ýatdan çykarmagyn... Biziň dilimizde set müň, set müň söz bar, ýöne men olardan: çörek, zähmet, halk diýen üç sözi birinji orunda goýardym. Olar biziň döwletimizi saklap oturan üç sany örkdür. Olar biziň gurluşymyzyň özenidir. Onsoňam, şol kökler biri-birine şeýle bir pugta çyrmaşypdyr welin, olary hiç haçan üzjek, biri-birinden aýyrjak gümanyň ýok. Çöregiň nämedigini, zähmetiň nämedigini bilmeýän adam halkyň ogly däldir. Ol halkyň iň gowy ruhy sypatlaryny ýitirip, sylag-hormat edeniňe degmeýän näkese, mahluga öwrülýär. Zähmet, der, ýadawlyk diýilýän zatlary unudýan adam çöregiň gadyryny bilmekden mahrumdyr... Men seniň galla meýdanyndaky zähmetiň nämedigini bilýäniňe, çöregiň aňsatlyk bilen gazanylmaýandygyny bilýänligiňe guwanýaryn. Birinji maý baýramçylygynyň öň ýanynda siziň klasyňyza baryp (şonda siz dokuzynjyda okaýardyňyz öýdýän), kolhoz mehanizatorlarynyň: «Baýramçylyk günleri biziň ýerimize meýdanda işläýseňiz, bizem dynç alaýsak» diýen haýyşlaryny size ýetirenim ýadyňdamy? Ähli ýigitler bolup siziňem baýramçylyk lybasynyň deregine kombinezon geýip, traktoryň rulunyň başyna geçesiňiziň, prisepşik bolasyňyzyň gelmänligi ýadyňdamy? Oňa derek şol iki gün geçip, öýli-öýüňize babadaýhan bolandyrys öýdüp geleniňizde, siziň gözleriňizde, gör nähili guwanç uçgunlary uçganaklapdy. Kommunizm döwründe maddy eşretleriň bary näçe diýseň tapdyrar, adam dili geplän zady bilen üpjün bolar, hamala barmagyny gymyldatdygy hemme zat onuň huzurynda taýyn bolar we ähli zat oňa şeýle aňsat ýetdirer diýlip, kommunizmi süýt köli hökmünde göz öňüne getirmeklige özüm-ä ynanamok... Eger bularyň bary şeýle bolýan bolsa, onda adam, megerem, garnyny symyşlap dolduran haýwana dönerdi. Bagtymyza, bu beýle bolmaz. Janaýamazakly zähmet çekmezden, tagalla etmezden, der döküp ýadamazdan, howsaladyr tolgunmazdan, adama hiç zat ýetdirmez. Kommunizmde-de gabarçaklar bolar, ukusyz gijeler hem bolar. Iň esasy-da adamyň – onuň akyl-paýhasynyň, ynsabynyň ynsan buýsanjynyň diregi – onuň hemişe çöregini der döküp gazanyljaklygynda bolar. Topragyň gitdigiçe köp hasyl bermegi üçin dyngysyz yhlas ediler – adamyň çörekli örki hemişe şuňa bagly bolar. Bu örki bolsa her bir adamda aýap saklamak gerek. Sen basym özüňizi kolhoza işe iberýändiklerini ýazypsyň. Gaty gowy zat. Men muna diýseň şat. Oňat işle, özüňem, kakaňam, ýoldaşlaryňam ýüň sakgal etme. Nirede bir arassarak, ýeňilräk iş barka diýip, selpäp ýörme. Zähmeti gös-göni ekin meýdanynyn özünden, toprakdan gözle. Pil hem ussatlygyny görkezip bolýan guraldyr. Tomus kanikulynda bolsa sen öz kolhozymyzda traktor brigadasynda işlärsiň. «Adamy ýetişdiren bugdaýynyň sümmülinden tanaýarlar» – sen, megerem, bu ukrain nakylmyzy gowy bilýärsiň. Her bir adam özüniň il üçin bitirýän işlerine buýsanýar. Her bir päk ýürek adamyň öz ýetişdiren bugdaý sümmülinde özüniň galtaşygyny galdyrasy gelýär. Men bu jahanda elli ýyl töwerekleri diýen ýaly ýaşaýaryn, şonuň üçinem men bu islegiň has hem ekin meýdanynda işleýän adamlarda aýdyň ýüze çykýandygyna göz ýetirdim. Seniň ilkinji studentçilik kanikulyňa garaşaly, onsoň men seni goňşy kolhozda ýaşaýan goja bilen tanyşdyraýyn, ol baryp otuz ýyl gowrakdan bäri alma agajynyň nahallaryny ösdürip ýetişdirýär. Öz käriniň ussady diýip, ana şoňa diýäýseň! Ol ösdürip ýetişdiren agajynyň her bir şahajygynda, her bir ýaprajygynda öz keşbini görýär. Bu gün hemme adamlar şoň ýaly bolan bolsadylar, onda biz kommunistik zähmete ýetdik diýip aýdyp bilerdik. Janyň sag, wagtyň hoş, keýpiň çag bolmagyny arzuw edýärin. Seni ogşaýaryn. Kakaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |