10:23 Ogluma ýazan hatlarym / 23-nji hat | |
23. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Seniň kolhozdan iberen hatyňy aldym. Bäş ýylyň içinde sen Ukrainanyň obalyklaryny birkemsiz öwrenersiň – iň azyndan bäş oblastyna dagy baryp görersiň. Sen: «işleýän obamyzda öňki poliseýi – ýigrimi ýyl mundan ozal, sowet adamlaryny gynan, partizanlary, garrylary, aýallary we çagalary öldüren we horlan jenaýatçyny sud etdiler» diýip ýazýarsyň. Sen: «Bu zatlar nähili beýle bolýar? Sowetler ýurdunda dünýä inen, sosializm döwründe ösüp-ulalan adam birden Watan dönügi bolýar» diýip, geň galýarsyň. Sebäbi durmuşyň özi terbiýeleýär ahyryn diýip seslenýärsiň. Gepem şonda, muňa meniň gözüm ýetik, durmuşyň özi terbiýelemän, adamyň terbiýeleýänliginde. Durmuş adama diňe kömek berýär. Men seniň azgynlaryň nähili döreýändigine düşüneriň ýaly, bir wakany gürrüň bereýin. Biziň raýonymyzyň obalarynyň birinde ykbaly elhenç, ýöne şol bir wagtyň özünde öwrenerlikli bolan bir adam ýaňy-ýaňylara çenli ýaşap ýördi. Bu urşuň başlarynda bolup geçipdi. Ganly tüweleý gyzgyn demi bilen Ukrainany çirkizip geçipdi, günbatardan faşist leşgeri sürnüp gelýärdi, biziň goşunlarymyz Dnepriň ýeňsesine yza çekilýärdi. Awgustyň ümsüm säherleriniň birinde şol adamyň ýaşaýan boş köçesine duşman motosikletçileriniň bir kolonnasy geldi. Adamlar öýli-öýlerine sümüldiler. Ýuwaşan çagalar gorkuşyp, äpişgeden seredişdiler. Onýança-da adamlar akyla sygmajak bir zady görüp galdylar: ýakasy keşdelenen köýnekli, aýagy lowurdaýança süpürilen ädikli ýaňky adam eli duz-çörekli jaýdan çykdy. Faşistlere ýaranjaňlyk bilen, ýylgyrjaklap, ol duz-çöregi hödürledi, tagzym etdi. Kiçijik, çypar ýefreýtor duz-çöregi merhemetlilik bilen kabul etdi- de, dönügiň egnine kakyp goýberdi, oňa çilim hödürledi, soňra bolsa jübüsinden bir gap sigaret çykardy-da, ony birsellem elinde saklady, diňşirgendi, gaby açyp, sigaretleriň ýarysyny bölüp, ýaňka berdi... Bularyň baryny äpişgeden seredip duran çagalar görüp, ony bolşy ýaly edip, ejelerine gürrüň berdiler. Birnäçe minut geçip-geçmänkä ildeşleriniň masgaraçylykly myhmansöýerligini ähli oba eşitdi. Ýüreklerde aýylganç ýigrenç döräp, ýumruklar düwüldi. Soň adamlar: «Bu adam kim bolmaly, ony dönüklige iteklän zat-nämekä?» diýşip, pikir edip ugradylar. Ata- babasyndan başlap, bütin neberesini seljerip çykdylar, öz ýanlaryndan onuň çagalygyny ýatladylar. Bu nähili beýle bolýar, ol ýigrimi ýaşly oglan ahyryn, özem komsomoldada durýan eken. Duruň-duruň, ady näme diýdiňiz? Familiýasyny tapdylar, adam ata-babasynyň familiýasyny yzarlap gelýär ahyryn, ýöne adyny welin bilen bolmady. Onuň ejesini gowy tanaýardylar, ol kolhozçy aýal Ýarinady. Ýaňky adama hem ýaşlykdan Ýarinanyň ogly diýýär ekenler. «Oglany dönüklige iteklän zat nämekä» diýip, ýene pikir edip ugradylar. Ýöne Ýarinanyň ogly barada hiç kim kesgitli zat aýdyp bilmedi. Goňşulary oňa ejem ogly diýýär ekenler. Ene-atanyň ýalňyz ogly bolup, günortana çenli turman ýatar eken, krowatyň ýanyndaky stoluň üstünde bolsa ejesi tarapyndan taýynja edilip goýlan süýtli golça, ak çörek, gaýmak durar ekeni. Iller çagalaryna ýumruk ýalylykdan zähmet çekmegi öwredip, olary daň bilen turzar we ekin meýdanyna işe iberer ekenler. Ýarina bolsa öz altynjygyny işdir aladadan çetde saklar eken (ol ogluna altynjygym, ýeke dikrarym diýýän eken). Ynha saňa durmuşyň terbiýeleýşi... Ýarina oguljygyny jany-teni bilen söýýän eken ahyryn, emma ogly oňa näme bilen jogap beripdir? Eger durmuş terbiýeleýän bolsa, onda ene söýgüsi ogulda-da söýgi duýgusyny terbiýelerdi. Emma durmuşda hemme zat beýle bolup duranok. Söýginiň uly dert bolup döreýän halatlary hem bolýar. Şol agyr ýyllar Ýarinanyň oglunyň obada nireden we nähili peýda bolanyny hiç kim aýdyp bilmedi. Gojadyr kempirler agşam çaglary şahalak üljeleriň aşagynda oturyp, bularyň bary barada gürrüň etdiler, «ol kime çekip beýle bolduka?» diýen pikir hiç kime ynjalyk bermedi. Obany faşistleriň eýelänine bary-ýogy üç gün geçdi welin, Ýarinanyň ogly eýýäm tirsegi poliseý sargyly köçede aýlanyp ýör. – Öwürýäs-çöwürýäs, emma ugur tapamzok – diýip, 70 ýaşly goja Ýuhim aýtdy. – Haramzadaň biri haramzada nireden peýda bolduka diýsene? Kalby boş adamdan döräpdir-dä. Bu adamyň ýüreginde mukaddes zat ýokdur. Onuň ýüregi ne enesi üçin gyýylýar, ne-de mähriban topragy üçin. Ata-babalarynyň ýaşap geçen dogduk mekany üçin kalby eger-eger tirpenogam. Onuň eli mähriban toprakda yz galdyrmady, il üçin belli bir zat döretmedi, ekin meýdanynda der saçmady, agyr hem lezzetli işden eli gabarçaklamady, şonuň üçinem ýerimizde gyzgan bitipdir... Enäniň başyna agyr günler indi. Ol öz dogman geçenini uly iliň ýigrenýändigini, gözünde oky bolsa, urjakdygyny görýärdi. Ol ogluna töwella etdi. Sowet häkimiýetiniň gaýdyp geljekdigini, etmişi üçin onuň jeza çekmeli boljakdygyny ýatladyp gördi, emma ogly täze tertip-düzgüne razy bolmaýanlary nädýändiklerini sen bilýärmiň? diýip enesine haýbat atdy. «Mundan beýläk senden maňa ogul bolmaz» diýdi-de, ene öýüni taşlap, aýal doganynyňka gitdi. Okkupasiýanyň elhenç günleri sowuldy, noýabr gününiň daňdanlary sowet soldatlary ýiti naýzalarynyň ujuna daňyp, azatlyk şapagyny äkeldiler. Gyzgyn söweşler oba galtaşman geçdi, Ýarinanyň ogly hojaýynlary bilen gaçyp gitmäge ýetişmedi. Azatlyga çykyşlygyň şatlykly günleri halk näme üçindir faşistik ýalhordan we jenaýatçydan ar almady, obadaşlary onuň almytyny berip ýetişmedi, bar zadyň anygyna ýetmegi söýýän ýuristler bolsa gürrüňe ynanman, her bir fakty barlamaga başladylar. Ýarinanyň oglunyň partizanlary jezalandyrmaga gatnaşandygyny kim görüpdir? Kim onuň sowet adamlaryny atandygyny görüpdir? Garagözelek gözel gyzy hut onuň katorga iberendigini kim subut edip biljek? Bu jenaýatlary onuň edendigini hemme kişi bilip duranam bolsa, olary subut etmek aňsat däldi. Derňew köp wagta çekdi, ahyry subut edilen zatlary saldamlap gördüler, Ýarinanyň ogluna sud edip, ýedi ýyllap türmede oturmaly etdiler. Ýuhim gojanyň sözleri hak çykdy: öňem dönügiň adyny bilmen, hemme kişi onuň adyny Ýarinanyň ogly diýip tutýardy, indi bolsa onuň adyny düýpden ýatdan çykardylar. Otuz ýaşly ol adamyň adyny her kim bir zat diýip tutdy. Käbirleri oňa ýöne şol, haramzada diýse, başga birleri wyždansyz adam, ýene birleri «kalbynda hiç hili mukaddeslik ýok» adam diýdiler. Ol ata-enesiniň öýünde ýaşady, hiç kim hiç haçan onuňka myhmançylyga barmady, goňşulary öz çagalaryna: «atsyz adamyň» öýüniň golaý ýanyna-da barmaň» diýip tabşyrdylar, şol at soň ähli daýhanlaryň arasynda ýörgünli at boldy. Atsyz adamyň elhenç ykbalynyň ýaş ýigitleri kesesinden özlerine syn etmäge, öz kalblaryna nazar salmaga we öz-özlerinden, onsoň meniň üçin sowet durmuşynda näme arzyly, meniň halk bilen baglaşýan sapaklarym nirede, men halkyň hormatyna häzir näme bilen mynasyp boldum, geljekde näme bilen mynasyp bolaryn diýen sowallary bermäge mejbur etsedi diýip, öz ýanyňdan göwün ýüwürdýärsiň. Bu sowallary sen hem öz öňüňde keserdip goý. Eger kalbyňda özi bolmasa bagtyýar bolmak mümkin däl mukaddes otjagaz – adamlara söýgi otjagazy bolmaga, adamyň öz-özüni ýalňyzlyk uçudyna itekleýändigi barada mazaly oýlan. Näme üçin päk ýürekli, zähmetsöýer aýalyň ogly dönük bolup ýetişipdir? Eýsem onuň çagalygy, şatlyksyz-gamsyz geçipmişmi? Göwnüňe bolmasa, ene ogluna bagty susaklap-susaklap beren ýaly. Ýöne ol nähili bagt we ol nähili ölçeg bilen ölçelipdir? Çaga üçin haýwan ýaly sygnamak uly bagt bolupdyr, egoistik lezzetler onuň bar dünýäsiniň öňüni örtüpdir. Halkyň şatlygyndan we hasratyndan şol lezzetleriň güňleç diwary arkaly arasy kesilen ýaş ýürek doň hem birehim bolup ýetişipdir. Eger adamyň bar şatlygy sarp etmek şatlygy bolsa, özi hem ynsan bolany bilen oňýan bolsa, onda ol adamda eserdeň, ak ýürekli, graždaniniň kalbyny terbiýeläp ýetişdirmek mümkin däldir. Oglum, men seniň gözleriňe seredip, adamlar üçin sen näme iş bitirdiň? Seni zähmetkeş halk bilen birleşdirýän sapak niredekä? Seniň ruhy baýlygyňy müdimi hem sowulmaýan gözelligiň çeşmesinden – rewolýusiýanyň gazananlaryndan iýmitlendirýän kök niredekä? Durmuşdaky iň uly şatlygy saňa näme ýetirdikä? diýip içimi gepledýärin. Sen ýoldaşyň bilen birlikde «Birinji maý baýramçylygynda zähmet weteranlary dynç alsynlar» diýip, traktoryň rulunyň başyna geçip, iki gün meýdanda işlediň. Sen her gün işden ýadap geldiň, ýüzüň tozan-çaň bolup durdy, ýöne şähdiň açyk, keýpiň kökdi, sebäbi sen adamlara ýagşylyk edipdiň, şol ýagşylykdan hem şatlyk tapypdyň. Sen ekin meýdanyna ýigrimi tonna töwerekleri dökün eltipdiň, şondan soň diş synçgara çöp bolmadyk boşluk gür gara maýsalyga öwrülipdi. Sen işlän meýdanyňa ser salanyňda, gözlerinde ynsan guwanjynyň uçgunlary oýnaklapdy. Ýöne şol uçgunlar ömürboýy saklanyp galarmyka – meni ynha, şu zat azara goýýar. Biziň ählihalk gülhanamyzdaky millionlarça bägülleriň owadanlygy näçe güýçli bolsa, niredendir bir ýerden düşen we biziň tämiz howamyzy zaýalaýan gyzgan we kekre şonça göze ýiti kaklyşýar. Kekre bilen gyzgany goparyp, gülhanadan ýitirim etse bolýar, emma adamy jemgyýetden çykaryp zyňjak gümanyň ýok. Kekräniň peýda bolmazlygy üçin, mes topraga atylan her bir tohumyň owadan gül çykarmagy üçin aladalanmaly... «Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar» diýen nakyl bardyr, ol hak aýdylan sözlerdir, ýöne adama hiç hili erbet zat öwredilmedigem, onuň gözüniň alnynda hiç hili gelşiksiz iş edilmeýänem ýaly welin, onuň näkes bolup ýetişýän halatlary hem seýrek bolmaýar. Görlüp oturylsa, mesele adama erbet zadam, gowy zadam öwredilmän, onuň boşlukdaky syrkyn ýaly ösýänliginde eken. Biziň günlerimizde göz öňüne getirip bolaýjak iň elhenç zat_– kalbyň boşlugy, ine, şeýdip döreýär. Atsyz adama Watana dönüklik etmäni we sütemkärligi öwretmändiler, ýöne onuň hut şeýle adam bolup döremeginiň sebäbi, Ýuhim gojanyň aýdyşy ýaly, onuň ýüregi ne enesi üçin gyýyldy, ne-de mähriban topragy üçin, onuň eli mähriban toprakda kök galdyrmady, şol köke bir damja der bilen ynsan namysynyň ýeke bölejigi hem düşmedi. Eger adama ýagşy-ýamany öwretmeseň, ol Adam bolmaz: adamdan bolan janly-jandaryň Adam bolmagy üçin oňa diňe gowy zat öwretmek gerekdir. janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |