13:08 Ogluma ýazan hatlarym / 24-nji hat | |
24. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Seniň hatyň meni uly ünjä goýdy, ona jogap bermek onçakly ýeňil däl. Sen komsomol guramasynyň durmuşy «gaýnap joşýan, janly, gyzykly bolmagy, ýygnaklarda adamlaryň ýüregi gysmaz, bu basym gutaraýmazmyka» diýip garaşylmaz ýaly näme etmelidigini maslahat bermegimi haýyş edýärsiň. Jogap bermegiň kynlygy: men siziň kollektiwiňiziň näme bilen meşgullanýandygyny, siziň komsomollaryňyzyň näme bilen gyzyklanýandyklaryny, olaryň ideallarynyň nähilidigini bilemok. Ýöne käbir zatlary welin, maslahat berip biljek. Komsomol guramalarynyň bu keseline men örän belet: ýygnaga üýşýändirler welin, näme hakda gürrüň etmelidigini, haýsy meseläni maslahata goýmalydygyny olar bilýän däldirler. Bu keseliň sebäbi näme? Ol kollektiwiň ähli ruhy durmuşynyň ýygnaklardan, köpçülikleýin jedellerden we çekişmelerden üzňeliginden. Siziň ýygnaklaryňyz zerur halatlarda çagyrylsa, başga söz bilen aýdanyňda, köpçülik bolup pikir etmek, jedelleşmek, maslahatlaşmak üçin ýygnanyşasyňyz gelse, diňe şol halatda gyzykly bolar. Meniň nazarymça, her bir komsomol guramasynyň mekdepde-de, kolhozda-da, zawodda-da, wuzda-da esasy meşgullanmaly zady adamy terbiýelemekdir. Komsomol ýygnagy öz-özüňi terbiýelemegiň mekdebi bolar ýaly ediň. Akyl-paýhasy we durmuş tejribesini terbiýelemek, duýgulary terbiýelemek, graždanlyk borjy terbiýelemek, ahlak kämilligini terbiýelemek – bularyň barysyny işiň şeýle formasynda, ýagny her bir ýigit, her bir gyz özüni görer ýaly, özlerine akyl ýetirer ýaly, öz ykballary barada oýlanar ýaly, geljek olary tolgundyryp, alada goýar ýaly, şol bir wagtyň özünde özüne akyl ýetirmeklik ideala höwes etmek bilen utgaşar ýaly, her bir adam nämedir bir zada höwes eder ýaly formada beýan etmek gerek. Wuzuň we studentleriň komsomol guramasynyň inňän möhüm terbiýeçilik wezipesiniň adamyň dünýägaraýşyny, ideýa okgunlylygyny döretmekden ybaratdygyna men pugta ynanýaryn, bu bolsa akyl-paýhasy, parasatlylygy terbiýelemekden başlanýar. Ideýa-kökdür, ideal bolsa özünden ynsan oý-pikiriniň, işiniň, etmişleriniň hyjuwlarynyň, islegleriniň, çaknyşmalarynyň ullakan daragty ösüp ýetişýän ýaşyl baldakdyr. Men komsomol guramasy her bir ýaş ýigide, K.S.Stanislawskiniň sözleri bilen aýtsam, iň möhüm durmuş parasatlylygyny ele almagy öwretmelidir diýip hasap edýärin: öwrenileninde ideýalara akyl ýetirmäge golaýlaşar ýaly, ideala ýetmäge höwes eder ýaly öwrenilmelidir. Hemme kişi huşundan zeýrenýär, emma näme üçin, hiç kim öz akylyndan zeýrenenok? Sebäbi hiç kim öz akylynyň gowşak taraplaryna göz ýetirmäge, öz akylyny terbiýelemäge jan edenok, dogrusy, şu çaka çenli jan etmedi... Komsomol guramalarynda geň, örän geň zatlara gabat gelinýär; hemme zat hakynda gürrüň edilýär, käte dünýägaraýşy terbiýelemegiň iňňän çylşyrymly meselelerini öz hyýallarynda gurşap aljak bolup jan edýärler, ýöne ynha, akyly terbiýelemek barada welin, hiç kim dil ýaranok. Aslynda bolsa, hemme zat şondan başlanýar, ähli zadyň öýjügi şol... Akmaklar häzir-ä hatarly, kommunizm döwründe bolsa has hem hatarly bolarlar, sebäbi ähtimal, olaryň sany azalar, şonuň üçin ynsan parasatlylygynyň ýanynda olaryň samsyklygy has hem görnetin bolar. Hawa, ýöne akyly, dünýägaraýşy, ideýalylygy, ideala höwesi nähili terbiýelemeli, nähili edip olary bir hatara sygdyrmaly? Parasatlylyk tejribäniň gyzydyr – diýip, bir wagt Leonardo da Winçi ýazypdyr. Demir ulanylmasa, poslaýar, ýata suw ýa porsaýar ýa-da sowukda doňýar, adamyň akyly bolsa, peýdalanylmasa, igläp solýar. Biziň durmuş tejribämiz nämedir diýen problema barada pikir ediň, ol barada jedelleşiň. Munuň örän gyzykly boljakdygyna seni ynandyrýaryn. Onuň gyzykly boljagy: siziň her haýsyňyz öz akylyňyza keseden sereden ýaly bolarsyňyz. Siz edýän işiňizi, etmişiňizi paýhas eleginden geçirersiňiz. Bu ýerde ideýalar hakda-da, ideallar hakda-da gürrüň bolar, ýöne olar şahsy özleşdirme arkaly bolar. Durmuş tejribesi hakyndaky jedelde adam öz eden işlerini jemleýän ýaly bolýar, ýöne bu jem öz-özüňe baha bermezden mümkin däldir, çekişmäniň uly terbiýeçilik gymmaty hem şundadyr. Praktiki maksatlary yzarlaýan güýçli akyl ýer ýüzündäki iň gowy akyldyr diýip, Gýote ýazypdy. Öz tejribäňi praktiki maksatlaryň nukdaýnazaryndan analizlemek gerek. Ýöne siziň bar okuwyňyzyň, bar akyl zähmetiňiziň gowy graždaninler, gowy döredijiler, päk ýürekli adamlar – dury kelleli, päk ýürekli, altyn elli adamlar bolup ýetişmek ýaly praktiki maksady bardyr. Ynha, onsoň özüňiziň nädip gowy adamlar bolasyňyzyň gelýändigi barada oýlanyň. Siz haýsy kitaplar: okaýarsyňyz, özüňizi tolgundyrýan zat näme, bilesigeliji akyl siziň akyl zähmetiňizi nä derejede ýagtyldýar? «Bilimleri iniňe siňdirmek üçin olary işdä bilen ýuwutmak gerek». A.Fransyň bu sözlerini men bu jedeliňiziň epigrafi edip goýmagyňyzy maslahat bererdim. Siz kommunizm jemgyýetinde ýaşamalysyňyz, siziň paýhasyňyz döredijiniň paýhasy bolmalydyr. Döredijilik paýhasy diýmek nämedir? Bu dünýägaraýşyň hereketdeligidir. Siziň wuzdaky okuwyňyz şu zat bilen tapawutlanmalydyr: pikir etmek bilen birlikde siz diňe bir özüňizi gurşap alan dünýä hadysalaryna akyl ýetirmek, olary düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem nämedir bir zady tassyklamalysyňyzam, nämedir bir zat ugrunda göreşip, nämedir bir zady goramalysyňyzam. Wuzuň komsomol işgärleriniň biri maňa: – Wuzuň guramasynyň işini her bir ýigit, her bir gyz nämedir bir anyk işe gatnaşar ýaly edip gurmak kyn. Biz – "diňe akyldarlar", şeýle bolansoň, durmuş bilen göni we elin aragatnaşyk neneňsi bolsun? – diýdi. Geň görmeli kemter pikirlenme... Sebäbi «päk akyldarlar» öz ynamlaryndan dänmek islemändikleri üçin ölüme gitdiler. Öz durmuş tejribämizi analizlemek bilen «Biz nämäni unap, nämäni gorap saklaýarys, näme ugrunda göreşýäris?» diýen sowala jogap bermelidiris. Men biziň jemgyýetimizde pikir ediş sferasynda ylmy-materialistik dünýägaraýyş bilen yrymlaryň, köne urp-adatlaryň, yzagalak düşünjeleriň arasynda entek esli wagtlap gazaply göreş bolar diýip pikir edýärin. Entek birentek hadysanyň akyl ýetirip boljak we bolmajak taraplarynyň bardygyna: hiç haçan akyl ýetirip we düşündirip bolmajak nämedir bir syrly, adatdan daşary zatlaryň bardygyna berk ynanýan näçe adamlar bar. Kada boýunça, şeýle garaýyşly adamlar örän dindar, ynanýan adamlar bolýar! Olaryň kalbyna başga bir ynamy, başga bir umydy: adamyň bu gün tebigatyň akyl ýetirilmedik syrlaryny, pikirlenmeleri yzly-yzyna düşündirýändigine, akyl ýetiriş prosesinde onuň öňünde täze-täze syrlaryň, täze-täze çaklamalaryň açylýandygyna we olara hem akyl ýetiriljekdigine ynamy salmak gerek. Adamyň durmuşyň iň çylşyrymly syrlaryna we inçeliklerine akyl ýetirmek bilen, iň uly, iň öňden gelýän syry–ölmez-ýitmezligiň syryny hem ele aljakdygyna men ynanýaryn. Munuň özi paýhasyň dabaralanmagy ugrunda, şonuň bilen birlikde hem adam ugrunda hakyky göreşdir. Munda bar ýerde pikir, pikir, pikir bardyr, Bar ýerde paýhasyň dabaralanmagyna höwes bardyr, sebäbi paýhas, W.G.Belinskiniň ýazyşy ýaly, adama diňe bir özüniň paýhassyz ýaşaýandygyny görmek üçin däl-de, eýsem paýhasly ýaşamak üçin berlendir. Öz tejribäňizi adam ugrundaky göreş bilen baýlaşdyryň – şonda size jedelleşere, gürrüň edere zat tapylar. Umumanam, ylmy-materialistik hakykatyň iň möhümleriniň birini: şu gün akyl ýetirilmedik zatlara ertir akyl ýetiriljekdigini özüňiziň gündelik durmuşyňyza ornaşdyryň. Mysal üçin, radiotolkunlaryň maddy tebigatynyň entek onçakly üsti açylanok, grawitasiýanyň manysy bolsa entek juda dumanly düşündirilýär, bu ýerde köp zat düýpden düşnüksiz. Hut şu ýerde, tebigatyň bu syrlarynyň sferasynda ylmy-materialistik akyl ýetirmek ugrunda göreşiň. Oýlanyň, oýlanyň ýene bir gezek oýlanyň. Akyl-paýhasyň iýmiti köp boldugyça, siziň jedeliňiz şonça ýiti, durmuş tejribäňize akyl ýetirmek şonça baý bolar. Eger siz entek öwrenilmedik, göz ýetirilmedik zatlar barada oýlansaňyz, siz tüýs parasatly adamlar bolarsyňyz. Parasatlylyk bolsa hemme adama gerek, şonuň üçinem ol hemme adama mahsusdyr diýip, L.N.Tolstoý ýazypdyr. Parasatlylyk öz wezipäňe düşünip, şony ýerine ýetirmegiň serişdesindedir. «Eger parasatlylygyň doly paýhasly adamdan paýhas ýok adama guýup bolýan häsiýeti bolan bolsa, gowy bolardy... Ýöne gynandyrýan ýeri: kesekiniň parasatlylygyna düşünmek üçin ilki bilen özbaşdak iş gerek». Parasatlylaryň parasatlysynyň ynha, şu sözleriniň üstünde çuňňur oýlanmak gerek. Özüňi gurşap alan adamlar her näçe parasatly bolsalar-da, bihepbelik edip ýörseň, ynsan parasadynyň uzyn merdiwanyndan ýokarylygyna tarap ýekeje basgançak hem galmarsyň. Gapdalyňda her näçe akylly jedel gitse-de, akylly bolmak üçin öz beýniňi işletmeli. Men komsomol çekişmesinde Romen Rollanyň akyl mertligi we akyl päkligi atlandyrýan zady barada jedelleşmegi maslahat bererdim. «Akyl mertligi akyl zähmetiniň kynçylyklarynyň öňünde ýöwsellemezlikdir. Akyl päkligi hakykatyň öňünde ýöwsellemezlikdir, oňa tarap ymtylyp, ony her edip-hesip edip, tapmaklykdyr, ýeňil we amatly, çigçarsy çözgütler, kemsindiriji kezzaplyklary ýigrenmekdir... Özbaşdak pikirlenmäge ýürek etmeklikdir. Adam bolmaklykdyr». Oýlanyň, akyl zähmetiniň kynçylyklaryny hemişe ýeňip geçip bilýänligiňizi-bilmeýänligiňizi heniz öz ýanyňyzdan boýnuňyza alyň. Akyl zähmetinde ýeňil ýol saýlap alyp, iň kyn ýoldan gaça durmak meýline ýan bermekligiň juda aňsatdygyny bilip goý, oglum. Adalatly hakykatyň dabaralanmagynyň hatyrasyna, ideýanyň, idealyň hatyrasyna siz kynçylyklary hemişe ýeňip geçýärsiňizmi? Paýhas bilen parasatlylyk hakynda gör, näçe jedelleşse boljak. Ideýalar, ideal hakda-da şondan az jedelleşmese bolar. Men: «Men kimi görelde alar ýaly nusga hasap edýärin», «Ynsan idealy we ideal adam», «Ahlaklylyk we gözellik» temalary boýunça çekişmeler gurmagy maslahat berýärin. Ýadyma düşýär, institutda okanymda bizde hem edil şu temalardan çekişmeler bolupdy. Sizem synanyň – garaýyş gylyçlarynyň çakyşyşlaryny görersiňiz. Gorkide täsin bir pikir bar: «Tebigat adamy emedekläp ýöremek ukybyndan mahrum edeninde, ol oňa pişek ýaly edip, ideal beripdir. Şondan bärem ol aňsyz-düşünjesiz, instinktiw halda gowy zada – barha ýokaryk ymtylýar! Bu ymtylmany aňly-düşünjeli häsiýetli ediň, hakyky bagtyň diňe aňly-düşünjeli ymtylmadadygyny adamlara öwrediň». Ideala aňsyz-düşünjesiz, instinktiw ymtylmakdan aňly-düşünjeli ymtylma geçmek diýilýän bu zada sen düşünýärmiň? Biziň öz-özüňi terbiýelemek diýýänimiz hut şunuň özüdir. Adamyň ägirt kynçylyklar bilen ýeten pişegi (ideal- pişegi oňa tebigat berenok, ýok) adamy bir duran ýerinde butnatman saklaýan bir putluk agaç bolmaly däldir. Goý, ol gözedürtme garaňkylykda-da ýol saýgarmaga kömek edýän merdemsi pişek bolsun. Idealsyz hiç hili öňe gidişlik bolup bilmez. Idealsyz ýaşlyk arzuwlary hem bolmaz, arzuw bolsa özünden komsomol romantikasy tutaşýan uçgundyr. Ideal barada jedelleşiň – şonda siz arzuw ganatynyň sizi bir topar durmuş hadysalarynyň ýokarsyna alyp çykyşyny görersiňiz, şol hadysalaryň arasynda siz özüňiz üçin has arzyly hadysany tapyp bilersiňiz. Ynha meniň komsomol ýygnaklarynda jedel edip bolaýjak zatlar baradaky käbir maslahatlarym. Bu, elbetde, hemme kişiniň ýüregine düşen, hiç kimiň çykyş edesi gelmeýän, sebäbi aýdyljak zatlaryň hemmesi aýdylan, telim gezek hetjiklenen adaty ýygnak bolmaz. Ol janly, asylly niýetler bilen ruhlandyrylan döredijilik pikiriniň oýny bolar. Janyň sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |