00:03 Ogluma ýazan hatlarym / 2-nji hat | |
2. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Seniň kolhozdan iberen hatyňy aldym. Ol meni diýseň tolgundyrdy. Sen hakda, seniň ýazýan hatlaryň barada oýlanyp, uzynly gije ýatmadym. Bir tarapdan, halk emlägine eýeçilik gözi bilen garalmaýanlygynyň faktlarynyň seni howsala salýandygy gowy zat. Sen: «Kolhozda ajap bag bar, emma eýýäm on tonna diýen ýaly almany doňuzlara berdiler, üç gektar diýen ýaly pomidor ýygnalman galdy, üstesine kolhoz başlygy traktorçylara, yz galmaz ýaly, uçastogy sürüp çykmak hakda görkezme beripdir» diýip, ýazýarsyň... Emma beýleki tarapdan, meniň haýran galan zadym: seniň hatyňda geňirgenmekden we şol kejikdirýän faktlaryň öňünde ýöwsellemekden başga hiç zat ýok. Bu näme boldugy? Sen: «Ir bilen bu uçastogyň sürülgi ýatanyny görenimde, tas ýüregim agzymdan çykypdy» diýip ýazýarsyň. Onsoň näme? Ýeri, onsoň, seniň ýüregiňe näme boldy? Ähtimal, ol köşeşip, endiganja urup duran bolsa gerek? Seniň ýoldaşlaryň hem hiç haýsynyň ýüregi agzyndan çykan däldir? Bolmandyr, juda bolmandyr... Meniň Taleýran barada, baryp ýatan bihaýa, baryp ýatan kezzap bu syýasatçy barada beren gürrüňlerim, belki, seniň ýadyňdadyr? Ol ýaşlara: «Göwnüňize düwen ilkinji zadyňyzdan gorkuň, sebäbi, ol adatça, iň asylly zatdyr...» diýip öwredipdir. Biz, kommunistler bolsak, başgaça öwredýäris: göwnüňe düwen ilkinji zatlaryň öçüp-sönüp gitmegine ýol berme, sebäbi olar iň asylly zatlardyr, Ilkinji göwnüňe gelşi ýaly et. Wyždanyňa sygmaýan zada göz ýummak örän howply işdir. Eger sen näme-de bolsa bir zada baş galdyrmazlyga endik etseň, sen basym hiç zada hem baş galdyrmarsyň. Öz wyždanyň tersine gitme, diňe şeýtseň, häsiýetiňi taplap bilersiň. Ýazgy depderçäňe «Öli janlardaky» ynha şu sözleri ýazyp al: «Mylaýym ýaşlyk ýyllaryndan gazaply ýowuz ärlige tarap ýola çykanyňyzda özüňiz bilen ähli ynsan arzuwlaryny hem alyp gidiň. Olary ýoluň ugrunda goýup gitmäň, soň göterip bilmersiňiz». Adam üçin iň aýylganç zat, ol hem, uklanynda gözüni açyp uklaýan kişä öwrülmekdir: seredibem görmezlikdir, görübem görýän zady barada baş galdyrmazlykdyr, ýagşylyga-ýamanlyga biperwaý garamakdyr, bolmaýan zadyň we kezzaplygyň duşundan göwnüň bir ýaly bolup geçmekdir. Oglum, şu zatlardan ölümden hem beter, her bir elhenç howpdan hem beter gorkgun. Ynamsyz adam – nalajedeýin, mahlukdyr. Eger sen gözüň alnynda ýamanlyk edilip durulanyna ýetik bolsaň, goý, bu barada kalbyň howsala düşsün, şol ýamanlyga garşy göreş, hakykatyň dabaralanmagyny gazan. Meniň Sergeý Lazo hakda beren gürrüňlerim ýadyňdamy, ol öz gündeliginde şeý diýip ýazypdyr: «Ynamy azap çekip gazanmaly, onuň ýaşaýşa ukyplydygyny synap çykmaly, ony iliň ynamy bilen çaknyşdyryp görmeli... Adam öz ynamyndan däneninden ölenini gowy görmelidir...» Gör, hakyky adamlar nädýärler, ynamdan dänileninden ölen gowudyr. Sen menden «Ýamanlyga ýol bermezlik üçin men anyk näme etmeli ekenim? Ýamanlygyň garşysyna nähili göreşmeli ekenim» diýip sorarsyň. Bilmedim, pylan zat et diýip resept berip biljek däl. Eger seniň işleýän ýeriňde özüm bolan bolsam, eger seniň we ýoldaşyň gören zatlaryny özüm gören bolsam, özümä näme etmelidigini bilerdim. Sen beýle faktlara kolhozda ähli kişi öwrenişip gidipdir, olara baş galdyrýanam ýok diýip geňirgenýärsiň. Beýle bolsa, bu seniň we ýoldaşyň üçin has hem erbet. «Pikiriňiz uly iliň pikirine garşy gelýänem bolsa, göwnüňize gelen zady aýtmakdan hiç haçan çekinmäň» – Rodenis bu sözlerini ýadyňda berk saklamak saňa zyýan etmese gerek. Men seniň ýeriňde bolan bolsam, ýoldaşymy alyp, partiýa guramasyna baryp, «bu näme boldugy» diýip sorardym. «Eger pomidory özüňiz ýygnap bilmeseňiz, biz – studentler bolup ýygnarys, ýöne adam zähmetiniň har edilmegiňe ýol bermek bolmaz» diýerdim. Partiýa guramasyndan netije çykaryp bilmesem, raýkoma çenli ýeterdim, halk kontrollygy toparyny aýaga galdyrardym, bolmaýan işe hemme kişiniň biperwaý garaýanlygyna, kemçiliklere hemme kişiniň öwrendikli bolandygyna özüm-ä ynanamok. Beýle bolmagy mümkin däl. Häzir sen ruhy ösüşiň adamyň: «Iller nädýärkä, näme edýärkä» diýip, gaýdyp başgalara seretmesiz basgançagyna dyrmaşýarsyň. Näme etmelidigini özüň pikir edip, özüň çözmeli. Kakaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |