00:31 Ogluma ýazan hatlarym / 3-nji hat | |
3. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Ähli zat barada aç-açan ýazyşyňa, oýlaryň, şübheleriň we howsalalaryň barada içiňi döküşiňe men şat. Meni begendirýän ýene bir zat, olam şeýle hysyrdyly, dartgynly zähmet çekilýän günlerde-de seni hut şol pikirleriň biynjalyk edýänligi. Sen «Men hakykat ugrunda göreşip başlan bolsam, maňa geň galyp serederdiler» diýip ýazýarsyň... Seniň hatyň şu setirlerinden men gyýylmadyr bir hili aljyraňňylyk aňjak boldum. «Bu ýerde ideýalylyga belli bir ahlak maýasyny toplamak synanyşygy hökmünde baha berilýändigini men duýýaryn – diýip ýazýarsyň. –Men ideýaly sözüniň nähili ýaňsy bilen aýdylýandygynyň eýýäm telim gezek şaýady boldum... Bu nämäniň alamaty? Eýsem bir wagtlar hezil edip pikir eden gymmatlyklarymyň, ýadyma düşeninde, ýüregim tars-tars edip uran gymmatlyklarymyň manysy gaçaýdymyka? Ideýa hatyraly durmuşa nähili düşünmelikä?» Seni bu zatlaryň tolgundyrýandygy gowy zat, oglum, örän gowy zat. Men seniň üçinem, özüm üçinem örän şat. Diýmek, daş-töweregiňdäki adamlaryň näme diýip, näme hakda oýlanýandyklary seniň üçin parhsyz däl bolarly. Ideýalylyk, ideýa beýik, mukaddes sözlerdir. Onsoň ynsan ideýalylygynyň gözelligine ygtyýarly-u-ygtyýarsyz ysnat getirmäge, päk hem belent zady meýdan gopbamlygynyň we perwaýsyzlygynyň, obywatelçilik gybatlaryň kerebi bilen hapalamaga synanyşýan kişi Adama el galdyryp, oňa kast edýändir. Ideýalylyk, munuň özi tüýs adamkärçilikdir. Gýotäniň: «Ideýalardan arany açýan her bir adam ahyr soňunda ýeke-täk duýgusy bilen galýandyr» diýen sözleri seniň ýadyndamy? Ýetginjeklik ýyllarynda bu sözleriň seni nähili heýjana getirip, nähili haýran galdyrandygy we seniň: «Diýmek, başgaça aýdanynda, haýwana öwrülýärdä?» diýip, menden soranyň şu günki ýaly ýadymda. Hawa, oglum, kalbynda ideýa bolmadyk adam haýwan pisint bir zada öwrülip ugraýar. Ýadynda bolsun, ýene bir gezek gaýtalap aýdýaryn, ýadyňda bolsun, adamlar ideýa diýip, özlerini oda urupdylar, dar agajynyň, okuň üstüne eňipdiler. Jordano Bruno: «Men öz garaýyşlarymdan ýüz dönderýän» – diýip, ýeke agyz aýdan bolsa, öz ömrüni halas edip bilýärdi. Emma ol beý diýmedi, sebäbi asylly ideýa onuň ruhuna ruh goşýardy. Nadan obywatelleriň köp müňli märekesiniň gykylykdyr gülküleriniň içi bilen kellesi masgarabazyň geýýän telpegi ýaly telpekli, gapdalyna jyn-arwahlaryň suraty çekilen ýektaýly başyny dik tutup, ynamyndan hatyrjem, ideýadan ruhlanan ol inkwizisiýanyň alawyňa tarap göni ýöräp gitdi, şonda asyrlaryň ümürli-dumanly alyslyklarynyň içinde raketalar ýyldyzly asmana galyp, onuň gözüniň alnynda uzak dünýälere okdurylýan ýaly bolup göründi. Aleksandr Ulýanowa beýik hökümdara wepalylyk hatyny ýolladygy besdi, patyşa ony ölümden alyp galjakdy, emma Aleksandr Ulýanow beýtmedi, beýdip biljegem deldi. Sofýa Perowskaýa patyşany öldurmegi taýynlamaga men gatnaşamok diýse ýeterlikdi, onsoň ony boşatjakdylar, onuň günäliligine kepil geçýän gönümel subutnamalar ýokdy – ýöne ol muny beýtmedi, sebäbi azatlyk ideýasy, zalymy ýok etmek ideýasy onuň üçin şirin jandan-da ileridi. Eger biziň ýurdumyzdaky her bir ýaş ýigit we her bir ýaş gyz asylly, belent ideýa bilen ýaşap, ideýa-da her kimiň ynsabynyň sakçysy bolan bolsady, onda biziň jemgyýetimiz ajap ahlak, ruhy gözelligiň nusgasy bolardy. Gorkiniň arzuw edişi ýaly, adamlar biri-birine ýyldyzlar ýaly gülüp bakardylar. Ýöne ol wagtyň öz-özünden golaýlaşmajagy hak. Onuň üçin göreşmek gerek. Biziň üçin – meniň üçinem, seniň üçinem, çagalaryň üçinem – edilmeli iň kyn iş adamy beýik, kommunistik ideýa bilen ruhlandyrmakdyr. Oglum, şol ideýa dünýädäki ähli zatlardan gözeldir. Men «Apytupanlara bagyşlanan ýürek» atly kiçijik kitapçany okap, saňa iberýärin. Ol Eýranyň kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysy Hosrow Ruzbehiň sudda sözlän sözleri bolmaly. Onuň ömri tüýs öwrenmeli ömür, kommunistik ideýanyň manysyna we gözelligine akyl ýetirjek bolýan ýaşlar üçin-ä ol ömür, obrazly aýtsam, ideýalylygyň harplygydyr. Hosraw Ruzbeh zehinli matematik alym, ol birentek ylmy iş ýazdy, onuň önünde ajaýyp geljek açylyp durdy. Emma ony watany zulmatdan, ezilmeden azat etmek ugrundaky göreş has beter ruhlandyrdy. Ol kommunist boldy. Ençeme ýyllap podpolede gezdi. Bir haýyn hem ony aldy-da şugullady. Hosrow Ruzbehi tutup, sud etdiler. Oňa ölüm jezasy howp saldy. Ýöne Hosrow Ruzbeh aman dilän bolsa, sud ony ölümden halas etse-de ederdi. Emma ýurtda höküm sürýän terrorçylyk ýagdaýynda onuň ölümden halas bolmagyny ýoldaşlarynyň haýynlyk hasap edip, oňa nälet baryny okajakdyklaryny kommunist bilýärdi. Şonuň üçinem ol suddan özüne ölüm jezasynyň berilmegini haýyş etdi. Ynha onuň in soňky sözi: «Ölüm her hili ýagdaýlarda hem ýakymsyz zat, ol aýratynam geljege, röwşen hem ajap geljege ýürekleri umytdan doly adamlar üçin şeýle. Ýöne her edip-hesip edip, diri galjak bolmaklyk hakyky adamlar üçin gelşiksizdir. Durmuş ýolunda hiç haçan öz esasy maksadyňy unutmaly däl. Eger ömür masgaraçylykdyr biabraýçylyk, namys-ary ýitirmeklik, öz ideýalaryňdan, süýji arzuwlaryňdaň, syýasy hem sosial garaýyşlaryňdan dänmek arkaly satyn alynýan bolsa, onda ölüm mundan ýüz esse mertlikdir, hormatlydyr. Men öz ýolumy özüm saýlap aldym, şonuň bilenem ahyryna çenli giderin... Men özümi çäre görülmäge degişli we ölüm jezasyna mynasyp jenaýatçy hasap edemok, ýöne ar-namysymyň howp astyna düşen- digini göz öňünde tutup, men hormatly sudýalardan özüme ölüm jezasynyň berilmegini resmi suratda haýyş edýärin. Men muny özümiň wepat bolan dostlarymyň şöhratyna şärik bolmagyň, ar-namysyma howp salýan aýyplamanyň ýoguna çykmagyň hatyrasy üçin talap edýärin. Menem, meniň syýasy işleri üçin ýazgarylan ýoldaşlarymam jenaýatçy däldirler, gaýtam tersine, biz öz mähriban watanymyzyň hyzmatkärleridiris, şonuň üçin adalatly hem päk ýürekli eýran halky bu hökümlere zalymlyk hökmünde garaýar we ol öz gaýduwsyz ogullaryny aklar. Hosrow Ruzbehi ýazgaryň, ýöne adamkärçiligi, göwni päkligi, watançylygy, ynsanyýetçiligi, gaýduwsyzlygy ýazgarmak size başartmaz». Bu sözleri ýatda saklagyn, oglum. Goý, olar seniň ömrüňi ýagtyldýan şamçyrag bolsunlar. «Ideýa», «Ideýalylyk» sözlerini ýaňsa alýanlaryň, ideýa taýdan mertligi tas şöhratparazlyk diýip hasap edýänleriň göwün-islegleri maňa düşnükli. Ol adamlar ruhy ýaşaýyşlarynyň garyplygy, boşlugy zerarly juda gözgynydyrlar. Olar ýokary ideýaly ruhy durmuşyň dolulygy diýen zady bilmeýärler, diýmek, hakyky bagtyň nämeligini hem bilenoklar. Olar ideýa bilen ruhlanmagy ideýanyň guly bolmak diýip düşünýärler. Olaryň pikiriçe (bu pikir bu gün döränok, ol bireýýämden bäri bir taryhy döwürden beýleki taryhy döwre göçüp-gonup ýör), adam ideýa siňip gidýär, şahs hökmünde ýaşamagyny bes edýär, gezip ýören ideýa öwrülýär. Gör, gözgyny çäklilik. Adam öz şahsyna diňe ideýa arkaly ýetýär, ol diňe ideýa arkaly döredijilikde özüni görkezýär, hakyky göreşijä öwrülýär. Adam ideýa siňip gitmän, eýsem ideýalaryň ruhlandyryjylygy arkaly kuwwatly güýje öwrülýär. Biziň oblastymyzda bir gowy mugallym bar, ol meniň dostum, Bogdanowsk adyndaky orta mekdebiniň direktory Iwan Gurewiç Tkaçenkodyr (belki, ol seniň ýadyňdadyr, ol bize telim gezek gelip gidipdi). Beýik Watançylyk urşy döwründe ol Znamenkanyň golaýyndaky Gara tokaýda partizan otrýadynda faşistlere garşy göreşipdi. Golaýda ol maňa haýran galdyryjy bir waka barada gürrüň berdi, ideýa we ideal barada şübhelenip ýöreňsoň, ol wakany senem eşitmeli. Munuň özi urşuň kynçylykly aýlarynda – 1941-nji ýylyn güýzüniň aýaklarynda bolup geçipdir. Faşistleriň propagandasy «Gyzyl Goşunyň tepbedi okaldy, basym Moskwa dyza çökýär» diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrypdyr. Ýöne partizanlar hakdaky ilkinji gürrüňleri eşiden faşistleriň hinlerine suw gidip ugran eken. Biziň oblastymyzyň partizanlary hem nemeslere ýazylganlyk bermändiler. Gara tokaýyň golaýyndaky obalaryň birinde halk ar alyjylary ştabyň maşynyny, radiostansiýasyny otlap, gitlerçileriň onusyny öldüripdirler. Faşistler bu obanyň ýaşaýjylaryna garşy jeza beriş çärelerini ulanmagy soňa goýmagy ýüreklerine düwüpdirler. Olar başgaça, has mekir ýol ulanmagy, propagandaçylarynyň aýdyşy ýaly, «psihiki aljyratma» ýoluny ulanmagy karar edipdirler. Olar obanyň ortarasynda ullakan dar agajyny ýasap, oňa nemes hem ukrain dillerinde ýazylgy «Eger obada ýekeje partizan peýda bolaýsa, eger partizanyň elinden nemeň soldatynyň ýekeje damja gany saçylaýsa, eger partizanlaryň banditçilikli hereketleri aklanyljak we goldanyljak bolnup ýekeje söz aýdylaýsa, obanyň ilkinji gabat gelen on adamy şu dar agajyndan asyljakdyr» diýen tagtajyk kakylyp goýlupdyr. Obanyň ähli adamyny dar agajynyň ýanyna sürüp eltipdirler, bu buýrugy «düşündirmek» üçin faşist maýory gelipdir, ol daýhanlara ýüzlenip: «Siziň Gyzyl Goşunyňyz galmady, Sowet Soýuzyňyz galmady, şu günden şeýläk sowet topragynyň hemmesi nemes reýhiniňki bolmaly» diýipdir. Daýhanlar ünjä gidipdirler. Onýança ýigrimi ýaşlaryndaky bir ýigit märekeden saýlanyp: «Faşistlere ynanmaň. Gyzyl Goşun diridir, Sowet häkimiýeti diridir. Moskwa sarsman dur, ol hiç haçan hem sarsmaz. Men partizanlaryň razwedkaçysydyryn» diýip gygyrypdyr. Faşistler gahrymanyň dogumlylygyna şeýle bir aňk bolupdyrlar welin, birbada näderlerini-de bilmän aljyraşyp durupdyrlar, ýigit göwnüne gelen zatlary aýtmaga, ýeňinden sapançasyny çykaryp maýory atmaga ýetişipdir, Güpbüli ýigidi tutup, ellerini-aýaklaryny baglapdyrlar, Faşistleriň çykaran hökümi bir bolýar – ony atmaly edipdirler. Ýigit jezalandyrylmazdan ozal türmäniň kamerasynda bir partizan bilen oturypdyr, soň ol partizana gaçmak başardypdyr, ana şol partizanyň üsti bilenem ýaňky batyr ýigit barada käbir zatlar aýan edilipdir. Ýigit: «Men partizan däl, men gitlerçileriň eline ýesir düşen sowet esgeri. Meni seňselämsoň ýesir aldylar, soň maňa gaçmak başartdy. Gitlerçileriň daýhanlary ýygnaga üýşüren obalaryna men tötänden düşdüm. Men maýoryň «goşunyňyz öldi, Moskwaňyz ýykyldy» diýeninde daýhanlaryň ýüzleriniň sallanyp gidendigini gördüm. Men çydam edip durup bilmedim. Men ölüme el bulaýandygymy bilýärdim, ýöne başgaça bolup bilmedim. Meniň aýdan sözlerim adamlaryň ýüreklerinde Watanymyzyň ýeňjegine ynam uçgunyny döretdi. Meni şol obada, şol dar agajyndan asarlar. Ýene-de bar daýhanlary ýygnarlar. Ölüm meniň üçiň iň agyr synag bolar. Her näme diýseňem, ölmek gorkunç. Ýene-de bir minutdan o dünýä gitjegiňi göz öňüne getirmek elhenç. Adamlaryň öňündäki bu synaga döz gelesiň gelýär. Meni ýeňşe bolan ynamym goldaýar. Men şonuň bilenem ýaşaýaryn» diýipdir. Ol synaga abraý bilen hötde-de gelipdir. Jellat onuň boýnuna syrtmak atmanka ýigit: «Adamlar, jellatlaryň öňünde başyňyzy egmän! Azatlygy dar agajyndan asjak gümanlary ýok! Watan üçin ölýärin!» diýip gygyrypdyr. «Biz söýýän zadymyzy ölüp barýarkak hem söýýäris» diýip, Gorkiý ýazypdyr. Ideýanyň gadyryny bilýän adam öz mertebesiniň hem gadyryny bilýändir. Kommunistik ideýa, Marksyň sözleri bilen aýtsak, öz ýüregiňi paralamazdan çykyp bolmaýan düwüne öwrülýär...» Seniň hakyky adam boljakdygyňa, ideýalarymyzyň beýik hakykaty bilen seniň ýüregiň bitewi bir zat bolup birleşjekdigine men ynanýaryn. Durmuşda hemme zadyň gülala-güllük we owadan bolmajakdygyny ýatda sakla. Saňa betgelşik, gödeňsi zatlar hem duşar. Olara kommunizmiň beýik hakykatyny garşy goýmagy başarmak gerek. Ol pidaçynyň hakykaty dälde, ýeňijiniň hakykatydyr. Ýöne... sen, megerem, Ýulius Fuçigiň üç ýyl töwerekleri mundan öň okalan ajaýyp sözlerini ýadyňdan çykaran dälsiň, Hakykat ýeňer, ýöne oňa aýgytly kömek etmek gerek. Biziň jemgyýetimizde erbet zatlary «paş etmäge» döwtalap, ýöne olara garşy, goý, «milisiýa göreşsin» diýýän birentek «hakykat ugrunda göreşijiler», «hakykaty gözleýjiler» bar. Şeýle badyhowa, nadara adamlar köp zyýan berýär, mesele ýaman zatlary görüp, olar hakda bokurdagyň ýyrtylýança gygyrmakda däl-de, ýamanlyklaryň ýoguna köýmekde. Käte aýdyp oturmaly däl-de, gürrüňsiz hereket etmeli. «Arassalyk ugrunda göreşmeli däl-de, syryp süpüräýmeli» diýip, Ilýa Ilf bilen Ýewgeniý Petrow gaty jaýdar aýdypdyrlar. Syryp süpürmeli zat bolsa entek bizde ýok däl. Mahal-mahal durmuş ýolunda duş geljek hapanyň sende göwnüçökgünlik hem, aljyraňňylyk hem, ýagşylyga ynam etmezlik hem döretmejekdigine men ynanýaryn. Ýagşylyk dabaralanar, ýöne dabaranyň çeşmesi – adamdadyr, biziň özümizdedir. Janyň sag, wagtyň hoş, keýpiň çag bolsun. Seni bagryma basyp ogşaýaryn. Kakaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |