01:20 Ogluma ýazan hatlarym / 5-nji hat | |
5. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Hatyňy aldym. Ahyrsoňy seniň okuwlaryň başlanypdyr. Sen radiofizika we elektronika kabinetleriniň baýdygy barada begenç bilen ýazypsyň. Seniň saýlap alan ugruňa barha ten berýänligiň meni begendirýär. Eger radiofizikanyň gowy görýän zadyňdygyna gözüň ýetýän bolsa, durmuşam muny tassyklasa, diýmek, sen bagtly adam bolarsyň, ýöne höwes adama daşdan gelýän bir zat däldir. Eger orta mekdepde, megerem, ikinji klasdan başlap, radiopriýomnikleriň shemalarynyň üstünde dümtünip oturmadyk bolsaň, eger sen bu barada azap çekmedik bolsaň, şol höwesiň döremegi gümana bolardy. Höwes – munuň özi zähmetsöýerligiň mes topragynda düýp tutýan berk, ägirt daragta dönen talantyň kiçijik şinesidir. Zähmet çekmäni söýmeseň, öz-özüňe erk etmeseň, bu kiçijik şinäniň düýp tutup ýetişmänkä, gurap gitmegi mümkindir. Öz höwes edýän ugruňy tapmak, onda ornaşmak bagt çeşmesidir. Mark Tweniň täsin bir hekaýasy bar. Onda şeýle diýilýär: o dünýäde perişde-de, keramatly adamlar hem, hiç zat işlemän, keýp çekip ýörmeler hem ýok, uçmahdaky adamlar hem edil ýerdäki ýaly zähmet çekip ýaşaýarlar. Uçmanyň ýerden bir tapawutly ýeri: ol ýerde her kim öz halan işini işleýär. Dirikä göze ilmeýän ädikçi öleninden soň, belli serkerde bolup ýetişýär, dirikä gowy poçerkli, ýöne zehini kütek general bolsa uçmanyň ştabynda mürzäniň roluna kaýyl bolýar. Hiç kime gerekmejek, gyzyksyz romanlary bilen okyjylaryň ýüreklerine-bagyrlaryna düşen ýazyjy metal boýunça tokaryň hünärinde öz ornuny tapýar. Tötänden mugallymçylyga baş goşup, bütin ömrüne –özüni-de, okuwçylary-da horlap gelen adam ajaýyp buhgalter bolup ýetişýär. Men bu ajaýyp hekaýany telim sapar okap çykdym. Şeýle ýagdaýa şu dünýäde ýetip bolsa, has gowy bolardy. Emma gynansak-da, örän ýygy-ýygydan düýpden başgaça bolýar. Durmuşyň iň beýik eşreti nämededir? Meniň pikirimçe, nämedir bir zat bilen sungata golaýlaşýan döredijilik zähmetindedir. Ol golaýlaşmak bolsa ussatlykdadyr. Eger adam öz zähmetini söýýän bolsa, ol zähmet prosesiniň özünde we onuň netijesinde nämedir bir zadyň owadan bolmagy ugrunda çalyşýandyr. Men saňa öz bagbanymyz we tokaýçymyz Ýefim Filippowiç barada eýýäm ýazypdym. Men bütin ömrüme onuň ýaly adamyň ýigrimiden köpüsine duşamok. Diýseň täsin adam: öz kärine ussatlykda men ony hiç hili ulaltmazdan, Stanislawskidir Plastow bilen, Şostakowiçdir Alekseý Ulesow bilen deňeşdirýärin (men bu adam barada saňa gürrüň bererin). Ol Stanislawskiniň obraz döredişi ýaly, Plastowyň bir bölek holstuň ýüzünde nämedir bir zady janlandyryşy ýaly, agajy sungat eseri kimin ösdürip ýetişdirýär. Onuň kiçijik agajy, ähli tarapyna geçip, telim gezek synlanyny, sapyp bolaýjak ýeke-täk nokadyny tapjak bolup azara galyşyny öz gözüm bilen gördüm. Ol şol nokady gözläp tapýar, kiçijik baldak peýda bolýar, şol wagtdan başlabam zähmetiň beýik jadysy başlanýar. Şol jady bilen adam buýsanjaň döredijä, hudožnige, öz işiniň şahyryna öwrülýär. Ýefim Filippowiç biçak owadan görnüşli daragt döredýär. Muny öwrenmek, ele almak üçin onuň ýanynda birnäçe ýyl işlemeli. Munuň özi adama akyl ýetirmek, gözelligi, sungaty ele almak bolar. Bu zähmetde durmuşyň beýik bagty bar. Bu hakda Stanislawskiý şeýle diýipdir. «Jahanda bagt nämededir? Akyl ýetirmekde. Sungatdf we işdedir, ony ele almakdadyr. Özündäki sungata akyl ýetirmek bilen, tebigata, dünýäniň ýaşaýşyna, durmuşyň manysyna akyl ýetirýärsiň. Mundan uly bagt ýokdur.». Özündäki sungata (gözellige) akyl ýetirmek bilen – sen şuňa üns ber, oglum. Zähmet çekmek, işlemek bilen, özüňdäki gözellige akyl ýetirmeli – hakyky zähmet, ine, şudur. Üçýaşar nahallaryň müňlerçesiniň içinden Ýefim Filippowiçiň elleri bilen ýetişdirilen ýeke-täk nahaly men hemişe ýüzümiň ugruna tapyp biljek. Onuň agaçlarynyň hemmesi güne tarap ösýär. Onuň agaçlarynyň şahalary gün her ýapraga düşer ýaly ýerleşipdir, ýapraklar bir-biriniň üstünde kölege salanoklar. Men bir gezek Ýefim Fillippowiçden: – Siz muny nädip beýdäýdiňiz? – diýip soradym. – Adamyň paýhasy barmaklarynyň ujunda bolýar – diýip, ol jogap berdi. – Men üç ýaşymdan zähmet çekip başladym. Men mekdep okuwçylaryny şeýdip terbiýelemegi size-de maslahat berýärin. Her kim öz käriniň hojaýyny bolmaly. – Ynha, biziň ýene-de bir ýatdan çykarmasyz zadymyz. Eger men inženerlik, wraçlyk ýa-da mugallymçylyk ugrundan okan bolsam, menden hiç zat çykmazdy. Diňe iýjek çöregini gazanyp ýören adam bolardym... Her bir adamda zandyna guýlan uçgunyň tutaşmagy gerek – ine, şonda hakyky adam dörär. Höwesi adam döredýän, ony terbiýeleýän adamlar döredýär. Ýöne adamyň özi hem öz höwesini döredip bilýär. Sen Bahyň sazyny söýýärsiň. Iogann Sebastýan Bahyň neberesinde 58 sazanda bolupdyr. Babasy sazanda, atasy sazanda, kakasy sazanda... Hatda nika alyşçalşygy hem olaryň öz aralarynda bolupdyr. Şeýlelikde, adam dünýä ineninden: «Bu kompozitor ýa-da ajaýyp ýerine ýetiriji bolup dörär» diýlip, kesgitlenýän ýaly bolýar-da? Hawa, tebigat dünýä inýänleriň 80 prosentine kompozitor bolmaklyga ygtyýar edýär. Ýöne olardan kompozitor bolýany ýek-tük. Bu näme üçin beýle bolýar? Näme üçin, Bahyň neberesinde ajanyp sazandalaryň 58-si dagy bolupdyr? Sebäbi ol adamlar öz ugurlaryny özleri kesgitläpdirler. Sebäbi bu neberede dören her bir çaganyň durmuşda ilkinji eşidýän zady saz bolupdyr: gurşap alan dünýäde ilkinji akyl ýetirilýän gözellik sazyň labzy bolýar, ilkinji täsin galmak, aňk bolmak sazyň öňünde täsin galmak, aňk bolmaklyk bolýar, adamyň başdan geçiren ilkinji guwanjy sazyň gözelliginden lezzet almak guwanjy, saz ýazmak, döretmek guwanjy bolýar. Adam öz höwesiniň hojaýynydyr, Bäh, radiofizik bolmak bagtlylyg-ow! Bä, men radiofizikany gowy görýänow diýip, begenişine men onçakly üýtgeşik zat hökmünde garamok. Diňe ýüregiň bir bölegini bagyş eden zadyny söýmek bolar. Seniň radiofizika gyzyklanmak bilen garaýanlygyň örän gowy zat, ýöne munuň entek diňe gyzyklanmadygyny hem sen ýatda saklagyn. Meniň saňa käbir zatlary maslahat beresim gelýär. Häzir ylym diýseň güýçli depginde ösýär. Eger sen öz ugruňdan gowy spesialist boljak bolsaň, radio-fizika boýunça çykýan täzelikleri üns berip yzarla, leksiýalarda berilýän bilim saňa howa ýaly zerur bolan bilimleriň diňe ujypsyzja bir bölegidir. Sen özüňe şeýle bir düzgün giriz: her gün, baýramçylyk bolsun, dynç alyş güni bolsun, her gün radiofizika boýunça we garyşyk ylymlar bolan elektronika, astro-fizika, kosmos biologiýasy we beýlekiler boýunça ylmy žurnallarda çykýan makalalaryň iň azyndan bäş sahypasyny okamagy we ştudirlemegi (änigine-şänigine çenli öwrenmegi), ýola goý. Men ýene bir gezek gaýtalaýaryn: muny sen her gün şeýt. Men «ştudirle» sözüni tötänden ulanamok. Student, ştudirlemelidir, ymykly özleşdirmelidir. Munuň özi çuňňur düşünmeklikdir, faktdyr netijeleri öz aňyňda düýpli aýlamakdyr, diňe ykjam düşüneniňden soň bolsa, iş depderiňe ýazyp almaklykdyr. Ylmy makaladan ýa-da okuw kitabyndan göçürmek däl-de, aňyňa ykjam ornaşan zady ýazyp almaklykdyr. Sen söýgüli ugrum diýip hasap edýän sapagyňa näçe içgin çemeleşdigiňçe, ony has-da gowy görersiň. Ýene bir maslahat. Her ugurda teoretiki ştudirleme bilen birlikde praktiki iş, döredijilik hem bolýar. Radiofizikada bolsa praktiki işiň has hem gyzykly bolmagy mümkin. Laboratoriýada, ussahanada zähmet çekmegiň her bir mümkinçiliginden peýdalanjak bol. Radiopriýomnikleri, radio boýunça ugrukdyrylýan modelleri ýasa, mekdepde eden işleriňi dowam etdir, ýöne has çylşyrymly görnüşde dowam etdir. Onsoňam, hiç haçan ýöne-möne netije bilen kanagatlanma. Kämillige dyza – munuň özi höwesi terbiýelemegiň ýoludyr. Ilkinji gezek başa barmasa, täzeden et, iň ýönekeý, gara işden gaçma. Maşk edip, eliňi ram etdir. Eliň iň zerur, ussatlyk guraly bolmagyny gazan. El barada, el zähmeti barada mende täsin bir makala bar, şol makalany hatyň ýanyna goşup, saňa iberýärin. Bu makalanyň sende-de edil mendäki ýaly täsir döretmegini isleýärin. Adam eliniň döredijilik zähmeti bilen bagly müň milliardlarça «iş ýagdaýynda» bolup bilýändigini, şol ýagdaýlaryň her birine hem öz oý-pikiriniň laýyk gelýändigini ylym subut etdi. Gör, zähmetiň, döredijiligiň, hakyky höwesiň gözelliginiň syry nirede ekeni, ol eliň ussatlygynda ekeni, eger hakyky inžener bolasyň gelýän bolsa, eliňi döredijä, şahyra öwür. Kyn görmeseň, kitap magazinlerine ser sal, zähmet, döredijilik psihologiýasy barada täze zat çykmadymyka? Bar bolsa, alda, maňa iber. Saňa berk jan saglygyny, wagty hoşlugy arzuw edýärin. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |