01:27 Ogluma ýazan hatlarym / 6-nji hat | |
6. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Seniň soňky hatyňda meniň bilen jedelleşýändigiňe men örän şat, gowy zat, diýseň gowy zat. Görýän welin, höwes problemasy – iň tolgundyryjy problemalaryň biri. Sen meni terbiýäniň we öz-özüňi terbiýelemegiň roluna artykmaç baha bermekde, adama tebigatyň berýän zehinine kembaha garamakda aýyplaýarsyň. Hawa, Bethowen heniz bäş ýaşyndaka özüniň saz eserlerini ýazypdyr. Emma bu ilki bilen Bethoweniň çagalygynyň geçen iňňän amatly şertleri bilen düşündirilýär. Ol hiç hili saz guraly bolmadyk ýagdaýa, adamlaryň heň diýen zady bilmeýän ýagdaýyna düşen bolsa, ol hiç haçan sazanda bolup döremezdi. Meniň entek müňlerçe adamda tebigatyň beren zehininiň köýüp gidýändigine gözüm ýetik, çagalyklary talantyň döremegine amatly şertlerde geçen bolsa, müňlerçe adam ajaýyp alym, şahyr, kompozitor bolup ýetişerdi. Kommunistik idealyň belent ynsanperwerligi kommunizm döwründe bir zehiniň hem ösmän galmajagyndadyr, her bir zehiniň gülläp, talanta öwrüljegindedir. Hut kommunizm her bir adamyň talantly zähmetkeş, talantly dörediji bolmagyny öz idealy edip öňe sürýär. Talantly slesar, talantly kebşirleýji, talantly agrotehnik, talantly doňuz çopan – ynha, kommunistik terbiýäniň idealy, men bu ideala çuňňur ynanýan hem. Men hut terbiýäniň tebigat tarapyndan berlen zehini açany üçin talantly zähmetkeşler bolup ýetişen adamlary tanaýaryn. Kommunizm adamdaky tebigy hem jemgyýetçilik zehiniň täsin galdyryjy sazlaşygydyr. Terbiýe diňe tebigat tarapyndan berlen zehine esaslananda paýhasly bolup biler. Meniň öz mugallymçylyk işimi söýýänligimiň sebäbi hem ondaky esasy zadyň adama akyl ýetirmek bolany üçindir. Terbiýe bermek bilen men ilkinji nobatda adama akyl ýetirýärin, onuň kalbynyň köp sanly gyraňlaryny derňeýärin, şol gyraňlarda bolsa, eger olara seresaplylyk bilen çemeleşilip, olar taraşlansa, adamyň kim bolup ýetişjekdigi baradaky «maglumatlar» ýatyr. Adamyň egsilmez köňlündäki gyraňlary görmek – munuň özi terbiýelemek ussatlygydyr. Ynha, meniň öňümde matematika kynlyk bilen düşünýän çaga otyr, ol grammatikadan hem kynlyk bilen baş çykarýar, onda matematiki pikirlenme-de, çeper pikirlenme-de ýok. Onda ol çagada näme bar? Her bir adamda bolşy ýaly, meniň aňmadyk we görmedik zehinimiň gyrasy bolan egsilmez göwün bar, eger terbiýeçi şol gyraňy açyp, taraşlap bilse, onda çaganyň bagty, onuň geljegi bar. Şol ýeke-täk gyraňy açsaň çaganyň talantly mehanizator, talantly gallaçy, talantly neçjar bolup ýetişmegi mümkin. Biziň jemgyýetimizde talantsyz, okuwyny gutarmadyk ýa durmuşdan lapykeç bolan ýekeje-de adamyň bolmajak döwrüniň geljekdigine men berk ynanýaryn. Olaryň hersiniň röwşen gyraňy açylar. Bu entek arzuw, ýöne ol bolar, men terbiýäniň kuwwatly güýjüne pugta ynanýaryn. Men, göwnüňe bolmasa, iň sada, iň göze ilmezek işe muşdak adamlary tanaýaryn, olar şol işiň şahyrlary, hudožnikleri bolup ýetişdiler, döredijiligiň çür depesine çykdylar – bularyň hemmesi olaryň durmuşyna tebigatyň bereni bilen terbiýäniň bereniniň bagtyýar sazlaşmasynyň nurunyň çaýylmasyndadyr. Men ýurdumyzyň ajaýyp adamy, Sosialistik Zähmetiň iki gezek Gahrymany, gurluşykçy, elektrik bilen kebşirleýji Alekseý Ulesowy ýakyndan tanaýaryn. – Meniň oglanjykkam gurluşyga işe gidesim geldi. Slesar bolasym geldi. Emma slesar ussatlygy meniň ganyma guýulmandyr. Bir ýoldaşyň ot syçradyp kebşirleýşine gözüm düşdi, şondan soň, men, edil jadylanan ýaly, onuň yzyndan galmadym: «öwret» diýdim. Öwrendim. Men Demirgazykda şäherler gurdum, suw elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna gatnaşdym. Özüňiň bu dünýäde dörediji adamdygyňy duýmak bagtyndan iň bolmanda ýekeje gezek lezzet almak gerek. Öz guran jaýlaryň seleňläp oturyşyny we olara göçülip barlyşyny, seniň elektrik stansiýanyň, ilkinji agregatyň tok berşini hezil edip synlamak gerek. Meniň üçin bu durmuşymyň iň uly bagty... – dipip, ol gürrüň berýär. Ýa-da başga bir ýoldaşym – ýurdumyzyň tanymal maldary Stanislaw Iwanowiç Şteýman. Öz zähmeti barada ol, ine, şeýle gürrüň berýär: – Asmanda uçup, daga dyrmaşyp, deňizde ýüzüp görmek maňa hiç haçan miýesser etmedi. Ömrümiň köpüsini men mal ýataklarynda, göle saklanylýan jaýlarda geçirdim. Ýöne geçen durmuşymy, işlän işimi ýatlanymda, göwnüme bolmasa, syýahatçy ýaly, ömrümde özüme nämäniň garaşýandygyny bilmezden, men ençeme gezek näbelet ýodalarymdan geçdim, telim gezek özümi ägirt belentliklere dyrmaşýan alpinist saýdym... Bu sözleriň manysyna düşün. Muny öňki batrak çopan gürrüň berýär, onuň durmuşy bir hilliräk bolup, ol mekdep partasynda ýeke gün hem okamandyr we diňe yhlasly zähmetiniň netijesinde ajaýyp alym, ylymlaryň doktory, sygyrlaryň täze kostroma tohumyny ösdürip ýetişdirmegi başaran adam boldy. Ol bütin ömrüne «Karawaýewo» sowhozyndan çykman işledi. Adamyň öz höwesini özüniň döredýändigine, ynha, ýene bir mysal. Paýhasa, döredijilige, ylma tarap ýol diňe zähmetiň üsti bilen geçýändir. Özüňdäki höwesi berkarar etmek – munuň özi taýýar hakykatlary ýat tutmak, bu iş maňa ýaraýarmyka ýa-da ýaranokmyka diýen sowala jogap tapjak bolup, öz duýgyňy dörjelemek bolman, eýsem, nämedir bir zat etmekdir, nämedir bir zat döretmekdir. Adama öz ýüreginiň bir bölegini bagyş eden işi ýaraýar –bu iň esasy zatdyr. Saňa ýene bir gezek maslahat berýärin: sen hiç haçan iň ýönekeý, iň gara, hapa iş diýip, ony äsgermezçilik etme – döredijilik hut şondan başlanýandyr. Sag bol, eziz perzendim, janyň sag, wagtyň hoş bolsun. Kakaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |